Goşgulary söýýänleriň burçy 3

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

MAL ÝAGŞY

Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.
Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.

Hudaýym saklasyn şerden, gahardan,
Minnetli aş ajy bolar zäherden,
Eý, ýaranlar, bir bazarsyz şäherden,
Ondan ki bir guwlap ýatan çöl ýagşy.

Her kimiň özüne Müsürdir jaýy,
Ýadyndan çykmaýyr baýramy-toýy,
Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy,
Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy.

Bir biwepa ýara gülüp bakandan,
Şirin jany yşk oduna ýakandan,
Ýat illerde mysapyrlyk çekenden,
Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy.

Magtymguly, sözlegil sen her bapdan,
Bu dünýä tutdurmaz, çüýrükdir düýpden,
Aňyrsy gelmeýen gury, bad gepden –
Ondan ki bir şuwlap öten ýel ýagşy.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

TÜRKMEN BINASY Gurdugym

TÜRKMEN BINASY

Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy.

Terki-dünýä eýleýip, gelse rakyplar gaşyna,
Bil, polatdan bina bolgan, budur türkmen galasy.

Süleýman hem Rüstem, Zal, Jemşit oňa bolmuş geda,
Günde ýüz müň salsa leşger, degmez şanyň belasy.

Daglar ondan alar taglym, leşgeri sap-sap durar,
Her salanda zülpükaryn artar ýigitniň höwesi.

Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup.
Kylsa bir jaýga ýörüişni, açylar gül lälesi.

Külli gyzylbaş baryny atdy dag arkasyna,
Gije-saba ýatmaýyr, geler olarnyň nalasy.

Her ýan gadam ursa saýýat, bolmaýyr olduşgär,
Bendi kylyp alabilmez, düşmez türkmen balasy.

Aryflar dem-dem geler, toýy bardyr her zaman,
Merdi-merdan sözüdir ol, ýokdur köňül hilesi.

Aýdadyr Magtymguly, ýokdur köňülde bir gara,
Hak sylaýyp, kylymyş nazar, bardyr onuň saýasy.
--------------------------------------------------------
Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.

BOLAR SEN Belent daglar,

BOLAR SEN

Belent daglar, beýikligiňe buýsanma,
Güdazda suw bolan zer dek bolar sen!
Teriň derýa, haýbatyň guwanma,
Wagtyň ýetse, guryp, ýer dek bolar sen!

Daglaryň arslany, babyr-peleňi,
Bir güni deň bolar pil, peşe jeňi,
Mejmegul-Bähreýniň, Niliň näheni,
Gulagyna urlan har dek bolar sen!

Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda,
Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda,
Zalymlar har bolar, galar aýakda,
Garyp, sen ýyglama, şir dek bolar sen!

Ýagşy bedew münen, hup mahbup guçan,
Bile eltipmidir bakaýa göçen,
Hakykat namartdyr imansyz geçen,
İman bile barsaň, ner dek bolar sen!

Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň,
Dür bolsun daýyma sözlegen sözüň,
Alymlara uýsaň, açylar gözüň,
Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen!

Lukman kibi dertler dermanyn kylsaň,
Süleýman dek döwni permana salsaň,
İsgender dek ýeriň ýüzüni alsaň,
Ýere ýegsan bolup, ýer dek bolar sen!

Magtymguly, garap gözle daşyňny,
Jaýyn bilip sarp et nan-u aşyňny,
Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňny,
Är yzynda ýörseň, är dek bolar sen!
---------------------------------------------------------
Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.

Şu goşgy men

Şu goşgy men baradamyka?
Bilmedim, meniň moderligimem ýene 2-3 günden gutarýa :)
---------------------------------------------------------
Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.

Needed

Gözlenýär: kämil
Eger bar bolsa, şu sahypany şoňa goýup

Quote:

Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňny,
Är yzynda ýörseň, är dek bolar sen!

etmekçi. Nesip bolsa, Mekan şu bolar!
Mekanam

Quote:

Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň,
Dür bolsun daýyma sözlegen sözüň,
Alymlara uýsaň, açylar gözüň,
Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen!

ýerlerine aýratyn üns berer diýip umyt edýän :)
---------------------------------------------------------
Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.

JAN İÇİNDEata

JANA GELDİM
ata bilnden düşdüm,ene rehimne geldim
kyrk-küwen bilen çykyp bir zerre gana geldim
bir mahıyı-bijanam,dreya ummana geldim
dört ay on dört sagatda dirildim jana geldim
dokuz ay tamam oldy yagty jahana geldim.

atam enem söydüler,göterdiler gujaga
geyimlerim geydirip buladylar gundaga
gahi emedeklardim,gah turardym ayaga
ene süydün emerdim,dönerdim saga sola
iki yaşa yetemde iymage nana geldim.

üç yaşıma yetemde oynayıban gülerdim
baş yaşıma baramda,eneden zat dilardim
yedi yaşa yetemde dost-duşmanım bilerdim
dokuz yaşa yetemde baş vagt namaz kılardım
on yaşıma yetemde edep-ekrana geldim

on ikide her kime ganrılıp söz gatardım
on üç yaşa yetemde agır mejlis tutardım
on başime yetemde tiri tüpen atardım
on yedige baramda yşk söwdasın göterdim
yşkyn söwdasy bilen sürüp,meydana geldim.

on yediden geçenson,şöhrat öyüne girdim
aldım bir nazenini,zowk ile sapa sürdüm
bu gunçayı-gülzarın elwan gülüni tirdim
yigrimiye yetemde pelek jebrini gördüm,
pelek aldı yarımı,ejel gamhana geldim

otuza girdi ömrüm,girdi tir-u kemana
könül hyruç eyledi,boldum dali diwana
at münüp,yarag baglap,sürüp girdim meydana
Rüstemu-dastan kiminsöweş kıldım,merdana
kırka yetende ömrüm okıp Kurana geldim

kırkdan öter bolanda,gitdim elli yaşıma
Geldi ölüm nışanı,rehne(ruin) girdi düyşüme
her kim garrı diyerdi,hayran galdım işime
gojaldım,düşgün oldım,gowga geldi başıma
ele asa göterip,dogrı mekana geldim

altmışa gitdi ömrüm,görmez oldı gözlerim
gojaldım düşgün oldı,gışa döndi yazlarım
menın sözüm etmesler,hem ogul hem gızlarım
alemge hoş gelmedi,menın şirin sözlerim
aleme yalbarmakdan,düşdüm amana geldim

yetmişe bardı ömrüm,aglar idim zarı-zar
gözümden yaş giderdi.misli ebri nowbahar
gulaklarım gapılıp,gözlerim tutdı gubar
daşıma yıgıldılar kowum-gardaş,her ne bar
geyimlerim soyuldı,tagty rowana geldim

yatır erdim bisterde(düşekde) nagah Ezrayıl geldi
bilbil tilim baglanıp gızıl yüzlerim soldı
yüz jepa-jebir ilen jismimden janım aldı
dünyani puç geçirdim,barça armanım galdı
geldi ölüm nışanı,ajal gamhana geldi

gussal golun çızgayıp meydimi yuwdular pak
agaç ata mündürip etdiler ol suyı-hak(suw-toprak)
Ezrayılın jeninden ruhum olupdı çak-çak
iki gürzli(tokmaklı) topuldı sehmnagu-gazapnak(gorkunç-gazaplı)
ruhum teslim etdiler,DİRİLDİM JANA GELDİM.

soradılar:"ey adam,diy,görem halın nedir
dünyade hayr etmedin,bu kıl-u kalın nedir
gitdin şeytan rayına,jowap-sowalın nedir
imdi toprak astında,ılmı-kemalın nedir"
gürzi saldı depamden,çaki hamana geldim

jandan diydim:"ya Alı"tapıldı Şahymerdan
agayı müşgil kuşat,ol emiri mümünan,
Magtımgulı diyr,janım diyme sen ona gurban,
ol Münkür-u Nekirler durmadılar bir zaman
Şol yerde rebbim görüp,dogrı mekana geldim

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Jeyhun 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

on bir yerde birinji beytini

on bir yerde birinji beytini yazıpdım öydyan,goshgını uzın görüp yaltanıp goyupdım

Hemmesini okadym, gaty

Hemmesini okadym, gaty haladym.
Beh... Magtymgula haýran galyp gezip ýörün entägem
---------------------------------------------------------
Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.

Magtymgulynyň super goşgularynyň ýene biri

DELALAT ÝAGŞY

Asla adamzada ajy söz urmaň,
Pakyra-misgine delalat ýagşy.
Bahyla ugramaň, güler ýüz bermäň,
Möhüm bitirmäge kipaýat ýagşy.

Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,
Bir gamly görende, şirin söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy.

Ýigit oldur – söze eýlese amal,
Goldan gelmez işe etmese jedel,
Allanyň emrine kylmagyl bedel,
Bege – berim, şaha – adalat ýagşy,

Garyplyk bir dertdir – adam öldürmez,
Öldürmese, dirilikde güldürmez,
İt hem aryklygyn gurda bildirmez,
Elbetde, duşmana syýasat ýagşy.

Magtymguly, şükür, şirin til berdi,
Şejerler gögerip, semer gül berdi,
Görogly Reýhana niçik ýlabardy,
“Amandyr” diýene diýanat ýagşy.

---------------------------------------------------------
Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.

ŞYGRYŇ DOGLUŞY Juda agyr

ŞYGRYŇ DOGLUŞY

Juda agyr goşgulam
Daşy deýin daglaryň.
Olary gaýa eltip,
Goýaryn söýget edip.
Ýykylaryn soň ýüzin,
Agyma ýetmez gözýaş.
Ýazan bendim ýyrtaryn,
Oňa-da aglar şygrym.
Aýama ünji bolup
Çümer tiken,(göwnüme).
Uzyn günüň hasraty
Soňra söze öwrüler.

ÝARADAR GUŞ

Rehim ediň,göýberiň,
Gaňyrmaň ganatlarym!
Men indi uçmaýaryn,
Yza üzdi sesimem,
Owazym döndi ba:sa,
Indi saýramaýaryn.
Ýardam beriň,garaşyň!
Güýz.
Guşlar uçýar günorta.
(Bärde goýup gar-ýagşy)
Ýürek ürküp ýygrylýar,
Täklik --- ajal gardaşy.

Nika Turbina

Goşgy ýazmak işi gaty agyr iş.
Gaty agyr.

Ýene iki setir:

"Ömrüm hakyt garalama
Harplary ýyldyzdan düzülen..."

Superb OTUR-TURUŞYN

Superb

OTUR-TURUŞYN GÖRÜŇ

Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,
Märekede otur-turuşyn görüň!
Birew bilen aşna bolaý diýseňiz,
Owwal ykrarynda duruşyn görüň!

Uzak ýola gidip geler bolsaňyz,
Merdanalyk gyljyn çalar bolsaňyz,
Bir bedewi saýlap alar bolsaňyz,
Synasyn, sagrasyn, gerişin görüň!

Bir pul düşse bir üflasyň goluna,
Göwsün açypl gezer gyşyň ýeline,
Hyrydar bolsaňyz gyza, geline,
Edebin, ekramyn, oturşyn görüň!

Goç ýigidiň at-ýaragy şaý bolsa,
Ýetişer her ýerde haý-da haý bolsa,
Özi Hatam bolup, ýene baý bolsa,
Çar tarapdan myhman gelişin görüň!

Bir niçäni kyldyň maly-bisýary,
Bir niçäni kyldyň bir puluň zary,
Ýagşy-ýaman, barça adamyň bary
Nobat bile ötüp baryşyn görüň!

Taňry bizar erer zekatsyz baýdan,
Zynhar siz hem gaçyň ol gelen jaýdan,
Merde her iş düşse, görer hudaýdan,
Namardyň hemradan görüşin görüň!

Namart ýörer mydam ölümden gaçyp,
Öýüne gelende, zäherin saçyp,
Mert ýigit ölüme synasyn açyp,
Meýdanda ters söweş guruşyn görüň!

Zalymlar unudar zikri-allany,
Arzan alyp-gymmat satar gallany,
Süýthor naýynsaplar halal tyllany,
Haram peýdasyna berişin görüň!

Şeýtan melgun hergiz tagat etdirmez,
Haramdan gaýtarmaz, halal ýutdurmaz,
Namaza uýdurmaz, roza tutdurmaz,
Lagnaty şeýtanyň talaşyn görüň!

Goç ýigidiň işi söhbet-saz bolar,
Köňli gyş bolmaýyn, daýym ýaz bolar,
Ýagşynyň köňlünde kine az bolar,
Ýamanyň her günde uruşyn görüň!

Gadyrdan gardaşdan uzak, daş bolup,
Gadyrsyz ýat bile garyndaş bolup,
Magtymguly, näsazlar duş bolup,
Hojanyň, seýidiň ýörüşin görüň!
---------------------------------------------------------
Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.

bayram shu magtymgulinin

bayram shu magtymgulinin goshgularini jemleyanmay?

bar bolsa mail ibersene mana hemmesini.. ..

Ine hem gowy goşgy ÝAT

Ine hem gowy goşgy

ÝAT BOLAR

Muhammet ummaty malsyz bolmasyn,
Malsyz bolsa, dogan-gardaş ýat bolar.
Gaçara agaň, iniň, bolmaz hatyraň,
Guwanar duşmanyň, dostuň mat bolar.

Garyp aýak ýalaň, kendir guşakdyr,
Bir märekä barsa, orny aşakdyr,
Garyplar at münüp, depse – eşekdir,
Döwletliler eşek münse, at bolar.

Bir dileg dileseň, möhümiň bitmez,
Dostuň ýhlas bilen, merhemet etmez,
Märekede aýdan sözüň jaý tutmaz,
Diňlemezler, gury, sözüň bad bolar.

Göreş bir abraý, uruş bir destdir,
Kişini kemsiden – özi näkesdir,
Bir mümüne gybat etmek hebesdir,
Gybatkeşeiň gazanany ot bolar.

Magtymguly, şükür eýlegil hudaga,
Ölüm barabardyr şah-u gedaga,
Bisabyr gül tiz ýolugar belaga,
Sabyrly gul dura-dura şat bolar.

Hakykatdanam, garyp bolmak gaty kyn. Etjek alajyňam kän ýok, sabyr edip gezibermeli...

---------------------------------------------------------
Hyrydar bolsaňyz gyza, geline,
Edebin, ekramyn, oturşyn görüň!

Bayram, bu goshgulary

Bayram, bu goshgulary nireden tapyanay?!
Senin acan ahli goshgy bloglaryn yignap, arhiw etmeli oydyan, berekellah!
Telpejigem bereyinmi :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpejik? Bay husyt

Telpejik? Bay husyt ekeninay... sorayanam, onda-da "telpejik"
Muncha super goshgulary, Magtymgulynkylary okap her goshga bir telpek, azyndan, bermeli dalmi?! :D
Aslynda 5-10 telpek bermeli welin, ony men Magtymguly pahyra gechirip bilemok. Shon uchin ozume hersi uchin 1 telpejik bersenem bolya
PS Bey diysem, menem achgoz bolyan. Beray 5-10 sany, razy bolaryn :D
---------------------------------------------------------
Hyrydar bolsaňyz gyza, geline,
Edebin, ekramyn, oturşyn görüň!

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • ata 5 telpek goyyar we yazyar: "ýekejesi özüme galaýsyn, jigim, galanlary seňki! goýan ähli goşgylaryň üçin!"

razy bol, jigim :) "Elinden

razy bol, jigim :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Nas ataýmaň :D

NAS ATAN

Göýä bu dünýäge, geldiň, gelmediň,
Kül ýygar sen mydam işiň, nas atan.
Şerigat ýolundan habar almadyň,
Galar dowzah içre läşiň, nas atan.

Temmäki diýp her işige ýortar sen,
Çala owup, üç mysgaldan tartar sen,
Bir sümgürip, ýanbaşyňa sürter sen,
Haram bolar üst-u başyň nas atan.

Namaza duraňda, üstüňe akar,
Anýň üçin müň ýyl dowzahda ýakar,
“Weýl” diýgen jaýda tütüniň çykar,
kabul bolmaz gözde ýaşyň, nas atan.

Ýagşy-ýaman eden işin “hak eder”,
Nas atanlar galampurun çak eder,
Akar durar, üsti-başyň poh eder,
Senden gaçar deni-duşuň, nas atan.

Gözüňi ýaşardyp, mähriň gandyrar,
Gelse humar, imanyňy ýandyrar,
Tagam iýseň, tabagyňy doldurar,
Murdar bolar içen aşyň, nas atan.

Her adamy görseň, gizläp gaçar sen,
Burnuňdam dem gelmez, agzyň açar sen,
Keýpi gelse, ogul-gyzdan geçer sen,
Haýran bolar oba-goňşyň, nas atan.

Kyrkyňa baraňda, beýniňe çykar,
Bu şirin janyňy dowzahda ýakar,
Çakjaňy ot eýläp, burnuňa dakar,
Zehmiňden döküler dişiň, nas atan.

Magtymguly, ölenden soň bilerler,
Jynaza okamaý, burnuň dilerler,
Sakar diýgen jaýa seni salarlar,
Nara döner içiň-daşyň, nas atan.
---------------------------------------------------------
Hyrydar bolsaňyz gyza, geline,
Edebin, ekramyn, oturşyn görüň!

TÜRKMEN SÄHRASY

TÜRKMEN SÄHRASY

Bahar meýlisinde çyksaň seýrana,
Türkmen sährasynyň aldyr gülleri.
Başyň sypap seni goýar haýrana,
Belent daglaryndan öwsen ýelleri.

Gara bulut gelip, zemine çöker,
Al-asman gübürdäp, depregin kakar,
Daglardan sil akar, ýene gül çykar,
Gelin-gyz doldurar reýhan çölleri.

Ýagyşy ýaraşar ýaýlaň ýazyna,
Gerçekler bendidir aşyk gyzyna.
Sesin goşup dutar, gyjak sazyna,
Saýrar illerimiň şirin dilleri.

G.Ezizow

ÇAGA DOGRULÝAN ÖÝÜŇ ÖŇÜNDE OÝLANMA

ÇAGA DOGRULÝAN ÖÝÜŇ ÖŇÜNDE OÝLANMA

Sypaýar ýüzüňi
Säheriň ýeli.
Kiçijik Penjiräň
Nobaty uly.

Bu ýere köp kişi
Salypdyr ýoly,
Çal diwaryň ýüzi
Ýazgydan doly.

Hanha, hol, ýokarky
Setire gara:
“Aman plýus Gözel
Deňdir Batyra”.

“Nina plýus Saşa
Netije Zizul”.
(Düşünen däldirin
Gyzmy ýa ogul?!)

Hana-da bildiriş
Jar çekýän zabun:
“Spirtli içgiler
Edlenok Kabul!”

Ýokarky etažyň
Penjiresi tor.
Başlangyç kakalar
Oňa daş atar.

Aşaky çaganyň
Halyny sorar.
Ýokarky kakanyň
Halyny sorar.

Ol sorag ýagdyrar,
Jogaba derek.
“Öye köwlenýärmiň?
Içeňok gerek?”

Penjiräň öňüne
Zat alyp gelen,
Azalmak bilen däl,
Köpelmek bilen.

Ine, sandyraklap
Soraýar ärçe:
“Nina Iwanowna,
Agramy näçe?”

Beýleki soraýa:
“Ogulmy, gyzmy?
Gözi owadanmy,
Boýy uzynmy?

Synlasaň ýadyňa
Salýarmy meni?”
...Nina Iwanowna
Nä bilsin muny.

Nına Iwanownaň
Ýeke jany bar.
Ýokarda onlarça
Çaga jägirýär.

Aradan ýyl geçer,
Soň 10-y geçer.
Ine, şu çagalar
Dilden dül seçer.

Öňde bir şahyryň
Aýdyşy ýaly:
On bäş, on altyda
Gyz bor hyýaly

Biri şygyr okar,
Birisi ýazar.
Geçmişe, geljege
Salarlar nazar.

Ýüzleri, ykbaly
Gül ýaly ýaşlar,
Biz bilen, biz bilen
Ylalaşmazlar,-

Oturşymyz bilen,
Turşumyz bilen,
Pikir edişimiz,
Gurşumyz bilen,
Geýnişimiz bilen
Ine şu ýaşlar
Ylalaşmazlar.

Biz-yüzün tutanlar
Ýagmyra, ýele,
Başymyzy ýaýkap,
Ýylgyrys çala.

Soň ýeke galarys,
Çygjarar gözler.
...Alynmadyk gala
Undulan sözler,

Çekilen gussalar,
Dökülen derler,
Gülenler, aglanlar
Ýada düşerler.

Ýöne özi bilmän
Jedelçi nerler,
Biziň şu kyn ýoly
Dowam ederler.

Hyjuwlar ýatyşar,
Paýhaslanar has.
Ötenler, diriler
Şu ýoldan barýas.

(Hamala bu dünýäň
Haýyr, zyýanyn
Diňe sen ýerbe-ýer
Goýaýjak ýaly).

Ýüzün oda-suwa
Tutan şu nerler,
Iň soňy şu jaýyň
Öňüne gerler.

Ýokarky penjirä
Kesek atarlar.
Öňem köp edilen
Oýa batarlar.

Şonda ata çykan
Ýigrimýaşarlar
Biz bilen, biz bilen
Ylalaşarlar.

Geýnişimiz bilen,
Gurşumyz bilen,
Aglaýşymyz billen,
Gülşümiz bilen,
Ýeňlişimiz bilen,
Ýeňşimiz bilen,
Umuman, ine, şu
Durşumyz bile
Ylalaşarlar!

G. Ezizow

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

GYBATKEŞ Ruzy-magşar

GYBATKEŞ

Ruzy-magşar şikat eder tiliňden,
Ryswalygyň budur seniň, gybatkeş!
Ömrüň ele berme, azma ýoluňdan,
Agyrtmagyl iliň-günüň, gybatkeş!

Bulut dek küküräp, bark kimin gürlär,
Gähi buzdan tagtlar, ataşdan ýerler,
Gatyr dek içýanlar, bugra dek marlar,
Bedeniňden sorar ganyň, gybatkeş!

Halyň gören haýran bolup aglarlar,
Özüň Syjjyn atly jaýda baglarlar,
Tiliň çekip, demir bile daglarlar,
Gara bolar şol gün Günüň, gybatkeş!

Ýaman söz aýradyr ýagşy dostuňdan,
Günähiň agramy basar üstüňden,
Jähennem içinde tamug astyndan,
Peleklere çykar üýnüň, gybatkeş!

Malekler göterip, gürzler urarlar,
Endamyňdan suw dek akar zäherler,
Haşlaşyp durarlar ýanyňda marlar,
Endamyňdan sorar ganyň, gybatkeş!

Bir dem gutulmaz sen, tamug naryndan,
Teniňe ýaýylan ýylan zährinden,
Şol azabyň hasratyndan, zaryndan,
Peleklere çykar üýnüň, gybatkeş!

Orun biýrler saňa eltip bir jaýda,
Günüň geçer gije-gündiz hay-waýda,
Azabyň artdyrar seniň her aýda,
Çilimkeş hemradyr-ýanyň gybatkeş!

Ruýsyýa sen magşar güni kerime,
Taňry sowabyňdan alar jerime,
İmansyz ten idip elter jehime,
Gile eder senden janyň, gybatkeş!

Magtymguly diýer iliň gözünden
Düşübän, hor bolsaň, görgül özüňden,
Tiliňni çekmeseň haram sözüňden,
Belli, bibat bolar diňiň, gybatkeş!

Gybatdan gaça durmak şeýle kyn... :(
---------------------------------------------------------
Hyrydar bolsaňyz gyza, geline,
Edebin, ekramyn, oturşyn görüň!

IKI AGAÇ

IKI AGAÇ

Agaç agaja bakar,
Arasyndan suw akar.
Akar üçin parhy ýok,-
Ikisinem deň ýakar.

Ikisi-de deň öser,
Başyn sypap ýel öser.
Daş-töwerek guwanar:
“Ösüşleri ne ýeser!”

Akar akar-da gider.
Baryp bir teşnä ýeter.
“Haýsy kenar gowy?” diýp,
Agaçlar pikir eder.

Örüsi ýaýrap gepiň,
Wagtyny alar köpüň,
Çep kenar saga zardyr,
Sagam zarydyr çepiň.

Olar miwe getirer,
Emma gamly oturar,
“Oň kenary gowy!” diýp,
Aglar, ömrün ötürer.

G. Ezizow

"Dünýede her kimiň öz gylygy bar..."

Dünýede her kimiň öz gylygy bar,
Oňatlary saýlap-seçgin---diýdiler.
Edep-sypaýçylyk adamy bezär,
Mydam gödeklerden gaçgyn---diýdiler.

Diýişleri ýaly, gaçdym-da yürdüm,
Gödekligem meni kowlap ýörmedi.
Ol öňümden çyksa ýüzüm öwürdim,
Oň nä derdi---asyl gaty görmedi.

Sypaýy diýlenler bolýar her hili.
Juda sypaýylar daşym aldylar.
Duýman durka, kastlary bar ýaly,
Sypaýlygymyň dulugyna çaldylar.

Sypaýçylyk bilen hormat etdiler.
Sypaýçylyk bilen adym tutdular.
Sypaýçylyk bilen arzan satdylar.
Sypaýçylyk bilen etdiler baryn.

Soň ýene diýdiler ýanyma gelip,
Mert ýigide näzik bolmak ýaraşmaz.
Bardyr adamlarda şeýle bir gylyk,---
Ajyň ýokmy---süýjüňe-de garaşmaz.

Eýsem ýaranjaňlyk, öz külbäň küýi,
Göriplik hem juda-juda küteklik
Ýaly gylyk-häsiýet duş gelýän güni
Iň ýaramaz gylykmydyr gödeklik?!

Baş çykarmak gerek şeýle gylykdan,
Näçe çuň düşünseň şonça-da ýagşy.
Kebzä pyçak sokýan sypaýçylykdan,
Tumşugyňa kakýan gödeklik ýagşy.

Eý siz sypaýylar, men taýa bakan
Gelmäweriň leşger çekip, dökülip.
Ýaşasyn hak üçin gulakdan çekýän,
Göni size bakýan sagdyn gödeklik!

G. Ezizow

Telpekler (2 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 2 telpek goyyar we yazyar: "1'i sana, beylekisi Ezizova..."
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Ufff... ilkinji topbakdan soň okamak üçin mertlik gerekdi :)"

Goshgynyn sonuna yetenimde

Goshgynyn sonuna yetenimde yilgirip gitdim :)))

name uchin yilgirdin?:) PS:

name uchin yilgirdin?:)

PS: tumshugyna kakyan godeklik aslinda gowy zat-lay?:)

Quote: Eý siz sypaýylar,

Quote:

Eý siz sypaýylar, men taýa bakan
Gelmäweriň leşger çekip, dökülip.
Ýaşasyn hak üçin gulakdan çekýän,
Göni size bakýan sagdyn gödeklik!

Shu topbak gunakar yilgirmagyma :))
Shol gunleri meni yikdilarda
"Mergen godek, eyle, beyle" diyip,
bu goshgy bolsa "Bolubereyinlay godek" diydirdi :)))

Quote: Mydam gödeklerden

Quote:

Mydam gödeklerden gaçgyn---diýdiler.

Şuny okap, "Baýramdan gaçyň!" diýip ýazjakdym, Allajan bar!
Soň okabersem(özümi gönümel we gödek hasaplaýan), bir hili ondanam beter häsiýetleriň barlygyny aýdýandygyny gördüm Şahyryň...
---------------------------------------------------------
Hyrydar bolsaňyz gyza, geline,
Edebin, ekramyn, oturşyn görüň!

Azajyk köneräk stildäki

Azajyk köneräk stildäki goşgyny okaň we deňeşdiriň

SÖHBET ÝAGŞYDYR

Adam bolsaň, gulak goýgul öwüde,
Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr!
Atarman-çaparman algyr ýigide,
Ýeri gelse aman-nurbat ýagşydyr!

Hemra bolup oturmagyl pis bile,
Poha degseň, beýniň dolar ys bile,
Göwher daşyn ýüzük etseň mis bile,
Gymmaty egsilmez, hormat ýagşydyr!

Zynhar, kast etmegil iýdigiň nana,
Köňlüň haýra bagla, sydkyň – imana,
Hiç azar bermegil bir musulmana,
Ogry ärden, bir dogr it ýagşydyr!

Käşki adam bu dünýäge gelmese,
Gelenden soň ömür sürse – ölmese,
Goldan gelen ýagşy işiň bolmasa,
Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr!

Magtymguly, niçik geçse ruzugär,
Haka şükür et, barma, namarda, zynhar,
Ýok döwletden ýegdir, bolsa bir hünär,
Müň hünärden zerre döwlet ýagşydyr!
---------------------------------------------------------
Hyrydar bolsaňyz gyza, geline,
Edebin, ekramyn, oturşyn görüň!

hmm...

Magtymgulynyn goshgylary deneshdirilmez. Magtymgula tay geljek bashga Turkmen shahyry yok.(menin pikirim)

ABAT GALSYN Säher tur,

ABAT GALSYN

Säher tur, hudaýa ýalbar,
Yslam öýüň abat galsyn!
Ýamany goý, ýagşa ýol ber,
Şeýtan işi bibat galsyn!

Ýagşy söze gulak salgyl,
Säher wagty bidar bolgul,
Ýagşylardan alkyş algyl,
Ömrüň artyp, zyýat galsyn!

Adamzat gözden sypynça,
Ýatdan çykar gan kepinçä,
Müňde bir rabat ýapynça,
Hakdan dile, öwlat galsyn!

Pis hatyn başa mähnetdir,
Dünýäniň maly nobatdyr,
Ýigide ogul döwletdir,
Mal galynça, zürýat galsyn!

Ýigit hoşy – at-ýaragdyr,
Her işe jüret gerekdir,
Pis oguldan ýagşyrakdyr –
Pyragy, ýagşy at galsyn!
---------------------------------------------------------
Käşki adam bu dünýäge gelmese,
Gelenden soň ömür sürse – ölmese,
Goldan gelen ýagşy işiň bolmasa,
Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr!

Ine şu goşgy hem gaty

Ine şu goşgy hem gaty owadan we ajap

JANYNA DEGMEZ

Eý, ýaranlar, bir bigaýrat ýigidiň,
Müň ýaman söz aýtsaň, janyna degmez;
Zynhar, düşmäň namartlaryň goluna,
Ger, öldürseň, nähak ganyna degmez.

Söz bilmeseň, bileniňi aýtmasaň,
Söz sözledip, söz aslyna ýetmeseň,
Ýaý çekeňde, dogry garap atmasaň,
Ol okuň nyşanyň ýanyna degmez.

Magtymguly, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

goshgy blogy dalmi :))

ÖÝLENGIN

Ýigit halyň garrylyga

Salaýyn diýseň, öýlengin.

Kethudalyk endişesin

Kylaýyn diýseň, öýlengin.

Kethudalyk gözel ýoldur,

Gaýgy garrydar, gam öldir,

Ýigitlik bir gyzyl güldür,

Solaýyn diýseň, öýlengin.

Öý, il gerek, ýorgan-düşek,

Perzent bentdir, aýal-duşak,

Ýüke werzigär boz eşek,

Bolaýyn diýseň, öýlengin.

Gezer sen oýnap, dalaşyp,

Galar sen gama bulaşyp,

Hasrata, derde ulaşyp

Galaýyn diýseň, öýlengin.

Joşgun eder sen özüňden,

Aýrylar sen hoş ýazyňdan,

Tükenmez derdiň yzyndan

Ýeleýin diýseň, öýlengin.

Ötir ýigitlik zamanyn,

Getir garrylyk dumanyn,

Dünýäniň ýagşy, ýamanyn

Bileýin diýseň, öýlengin.

Ýigitlik bir gyzyl gülşen,

Garrylykda öçer röwşen.

Gujak-gujak gara ýowşan

Ýolaýyn diýseň, öýlengin.

Magtymguly, gezip her taý,

Etmezdiň jahanda perwaý,

Pygamber sünnetin berjaý

Kylaýyn diýseň, öýlengin.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Jeyhun 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

goshgy doly dal,mana yone

goshgy doly dal,mana yone sms atdylar

dag yoluna col yoluna belet bol
dag yolunda cat acmayan polat bol
col yolunda tirkes-tirkes bulut bol
tesne gorsen dodagyna damym git

kopelsin oyunde yurekdesh myhman
yarisi ishci bolsun,yarsy dayhan
elbetde alimam shahyram hokman
uyshup cashyp car tarapa enip git

gozelligi sor bagryna oykenine
soyulsen soy,soyulmesen suykenme
soygi hem goshgydyr,kisha oykenme
oz ozini,oz kozini goyup git

SAZYNA DEGMEZ Bezimniň

SAZYNA DEGMEZ

Bezimniň lezzetin bilmeýen adam,
Hünärli ýigidiň sazyna degmez.
Betsyýakly, bethüý bolan pis adam
Perizadyň eden näzine degmez.

Bimagnynyň sözi janyňdan öter,
Gybat edip, özi günäge batar,
Ýamanyň zyýany iline ýeter,
Nadanyň peýdasy özüne degmez.

Adam bardyr, any şalar çagyrdyr,
Adam bar, zulm edip, garyp agyrdar,
Adam bar, per düşek ýanyn agyrdar,
Adam bardyr, ak kiz dyzyna degmez.

Muhannesin bolmaz namysy-aňy,
Bir söweş gününde eýlemez jeňi,
Aga-begler, muhannesiň on müňi
Mert ähliniň alty ýüzüne degmez.

Magtymguly, döwran soňudyr adem,
Lahat atly öýe goýar sen gadam,
Magny söz aňlamaz biakyl adam
Danalaryň aýdan sözüne degmez.
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

Käte merdem ýagşylyga garaşýar...

Käte merdem ýagşylyga garaşýar
Elden gelen ýagşylyň eçil sen.
Oňat işler oňatlara ýaraşyar,
Rowaýaty saşak kimin açyl sen.

Ýöne eden ýagşylygyň iru-giç
Gaýtargysyn talap edäýseň eger,
Unudaýma, soňky demine deňiç
Seniň haýryň ýigdiň bogazyn bogar.

Beýdeniňden goýber maňlaýyndan ok
Ýa-da hanjar bilen sal döşe ýara.
Çünki, haýyr işiň gaýtargysy ýok,
Ol kersen däl, goňşokora daşara

G. Ezizow

GAPLAŇ

GAPLAŇ

Haýwanat bagynda demir kapasa.
Demir kapasada gaplaň ýatyrdy.
Gyzyl gözlerinden akýan damjalar
Murtunyň ujundan asylyp durdy.

Şäherli adamlar onuň ýanyna
Getirdiler daýy, ýeňňelerini.
Bu zatlardan bizar bolan janawer
Ýatlardy Afrikaň jeňňellerini.

Juwan günlerinde gara gijeler
Gözleri ot bolup ýanan bu merdan
Iripdi, iripdi gelim-gidimden,
Onuň dynç alasy gerdi bir meydan.

Diňe agşam düşüp ýapylanda bag,
Garrylygyň derdi berse-de jepa,
Zordan uka batyp, agyr düýşünde
Ýene-de giderdi Afrika baka.

Süýji-süýji arzuwlardan, hyýaldan
Erninden şepbik suw akar giderdi.
Ýaýdan çykan peýkam kimin atylyp,
Awyny gan bilen tamam ederdi.

Erkindi. Batyrdy. Diýseň güýçlüdi.
Güýjüniň çeşmesi egserden kändi.
Kynçylyk. Kynçylyk. Çar ýan kynçylyk.
Ol kynçylyk üçin dörän haýwandy.

Ýöne gijeleňem öz serhedi bar.
Şol serhetdi onuň tükenmez derdi.
Gözün açdygy bes: juwanlygyndan
Ýene gojalygna gaýdyp gelerdi.

Ol gaplaň ýene-de çümer giderdi
Adam gözleriniň doňaklygyna.
Geň galyp, geň galyp bakardy hemme,
Ýesiriň geými dek zolaklaryna.

Şol gözleň her biri peýkama dönüp,
Başlardy oň jiger-bagryn ýakmaga.
Ol ýygrylyp, giň öz hamyny,
Utanardy şol gözlere bakmaga,

Guýrugy ýamzynda. Gulagy salpy.
Gözleri ýumukdy. Tutukdy ýüzi.
Batyrlygyň ejizlige öwrülşin
Görüp, adamlaryň çygjardy gözi.

Aňyrda gaplaňam sessiz aglady.
Iň soňky mertligin gözýaşa öwrüp,
Gaplaň derisinden çykan gaplaňy
Giň kapasa barýa gysyp-gowuryp.

Şol günden soň gijemi, ha gündizmi ─
Gaplaň bar wagtyny aglap ötürdi.
Şeýdip ejizligiň başlanan güni,
Şol gaplaňyň gaplaňlygy gutardy.

G. Ezizow

UZAK ÝAÝLADA ENÄNIŇ HÜWDÜSI

UZAK ÝAÝLADA ENÄNIŇ HÜWDÜSI

Eýýäm güneş batypdyr,
Aý-da agyl atypdyr.
Garagolja Serdarym
Süýji uka batypdyr.

Günler aýlara bakar,
Aýlar ýyllara bakar.
On sekizin dolduryp,
Serdarym ata çykar.

Jahyllygyň ýaşynda,
Yşk gaýnar döşünde,
Obamyzyň gyzlary
Seni görer Düýşünde.

Ýaryň geler ýanyňa,
Eneň geler zaryňa.
Sen maňa az bakarsyň,
Köp bakarsyň ýaryňa.

Gyş ýaza sesin goşar.
Bahar kösük ýetişer,
Gelin-gaýnyň käwagt
Arasyna tow düşer.

Malyň göwni ýazlarda,
Lalyň göwni sözlerde.
Meniň göwnüm sendedir,
Seniň göwnüň düzlerde.

Jorama duşan ýerim,
Balam, seni öwerin:
Gelniň ýuwar köýnegňi,
Men dolagňy ýuwaryn.

Daş oba düşse ýoluň,
Gyş bolsa sagy-soluň,
Ilki eneň ýat eder.
Onsoň ýatlar aýalyň.

Miwe köp bolsa eger,
Bag başyn aşak eger.
Saňa zyňylan daşlar
Eneň pahyra deger.

Epilýänça bil, balam,
Bir dilegim, bil, balam,
Maňa köp zat gerek däl,
Köpüň ogly bol, balam.

Kim serer kak-gurduny,
Kim söýer halk merdini,
Derdiňi men göterýän,
Sen göter il derdini.

Aýdan akdyr ýüzleri,
Şirin-şeker sözleri.
Bu ukusyz gijäniň
Ýellenipdir gözleri.

Bu dünýe ýogy-barym,
Bar myradym, mydarym,
Kötel ýollaň küpletin
Soň bilersiň, Serdarym.

G. Ezizow

Telpekler (2 kisiden 6 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 4 telpek goyyar we yazyar: "Her goşgy üçin 1 telpek"
  • intizar1315 2 telpek goyyar we yazyar: "men chaga vagtym hinlenip gezyan huvdim:)"

Bir gün bag deý ýanyp-köýseň...

Bir gün bag deý ýanyp-köýseň,
(Baky gelen barmy, eýsem?)

Abraýňy ataňa goýsaň,
Ogluňa atyňy goýsaň,

Bugdaýa meýdany goýsaň,
Zemine asmany goýsaň,

Gurmadygňy goýsaň eger,
Deňi-duşlaň dowam eder.

Sährany şähere goýsaň,
Tohumy bahara goýsaň.

Goýsaň,
Goýsaň,
Köp zat goýsaň.
Derdiňi enä goýmasaň.

Dert alynmaz ýöne ýere,
Kim başyn hesrete goşýar?
Ýöne mydam enelere
Üleşikde şu paý düşýär.

G. Ezizow

OMAR HAÝÝAM

OMAR HAÝÝAM

Ertekimi, rowaýatmy bilemok,
Bir wakany gürüň berjek, ýaranlar.
Kemine, Nowaýy, Firdöwsi, Haýýam
Neşirýatyň kassasyna baranlar.

“Şygrymyzyň muzdy näçeräk borka?
Köpüräk bolaýsa, etmezdi zyýan.”
Geniler öz ýandan için gepleden,
Guranmyşyn hersi bir süýji hyýal.

Ýalňyşmandyr çokga sakgal Firdöwsi,
Alan gonorary geçipdir çakdan.
Goja goşa torbasyny dolduran,
Haýýama göz gypyp, gyzyl ýüzlükden

Bary ýogy üç rubagy çap eden,
Haýýam näçe alarkam diýp çaklaýar.
Ahyr pulun alyp, şaýlanýar ýola,
Ýollar bolsa, meýhanada saklanýar.

Meýhana gyzypdyr tamdyr mysaly,
Çekipdir özüne adam ählini.
Ýerden, suwdan, günden dörän şerapdan
Haýýam gandyrypdyr teşne mährini.

Al şerapdan berhiz tutýar Firdöwsi,
Bir tümenem karz bermedi pahyr.
“Zyýany ýok, men şeýle bir ýazaryn,
Menem şahyr ahyr, ullakan şahyr.

Ýene wasp ederin gyzyl şeraby,
Kitaba salaryn uly döwrümi.
Onsoňam bir oňa seredip görüň,
“Şanama” üç esse bolar göwrümi.”

Soňky käsä ýetmän galan puluny
Jübä salyp, Haýýam gaýdan öýüne.
Hem ýazyp başlapdyr, ýazyp başlapdyr,
Şöhrat aýdyp ýeriň gyzyl meýine.

Daň sazyna çenli ýazypdyr Haýýam,
Daňam saz berende, batypdyr uka.
Birhaýukdan turup, okan ýazanny
Hem diýen: “Eý hudaý, näm boldugyka?”

Uzyn gije ýazan ýüzlerçe bendin
Haýýam terslin-oňlyn edenden soň syn,
Näçe köpeltjegem bolsa, paşmandyr,
Dört setir tapanmyş rubagy üçin.

G. Ezizow

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • annashka 2 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

jevhuna minnetdarlyk

jevhuna minnetdarlyk bildirýän. telpegim bolsa telpek bererdim.

Telpekler (3 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Doby 2 telpek goyyar we yazyar: "Boldi hasap eday :)"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "telpek bermelimish diyip eshitdim :))"
  • Jeyhun 2 telpek goyyar we yazyar: "Minnetdarlyk üçin! :)"

ATAMYŇ PENDI

ATAMYŇ PENDI

Men ýaşdym hem juda ynanjaňdym men,
Aladasyz oglan ömrün sürerdim.
Durmuşyň ajysy sigaret bilen,
Bir bulgur piwoda öýder ýörerdim.

Atam durmuş ajysyny dadypdy,
Ýöne ol ýanyna baran mahalym,
Diýrdi: “Durmuş ýolun özüň ädip gör,
Özüň oýlanyp çöz durmuş matalyn!”

Dostum kändi. Biri müňkür oglandy,
Biri─gowy, biri ýöne gezende.
Günleriň birinde baryn ýitirip,
Täze bir, ýürekdeş ýoldaş gazandym.

Ýol bilen barýardym. Ýolagçy gördüm.
Ýadapdyr. Ýanyna baryp daýandym.
Men oňa säginmän ulagmy bedrim,
Ýerine ýürekden şatlyk gazandym.

Bildigimçe özgelere öwretsem,
Özgelerden tälim alan ekenim.
Öz akylmy özgä berip, seretsem,
Öňkimden akylly bolan ekenim.

Şeýdip, ýaşap ýörün daga çykýan dek,
Elmydam berk tutup atamyň pendin.
Ýöne ajap günleň biri, oglanjyk
Gelip, durmuş hakda soraýsa menden,

Diýrin: “Durmuş ýolun özüň ädip gör,
Özüň oýlanyp çöz durmuş matalyn!”

G. Ezizow. 1962

ADAMLARYŇ ÝÜREGI

ADAMLARYŇ ÝÜREGI

Ýa dardy oň ýüreginiň binýady,
Ýa gelni oň üçin giden dünýädi.

Düşmedi ýadyna daş-töwerek-de,
Özge zada ýer galmady ýürekde.

Onuň jepasyny mert durup çeken.
Hatda enesine ýer galman eken.

Bilýän, bir wagtlar adamlaň derdin
Bile çeksem diýip arzuw ederdi.

Emma ol şeýle bir derejä ýeten,─
Hatda şolara hem ýer galman eken!

Gurýarka, ösýärkä bu ýagty dünýäm,
Ol ölüpdi dünýäm üçin bireýýäm.

Böwründen tutmadyk bolsa şu derdi,
Belki, ol il üçin köp iş ederdi.

…Gelnin öpýär işden gelen badyna,
Emma ene hiç düşmeýär ýadyna.

Gelni ýaramaýan diýäýse dagy,
Kirpigini gatman atyrýar daňy.

Emma garry ene, keselli ene,
Bogulyp üsgürse, teselli ýerne,

Gelin gazap bilen gysýar dişini,
Ol kellesin tutup, çytýar gaşyny.

Olaryň dünýäsi şeýle bir dardy:
Onda bir krowat, şifonýer bardy.

“Holodilnik” (oň hyzmatyn bilýänsiň),─
Buz ýaly saklaýar olaň dünýäsin.

Elbetde, ýaşy daş kyrkdan aşardan,
Ýöne döwrüm üçin şeýle ýaşam däl.

Ýaşmy ýa garrymy─bilip bilmeýän,
Ýöne oňa köp zat bolupdy aýan.

Bar güýjün, ukybyn, elde baryny
Sarp etdi, sarp etdi oňa baryny.

Emma ýene azdy. Ýene gerekdi,
Ýöne güýç galmandy ejiz ýürekde.

Onuň gadry gaçdy. Gyzygy gaçdy.
Şeýdip gelin ondan arasyn açdy.

Ýa dardy oň ýüreginiň binýady,
Ýa gelin oň üçin giden dünýädi.

Ýöne dar däl ynsanlaryň ýüregi,
Ene atly zenanlaryň ýüregi.

Olaryň kalbynda müň bir mähir bar,
Asly adam üçin ömürlik ýer bar.

G. Ezizow. 1962

ÝARAŞMAZ

ÝARAŞMAZ

Götär diýip, tagna, terene etmek
Dünýä mesi bir murdara ýaraşmaz.
Nesihat bermeklik, öwüt öwretmek.
Taňry guýan akyl äre ýaraşmaz.

Kümüş bolmaz, ýagşy zikge ursaň mise,
Gahry gelmez, eger “gul” diýseň tüýse,
Öwüt tutmaz, öwüt berseň bir pise,
Ýagşy taglym ýaman äre ýaraşmaz.

Nasazlyk─ata-ogul bir-birine,
Gitmeklik ýaraşmaz gyz ýas ýerine,
Haýasyzlyk, şerimsizlik─geline,
Oral garry aýal töre ýaraşmaz.

Boş gaýtarmaz, dileg etseň bir mertden,
Müň ýalbarsaň, işiň bitmez namartdan,
Ker hem lezzet tapmaz asta söhbetden,
Idegsiz gezmeklik köre ýaraşmaz.

Aryplara oýnamaklyk, gülmeklik,
Dünýälik diýp, ýügürmeklik, ölmeklik,
Aşrat sürmek, aş mazasyn bilmeklik
Ejiz düşen bir biçärä ýaraşmaz.

Ýada hem näz etmek, öýke─gardaşa,
Pala, gurra uýmak, ynanmak düýşe,
Dogaça utanmak, gahar─derwüşe,
Nebs üçin il gezmek pire ýaraşmaz.

Bigadra gadyr etmek, näkese─hormat,
Ýakyna hat ýazmak, ýyraga─sargyt,
Abdala─nik puşeş, aşyga─rahat,
Hatarda boş gitmek nere ýaraşmaz.

Ite palow bermek, ata hem─kepek,
Owlak, guza─nogta, kökene─köşek,
Alamana─ýaby, ýaryşa─eşek,
Toýa münüp gitmek sygra ýaraşmaz.

Doňuz çyksa depä, jeren hem─daga,
Bilbil hem─jeňňele, garga hem─baga,
Pyşbaga─agaja, uçsa gurbaga,
Kelpezeden gaçmak mara ýaraşmaz.

Mur yssa çydamaz, sowuga─kelguş,
Ýele hem─ýerbeze, köp ýagmyra─muş,
Şor aba─hemdüňe, bahr içre─harguş,
Näheň oýnap çyksa, gyra ýaraşmaz.

Aýdýar Zelili, hassa─hoşroýlyk,
Kerk─uzak ýaşamak, pile─garrylyk,
Gurda─dilegçilik, baýguşa─horluk,
Tilki awun iýmek şire ýaraşmaz.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • dayhanoglan 1 telpek goyyar we yazyar: "sagja bol Jeyhun"

Dushunen boleklerimi sheyle

Dushunen boleklerimi sheyle haladym, sag bol Jeyhun/Begench!
Yone ine-da... Zelili Magtymgulynyn yegeni, ozunden sonra yashan shahyr welin, Magtymgulynyn goshgusyny dushunmekden HAS kyn gelya. Magtymguly sap turkmen dilinde yazmaga jan edipdir diyyanleri yone dalhow, ondan onem, ondan sonam kabir halatlarda(ine meselem shu goshgy), yazylanlar parsy-turki(beyleki turki diller)-arap dillerinin garyndysy bolupdyr. Dushunmek sheyle kyn...
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Jeyhun 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

PIKIR DERÝASYNDA AKYL GÄMISI…

PIKIR DERÝASYNDA AKYL GÄMISI…

I

Şeýle bolmalydy,
Şeýle-de boldy:
Ençeme ýyl örklenip merkeze,
Ahyrsoňy üstün çykyp özümden,
Geldim şol arzyly seniň Gerkeze.

Şol uly şäheriň dymyk gijesi
Okamda şygryňy daň sazyna çen,
Bagyşla, Pyragy, bilýän diýse-de,
Şägirt halypasyn bilmeýän eken,

Seniň ömrüň, seniň döwrüň barada
Mäti Kösäýewiň bildini çeken
Şägirdiň iň belent baha alsa-da,
Beýik halypsayn bilmeýän eken.

Soň, durmuşyň uly-uly ýolunda
Azaşyp, gijeler gyzyl ot ýakan,
Içinden ot geçen hem sowuk geçen
Şägirt halypasyn bilmeýän eken.

Bu gün şaglawuklaň älemgoşary,
Daş içinde ýol ýitiren bulaklar,
Döşlerde nur saçýan elwan gülýaka,
Zer gaş bilezikli babyrbilekler,

Aýyň düşýän ýeri täsin Aýdere,
Dag daşlary, hat-da dagyň şemaly,
Seniň her setirňe, her bir bendiňe
Bir baky dikilen heýkel mysaly.

Bar geçen günümi bermen bu güne,
Çünkü şu gün her setiriň, her bendiň,
Ykbalyň, begenjiň, gynanjyň, söýgiň,
Umuman, seň özüň has ýakyn bolduň.

Bu täsin daglaryň, täsin görnüşiň
Duýgudyr aňynda suratyn çeken,
Pyragy, seň ýaly merdana ärde
Şahyr bolmazlyga çäre ýok eken.

II

Gel, oturyp dünýe hakda sözläli,
Ýakyn edip ara düşen yragy,
Rastym aýtsam, jedelleşmek meýlim ýok,
Men nire, sen nire, eziz Pyragy!?

Döwür elmydama üýtgär-de durar,
Bu gün düýne gider. Düýnüň hiç gelmez.
Ýeke bir hak dostuň bitiren işi
Müňde bir ýoldaşyň golundan gelmez.

Seniň döwrüň, özüň bilýäň, agyrdy.
Emma şeýle böleşdiler bu derdi:
Kiçi ýürek onuň kiçi bölegin,
Uly ýürek ulusyny göterdi.

Namart gülýär mert kişiniň halyna,
Dünýede şer işiň bolany üçin,
Ejiz ýürek bilen ýaşasa bolar,
Uly ýürek bilen ýaşamak ne kyn.

Ýagşylyk, ýamanlyk elmydam birdir,
Kimse haýryň zary, kim şeriň zary,
Bu gün ýamanlygyň bolany üçin,
Ýetýär adam başa bäş batman däri.

Her adam başyna bäş batman ölüm?!
Her adam başyna bäş batman däri?!
Bir başa bir ölüm ýeterlik bize,
Bir başa bäş batman?
Artygrak dälmi?

Adam ähli söýüp, urşup, ýigrenip,
Gör-bak, näçe ýüz müň menziller geçdi.
Ähli döwürleriň haýyr, şer işi
Maňzy,
Asly,
Durky bilen meňzeşdir.

Dünýede şer işiň bolany üçin,
Ähli döwürleriň geniý nesili,
Ýanyp ýaşaýarlar ahyr içmäge
Salýeriň awuly pyýalasyny.

Adamyň zehini beýik bolanda,
Bahyllar üstüne labyryn atar.
Ýöne akyllaryň ýogalan güni,
Hatta şol milletem başyny tutar.

Kimse çykar uzak-uzak ýollara,
Şatlyk buşlap, gapylary kakmaga,
Kimse çykar şol buşlukçyň öňünden
Onuň tigirine taýak sokmaga.

Şeýdip, çüýrük merdiwana çykarlar,
Köňüllerin bir pasyljyk şat edip.
Han-begler,
Şazada,
Şalar ölýärler.
Halk aglaýar şahyryny ýat edip.

Çünki hak şahyrlar iliň namysy,
Agysyna aglap, gülse gülýärler.
Il-günüň hasratyn ýüregne çekip,
Soňra ýürek agyrsyndan ölýärler.

III

Begenjegňem, gynajagňam bileňok,
Gök çaýyň başynda aýdyp ýomaklar,
Erte ony goşga salyp getirýän
Juda köpelipdir şahyrsumaklar.

Gynanýarsyň seniň beýik käriňi
Ýaňky tetellileň harlany üçin,
Biraz begenýärsiň: “Eý, garaz, näme
Olardan okyj-a çykmagy mümkin…”

Olar elmydama ýaşar ýörerler,
Bulap ownuk adamlaryň hyýalyn.
Haçan? Haçan ýiter şahyrsumaklar
Mamontlaň dünýäden ýitişi ýaly.

Asmanyň bezegi, ganaty─bürgüt,
Daglaryň bezegi peleňdir-şirdir.
Şahyr bolmaz ulus-ili güýmänler,
Adamlary özgerdýänler şahyrdyr.

…Diri bolan bolsaň, ýazardyň eser,
Unutmazdy neşirýatyň plany,
Arza berip, bolardyňam SSSR
Ýazyjylar soýuzynyň çleni.

Ýygnaklara, maslahata barardyň,
Dilewarlar bardyr ökdeden ökde,
Işlerin okarlar: “Beýik şahyryň
Şygrynda ters otur hem nokat hakda”.

Sen ýylgyrsyň, biraz dere batarsyň,
Çümersiň birhili düşnüksiz duýga;
Herhal, Magtymguly tersoturlardan,
Çyzykdan, nokatdan biraz beýig-ä…

Ýygnaklaň birinde gazaba münüp,
Kärdeşini ýersiz urýan bir bikär
Öýe gelip, çagalarna (eý aman!)
Bikär hakda yazan goşgyňy okar.

Onuň müýni ýokdur. Gara çynydyr,─
Özüniň pesligne, galplygna bakman,
Peslik, galplyk hakda goşgularyňdan
Yhlas bile mysal getirer hökman.

Her döwüriň, öz dessury, däbi bar,
Ýöne mahal-mahal çenden çykyp has,
Biziň özümizi gözelleşdirýän
Tebigatyň gözelligni unudýas.

Seniň wasp etdigiň gözel bedewler
Bu gün ýataklarda çekýärler zary.
…Oba hojalykda ähmiýeti ýok,
Nämemiş, garnynda ýokmuş motory.

Olar bolsa, goç ýigidi göterip,
Şemala, boz sähra, ýaýlaga sary,
Gözelere sary gitmek isleýär,
Bürgütleň asmana galşy mysaly.

Ylym barýar ýyldyzlaryň deňine,
Şäherlerem aýa başyn baglaýar.
Ýöne ýerden, gülden dörän adamzat
Sähra baryp, güli ogşap aglaýar…

Aeroporty bilen güňlesin şäher,
Aeroportam öz sesine guwansyn!
Ýöne tebigylyk, sadalyk mydam
Adamyň onki süňňünde galsyn

…Kä sada adamlar jedelleşýärler
“Şygrynyň muzduny bermeseň eger,
Her ýüz on müň adamynyň başyna
Bir şahyr ýeter ýa ýetmezdi meger.”

Sadalygy bile dogry bu pikir,
Çünki iş tapmasa pensiýa çykan,
Öz uzak ömrüniň ýyl ýazgysyny
Gyzyllap iberýär redaksiýa bakan.

Hany onsoň dur bakaly öňünde,
Goşgyň gowşak diýip ýazarsyň jogap.
Jogaba jogap ger: “Nähili beýle…
Çynym bilen ýazdym, meň ýüregim sap!”

We şuňa meňzeşler, ýene ş. m.-ler…
Emma şygryýetde saplykdan başga,
Tebigat başga bir gudrat bermeli,
Bilbil bogazyny berşi deý bagşa.

IV

Iňrik çökdi Aýderäniň üstüne,
Dag başynda ot alypdyr bulutlar,
Seniň gözüň, demiň düşen jülgeler,
Bahar meýlisinde serhoş bolupdyr.

Mahal-mahal uzyn gije dümtünip,
Ahyr ýetenimde halasgär daňa,
Eý, Pyragy, saňa sorag berýärin:
“Senden daşlaşýanmy? Barýanmy saňa!”

Gep bu ýerde rifma, bogunda-da däl,
(Ýogsa, düýn ýüreğin, beýnisin ezip,
Täze-täze rifma gözlän-de bolsa.
Bu gün sadaň gözleginde Ezizow).

Gep süýji owazda, akymda-da däl,
Her kim dowam edýär saýlan ýoluny.
Ýok, başga ulurak bir mesele bar,
Söýýänmi
Söýşüň dek türkmen ilini?

Onuň ýaýlag bürän sähralaryny,
Daglarynda jerenleriň balasyn?
Giýewçilemäge haçan ger diýip,
Çuwalgyzlaň kakýan süýji lälesin?

Isgenderiň düýşüne-de girmedik
Içı bereketli binalaryny?
Bir ajap sözlemiň ýüzlenmesi dek
Howaly-howaly minaralarny?

Ýazgar meni, şu zatlary söýmesem,
Söýmedigim─harladygym käriňi.
Öz ilini söýüp bilmedik kişi
Söýebilmez materikleň baryny,

V

Enäni söýmedik ýurduny söýmez,
Ýurduny söýmedik jahany söýmez,
Jahany söýmedik özüni söýmez.

G. Ezizow
_______________________________________
Iň gowy bilýän zadym, hiçbir zat bilmeýänligimdir.

Telpekler (2 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 2 telpek goyyar we yazyar: "Biri saňa, birem Şahyra"
  • intizar1315 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Men Magtymgulynyň fan kluby

Men Magtymgulynyň fan kluby açylsa birinji agzasy bolmakçy :D Diýmek özüm açmaly boljakda ol fan kluby...
:D Asyl Gurbannazar Aga hem uly fanady ekeni. Men gaty begendim, sebäbi meniň gözümde-de Magtymguly uly ägirt!
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

bu goshgyny okap onkimden

bu goshgyny okap onkimden hem beter Magtymguly etrabyna, Aayderaa gidesim gelip gitdi. yuregim sheyle bir howlukyar basym gitjek bolmaly :)

Ine MASTERDEN bir bölek

Ine MASTERDEN bir bölek :)

ÄR ÝANYNDA BELLIDIR

Ýagşylygy pis bilmez, –
Är ýanynda bellidir;
Görer gözüň gymmaty
Kör ýanynda bellidir.

Däli köňül daýanjy,
Ýokdur dünýä ynanjy,
Sag gulagyň guwanjy
Ker ýanynda bellidir.

Eger pir sen, eger ýaş,
Kylma syryň halka paş,
Syr saklagan mähek daş
Zer ýanynda bellidir.

Bu dünýäniň myrady, –
At, zagyfdyr, zürýady,
Arwananyň kuwwaty
Ner ýanynda bellidir.

Bolsa gamdan halasym,
Ýaza dönse gyş paslym,
Magtymguly, yhlasym
Ýar ýanynda bellidir.
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

Ine Magtymgulynyň

Ine Magtymgulynyň goşgusyny mazmunly okapdyrlar


PS Soňunda "Ata diýr..." diýýä welin, Magtymguly dälmikä ýa?
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

men bolaymayin :)) remix-lan

men bolaymayin :))
remix-lan bolmagy hem mumkin ata atly biri, belki0-de ata akbabedir?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Şu goşgyny men 4-njimi ýa

Şu goşgyny men 4-njimi ýa üçünji klasda okapdym we şondan bäri iň halaýan goşgularymdan!
Her setiri bir NAKYL derejesinde öwüt... başaryp bolaýsa...

GÖRÜM GÖRÜLMEGEN ÝERDE

Yzzat, hormat, syn etmegin,
Görüm görülmegen ýerde;
Akyl bolsaň, söz aýtmagyn
Nobat berilmegen ýerde!

Akly ýagşylar unutmaz,
Gury agaja ýaprak bitmez,
Akylly är mesgen tutmaz
Hulky söýülmegen ýerde.

Batyl galan aryk akmaz,
Her naşydan kerem çykmaz,
İt gözlemez, pişik bakmaz
Supra ýaýylmagan ýerde.

Haj eýleseň, jara döner,
Gül açylsa, ha:ra döner,
Hyzmat etmek ha:ra döner,
Gadryň bilinmegen ýerde.

Namart goş üstünde harlar,
Orta-aş üstünde gürlär,
Söweş gurup, gylyç parlar
Duşman görülmegen ýerde.

Öý içinde hyra döner,
Muhannes bir nere döner,
Tilki, şagal şire döner
Söweş gurulmagan ýerde.

Parasat kyl, bakyp akla,
Goç ýigidiň sözün hakla,
Magtymguly, diliň sakla,
Habar soralmagan ýerde!

---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

DUZ HEM BOLMASA Togsan

DUZ HEM BOLMASA

Togsan dürli tagam bolsa gaşyňda,
Ne lezzet içinde duz hem bolmaza.
Ne biler sen ne iş bardyr başyňda,
Müşgil işdir başda göz hem bolmasa.

Aýak bar ýörmäge, el bar almaga,
Kany bende, saglyk şükrün kylmaga,
Gulak bardyr eşitgenin bilmäge,
Kim düzeder tilde söz hem bolmasa.

Ýok ýerden jan berip, ýetirdi nany,
Köňül bostanyňda biter imany,
Adyň bende bolsa, eýäňi tany,
Gelip, saňa ýüzbe-ýüz hem bolmasa.

Kysmatyn hak bilen ryzkyn azlamaz,
Söz bilenler bilen sözün gizlemez,
Köňül joşa gelmez, til hem sözlemez,
Her ýürekde yşkdan köz hem bolmasa.

Ýyldan-ýyla pisat artar eýýama,
Hakyň özi getirmese enjama,
Dünýä sözü meňzär duzsuz tagama,
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa.

Ýum gözüňni, gysyp gezgin dişiňni,
Ýaza ýetseň, unutmagyn gyşyňny,
Töwekgel et, taňra tabşyr işiňni,
Sabyr bilen biter tiz hem bolmasa!

Magtymguly, hyýal düşüp özüme,
Köp tomaşa geler, geçer gözüme,
Eşidenler, aýp eýlemän sözüme,
İller kimin sözüm uz hem bolmasa!
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

DURASYŇ GELER Gözel

DURASYŇ GELER

Gözel bardyr, gözellerden zyýada,
Anyň hyzmatynda durasyň geler;
Edepli, erkanly, mylaýymzada,
Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.

Gözel bardyr, uzyn boýly, alkymy –
Garaňky gijede düşer ýalkymy,
Sözlegen sözleri misli bal kimi,
Ýaňagyndan posa alasyň geler.

Gözel bardyr, günde-günde görmeli,
Şol gözeliň syýa zülpün örmeli,
Döküp, hazynanyň zerin bermeli,
Anyň söwdasynda bolasyň geler.

Bagzy gözel sirkä basdyr saçyny,
Artmaz, ýuwmaz, tabagyny, daşyny,
Sylamaz atasyn, ene, ýaşyny,
Anyň hyzmatyndan gaçasyň geler.

Gözel bardyr, ak kagyz dek bilegi,
Jan içinde bile bolar ýüregi,
Şeýle gözel mert ýigidiň geregi,
Ne hajat istese, beresiň geler.

Magtymguly, syn gerekdir gözele,
Her ne kysmat bolsa, tartar ezele,
Dünýä malyn harç et ýagşy gözele,
Ýamanyň ýanyndan gaçasyň geler.
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Jeyhun 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Şu goşgy Magtymgulynyň

Şu goşgy Magtymgulynyň iň meşhur goşgularyndan we biraz seýrek goşgularyndan, ýagny beýle goşgylary "kän" ýazmandyr.
Emma bir okap gör, diňe ylalaşyp kelläňi ýaýkap oturýaň
PS Magtymgulam bet romantik bolupdyr :D Meňli şeýle bolanmyka? Uzyn boýly, alkymly... ogşasyň gelýä...
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

Goşgylara dowam! NAMYS-ARY

Goşgylara dowam!

NAMYS-ARY GEREKDIR

“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.
Ondan soňra ogul-gyza howandar,
Ser jydasy, zülpükary gerekdir.

Gürbeden şir olmaz, göhert ner olmaz,
Her daş göwher olmaz, misden zer olmaz,
“Är men” diýen her biweçden är olmaz,
Gaýraty, namysy, ary gerekdir.

Destur bolar ýol öwrenmek ustatdan,
Är myrady jedel bilen gaýratdan,
Ýigit bardyr-parhy azdyr arwatdan,
Bilal bolsa, bagüftary gerekdir.
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

Gowy goşgy, ilkinji iki

Gowy goşgy, ilkinji iki setirine keýpim oturdy :)
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

menem haladym pisindim

menem haladym pisindim oturdy şol 2 boguna
şunada keypim göterildi,güldüm:D

Ýigit bardyr-parhy azdyr arwatdan
......................edebi edepsizden öwren.......................

dagam, olar yalak zat bolsa,

dagam, olar yalak zat bolsa, galmarsyn-la sen :D...

BEGLER Mert bilen namardyň

BEGLER

Mert bilen namardyň oýny deň gelmez,
Namartlar söwşde zenandy, begler!
Namart goç ýigidiň habaryn bilmez,
Namardyň her işi weýrandyr begler!

Kämil goç ýigitler hakyňy iýmez,
Düňýä malyn berseň, namartlar doýmaz,
Namart maslahaty-geňeşi söýmez,
Namardyň her işi aýandyr, begler!

Bir atada alty ataň söýi bar,
Bir nadanyň ýüz hyýallyk oýy bar,
Goç ýigitler kanda barsa, öýi bar,
Namardyň öz öýi zyndandyr, begler!

Döwlet başa gelse, dost-ýaryn görmez,
Kaza gelse, bagry ýerden götermez,
Hakdan diýip, hergiz iman getirmez,
Magtymguly, şeýle zamandyr, begler!
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Jeyhun 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Ýedi yklym ady dolmuş bu

Ýedi yklym ady dolmuş bu ýüregniň eýesi
Ýedi günläp agladygym, eşitmezmi perýady heý?!
Ýykylmyşam, ýok olmuşam, syndy synam söýesi,
Maňa aşna, maňa teşne, eýleme her ýady heý!

Ýandy bagrym öndi şygrym közü-külüň içinde.
Bir oturmak istemişdim gyzyl gülüň içinde,
Galdym, gardaş, eýle alaç, gyzyl diliň içinde,
Hiç üzülmeý, pek düzümli basdylar nar, ody heý.

Istedim men hoş gözelni, ýalny geldi uzakdan,
Uzak ýola çykmyşam men, halas eýle duzakdan,
Ýara ýeten barmy, köňlüm, heý ýüregi bozukdan,
Tamir üçin eýle bu gün çyn ýürekden dady heý.

Yşga düşen kül bolarmy-gül bolarmy, belli däl.
Ýürek ýansa, erki alsa, oda salsa, oýny kän,
Eý, ýaranlar bu ýarama heý-de çäre barmykan?
Hyruç alyp çykmyş ogluň, alynmyşdyr bady heý.

Agladygym, ylgadygym maňa bermez teselli,
Bir karara, bikararam, gelebilmen bu belli,
Darda galdym, zorda galdym, ýardan bir tewfik geldi.
Neýlerem men, ol gelensoň, asla başga zady heý.

********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...

Ylymsyzlar gep

Ylymsyzlar gep aýdar,
Körler ondan köp aýdar,
Onsoň täze nesiller,
Ynsanlyk budur öýder.

Bilenler bir dymmasyn.
Görenler göz ýummasyn.
Ýogsa olar gaçyrar
Ynsanlygyň gymmatyn.

********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...

PAŞ EDER SENI İçki syryň

PAŞ EDER SENI

İçki syryň aýtma her bir namarda,
Syryň ile ýaýyp, paş eder seni!
Ogry-kezzap bilen obadaş bolma,
Malyňdan aýyryp, aç eder seni!

Sam-sam adam bilen oturma, turma,
Zynhar, namart bilen sen söhbet gurma,
Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme,
Barsaň, depesine täç eder seni!

Bir goç ýigit näzenine ýar bolsa,
Jemalyny bir görmäge zar bolsa,
Aralykda bir şum rakyp bar bolsa,
Ýagşy dostuň bilen öç eder seni!

Sopular ýaňylyp aýtmaz senany,
Säher tursaň, geçgeý barça günäni,
Aýtmawer gybat söz, etme zynany,
Dowzahyň oduna duş eder seni!

Magtymguly, ile ýaýdyň nesihat,
Zynhar, ýaman bilen bolmagyn ülpet,
Huda berse sagadatly bir perzent,
Garrygan çagyňda ýaş eder seni!
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Kerim aga Aýaly 1 hepdeläp

Kerim aga
Aýaly 1 hepdeläp çaga dogrulýan öýde bolanda adamsynyň iberen salam haty.

Gezip ýörkäm öýmüzde bilmändirin gadyryň.
Indi seniň gadyryň bilsem gerek ölýänçäm.
Tabak bilen saçagyň, çäýnek bilen kitiriň
Arasynda selpildäp, janym çykdy, Sonam jan.

Çagajyklaň ugrunda janserek men, janserek.
Bir elimde aşly jam, bir elimde boşan jam…
“Aýalymy öldüren ownuk iş bolsa gerek!”
Diýip bir wagt bir çopan hak aýdypdyr, Sonam jan.

Birisine nan gerek, birisine suw gerek,
Bir ýanymdan Aýjan çekýär, bir ýanymdan Maýsam jan
Wah, iýseler ne ýagşy! Geçimiz dek çümhörek!
Sen olary niçiksi iýdirýärdiň, Sonam jan?

“Giç gelýärsiň!” diýeňde, gaharlanan bolardym.
Bagyşlawer, öňüňde ojuk-bujuk günäm kän
Ynha indi sag-aman gelseň bolýar şol ýerden,
Gazyk borun gaşyňda, wah, Sonam jan, Sonam jan!

Nahar berseň “sowuk” diýip, çaý äberseň “sowuk” diýip,
Azar ýamanyn berip, igenerdim ýadýançam.
Indi ynha çaý ýerne beräý gel-de suw guýup,
Nan ýerne-de kesek ber, demim çykmaz, Sonam jan.

Saňa her gün daň bilen salam bermeli eken.
Onda-da ýöne salam däl, barypýatan “Salam jan..”
Ynha indi şol salamlaň başlandygy şu günden-
Salam! Salam!.. Dowamyny soň görersiň Sonam jan!

......................edebi edepsizden öwren.......................

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Jeyhun 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Gyzlar dünýäsi

Gyzlar dünýäsi ...(gybat.com dan alyndy)

Öñ zamanlar bardy şeýle bir wagyr:
”Añsadyna bakan aýal, gyz dogyr”

Bu pikir gelýärdi örän uzakdan,
Aýal-gyzy hiç çykarman duzakdan.

Diýseñ: ”Gyzy boldy planyñ, äheý!”
”Ola bolmandyr-ow – diýerler – päheý!”

Gyz kişiniñ maşgalasy ahyry,
Adam hasap etmezler ol pahyry.

Gyz ýurt goramaz, busar oturar,
Abraý däl, käte ysnat getirer.

Gyzdan yurt eýesi ýa nesil bolmaz
Gyzly uzak gülmez, ogully ölmez!

Oguldyr atanyñ arka daýanjy,
Gyz dörän gününden alada, ynjy…

Şeýle wagyzlardan gulak ganansoñ,
Erbet nysak hakykata dönensoñ,

Eşidende atasy ”göbek kes” sözün
Igenç bilen aýdar: kesiñ bogazyn.

Ogul bolsa, derrew azan aýdarlar,
Eşidenler ”ýör, toýa” diýp gaýdarlar.

Gyz bolanda, azan-kamat aýdylmaz,
Toý-tomgy hiç, ynsandyram öýdülmez.

Müýnli bolar gyz doguran aýal hem,
Gaýtargy bermäge etmez hyýal hem.

Dogmasyndan ata göwni jaý bolmaz,
Gyz dogdy-dogmady parhyny bilmez.

Enesem gyzyna etmez kän geleñ,
Çem gelen ýerinde ýatar baş-ýalañ.
Açlykdan gyz pahyr aglasa ýekän
Diýerler: ”lal bol-da ýat-da ýer çeken!”

Lak atanlar diýer ”başyñ sogrulsyn!”
”Päheý, janyñ çyksyn”! ”Boýnuñ oñrulsyn!”

Ýylgyryp, bökjekläp gelse-de gola,
Ele almaz, diýer: ”jähennem bol-a!”

Ogul ýaly gyz görülmez gowyrak,
Mahlasy tutular saýak-sandyrak.

Gülüp-oýnamaga ýarap başlansoñ,
Özün bilip, hapalygy taşlansoñ,

Hajyk-hujuk, bir azajyk bakylar,
Monjuk, dagdan näzik boýna dakylar.

Oña ”saçy kesilen!” diýp taşlarlar,
Kem-kem welin, imirgenip başlarlar.

Alty-ýedi ýaşda bogup gulpagyn:
”Iýeris” – diýrler – ýagly çelpegin!”

Tur-otura ýarandan soñ neýlärler?
Ýumuş buýrup, işe werziş eýlärler.

Enesi öwreder oturuş-turşun,
Gulpagyn goýberip, saçyn örüşin.

Birnäçe wagt bökejeklär towusyp,
Gulpagyn tasadyp her ýana öwsüp.

Bagy üzülip, dökülmese hünjüsi,
Hiç bir zatdan bolmaz onuñ ünjüsi.

Şol wagt ol göýä açylan gunça,
Oýun edip, degişerler kä ençe.

Çekinmezler ýalan-ýaşryk öwmeden,
Gandyrlar gulagny satyp-sowmadan.

”Baý, bu gyz-a örän gymmat bahadyr!
El ýetmejek iñ ýokarky şahadyr!

Bermeris hiç kime, bolmasak belet,
Agalarna salarys ýupekden halat.

Getirmeris gapydan her öñýeteni,
Ýeññelerne ýapmasalar keteni.
Her gun şeýdip, köp degerler oýundan,
Gägirip doýarys – diýp, - çelpek toýundan.

Kä agladyp, käte-käte söýerler,
Satylmany şol wagt boýna goýarlar.

Yhlas bilen iş öwreder ejesi,
Gündiz keşde, ig egirder gijesi.

Ýüñüñ gowsun darap, çüprek tüýtmesin,
Dokma ýüwrüp, gerip haly çitmesin.

Mahlasy birkemsiz ugradyp işe,
Özün gözden salman, saklar hemişe.

Göze görnüp ýetişensoñ gyz halky,
Gülüp-oýnap gezmäge ýok hiç haky.

Adam barka geplemäge utanar,
Myhman gelse, derrew beýlesin döner.

Elek-çelek bakmaz, dört ýana garap,
Gabagyn galdyrman otyr sülmürap.

Dört tärim, el işi bir tenha özi,
Täleý-takdyr hakda diñlenmez sözi.

Şeýleräk bolsa-da gyzyñ ykbaly,
Aýry bolar garyp, baýyñ ahwaly.

Barly ýere baýdan, beginden, handan
Sawçy gelip, başlar öwýän bu ýandan

Alandan soñ gelýänleriñ habaryn,
Sorarlar düýplüje tanşy bar ýerin.

Diýärler: nesibäñ bolsa ýetersiñ,
Gaýdyp ýene-de bir habar tutarsyñ.

Derñärler, nähili gowumy tiresin,
Iglik-gulluk, soñun, boýun göresin.

Azajyk göz ýetse bir şikesine,
”Gelme” diýip, ýol taparlar dessine.

Göwün ýetse, bar zadyna ýerbe-ýer,
”Güýjüñ bolsa, diýrler: durma, geliber!”

Kesmek üçin gyzyñ malyny uly,
Ýygnanşyp gelerler dört-bäş ýaşuly.

Gyz atasy çagyr dogan-gardaşyn
Ýaşuly, ýaşkiçi, ýakynyn, daşyn.

Ikiýan gerilşip çaý-paý içerler,
Ýüzden-ýüzden gyz galyñyn biçerler.

Sanarlar ummasyz beterden beter
”Ýükçi bolsañ, - dirler - bes indi göter!”

Güýçsüz bolsa, ”çak ýetmez” diýp aýdarlar,
Ýuwaş-ýuwaş pessaý urup, gaýdarlar.

Ýükçi bolsa, hiç darykman bakarlar,
Bir birine yuwaş çawyş çakarlar.

Diýärler: ”eşitdik gyzyñ bahasyn,
Hany, mundan aýyrýañyz näçesin?”

Aýtdyk biz hemmeje bahañ çen-çakyn,
Indi siz aýdaýyñ näçe boljagyn!

Ikiýandan çekeleşip başlarlar,
Tüýs keýpden çykyp, gowun hoşlarlar.

Gelenler kem-kemden ýokary süýner,
Gyz taýy howlykman pessaýläp iner.

Bir ýany diýr: ”o bolmasyn, bu bolsun!”
“Ýok, o bolmaz, o bolmasyn, bu bolsun!”

Ertirden agşama ikiýan tartyp,
Barlyşyk ýasarlar bir çene eltip.

Agzaşarlar hemme halat-serpaýyn,
Goýun, tüwi, baryn gandyny-çaýyn.

Mal geçirmek üçin sähedin belläp,
Gaýdarlar bar zadyn ýerbe-ýer telläp.

Gyz otyr daş çykman başga bir öýde,
Gaýgyly, hasratly, muñ hili köýde.

Käýinip bir özi örtenip-bişer,
Güýçli üýşýän ynjy ýuregne düşer.

“Atam-enem meniñ işim görýärler,
Tanalmaýan bir ýat ýere berýärler.

Men pahyr bir boýny bagly goýun-la!
Satyljagma dogaly gün boýun-la!

Ýokmy maña öz obamda hyrydar?
Bagtym gara däldir, özüm bir myrdar?

Aýtsalardy Annamyrada gel-ä…
Meni aljak oñat ýigit ýok däl-ä.

”Razymy, razy däl?” - menden soran ýok!
Söwda eýýäm bişdi, gutardy bir çäk!

Ýamanlygy ýokdur atam-enemiñ,
Dymmakdan başga ýok alajym meniñ!

Hyýal eden barmy gyz göçürmäge,
Ýygnanşyp gelerler mal geçirmäge.

Gyz atasy ýygnar ýene kowmuny,
Sanap almak üçin gyzyñ malyny.

Ýigit taýy sanar başdan gyrany,
Çekip ýygnar gyz taýynda durany.

Utanjyndan gyz galdyrman kirpigin,
Ýeññesi tarp edip, ýapar serpigin.

Gelin utansa-da, uýalyp gaçmaz,
Hakyn bermeseler, serpigin açmaz.

Pul alansoñ, durman o taýdan gaçar,
Syryk bilen dürtüp, serpigin açar.

Bäşden-bäşden gyran sanýan dogrulap,
Käbirjigin alyp galar ogurlap…

Sanalansoñ puly halta jaýlarlar,
Gyz pahyryñ suýjüligni paýlarlar.

Gelinaljynyñ günün belli ederler,
”Işi bitdi” diýip, öwüp giderler.

Çykjak gyzyñ gyzlar üýşüp daşyna,
Gülüp, oýnap, timar berler başyna.

Hersi bir zat tapyp jykyrdar olar,
”Alnyñ hak açdy” diýp degişer, guler.

Bu gyzlara gelip gaty gahary,
Gyşa döner onuñ alabahary.

Içinden käýinip, ot alyp ýanar,
Her sagady aýa, ýyllara döner.

”Ýer çeken, bedibagt, maña dözenler,
Meñ günüme düşüñ, gedaý gezenler!”

Gelinaljynyñ geljek pursaty ýeter,
Uzyn gije aglap hasratda ýatar.

Ertir irden turar gamly, gaýgyly,
Alar gyzgyn demin uludan uly.

Söwüş goýnuñ birnäçesin öldürler,
Kimi agladarlar, kimi güldirler.

Obadaşlar häzirlener ýygnanyp,
Oglanlar taýynlar kesek, begenip.

Atbaşçylar topar tutup gelýändir,
Oglanlar urmaga öñün alýandyr.

Salarlar kesegi dazyrt-da-dazyrt,
Atbaşçylar goýbär dabyrt-da-dabyrt.

Atbaşçylar atyp tüpeñ pagtabent,
Gorkuzsa-da, keseklärler bolmaz pent.

Kä oglany kowalap, öýe dykarlar,
Käbirini ýabysyndan ýykarlar.

Hatar tutup, geler gelinalyjy,
Gyz-gelinler taýýar geýim ýolujy.

Oba ýetmän düýelerden düşerler,
Hemmesi bir çogdamlanşyp üýşerler.

Topbak tutup, gerler öýuñ işigne,
Garanjaklap, ykjamlanyp eşigine.

Üýşüp duran gyzlar gapyda hatar,
Her haýsy biriniñ geýminden tutar.

Töwerekden galdap gelinaljyñ daşyn,
Ahmal edip, açar käbirniñ başyn.

”Heý, siziñ bir!” - söze gyzlar dagaşar,
Gelinaljylar öýe girip ýerleşer.

Ur-tut biýrler gantly çaýdyr palawy,
Göreş tutar kelpeñiräk kelewi.

Gelnalyjylar ”käse hakyn” alansoñ,
Ownuk-uşak ”ogurlap” jübä salansoñ,

Ugrarlar gapydan ýekeden çykyp,
Gyzlar eşik ýyrtar, ahmalna bakyp.

Gyzyñ bu wagt böküp durar ýüregi,
Geçmez bokurdakdan çeýnän çöregi.

Bilmez neneñsikä oña boljak är,
Ýüregi dyngysyz towsyp, tarsyldar.

Bütin dünýä ömür boýy ýoldaşy,
Ganymat bir ýigit bolsa ne ýagşy.

Nega saz bolmasa, onki synasy,
”Dat gününe” daralar oñ dünýesi.

Gapa baryp öý hakyny tölärler,
Gyz pahyry köne dona dolarlar.

Getirler göterip palas üstüne,
Ýeññeleri üýşer ýanna dessine.

”Tur” diýseler, diýrler: ”Ber palas hakym!
Bermeseñiz, turara ýok hiç çakym!”

Süýrärler palasy ”göter-hä, göter!”
Şol wagt biri idip, bir düýe getir.

“Mün! – diýerler, soñ geline – dessine!”
Göterip mündirler düýäñ üstüne.

Ugramakçy borlar, gallap daşyny,
Tutarlar ”pul ber” diýp, düýäñ başyny.

Berip, berip, düýe başyn sypdyrlar,
”Haýt, janawar, ýör yzyñy tap” diýrler.

Alyp gyzy, saýlanarlar obadan,
Gelýändir bu adat ata-babadan.

Gyz adyny taşlap, ”gelin” dakarlar,
Her kim bir zat diýip için ýakarlar.

Meselem, biri diýr ”ýigdimiz kel, kör”,
Gelne bakyp aýdar: ”anha, ony gör!”

Gözmonjygy ýaly, Aýyñ bölegi!
Ýazgydy ters, duş bolmandyr dilegi!

Ýalandan janygyp, uzadyp elin:
”Mynasypmy?” diýer, - şuña şu gelin?!

Gör nirlere seniñ nesibäñ çeken?
Heý, biçäre - diýär,- bagtyñ pes eken!

Barar gelin bürenjegne ýapyşyp,
Atbaşçylar hezil eder çapyşyp.

Gelnalyjy geçäýse oba duşundan,
”Aklyk” diýp tutarlar düýe başyndan.

Gyz-gelin ýygnanyp, öñden çykarlar,
Gelin görmek üçin düýe çökärler.

”Tüweleme, tuf! - diýerler - Aý ýaly!
Mañlaýy giñ , gaşy misli ýaý ýaly!”

Obanyñ gyrasy çala görnenden,
Ýa-da uzagrakda bir menzil çenden,

Şonça baýrak berjek diýip bellärler,
Öñatlyny - öñbaraga ýollarlar.

Oba adamsy iç-daşary çykyşyp,
”Wagty boldy” diýip, ýola bakyşyp,

”Anha, gelýär öñürdikläp öñatly”
Ýyndam atlar biri-birinden batly.

Eñişip atlylar tozan turuzýar,
”Gelýa” sözi hemme adamy örüzýär.

Oba öñunden geçerler okkesdirme,
Biri-birne diýip: ”adam basdyrma!”

Diýseñ: gelin alýanyñ öýi bu taýy,
Atdan düşüp, gelip alar toý paýy.

Atbaşçylar geler pagtabent atyp,
Gelnalyjylar geler bir ýandan ýetip.

Gelin-gyzlar üýşüp çykar öñüñden,
Düşürip düýeden, tutup ýeñiñden.

Getirler geliniñ daşyny gallap,
Bir aýal pişmeli saçagyn elläp,

Penjeläp, gelin üste seçer pişmesin,
Dagadar owunjak gyzlañ üýşmesin.

Ýere düşen pişmeleri çöplärler,
”Toýdan- topukça” diýp, iýip geplärler.

Üýşmek tutup, gelni getirler gapa,
Hetdiñ bolsa, göreýin sen ýol tap-a!

Ýaglyk almak üçin gapy saklarlar,
Sanap görüp, näçedigni çaklarlar.

Her birine ýaglyk berip sowarlar,
Bulary gapydan şeýdip kowarlar.

Idekläp ol gelni, meñzedip köre,
Girdirip gapydan, geçirler töre.

Gelnalyjy, atbaşça gant bilen çaýy,
Toý eýesi ile paýlar toý paýy.

”Gözüñ aýdyñ, how!” diýp jarçy gygyrar,
”Baýrak” diýp mergenler hatara durar.

Almyt isleýän kändir, her dürli ýygyn,
Sorarlar ýigitler ýüzük baýragyn.

Her haýsyna berler baýragy telläp,
Oturandyr ýigit bir öýde pallap.

Uludan-uludan alyp demini,
Oýlanyp gelin ýanyna barmañ çemini.

Tizräk bir habar bilmäñ kastynda,
Munuñ-da ýüregi suwuñ üstünde.

Bilenok getirlen niçik-neneñsi?
Bir birinde bihabarlyk bir geñsi!

Nämüçin bu gelni ozal görmändir?
”Alsamdym” diýp, oña göwün bermändir.

Çagyrlar mollany nika gyýmaga,
Ikisin bir- birine boýun goýmaga

”Yhhym” diýip molla geler ardynyp,
Garyp-gasar daşda gezer derdinip.

Olañ ýeri çetde ojak başydyr,
Galan-gaçan, artan hörek aşydyr.

Girer öýe çişip, bäş on ýaşuly,
Seretseñ abatdyr olaryñ july.

Bellärler iki adam pyýada kazy,
Giden bolar gyzdan almaga sözi.

Salam berip, ol sowfyny sanarlar,
Jogap üçin gelni biraz ýanarlar.

Gyssarlar birnäçe adam görkezip,
”Nyka wekilligiñ kime berdiñ?”diýp.

Gaýtalarlar şunça razy bolynça,
”Pylana” diýip, açyk jogap berinçä.

Jogaby tabşyrlar gelip märekä,
Mundan soñ giderler ýigide baka.

Pyýada kazylar gelip otyrlar,
Iki ýanyñ wekilligin getirler.

Nika suwy ortadadyr ezilgi,
Üstüne pulluja ýaglyk ýazylgy.

Okar molla Abolbaşar hutbasyn,
Wekiller jogap biýr razylyk sesin.

Nika wagty elindedir synnysy,
Öýüñ artbaşyna geçip ýeññesi.

Açyp”bagşylaryñ” serin-sepini,
”Şatdyk-şatdyk” edip, keser ýüpüni.

Hutbadan soñ nika suwun aýlarlar,
Her adama bir ýuwdumjyk paýlarlar.

Kazylara berler pully ýaglygy,
Gidip-gelen ýerne diýip aklygy.

Getirler ýigidi gelniñ üstüne,
Ýeññesi-de elleşdirer dessine.

”Ak-gök geýdirme” diýp, berer nesihat,
Aýdar: ”gelniñ bilen maksadyña ýet!”

Ýigit ýöne otyr öñki ýerinde,
Jahyllar ýygnanyp, töwereginde.

Täzeden dartañrak edip geýdirip,
Guşarlar guşagyn müñ düwün edip,

Gelin pahyr galar güman içinde,
Äşgär zat ýok – galar duman içinde.

Ünjä goýan bir zat bolar gelini,
Ýat ýigide tutdurarlar elini.

Götergiläp ýañky ýigdi getirler,
Gütüledip gelin ýanynda ýatyrlar.

”Çykar” diýer ýigit ädigin uzadyp,
Aýagyn gaýşardyp, goýar dyzadyp.

Bir diýende gelin asmasa gulak,
Gütüledip, depip goýberşi telek.

Çykarmaga gelin ädigin çeker,
Çekdikçe aýagyn gaýşardar ýeser.

Aýal-erkek syn ederler üýşüşip,
”Çykarmany oñaranok” diýişip.

Ädikden soñ guşagyna ýapyşar,
Iki bela üst-üstüne sepişer.

Guşagyny çözjek bolup dyrmanyp,
Ujun tapman, azar görer sermenip.

Ýigidiñ eline gamçy tutdyrlar,
”Eliñde bar edeniñi et” diýrler.

Ýigit urup, gelin-gyzy gamçylap,
Ura-ura çykar, gamçysyn bulap.

Ýeke galyp iki ýatlar bir öýde,
Her haýsynyñ göwni başga bir köýde.

Pessaý-pessaý ýigit gelne söz goşup,
Gyşararlar bir ýassyga baş goşup.

Ýuwaş-ýuwaş bir-birine ýanaşar,
Iki ýatlar ýuwaş-ýuwaş tanyşar.

Ýigit ýakyp çöpün, janyny barlar,
Ýüzün görkezmejek bolsa-da, dyzar.

”Aýyr eliñ” diýer, bakman sözüne,
Gelin utanyp, elin tutar ýüzüne.

Ýigit aýrar gelniñ elin zor edip,
Barlar janyn kemallyja seredip.

Göwne ýaksa, elin salar boýnundan,
Ykjam saklar, hiç goýbermez goýnundan.

Gelin ýigde seretmäge uýalyp,
Jany aram tapsa, goltugna dolup,

Gujaklaşyp, bir-birine gysyşar,
Mähri-şypa ikarada ösüşer!

Deñ bolsalar, biri-birin halaşyp,
Uzak gije dañ atyrlar dalaşyp.

Şatlyk bilen gijelerni geçirler,
Ikaradan gaýgy-gamy göçürler.

Ertirden soñ gelin añyrsyn bakyp,
Düýpde oturar, iññe-sapagyn dakyp.

Ýigidiñ ýanyna üýşüp deñ-duşy,
Tapar gelin üçin bir topar işi.

Biri çekip, ýigdiñ bagjygyn ýolar,
Ýene biri oña kömekçi bolar.

Bagjyk dakdyr ýigit bulañ gaşynda,
Bürenjek sümre bor geliniñ başynda.

Ondan soñ diýerler: ”görkez gelniñi!”
Gelin-de ýygrylyp, gizlär özüni.

Ýigit turup, gelni pugta gujaklap,
Zor bilen başyny dönderer dolap.

Bürenjegin serpip, ýüzün görkezer,
Her kim gelse, şeýdip, bu gelne dyzar.

Gurby ýeten berer ullakan baýrak,
Şaýyn tutup, çykyp obadan gaýrak.

Uly- kiçi toýa baka ýörärler,
Iki ýanlaýyn durup, ýaryş gurarlar.

Ikibirden goşup, köp at çapdyrlar,
Märekäñ gözüne tozan gapdyrlar.

Tegelek ortada guralyp göreş,
Baýrakdan soñ oba ederler ýöriş.

Gyzlar gelni käte çykar meýdana,
”Kapaslandyr, seýl etsin – diýp, - jahana”

Görjek aýal gelip, ýuzini açar,
Şonlyk bilen ýene iki-üç gün geçer.

Dowamy bar

********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...

Okap çykdym, näçe uzynam

Okap çykdym, näçe uzynam bolsa.
Aý edil beýlede däldirlaý... kim ýazypdyr? Awtory kim munyň Sanjar?
Kimem bolsa, sowet döwrüniň şahyry, ýörite propaganda goşgy, türkmen däbini tankytlamak üçin. Hemme zada beýle bir taraply seretmegem gaty biderek. Goşgyda bar däpleri ýamanlaýypdyr bu eşek
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Dutar bilen ajal ... Ölüm

Dutar bilen ajal ...

Ölüm ýassygynda ýatyrdy Ene.
Gapynyň agzynda otyrdy ajal.
Ene balasyna ýüzlendi ýene:
» Getir dutaryňy,
Çal, köşegim çal!

Gözlem ýümulsa-da çalyber oglym,
Belki ol ýumulan gözlerimi açar«
Çaldy ogly, çaldy, ýene-de çaldy,
Bir aýlap yzyna serpikdi ajal,

Ýene erbetleşdi enäniň haly.
Ene ýene didy: çal, köşegim çal!
Çaldy ogly, çaldy¸ ýene-de çaldy.
Ýene-de bir aýlap serpikdi ajal

Ýene agyrlaşdy enäniň haly.
Ýene Gaýtalady:» çal, batlyrak çal! «
Çaldy ogly, hasam batlyrak çaldy.
Bu gezek üç aýlap serpikdi ajal.

Ýokmyşyn diýärler gudrat diýen zat,
Bu gudraty görse gudratam gaçar.
Dünýäde hemmeler saz çalýan bolsa,
Meger, başyn alyp gaçardy ajal.

Ýene-de hayýalap başlady Ene.
Ene didi: demim bolmanka tamam,
Gyrk ýylap içimde berç tutup giden
Bir syrymy saňa açayýn, balam.

Saza senden beter aşykdym menem.
Çalýana-da aşyk, saza-da aşyk.
Bir gezek on alty ýaşlyja gyzkam,
On alty depäniň üstünden aşyp,

Gitdim goňşy oba saz diňlemäge,
Çalýardy dutary bir gerçek ýigit.
Palçykdan adamyň şekilini ýasasaň,
Şoň-da saz bilen jan berjek ýigit

Ýetende küküräp iň belent perdä,
Näme bolanyna özümem haỳran
Ýigidiň gujagyna okladym…..
Şol ýigit hem seniň ataňdy balam

Dünýäden bimyrat ötüpdi ataň.
Indi şol myrada sen ýetdiň balam
Tä ömrüň ötýänçä ýöret bu käri,
Ýedi kowmuňa-da öwretgin balam…

Gürrüňini zordan tamamlan Ene,
Didi balasyna» çal, ýene bir, çal…«
Çaldy ogly, çaldy, ýöne bu sapar
Gaty çyny bilen gelipdy ajal.

Şonda-da tamasin üzmedi Ene.
Ýene pyşyrdady: çal, ýene bir çal!…
Ýöne doňup galdy oglunyň eli
Dutar ýere gaçdy… ýogsam-de weli
Şu gezek baş alyp gitjekdi ajal.

********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...

Şypa ber ...(gybat.com dan

Şypa ber ...(gybat.com dan alyndy)

Bu çölde rehm eýle garyp halyma,
Älemni ýaratgan subhan, şypa ber!
Çoh yzaly, dertli şirin janyma
Ýa, Mustafa, fahry-jahan, şypa ber!

On iki ymam, biri-birinden serwer,
Ýedi weli, ýaran bolup, medet ber,
Meşhet, Gara Baba, ýa Şiş pygamber,
Hasan, Huseýin, Şahymerdan, şypa ber!

Nuh pygamber, nazar eýle bir nepes,
Ömrümi bihuda geçirdim – ebes.
Zekeriýa pygamber, ýa, Hyzyr, Ylýas,
Kowus, Kyýas, Musa, Ymran, şypa ber!

Ybrahymyň jandan aýryldy taby,
Käbä baran hajy tapar sowaby,
Gara Älem ata, ýa Halat nebi,
Gözli ata, Baba Selman, şypa ber!

Ogul döwletini bermän egesi,
Yzynda bir nyşan ýokdur nowasy,
Döw-periniň, ynsyň, jynsyň patşasy,
Soltan bolan şa Süleýman, şypa ber!

Özüň dogry gözle, ýa rebbim jelil,
Barçanyň ryzkyna özüň sen kepil,
Ýa Dawut, ýa Jirjis, Ybraýym Hlyl,
Ebabekir, Omar, Osman, şypa ber!

Dat eýläp, tilimden kyldym pyganlar,
Ýaş ýerine akdy gözümden ganlar,
Horezm ýurdunda ýatan jananlar,
İsmi Mahmyt – är päliwan, şypa ber!

Möwlam, ýetir mesgenime, ýurdyma,
Ýüzüm düşsün arslanyma, gurdyma,
Magtymguly aýdar, meniň derdime
Dünýäniň tebibi – Lukman, şypa ber!

********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Jeyhun 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

DERT GALAR

DERT GALAR

Köňlüň şikest bolup, raýyň öwrülse,
Yşkyň gaýra teser, içde dert galar.
Ýowuz ýerde ganym ýüzbe-ýüz gelse,
Yzyn dönmez, namart gaçar, mert galar,

Duman gitmez belent dagyň başyndan,
Hiç kim datmaz bahyllaryň aşyndan,
Beg iline gazap etse daşyndan,
Döze bilmez, göçer gider, ýurt galar.

Däli gardaş bolar it, köpek bilen,
Çopan töre geçse köwüş, çepek bilen,
Besläp, semiz etseň nan, kepek bilen,
Baýrak almaz, ýaby çykar, at galar.

Agsak “gal” diýeňde, gala bilmese,
Ker ses nirdedigin bile bilmese,
Aşyk magşugyny ala bilmese,
Ýüreginde mydam ýanar ot galar.

Nesihat almaza berme nesihat,
Her kim yhlas bile diňlese öwüt,
Näkesden pis görme, ýamandan─begdat,
Ýagşylardan halka ýagşy at galar.

Zelili diýr, her söz geler zybana,
Ygtybar ýok jeset içre bu jana,
Gelen geçer bu ýalançy jahana,
Ýagşy, ýaman, türkmen, ne-de kürt galar,

Zelili

__________________________________________________
Iň gowy bilýän zadym, hiçbir zat bilmeýänligimdir.

Agzalar, täze tema

Agzalar, täze tema açmakçy goşgylar üçin. Bu gaty uzyn boldy, tüweleme
-------------------------------------------------
“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,
Owwal başda söwer ýary gerekdir.