Ýyldyz ýylnamasy

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Türkmenleriň
Ýyldyz ýylnamasy

Türkmen halkynyň asyrma-asyr aňyrdan gelýän aý-gün hasaplarynyň biri hem ýyldyz ýylnamasydyr. Milady we hijri-kamary aý-gün hasabyndan tapawutlylykda, ol ýagty ýyldyzlaryň dogýan we ýaşýan senelerine esaslanandyr. Bu ýylnama türkmenleriň durmuşynda iň bir ýörgünli hasaplaryň biri bolupdyr. Ol hijri-kamary ýylnamasyndan tapawutlylykda, ekerançylar üçin hem, maldarlar üçin hem amatly bolupdyr. Türkmenler öz ýyldyz hasaby boýunça 365 günli bir ýyly 12 döwre bölüpdirler.
Ýyldyz döwürleriniň has oňat ýatda galmagy üçin şeýle setirleri ýatda beklemek hem bolar:

Sanaw başy Nowruzdyr, yzynda badyr Ülker,
Aralyk hem Üçýyldyz, Ýaldyrak göge galkar,
Mizan, Hazan, Akrapdyr, onsoň geler Garagyş,
Uly hem Kiçi çille, Garagyşda biter gyş.

Magtymguly Pyragynyň
“Ilimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza,
togsan dolup, tamam bolsun gyşymyz”
diýen sözlerinden ugur alyp, türkmenleriň ýyldyz ýylnamasyny aşakdaky ýaly tertipde ýazmak bolar.

Çarwa nowruzy — 21-nji Baýdak – 20-nji Nowruz
Nowruz — 21-nji Nowruz – 22-nji Magtymguly
Ülker — 23-nji Magtymguly – 20-nji Oguz
Aralyk — 21-nji Oguz – 22-nji Gorkut
Üçýyldyz — 23-nji Gorkut – 11-nji Alp-Arslan
Ýaldyrak — 12-nji Alp-Arslan – 22-nji Ruhnama
Mizan — 23-nji Ruhnama – 21-nji Garaşsyzlyk
Akrap — 22-nji Garaşsyzlyk – 22-nji Sanjar
Garagyş — 23-nji Sanjar – 7-nji Bitaraplyk
Uly çille — 8-nji Bitaraplyk – 16-njy Türkmenbaşy
Kiçi çille — 17-nji Türkmenbaşy – 5-nji Baýdak
Ahyrky garagyş — 6-njy Baýdak – 20-nji Baýdak

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Tomus Alp-Arslan (awgust)

Tomus Alp-Arslan (awgust) aýynda gaty yssy bolupdy, adamlar gün sanaýa çaltyrak ýaldyrak dogsa diýip. Aýýň 12-sy geçdäm howalar gijesine sowap başlady.
Köne türkmen bet ekenäý. Müçäňi aýtsaň hemme zadyňy aýdyp berýän ekenler...
Ýene bir haýran galýan zadym şol döwürde Ulug beg ýer şarynyň günüň daşyndan naçe wagt aýlandygyny şu günki hasapdan 40 sekund tapawutly hasaplapdyr. Aslynda şu günki edilen hasap hem doly dogry däl.
paid tha cost to be da Bo$$

Sanjar wrote: Çarwa

Sanjar wrote:

Çarwa nowruzy — 21-nji Baýdak – 20-nji Nowruz
Nowruz — 21-nji Nowruz – 22-nji Magtymguly
Ülker — 23-nji Magtymguly – 20-nji Oguz
Aralyk — 21-nji Oguz – 22-nji Gorkut
Üçýyldyz — 23-nji Gorkut – 11-nji Alp-Arslan
Ýaldyrak — 12-nji Alp-Arslan – 22-nji Ruhnama
Mizan — 23-nji Ruhnama – 21-nji Garaşsyzlyk
Akrap — 22-nji Garaşsyzlyk – 22-nji Sanjar
Garagyş — 23-nji Sanjar – 7-nji Bitaraplyk
Uly çille — 8-nji Bitaraplyk – 16-njy Türkmenbaşy
Kiçi çille — 17-nji Türkmenbaşy – 5-nji Baýdak
Ahyrky garagyş — 6-njy Baýdak – 20-nji Baýdak

Dostum sagjabolay .Nireden

Dostum sagjabolay .Nireden toplaştyrdynay bu giden zady?

Senem sag bol . Türkmenler

Senem sag bol .
Türkmenler näçe asyrlap çarwa ylymdan bilimden uzak ýaşan hem bolsalar köp ayratynlyklary haýran galdyrýar.Bilemok ýa-da bular maňa gyzykly gelýämi . Eger senem gyzyklansaň entäk köp täsinliklere duşyp bilersiň .

********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...