...::TOY GUTLAGLARY::...

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

- Bu blogy yorite toy gutlaglary üçin açdym... Toy bolsa her bir adamyn başynda... Kawagt gutlag hakynda dine gutlamaly wagty oylanyas... Has gysga hemem has manyly sözler tapmaga synanyşyas.. Töweregimizdaki adamlardan sorayas.. Belki menin bilmeyanlerimi yene biri bilyandir.. Ya da her kimin islegi arzuwy başgadyr... Kabiri bolsa gutlamanka 50 gr urup onson çykya.. Hamana yüzi açylyamyşyn... ya da kabir welayatlarda uytgeşik bolyan bolmagy mümkin...gepin gysgasy ynha size menden toy gutlaglary... a sizden?

* Ynha Agamyrat agan döwletli ojagynda ullakan toy ullakan mareke! Bizem name ... Eee.. mydama toy diyip geleli toy diyip gideli... Yaşlaram bagtly bolsun! gelnimizem ody bilen girip küli bilen çyksyn! bagşylardanam gowy tans sazlary hayyş edyas!
* Hawa dostum kakyş! yetip gelen toyunam gutly bolsun! bagtly bolun!
* ...

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ey shu tomus dostumyn

Ey shu tomus dostumyn toyunda chykyp geplamde oba hayran boldy, gyzlaryn ichi yanyp, gije telefon edip goymadylar :D
Men chykyp shuny diydim
-Magtymgulynyn "Oylengin!" diyen goshgusyny okasana, oylener yaly dal, oylenman gechersin, yone her kim oylenya, diymek bir keypi bardyrda...
Ine bizem toy bar diyseler, Amerikadam bolsa, kynam bolsa, az wagtlygam bolsa, gaytdym. Dostum Myradyn toyuny gormesem bolmazdy. Toyuny gutlayan Myrat, bagtly bol. Indiki yillaram toylaryna gatnashaly. Nartach gelnejani hem(ejesi) ayratyn gutlasym gelya, toyiniz gutly mubarek bolsun!
[yene bir zatlara aytdym. Amerika diyemde tekeshkan arkasyndan biri sogunyadimi hapa sozler bilen "bolanda name Amerika?" diyip :D]
Yone menden muna garashyan yok bolanson, dym-dyrslyk bolup seretdiler adamlar, hatda yakynrak suyshenlerem boldy dinlejek bolup.
Onson yza tarap gidip baryadym welin, swidetelnica(shayat gyz) ank-tank seredip dur, tamada yzymdan gygyrdy
-Berjek sowgadyn barada aytjak dalmi? Sowgat gowshuryan diyip ayda!
Menem
-Ay borlay, uytgeshik zat dal
Bey diysem, bir gorsem Bilbil(Myradyn dogany) we beyleki gyzlar yetip gelyarer "aytda, ayt" bolushyp. Menem aytdymmy "sowgadam gowshurmaga rugsat edin" diyip, ya tamada "ozun ayday" diydimmi.
Gowher diyyan shayat gyz bilen onema priklyucheniyalarymyz(bashdan gechirmelerimiz) bardy. Baryakak seredip, seredip
-Nahila bu oglan?!
diyya :D
---------------------------------------------------------
Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul,
Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul!

Shol gije oye telefon gelya.

Shol gije oye telefon gelya. Bir gyz
-Ey sen nahili adam? Ozuna oylenenok, oylenjeklerem gorkuzyan! Name "oylenmekde keyp bar" diyyanmi sonunda-da? Utananokmy?
-Ay name, standart "dostum toyuny gutlayan" diyip gaydayinmi? Ony gepleyanlerin 99% aydya, gyzyklam dal
-Sheydip gyzyklandyrmalymy? Nameler diydina sen? Kan gowy eshidilmedi, dushunmedik doly
we sh. m.
Ertesi gonshular "ey nameler diyip yorduna duyn? biza dushunmedik" :D
Son Myratlara bardym welin, gonshulary bir dayza "gaty gowy gurleyar ekenin, dash etdin" diydi :) Shonda "beh, halanam barow" diydim :D
---------------------------------------------------------
Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul,
Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul!

...::bir gezek::...

* Bizin synpyn oglanlary bilen toya ya da yaş toya zada(sünnet toy toy toya...we şm) gitsek hokman meni gepledyaler... (Yitirere abray bolmanson) Menem natjek!? Elden geleni edyan! Yene bir gezek toya gitdik. Bu toy has üytgeşik! Sebabi bu toy bizin 4 yyl synpymyzyn yolbaşçylygyny eden Muhammet Mollumyn toyy.. İydik içdik... Azajyk tans etdik.. Mikrofona çagyrdylar.. Men , gelnejesi yene de bir gyza çykdy men bilen.. Olar arkayyn geplediler.. "Söygüline wepaly bol! Çagajyklaryna guwan!..." diyen yaly sözlerem arkayyn aytdylar. .. Menem pikirlenip durun... Sonam gutladym! İn sonky sözlerim yadyma düşyar... "Yarynyza wepaly bolun!" Gyşygrak geplesen son name boljagy belli... (Mekdebe gelenson) Yöne in sonky aydan zatlaryma dine biz bilen baranlar düşündi öydyan.. Sebabi saz çalynyp başlap başlamanka menem " Bize de Huday yetirsin!" diyipdirin.. Mekdepde entek enteklerem yatlanyar..

hahaBayramyn yazanlaryna

hahaBayramyn yazanlaryna gülüp otyryn:)ssenariya ekenina:)yazybermeli durmuşyny:)

menem köplenç gutlamalylardan we her edip hesip edip sypyanlardan:)köplenja şeyle diyyan ,öz adymdan we klasdaşlarymyzyn adynda,yaarysy zyppugam bolsa,gülyanem yok ekenilay:)
gutlayan bagtly bolun,abrayly,döwletli maşgala bolun,goç-goç oglunyz mahirli gyzynyz bolsun,ojagynyz berk we bereketli bolsun,gapynyz myhmanly ...ay yzam yagdaya we adamyna göra üytgeya:)

her gezegem yanymdaky gyza garaşman yüzümi yuwmaga gityan:(asyl gutlan gyz we oglan bileleşip sowgat bermeli ekenaaaa:)

sonam 1 naçe gyz "meni öyüme cenli akiday" diyyar we menem bahana bn ir öyüme gaytyan:)öye gelibem ejemin güyçli oktanly sesini dinleyan "yene ir gelipsin bu sagatdada toydan gaytmakm bomy oglum,ile goşula,warotalaryny ellap gaydaydynmy ya?" jigime seredibem "gördünmi şuny toyda " diyyar...

......................edebi edepsizden öwren.......................

bah tmde daşary yurtda

bah tmde daşary yurtda okayan diysen gyzlar hezil berya oydyan:))

"öyüme çenli akit" yada toydan son "name diyenlerine doly düşünmedim" diyen bolup jan etmeler.. olar üçin birhili elyetmez yada şo daşary yurtda ( kabir yerlerde aşgabatda) okayan diysen, hamala şonun bilen yakın tanyş dost bolaysan abray yalı seredyaler oydyan:))

menina şeyle gyzlara gulkim tutya.. :D

Quote: menina şeyle

Quote:

menina şeyle gyzlara gulkim tutya.. :D

Paý paý... munyň üýtgeşikdigini. Obaň sada gyzydyrda, sen näme, jaň edeňokmy?! :D
---------------------------------------------------------
Magtymguly garyp köňlün baý edip,
Kanagat ülkesin bende jaý edip,
Her kim öz ýaryny dogan Aý edip,
Aýyn gözlär, başga aýa seretmez.

hmm kime?? toyda bir zat

hmm kime?? toyda bir zat gurlapdir diyip şol oglana jan etmek?!

Aý oglan gowja bolsa, jaň

Aý oglan gowja bolsa, jaň edibermelidirdä :D
Men erbet dälä?! Kän bir gowam bolmasam, azyndan gürleşmegä gyzykly :) Jaň edeňde bolmanam özi görnüp durmaýa, diňe gürleşilýä :) Meniň bar minuslarym görünmeýädä :)
PS Şuny prikol üçin ýazandyryn. Menä gyzlar ilki hereket etseler, onda soň näme bolsa, özümi günäkär hasaplamaýan. Şonuň üçin, gyzlaryň ilki jaň etmegi gowy däl netijeler berip biler, olar üçin
---------------------------------------------------------
Magtymguly garyp köňlün baý edip,
Kanagat ülkesin bende jaý edip,
Her kim öz ýaryny dogan Aý edip,
Aýyn gözlär, başga aýa seretmez.

name agyny pürkyanmay,seni

name agyny pürkyanmay,seni akitmedik diyip:):):):)

öye çenli akit diymeklerinin sebabi men içemok how şondan,nahilay?men Tr-de okamayakamam akityadim hem bahana bn menem çaltrak toydan sypyan,yoldada akyllyja bolup gepleşip gityas how.Bah!.O gyzlaram edl siz yaly arassa gyzlar.Mena şeyle pikir etyan...

......................edebi edepsizden öwren.......................

bah toy gutlaglary diyilne

bah toy gutlaglary diyilne hakyt shu 6 gun toya bardym welin biri sheyle edip toy gutlayar (dashyndan kicirajik caga menzeyar, yashyna bilemok welin:) )
ay......... diydi didi in sonynda oylenmediklerin hemmesine oylenmek nesip etsin, oylenlere bolsa ikinji sapar oylenmeklik nesip etsin diyip durlay birhilalay:))))

bah, toya gidibersen her

bah, toya gidibersen her durli gutlag eshtjeklay, gulup olaydim yokardakylara :D :D

menem kichijik wagtym agamyn toyunda ejekemin gyzjagazy gutlady goshgular bilen (ozem menden kichilay)
Ey tamada tamada,
gezek ber sen manada
ogul oyerip gyz chykarmak
Nesip etsin sanada
diyip inchejik sesi bilen gygyryp bashlandyr. bashgada goshgulary aytdy welin shu yokardaky entegem gulagymda yanlanyp dur. Mena hich gutlap bilemok.

***!!!***
!!!Dine sen!!!

Tarelkada şekelat iyip otyr

Tarelkada şekelat iyip otyr gelneje,
gyzyl kürtan aşagynda siyip otyr gelneje..
--lisinem eşitdik:):):)

......................edebi edepsizden öwren.......................

bay-ba:)men hem

bay-ba:)

men hem Kerkide(Atamyrat sh.) kurdash dostumymy toyi bn gutlapdym, Kerim aganyn bir shygyryny uytgedip, hazir doly yadyma dushenok...

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

l::::yene::::l

Yene toy dinlap otyryn işigimizde ... Klasdaşlaryna söz berdiler.. Bir-iki sany gyzyn sesi geldi.. Son yene 1-2 sany erkek gutlady.. Son yene bir erkege berdiler.. Olam duplet.. (ennere=peyan..) Öyde 1000 gram geyip çykypdyr öydyan.. "How aa.. Klasdaşym Megdan! ... hhhh... Hhhh! Neme.. Yetip gelen ... Ay borlay .. men gaydayayynn!"
Uly ilem dinlap dur.. Sonundanam şeyle diydi... "Merdanjan ! Dine basgyn! .. Çagalaram özün yaly wolibolist bolsun ! Bolya me?!.. Bagşylardanam.. " diyip diymanka elinden mikrofony aldylar öydyan.. Ona çenli ullakan alkyş sesi geldi...

Bu blokda seslenman oturyp

Bu blokda seslenman oturyp bilmerin.Chunki bu menin gundelik durmushym bilen baglanyshykly.(Lakamym hem aydyandyr). Gich seslenenimi genleman! Ozum int. yakynda birikdim we tazelikde owrendim. Umuman turkmenin toyuna tay geljek toylar yokmuka diyip pikir edyarin. Hem kop marekeli , hem showhunly. Garaz, toy hakynda aytmaga zat juda kop. Yone, toyda aydylyan arzuwdyr, goshgulardan kabirini beyan edeyin:

Men sana yuzlenyan oylenyan yigit,
Men sana yuzlenyan bagul dek gelin,
Arzuwym, ikiniz shu gunden bashlap,
Biri-birinize mahriban bolun!

Omur sana yeke gezek berilyar,
Diyen pahimi bar Kerim shahyryn,
Men Size sheyle bir soygi isleyan,
Beyik soygusi dek Zohre-Tahyryn...
(G.Bashiyew)
(entek dowamy-da bar, yone bu goshgyny
men ulanmayaryn sebabi
juda kop ulanyarlar..)
------
Bu gun toy toylayan eziz Juwanlar,
Bagtynyz bagul dek owadan bolsun!
Ajayyp arzuwlar kalbyma dolyar,
Bagtynyz bagul dek owadan bolsun!

Ashyk-magshugyna wepaly bolsun,
Omruniz dowranly-sapaly bolsun,
Myhman yagshyzada, ak palli bolsun,
Bagtynyz bagul dek owadan bolsun!

Yene-de arzuwym Size geljekde,
Guller bilen chaga bolsun gujakda,
Goy, bereket-rysgal bolsun ojakda,
Bagtynyz bagul dek owadan bolsun!

Agzynyz bir bolsun, yashynyz uzak,
Ara chop dushmesin, dushmesin duzak,
Size arzuw edyas yene mun gezek,
Bagtynyz bagul dek owadan bolsun!
---------------
Degishme gutlagy:
Eziz adamlar! Hormatly myhmanlar! Bu gunki toyun shanyna, Yashlaryn shohratly adyna in ajayyp arzuwlarymyzy beyan edyaris. Tuweleme, aydylyan arzuwlaryn hemmesem gozel, hemmesem mahriban. Yone, il arasynda aydylyan bir gurrunem bardyr. Kawkaz topragynda yashayan halkyn yashy uzak bolyarmysh, Sibirde yashayan Sibiryaklanam sowuga jydamly halky bolyarmysh diyyarler. Dunyade Hindilenki yalagam soygi yokmush diyip. Ay, ona ozunizem goryansinizle Hindi kinofilmerinde. Bay, bir shu Hindiler soyushmage okde. Tuweleme shu hindiler uchin gije bolsun - gundiz bolsun tapawudy yok, sahel bahana tapdyklary derrew soyushmage bashlayarlar. Garaz, shu Hindiler soyushmeli bolsa, hemme ishi - aladany, chayy-choregi sona goyyan bolmaly-da. Yone, her milletin ozune mahsus ayratynlygy bolshy yaly bizin Turkmen halkymyz yaly-bir yerde ilen-chalany bolsa chagyryp, baryny orta goyup, uludan toy toylayan halk megerem, dunyan bashga hic yerinde-de yokdur. Shonun uchin hem gelin bizem Yashlarymza arzuw edelin: Kawkazlylanky yalak Uzak omri, Sibirlilenki yaly berk jan-sagly, Hindilenki yaly postoyanna soyushilyan soyguni, Ozbeklenki yalak myhmansoyerliligi, Bizinki-Turkmenlerinki yalak bolsa Yashlarymyza agzybirligi hem-de kop chagaly mashgala bolmaklaryny arzuw edelin! Goy, bularyn ekiz-ekiz ogullary, uchem-uchem gyzlary...arasynda Huday berse, dordem hem nesip etsin! Mahriban Yashlar, bilinizi berk gushan! Esasy durmush yolunyz indi bashlanyar. Garaz, bir ayagynyz babekhanada bolsun diyip Size arzuw edyas!!!
----------------
Umuman, arzuw-gutlag-goshgular kan. Kime zerur bolsa, ak yurekden...
Goy, mydama toy bolsun! Toyda-da biz bolaly!

Telpekler (2 kisiden 6 sany)

Bu komment ucin
  • batyok 5 telpek goyyar we yazyar: "Berekella dost!"
  • дайхан 1 telpek goyyar we yazyar: "Хакыкы диктормы!!"

şu günlerem toylarda

şu günlerem toylarda şeyle diymek moda.. " ey pylanyjan! bagtly bol bara.. dine mekdepde de tutan çagam senki bolsun.."

Quote: dine mekdepde de

Quote:

dine mekdepde de tutan çagam senki bolsun

bu näme diýmegaý?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

ey pylanyjan! bagtly bol

ey pylanyjan! bagtly bol bara.. mekdepde de tutan çagam senki bolsun.." dine yalnys gidipdir

şonun yaly köp goşadan goşa çagan bolsun diymek öydyan

Türkmenistanda edil häzir

Türkmenistanda edil häzir çaga az ýasaýalarmyşyn :)
Onsoň oň ýaly arzuwyň kän täsirem ýokdur...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Umuman oz dogduk Diyarynda

Umuman oz dogduk Diyarynda chaga az yasalyar diyseniz hakykatdan dash dushduginiz bolar. Biz-a babakhana gelyan azaldy diyip eshidemzok. Gaytam, babekhanalarda yer tapmak gorgi. Shonun uchin taze babekhanalar-Ene kalby merkezleri gurulyar. Ylahym Size-de ata Watanymyza gelip, uludan toy tutup, yilyng-yilyna babekhana gatnap, kop chagaly bolmak nesip etsin! Mashgalalylaram chagalarynyn bagtyna guwansyn!!!

Amin, şeýle bolsun! Emma

Amin, şeýle bolsun!
Emma hakykatdanam maşgala başy ortaça çaga sany peseldi. Bir döwür çaga sany 6-10 arasynda bolan maşgala kändi obada. Indi häzir soranyň 3-den geçenok...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

menem agam toyunda gutlapdym

menem agam toyunda gutlapdym ,welin , indi ozum kaseta gorsem yaman utanyan :) oler yanak utanyan ozumi gorsem , nadip gutladym , ozum hem bilemok , yaman elim titrapdi:) ay geshdile :) bir hili duygy bolyar adamda
aljyarap bir gulkunch sozem diyipdim:))
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

tarelkada şekelat iyip otyr

tarelkada şekelat
iyip otyr gelneje
gyzyl kürtan aşagynda
siyip otyr gelneje
---1 toyda çagajyk aytdylay---

__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • menazat 5 telpek goyyar we yazyar: "bi edep diysani. adamlar telpegini alyp bolanokmay ;)"

ak gul bizingki gyzyl gul

ak gul bizingki
gyzyl gul bizingki
gaty gormang gudalar
gelin indi bizingki.

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

hakyky bolan zat

men joramyn erkek dogany oylendi, joram seyle gutlady:
Gutlsag soz:
Men hem oz gezegimde, oz adymdan masgalamyn adyndan Maral b/n Melowsanin durmus toyuny tuys yuregimden gutlayan! diydi, pahyrjyk aljyrap. Aslynda, gyzyn hakyky ady Maral, yone obalarynda, masgala aralarynda Melewse diyip yuzlenyan ekenler. Hakyna seretsen(erkek dogany)Eziz b/n Maralyn tutyan durmus toyy diymelidi.

Onsoň? Dowamy barmy ýa

Onsoň? Dowamy barmy ýa gutardymy? :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

men-a kopun aydanyna

men-a kopun aydanyna goshulayyan :)
dogrusy 6-7 yildan bari toyam goremizok-lay :(
bir gezek obada Dayim '50 Yash Toyuny' gutlapdy, 4 yil on..
onda-da oba oglanlary, bizin(obanyn) gyzlarymyz bilen tans edyan diyip,
meni ve gapdalymdaky dostumy teleshkanin gyrasyna chekipdiler :(
yzyny ozuniz bilyaniz..toy goreli diyip hakyky toy gorduk...
yogsamam men Dayimin gyzynyn klasdashlary bn tans eden bolyadym-lay zor bilen..
olam shol gyz gaty gormesin diyip..natjek-da,gyzyn hemme oglan klasdashlary gullukda,
klasdash gyzlarynynam tans edesi gelenok oz aralarynda..onson tansa chykmaly boldy
mejbury yagdayda :)

Dayimin gyzynyn klasdashlary

Dayimin gyzynyn klasdashlary bn tans eden bolyadym-lay zor bilen
ay goysanay özün baransynlay yanlaryna:)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

nadip bildin-ay :)

nadip bildin-ay :)

şo toya menem

şo toya menem badymdaray:):P
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Gechen yil tomusda

Gechen yil tomusda klasdashym oylendi. Klasdash gyzymyzy aldy. Menem shol VvV aga yali toy bolsa oglanlar gurlemage chykaryalar.Ozleri ichmeseler gurlap bilenoklara. Tansam edip bilmeyalar. Swidaniya gitjek bolsalar ongurti gowy keyplerini koklap gidyaler. Name uchin diyseng bolanok diyip durlar.
Umuman gechen yil shol klasdashymyng toyunda biri gutlap otyr. Yone alyan gyzy(Gowher) ong bashga bir klasdashymyz bn soyshupdi(Muhammet). Gutlayan klasdashym hawwa menem oz yerimde Gowher bn Muhammeding tutyan toyuny gutlayan diyip bashlady. Aslynda alyan oglan Merdan. Kameracham Muhammeding gongshusy bolansong bilya hemme zady. Entegem hudaya shukur klasdashlar bolup ayri otagda oturdyk. Oylenyan oglan aramyzda yokdy. 2-3 sany nakesler pyngkyrshyp bashladylar. Song kamerachy otayini pozdu tazeden aldy.

Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.