Bilýäridiňizmi ?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Bilýäridiňizmi ?

Türkmenistan , IMF (halkara pul gaznasy) – ýe bergisi bolmaýan sanaýmalyja döwletlerden biridigini !
Amerikan howaýollary 1987-nji ýylda uçuşlarda ýolagçylara hödürlenilýän ertirlik naharlarynda her tabakdan 1 sany zeýtin aýryp, 40 müň dollar gazanç edendigini !

Bir erkek adam ömrüniň ortaça 3350 sagadyny diňe sakgalyny syrmak üçin sarp edýändigini !

Sary hanyň 21 ýaşynda han saýlanandygyny we bilinde dogabitdi etden guşak bolandygyny !
Jadyly söz “abraka dabra” ilkinji gezek ýokary derejeli gyzgyny bolan hassalaryň gyzgynlaryny peseltmek üçin ulanylandygyny !
Hindistandaky ýyllyk dogýan çagalaryň sany Awstraliýanyň ilat sanyndan köpdigini !
Orta hasap bilen her ýyl eşekler tarapyndan öldürülýän adam sany uçar heläkçiligine garanyňda has kändigigni !
Turkiýede Mehmet adynda 1 million 229 müň adam bardygyny !
Aýy hinleriniň girişleri elmydama demirgazyk tarapa bakýandygyny !
Adamyň elindäki iň haýal ösýän dyrnak başam barmagynyň dyrnagyny! Iň tiz ösýän dyrnagy bolsa, orta barmagynyň dyrnagydygyny !
Gawaý harplygynda diňe 12 sany harp bardygyny !
Prezident John F. Kennedy ýigrimi minudyň içinde 4 sany gazet okap bilýändigini !
Geçen 3500 ýylyň diňeje 230 ýyly parahatçylyk içinde geçendigini !
Beethowen saz düzmezden ozal kellesini sowuk suwa sokýandygyny !
Russiýanyň dörtden bir bölegini tokaýlyklar tutýar.
Taryh boýunça tapylan altynlaryň 200 essesinden gowragy häzir ummanlardadygyny !
Baýramaly hanyň gajar bolmagyna garamazdan “Türkmen hanlary we serdaralry” atly kitapda ýer alandygyny !
Hyýaryň 96 göterimi suwdygyny !
Bir kg. Limonda, bir kg. ýer tudanasyna garanyňda has köp şeker bardygyny !
Peruda hiç hili umumy hajathana ýokdygyny !
Ýarym kilogram bal ýygnap bilmek üçin arylar 2 milliondan gowrak güle gonmak mejburyýetindedigini!
Aslynda kyrkaýaklaryň hiç bir görnüşinde kyrk sany aýagyň ýokdugyny bilýärdiňizmi ?
Fransiýa iň köp asfalt düşelen ýola eýe bolan ülkedigini !

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu yazgi ucin

  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "birinji tasinigi hemme kişa yetireningiz üçin. yone bu wakany farabiden hem sorap gormeli. ol name bilyarka!!!!"
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Oran onat we owrediji! Bash sahypa ucin!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Çagalar ýaz aýlarynda has

Çagalar ýaz aýlarynda has tiz ösýändigini !
Ýatýan wagtymyz telewizor görýän wagtymyza görä has köp kaloriýa sarp edýändigimizi !
Aýal adamlar erkek adamlara garanyňda iki esse köp göz gyrpýandyklaryny !
Gözleri açyp asgyrmak mümkin däldigigni !
Pilleriň böküp bilmeýän ýeke-täk süýdemdirijilerdigini !
Elektrikli oturgyjyň bir diş doktory tarapyndan oýlanylyp tapylandygyny !
Bir garynjanyň ysyrganma güýji iň azyndan itiň ysyrganma güýjüne deňdigini !
Asgyran wagtyňyz ýüregiňiz bilen bilelikde hemme funksiýalaryňyz bir az wagtlyk durýandygyny !
Bir garynja öz agramynyň elli essesini göterip bilýändigini !
Krokodilleriň dillerini agyzlarynyň daşyny çykaryp bilmeýändiklerini !
Delfinleriň bir gözleri açyk halda uklaýandyklaryny !
Kengrularyň yzlygyna böküp bilmeýändiklerini !
Dünýäde her adamyň başyna 1 million garynja düşýändigini !
Sag ellerini ulanýan adamlar çep ellerini ulanýan adamlara garanyňda dokuz ýyl uzak ýaşaýandyklaryny !
Dünýäde iň tiz ösýän ösümlik bambu agajydyr. Ol bir günde 90 sm. ösýär.
1979-njy ýylyň Baýdak aýynyň 18-nde Sahara çölüne gar ýagandygyny !
Bir adam bütin ömründe alty piliň agyrlygyna deň mukdarda iýmit iýýändigini !
Hapa gar arassa gara garanyňda has çalt ereýändigini !
Biriniň ýüz keşbini ýada salmak üçin beýnimiziň sag tarapyny ulanýandygygny !
Bir adam günde ortaça 23 müň gezek dem alyp berýändigini !
Baýguşyň gök reňki görüp bilýän ýeke-täk guşdygygny !
Gowşut bendiň öňki adynyň Janalybent bolandygyny !

********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • dayhanoglan 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Sanjar wrote: Dünýäde

Sanjar wrote:

Dünýäde iň tiz ösýän ösümlik bambu agajydyr. Ol bir günde 90 sm. ösýär.

Yone, shu bambuk agajynyn 5 yyllap hic hili boy almayandygynam yatlap gecelin.

Bah! --- DON'T WORRY, BE

Bah!

---
DON'T WORRY, BE ZORRY!

Kopusini bilemokdym, oran

Kopusini bilemokdym, oran onat bolupdyr, minnetdar, Sanjar!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

:)

bilenimden bilmeyanim kopirak cykdy... sagja bol. obaly oglandygymyzy yatladanyn ucin...

howa bılyanlerım bar,yone

howa bılyanlerım bar,yone ıçınde bılmeyanlerım kop eken.

100 gram yer tudanasynda 100 gram lımondan has kop C vıtamını bardygyny
guşlaryn dıllerını daşyna çykaryp bılmeyandıklerını

aslynda kopüsını mollymlar sapakdan daşary bılgı dıyıbem owredyardıler

Quote: Bilýäridiňizmi ?

Quote:

Bilýäridiňizmi ?

Türkmenistan , IMF (halkara pul gaznasy) – ýe bergisi bolmaýan sanaýmalyja döwletlerden biridigini !

Menem shung negatiwne bir giden mysal yazip biljekdigimi bilyardinizmi?:)

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

meselem?! gyzyklanyan

meselem?!

gyzyklanyan dineje!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

:)

hay sona meninem blesim gelya... ayt bakaly...

Sary Han kim? Yatdan

Sary Han kim? Yatdan chykypdyr, ady hich hili tanysh gelenok mana!

Sary han 1857 - 1896

Sary han 1857 - 1896 ýyllar aralygynda Ýöletendäki we Pendidäki saryklaryň hany bolan .

..

Turkiýede Mehmet adynda 1 million 229 müň adam bardygyny !******Esgerlere de Mehmetçik diyyaler. olaram goşsan hasam köpdür :P

Beethowen saz düzmezden ozal kellesini sowuk suwa sokýandygyny !****name üçinka?

Hyýaryň 96 göterimi suwdygyny !*****galan 4% nameka?

Fransiýa iň köp asfalt düşelen ýola eýe bolan ülkedigini !**** Angliya hem in köp demiryoly döşelen döwletdigini geografiya sapagynda öwrenipdim...

Anna Kowusyn:)kellesinden

Anna Kowusyn:)kellesinden ary çakanda kellesini suwa sokyandygyny...bilyardinizmi:):):)

P.S:Beethowen-den kopiya eden daldir,özi oylap tapdy:)

......................edebi edepsizden öwren.......................

Türkiýe daşynda

Türkiýe daşynda ýaşaýan türkleriň hem Mehmet atlysyny goşsak hasam köpdür :)))

Privat message iberip sorap güräýmeli ekeniňdä Beethowena :))

********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...

bethoven ker bolupdyr

bethoven ker bolupdyr eşdışıme gora

Sary Han saryklaryň hany

Sary Han saryklaryň hany bolaýmasyn?
Gaty gyzykly maglumatlar, sag bol!
---------------------------------------------------------
Magtymguly, pendiň illere söýle,
Öz halyň niçikdir bir pikir eýle

Quote: Jadyly söz

Quote:

Jadyly söz “abraka dabra” ilkinji gezek ýokary derejeli gyzgyny bolan hassalaryň

Interli jankoyerlerin arasynda
Ronaldonun klichkasy "Fenomena"
Adrianonun klichkasy "Imperator"
Ibragimovichin klichkasy "Ibrakadabra"-dygyny bilyadinizmi?

Sanjar wrote: Orta hasap

Sanjar wrote:

Orta hasap bilen her ýyl eşekler tarapyndan öldürülýän adam sany uçar heläkçiligine garanyňda has kändigigni !

Shul-a birhilirak geldi :), haysy yylyn statistikasyna gora-ka? 1920-30-njy yyllara degishli bolaymasyn? :))))

Yolbars günde ortalama 19

Yolbars günde ortalama 19 sagat yatyar
Adam beyninin %90 suw
İstanbulyn musurdaky çörekleri Norwegiya yaly döwletleri doyuryp biljek derejede kan
İspaniyaly biri 200 sagat aydym aytdy
İnlislerin %40,2-si aynek dakynyar

Gaty govi

Bu maglumatlary nireden tapanlygyny bilip bolarmy?

men usbde bar, gerek bolsa

men usbde bar, gerek bolsa bereyin.

YAlnyşmayan bolsam haber7.com'dan aldym

Hali connection gowy daldi,

Hali connection gowy daldi, 3 gezek dagy cykypdyr yokarda, bi saytyn aksakallaryndan biri ayyrsaysyn-da sholan 2-sini...