Agzlarymyzyn duzen goshgulary

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

el_mariachi.

Neskafedemä üçi bir arada,
Bar arzuwym birini görmek barada ,
İň bolmanda, bir sagatjyk gepleşip ,
Müň metr yöremek , el tutuşmak arada.

Diňlän bolup, gözlerine garamak ,
Gülen wagty, dişlerini sanamak,
Uzyn-uzyn , uzyn saçlaryny darap,
Bir salym soň, ellerimi ýaglamak .

Aýagna basmak , problema çykarmak,
Zamansyz ýylgyrmak , gereksiz gülmek,
Hamana biljek bolup, soraglar sorap,
Manysyz jogaplarna haýranlar galmak.

Kä ”cool” görünjek bolup, az gürlemek,
Käte, özboluşly dim-dik yöremek,
Gizlin-gizlin üst-başyny düzeldip,
”Romantik” tanaljak bolup hiňlenmek.

Düýş görmek aňsat , hasam arzuw etmek !
İň kyny bolsa , arzuwňa ýetmek ,
Wah düýşümdäkini huşumda görsem,
Zat islemen, bir sagatjyk seretsem!



yhlasbey

Saçlaryny üstden açyp,
Bir egnine bukja atyp,
Ýörap barýarka sülmüräp,
Günüň hem gökden ýylgyryp,
Ýaryma bakyşyn gabanýan.

Gözleri dolan aýdyr,
Gaşlary dogan aýdyr,
Ýylgyryşy aý ýalydyr,
Aý hem görmäge zardyr,
Ýylgyrşyn aýdan gabanýan.

Aýagy mydam şpilkaly,
Syrgasy zümerret daşly,
Baş barmagy ýüzükli,
Daşy hem mydam oglanly,
Bilsediň, neneň gabanýan.

Garaňky gijäň içinde,
Seni aýdan gabanýan.
Aý aýdynlyk gündizde,
Seni günden gabanýan
Garaz, men seni gabanýan

Şu aşakdakylardan:
oglanlardan, gyzlardan,
dogan, dost, ýar, gardaşdan,
eneň, ataň, hossaryňdan,
aý, gün hem ýyldyzlardan,
bulutlardan, ýellerden,
uçup ýören guşlardan,
janly gara, bar ýerden,
ýagny bu ýalan dünýeden,
Bilsediň neneň gabanýan,

Soňlabilse, Yhlas sözün
Bolar hoşal hem şadyýan.

yhlasbeyiň tmolympiad baradaky goshgusy:

Gijelerne uky girmez gözüme,
Gündizlerne dynç ýok barmaklaryma,
Galamly elim kellämde, gözüm depderde,
Oý-pikirim diňe "goşgy düzmek ýaryşy"

Umyt bilen alýan galamy elime,
Umytlyja göz gezdirýän ýene depderme,
Ýetse kelläme depjek, ýatma pikirlensene!
Meni maýyp etjegow "goşgy düzmek ýaryşy"

Bäsdeşlerimi sanaýyn, barmy ökdejeleri,
Birin-birin sanaýyn, ses beriň kim ýeňiji!
Kimden başlaýyn? Ýakyndan, iller görmesin gaty
Bilmem soňy näme boljak "goşgy düzmek ýaryşy"

Garadag agam garadöw deý gaharjaňdyr, haýbatlydyr,
Käte görseň Akpamyk deý mylaýymdyr, mähirlidir,
Ýüregi päk, egninde laptop, aladasy okuwdyr,
Adyny okan öýdýändir "garadöwdeý gazaplydyr"
Aslynda ýazýan goşgusy ýürek eziji söýgüdir

Şähyrçylyk eden bolar, bahaňyzy beriňler!
Gykylyk eşitdirjegow "goşgy düzmek ýaryşy"

Gadyr agam gadyrlydyr, mydam uly hormatlydyr,
Bilşime görä aramyzda örän uly abraýlydyr,
Ýazan, düzen goşgulary hakyt dini manylydyr,
Biziň nesihatçymyz, hemme tarapdan sylanýandyr
Bu sözümde oýun ýokdur, diňe meň garaýşymdyr
Çynam aýtdyrjak eken, "goşgy düzmek ýaryşy"

Bayram aga maňa meňzär, goşgulary söýüp okar,
Hem ýaryşyň başlygydyr, goşgulara baha keser,
Ýalňyşmasam mollym oýdýän, biz ýalylary okadar
Ýaşulymyz, liderimiz, hem kop okar, hem düzer
Kimi peseldip, kimi eseltjek "goşgy düzmek ýaryşy"

el_mariachi bilen Leylii hanym goşgularny gysga düzer,
Kellesine gelen pikrin göni ýazga geçirer,
Meniň bir beýt edenimi iki setire sygdyrar,
Tow berip göýberäýseň dagy,goşgusy 10 beýde ýeter
Ýazanlary dawa-jenjel, dialogmy söhbet gider
Seredip guwanybermeli, Nobel baýragyny eýelänler
Guwandyrjagam ekenä "goşgy düzmek ýaryşy"

Jonnuk aga kursçymyz, gelipdir olara täze tapgyr.
Tizden agzaçar eder, hemmämizem çagyrýandyr,
Feya hanym Balkanlymyz, deňziň keýpini görýänimizdir,
Atapatdriyat, Berdişpagat onuň eziz dostlarydyr
Gysga ýazdym gaty görmäň, siz hakda gysga ýazdym
Herhili zatlar ýazdyrjagow "goşgy düzmek ýaryşy"

Şu beýdimem saglyk bilen bitirip bilsem eger,
Goşgym tamam bolar, beýt sany dokuza ýeter,
Hem utanmam ýaryşa iberip bilsem meger,
Bäsdeşlerini ýeňillik bilen ýeňer-de geler
Telpeklije etjegow Baýram agaň ýaryşy



Gadyr(yaryshyn yenijisi!)

ÜNJİ
Ir-ertir dogulyp, lowurdanda gün,
Kem-kemden asmana göterlen wagty.
Hem bütin äleme ýagtysyn salyp,
Hemme ýürekleri dolduran wagty.

İçimi birgeňsi pikirler gaplar,
Janlanmaz ýüregmiň hiç gül daragty
Bütin bir älemi gujaklaýan gün,
Meniň ýüregime salmaýar ýagty

Lowurdap dursa-da, älemiň güni,
Meň günüm dogulýar gijäň bir wagty
Garankyň içinde sermenip ýörýän
Ýitiren ýerimden gözleýän bagty

Älemi sarsdyrýar aglaýan sesim,
Dynmaýar gözümi ölleýän hünji
Aýlar kowalaşyp ýyllar geçse-de
Şol ýeke ýoldaşym, şol ýeke ünji

Gadyr aga ikinji goşgysy:

SEN GIDELIŇ BÄRI..
Gaýgydyr-gam basdy ruhumyň içini..
Aglady ýüregim..
Titredi sesim garaňka seredip, seni ýatlan pursatlarym..
Derletdi gyşymyň gary..
Sen gideliň bäri..

Ýitdi aýymyň görki..
Asuda däl garaňky gijeler, indi öňküsi ýaly..
Salam diymeýär şemal..
Duşman maňa ýyldyzlar, duşman maňa bary..
Sen gideliň bäri..

Uzat eliňi gözümiň nury..
Janymyň jany..
Uzat eliňi, güyç gelsin kuwwatsyz gollaryma,
Nur insin garaňky yollaryma..
Sensiz muňa tapmadym täri
Sen gideliň bäri..

Dolanmazmyň indi?!
Garaňky gijäme bir gün bolup dogmazmyň?!
Yanmazmyň üşeyän ruhumda gyzyl ot bolup..
Gelmezmiň Söygüli?!

Ey ruhumuň halasgäri!!
Dynmady kalbymyň zary,
Sen gideliň bäri..
Sen gideliň bäri..



Leylii

BAGT
Bagt nirede sen, haýsy illerde?!
Kimleri terk edip, kimiň ýanynda?!
Kimleri şatlykdan gark edip bu gün,
Ertir ugrajak sen kimiň ýanyna?!

Näme üçin betbagtlyk üstünkä senden?!
Ol köp, hemme ýere ýetýär ol bu gün
Sen bolsa ýekeje, özüňem gorkak,
Betbagtlyk geläýse göterýäň ökje!



monte_kristo

ŞAHYR we GÖZEL GYZ
Bir bar eken, bir ýok eken,
Bir şahyr ýaşapdyr, ýaman uzakda,
Şahyryň päkje köňlünde diňe
Pikirler ýaşarmyş gözel gyz hakda.

Şahyr watanyn goýup, gitdi uzaga,
Gözel gyzyň kalbyny gazanmak üçin,
Şirin sözli goşgular düzdi-de düzdi
Gyzyň gulajygna pyşyrdamak üçin.

Uzagyň soňuna ýetende şahyr,
Bir dagyň başynda akja köşk gördi,
Hudaýa şükredip, daga dyrmaşdy,
Begenip, şol köşkden içeri girdi.

Ak köşkde gara döw ýaşaýar eken,
Gözel gyzy zyndanda saklaýar eken,
Zyndany gulp bilen gulplaýar eken,
Şol gulpam passwordly açylýar eken.

Gara döwden gizlenip, garaşdy şahyr,
Gara döw ýatansoň, zyndana gidip,
Gözel gyza duşdy ol indi ahyr
Ýöne bu gulpy açmaly, nädip?

Gözel "gyz şypyry bilemok" diýdi
"Gulpa bir zatlara pyşyrdamaly"
Şahyr kän oýlandy, kän pikirlendi
"Belki-de gulpa goşgy okamaly?"

Gözel gyz üçin düzen bar goşgylaryn,
Mylaýym sesi bilen şahyr sözledi,
Gulp şirin sözlere çydap bilmedi,
Çalajadan, ýuwaş ýuwaş eredi.

Şahyr bilen gözel gyz gaçyp Moskwiçli,
Geldiler şahyryň uzak yurduna,
Gözel gyz gujaklap, batyr şahyry,
Bir möhüm syr aýtdy, oň gulagna.

Dagdaky akja köşk - näzik bedenim,
Gara döw - aklymdaky gara pikirlerim,
Şol zyndan - duygusyz ýaşaýan ruhym,
Işikdäki gulpam - meniň ýüregim.

p.s.Jan dosty H.D. üçin ýazlan ekeni.



aslymarly

Bulut näme asman ýüzün gapladyň?
Günüň yşygyny gysganýarsyňmy?
Ýa-da ýuwmak üçin dünýäň kirini,
Gysganýarsyňmy sen? Gyssanýarsyňmy?

Belki-de, sen bir obanyň çetinde,
Ýaş juwanlaň duşuşygny bozarsyň,
Belki-de zordanjyk duran nahala,
Az wagtlyk içim suwy bolarsyň

Eý bulut! Ýa dünýäň başga çetinde,
Ölýän adamlaryň ýasyn tutýaňmy?
Ýa bolmasa bir nadanyň gidenine
Buýsanyp, gummurdap aýdym aýtýaňmy?

Bulut dost! Ýarama duzyň sepme-de,
Çaltyrak ýag, gün hem galmasyn ýaşyp,
Hem suwsyza bolarsyň sen tenekar.
Men suwa-da aşyk, güne-de aşyk!

Ikinji goşgusy:
Garaşsyz, Bitarap, eziz diýaryň
Güllemegi üçin okalyň ýaşlar!
Gül watanda dogýan her täze günüň,
Parlamagy üçin okalyň ýaşlar!

Ylymdan, bilimden alalyň paýy,
Alymlaň, prof.laň bolalyň taýy,
Allaň nazar salan Oraza aýy,
Päk niýetler bilen okalyň ýaşlar!

Ýöräliň mukaddes türkmen ýolundan,
Ýaradan gorasyn päli azandan,
Hyjuw alyp, gözel türkmen ýazyndan,
Milletimiz üçin okalyň ýaşlar!

Ylymdan, bilimden beýik köşk salyp,
Beýik adamlardan görelde alyp,
Ýurdumyň her künji agzybir bolup,
Türkmenistan üçin okalyň ýaşlar!



No10. Dayhan01(bu agzamyzam yaryshyn yenijisi!)

NIREDE SEN?
Nirede sen, nirede sen näzli ýar?
Meni bagtly etjek gülüm nirede sen?
Wagt geçýär, aý aýlanýar, dolanýar,
Maňa mähir berjek ýarym nirede sen?

Ýaňy dokuz ýaşsyň, gaty kiçisiň,
Klasyň içi ýa daşydyr işiň,
Baş galdyryp, daşa gözün gezdirsin,
Maňa göwün berjek ýarym nirede sen?

Mekdep dowam edýär, halansyň birin,
Ýylgyrşy mylaýym, sözleri şirin,
Ýöne olam halar başga birisin,
Diýýän meni halajak ýar nirede sen?

Ýaş 16`a ýetýär, kiçi däl indi,
Gyz sözün agzasaň, kemem däl indi,
Uly agaň diýýär, "garaşow şindi"
Agamyň söýeni, gelnejejan nirede sen?

Duýan dälsiň, senem biri halandyr,
Aýdyp bilmän, yşk oduna ýanandyr,
Sizi uzak ara aýra salandyr,
Göz ýaşarýar, gitme, ýarym nirede sen?

Aý bolýar, "gitme" diýdim, gitdi ýar,
Ol gitdi ýürek munda aglaýar,
Çarhy pelek biziň bilen oýnaýar,
Meni taşlap giden ýarym nirede sen?

Durmuş kyndyr, senem borsuň gitmeli,
Okuw okap, arzuwlara ýetmeli,
Gelip onsoň, durmuş toýun tutmaly,
Gelenimde ýylgyrjak, ýar nirede sen?

Şu pikirde soransyň sen bir gyza,
Göwün berip, söýüp çökersiň dyza,
Gyşyň birden öwrüläýmezmi ýaza?
Okuwňa ugraýan, durmuş nirede sen?

Ara uzak, günler bolsa geçip dur,
Ýürek gamgyn, yşk meçini içip dur,
Söýgi ejiz, "ara" bizi ýeňip dur,
Söz pozuldy, düýnki şatlyk nirede sen?

Okuw oka, nahar bişir işe git,
Otag süpür, dynjyňy al, gowja ýat,
Dostlaň bilen parka aýlan, göwün şat,
Onda-da bolanok, ýarym nirede sen?

Ýagdaý gowy, arman ýürek dar ýaly,
Içiň gysýar, bir ýetmeziň bar ýaly
Ýürek diýýär, "birje kem zat ýar ýaly"
Meni çyndan söýjek ýarym nirede sen?

Men pikir etdim, söýgi bolar birine,
Olam bolar diňe söýen ýaryňa,
Ýaram wepaly bor, deger eden zaryna,
Köp garaşdym, wepaly ýar, nirede sen?

Dessandaky ýaly, söýgi çynmyka?
Ýaşaýşymyzyň bar manysy ýarmyka?
Ýa bu bolýan wakalar ýalanmyka?
Meni derde salan, söýgi nirede sen?