Yupek

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Arada bir gyz bilen tanyshypdym.Aslynda ondenem tanyshdym,yone beyle yakyn daldi oyd...garaz bu taylary mohum dal.Ol gyz HTTU-de talyp.Tekstil fakultedinde okayan ekeni.Menem ondan sho bada onden bari kellami agyrdyan zatlary soradym.Men bir zada dushunemokdum.Adamlar nadip sapakdan mata yasayarlar?Men muny simden setka yasamaga menzedyan,yone parametrler has kichi.Shu wagtky osen tehnologiya bilen,men muna gen galjak dal,yone mata eyyam 3-4 mun yildan bari bar.Shol dowurler adamlar nadip muny basharypdyrlar?Nadip shon yalak mehanizm duzupdirler we shol mehanizm name?Shu soraglary men shol gyza soradym,has dogrusy dine matanyn yasalyshyny soradym.Onsan olam gurrun berip bashlady,mata iki hili yasalyan ekeni.Egnimdaki koynegimi ellap gorup "munyn plan sheklinde yasalan"-diydi we matalaryn durli gornushleri barada gurrun berdi.(Men shun yalak gurrunleri halayan,kop dinlap sorag sorap oturmak tuys men isleyan zadym).Matanyn yasalyshyny gowy edip dushunduripdi,yone shol mashynkanyn nahili ishleyanini dushundurende dushunmani gechdim.Gaty kompleks mehanizm ekeni,yene bir gezek ata-babalarymyza telpek chykarmaly boldum.Gurrunun dowamynda gaty kop gyzykly zatlar owrendim.Matalaryn geyende uzalyan-yuwanda kichelip onkusi yaly bolyan,chekende sunyan-goyberende yzyna gelyan-gelmeyan,yily,galyn we shuna menzesh gornushleri barada on bilmeyan zatlarymy owrendim.Shol gurrunumuzun sony hem yupege yetdi.Men onden bari yupek,yupek onumi we hemme yupek bilen baglanyshykly zatlar bilen gyzyklanyp gelyadim.Oynayan strategiya oyunlarymdada yupek biznesde mohum rol oynayady.Bilishiniz yaly beyleki matalara garanda has yumshak,inche,owadan we has gymmat bolyar.Onsan men yupek barada soradym we ol yupek ondurmegin gaty kyndygyny we shu wagt Turkmenistanda dine bir yupek tekstilinin bardygyny aytdy.Gurrun son bashga zatlara gechip gitdi,yone men shondan bari yupek barada kan pikirlenyan.Elimde pulum bolsa yene bir yupek tekstil zavod achjak,yone beyle islanin bilen bolup duranok hich zat:( Shu gun men yupek barada mini research gechirdim we netijelerini siz bilen paylashmakchy.
Yupegin nahili yasalyanyny belki bilmeyanleriniz bardyr,shon uchin shondan bashlajak,menin ozum gechen yila chenli bilemokdum.May ayinda gurchuklaryn yumurtgalary alynyar.Yumurtgalaryn ichinden chykan kichjik,3mm-lik gurchuklary yiljak yere goyup tudun yapraklary bilen bakyp bashlayarlar.Bashda gurchuklar gaty kichi bolyar we gaty az iyyarler,yone bu azlyk otnositelno.Sebabi bashlarda her gun iki esse agram alyan ekeni.Sheydip az-azdan ulalyp has kop iyip bashlayarlar.Mohum zat gurchugy hich hachan ach goymazlyk,has dogrusy hich hachan yapraksyz goymazlyk sebabi olar durmany iyyarler.Onsan logicheskiy pikirlensen kop iyyar==>kop onduruar bolmaly:).Gurchuklar takmynan bir ay bakylyar.Shol bir ayin sony aydyshlaryna gora gaty kyn gechyamishin,sebabi gurchuklar gaty kop iyyarler we dynman yapraklar bilen upjun edip durmaly,agsham nobata durmaly bolyar...garaz ideg we alada gerek.Onsan shol bir ay gechenson gurchuklar chishyar,semreyar,doyyar,iymegini bes edyar we yokarrak bir yere gechip oz dashyndan yup ormaga bashlayar.Yup ormaga bashlanda gurchugun uzynlygy takmynan 8 sm we yogynlygy 1 sm bolyar.Dashyndan yupi orup-orup tizden ozi ichinde yitip gidyar we sheydip kokon,turkmenche pile emele gelyar.Gurchugyn dashyna yignan yupi,yagny sapagy hich yerinde uzulmedik bolyar we uzynlygy 300-1500 metr bolup bilyar.Sapak gaty inche,diametri 0.022-0.040mm arasynda,emma gaty berk.Shol yup 15 gramy uzulmani saklap bilyar.Shon uchinem yupekden gaty inche mata yasap bolyar...Ine yupegin ondurilish prosesi shun yalagrak...
Turkmenistanda isleg bildirenlere gurchugun yumurtgalary mugt berilyar we yignalan her bir tonna pile uchin 19 million manat berilyar.Yagny dowlet pilani halkdan tonnasy 19 milliona satyn alyar.Kilogram bashyna hasaplasan 19000 manat bolyar.Muny dollara chowursen 0.79$ yagny 79 cent bolyar.Men munda dollaryn gara bazardaky bahasyny ulandym,sebabi halk dine gara bazardaky dollary ulanyp bilyar.Dashary yurtdaky bahalara seretdim,bir kilogram neobrabotannyi pilan bahasy 2.5$ ekeni.Yagny bizin dowlet bahasyndan takmynan 3 esse kop.Gury pilanin(33% yupek) bahasy 7.20-7.90$ arasynda.Ortacha 11 kilogram pileden 1 kilogram chyg yupek alyp bolyar we yokary hilli chyg yupegin bahasy 27-29$ toweregi.Turkmenistanda ondurilyan yupek barada habar gozledim we tapan zatlarym garashanymdan has gowy bolup chykdy.Turkmen yupeginin gaty yokary hillidigi we turkmenlerin yupek ondurmekde ulanyan tehnologiyasynyn in osendigini kop nygtayarlar.Turkmenistanyn 2006-njy yilda dashary yurtlara 2275.9 milliard manatlyk yupek eksport edipdir.Dollara chowursen 367 million dollar bolyar.Bu gezek dollary dowlet bahasynda hasapladym,sebabi bu eksport edilen yupek,dowlet dollar bahasynda eksport edyar.367 million,men pikirimche uly pul.Bir nache yerde turkmenlerin yupek biznesi ulaltjagy,yupegin kachestvasynyn hem hasam yokarlanyandygy yazylypdyr.Yupegin bahasy git-gide artyar we bu bizin uchin gowy zat.Onumuzdaki yillarda nesip bolsa Turkmenistan yupek biznesini hasam osdurer.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

...beybaaa...

...beybaaa...

Shol gyzy shu yere

Shol gyzy shu yere getirsene, tikinchilik ovreneli
azajyk :))

Yupek gurchugy saklap, pile zat almak Turkmenlerde gaty
gadymy zamandan bar ekeni, SSSR dovri kolhozlarda zatda
ishleyanler oylerinde yupek gurchugy hem saklayan ekenler, buda ishin yanyndan gazanch, kabirleri uchin
bolsa mashgalasyny dolandyrmak uchin kar...

Yupek gurchyklaryn olmezlikleri uchin yili yer hem
hokmanmysh, olary sovuk alanson 1 aylap edenin
biderek bolyamysh.

Turkmenistanyn textil sektoryndan habarly adamlar bar
bolsa yazyshdyrsynla, biraz maglumat toplalyn bu babatda..

Shu wagt oturushuma bir zady

Shu wagt oturushuma bir zady pikirlendim.Bir tekstilden 367 millionluk yupek onumi.eger 10 sany tekstil zavod bar bolsa 3milliard 670 million boljak ekeni.Altyn yumurtgalayan towukmy?Elbetde 10 tekstil bolsa kachestvasy peselip biler yada pile yetmani biler,yone shu wagt dowlet halkdan arzan alya pilani,iki esse gymmat alsyn,ondurilyan pile 5-6 esse kopeler.Obalarda ishsizler kan,sholar ozune ish edinerler,shol yilda 1 aylyk pursaty sypdyrmazlar.Ondada pile yetmejek bolsa,gyramyzda Ozbegistan bar,Gazagystan bar pile,pile onduriji,sholardan alsanam bolyar.Eger import edilmek islenmeyan bolsada turkmnlerin chykaryp biljek maksimumuny chykarmalymyka diyyan.

Quote: ...Egnimdaki

Quote:

...Egnimdaki koynegimi ellap gorup "munyn plan sheklinde yasalan"-diydi we matalaryn durli gornushleri barada gurrun berdi...
Gurrun son bashga zatlara gechip gitdi,yone men shondan bari yupek barada kan pikirlenyan...

Aý meňem köýnegimi zadymy elläp dursa bir näzenin, derrew başga tema geçerdim :D Senä entägem ilki sorag sorap, diňläp durupsyň, men pahyrda erk ýok, derrew "başga tema" geçerdim :(
---------------------------------------------------------
Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.

Ýüpek çyndandam

Ýüpek çyndandam üýtgeşik zat.
Kiçi wagtym ýetişdirilşini görüpdim.
Tut agajynyň suwyny ýetirip dursaň ýapraklary ýaman kän bolýa, suwy ýetmese kel bolýa. Şonuň üçin esasan ýüpek gurçugy suwlyrak ýerde ýaşaýanlar ýetişdirýä. Bir hem tuduň ýapragy ajy bolýan bolmaly, şony eşek hem iýenok.
Kiçi wagtym göremsoň doly prosses ýadymda däl ýöne soňynda pileden kebelek çykarýan ýerleri ýadymda.

paid tha cost to be da Bo$$

Meniňem gözleglerim bar

Meniňem gözleglerim bar ýöpek barada .Dünýäde sanaýmalyja döwlet öndirýär ýöpei.Türkmenistan ýüpek öndirmede we exportda dünýäde Hytaý ,Hindistan soň 3 ýerde durýar .
********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...i

Sanjar, TM'nin yupek

Sanjar, TM'nin yupek ondurmekde 3-nji yerde duryanlygyny nirede okadynay ? T.e. ynamdar cheshmemi ya-da yene ishi
yok birinin ovjek bolup yazan zadymyka ??

Goryan velin yupek biznesi "Gelin, bu ugura kop invest edin" diyip, gygyryp duran ugurlaryn biri oydyan...Men on TM'daki pagta yetishdirilishine has hem kop uns berip,
ishsizlerin belli bir %'ni shu ugura gonukdirmelimika diyyadim, yone 1 textilchi bile gurleshenimde ol "Turkmenistanyn pagtasynyn kan hili govy dal, tebigaty
hilinin govy bolmagy uchin gerek yagdayda dal" diyipdi,
yagny in govy pagta yetishdiryan yer sayilyan Musur dagy bilen deneshdireninde bizin pagtamyz gaty pesde ekeni, shonun uchinem belli markalar bizinki yaly pagtalary satyn alanokmysh...
Onda, Turkmenistanda 100% turkmen pagtasyn'dan yasalyan eshiklerin vallaryp gitmegi adaty bolyada ??

P.S. Kichi vagtym hayran galyadym pile'den kebeleklerin
chykyp gidishlerine, nadip doreyakaler diyip kellami
agyrdyadym, entagem jogabyny doly bilemok :D
Hazir gugullap goraymesem...

bah gyzlardan beyle soragam

bah gyzlardan beyle soragam soralyar ekeni
:D
......................edebi edepsizden öwren.......................

Nahili sorag?

Nahili sorag?

Men gijirak galaýdym

Men gijirak galaýdym öýtýän Mergen .hiçden giç ýagşy .
Men bir post açypdym Ýewropada 10 çekirtge 4 ýewro diýip .Şol ýerdede ýazypdym TM niň 3 ýerdedigini .2002 ýylyň statistikasyna görä bolmaly Bir jurnalda okapdym . Onyda öňkije postymda üazypdym ýalňyşmaýan bolsam ...

********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...

yazmagy yatdan

yazmagy yatdan chykarypdyryn.gurchuk pilan ichinden kepderi bolup chykmaka,pilani buga tutup gurchugy olduryarler ekeni,sebabi kepderi dashyna chyksa sapagy uzyar we yupegin hilini peseldyar.

Haha.. Kepderi dal GaraDag,

Haha..
Kepderi dal GaraDag, kebelek :))

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "AVtomat barmaklam yalnyshypdyr:)"

Bygygy :D Menä ünsem

Bygygy :D
Menä ünsem bermändirin
---------------------------------------------------------
Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.