Turkmenistandaky tazelikler...

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Goryan welin aramyzda Turkmenistandan hem uyelerimiz bar yali...
Gayrat edip Turkmenistanda shu wagt gezip yorenler kawagt tazelik cyksa yazip bilermisiniz...???
Yogsam ibaly habar cykanok beyleki sahypalarda...

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Protozoaa sen

Protozoaa sen Sahetmyratmay,içimi gyjyklap dur, menden bashga da biolog bamay diyip.

Agajan beyle edip habarlaryn

Agajan beyle edip habarlaryn sonuna yetip bilmersinhow:))

seret name et, mysal ucin "Turkmenistan" gazyeti, solaryn web sahypasyny doret, son olarda hemme zadyn soft copy'si bar solary copy past et, uly is etdigin bolar.

Kakan tanysy bardyrahow:)) dine olaryn bahbidini one surunde gayrat et diy:)) pully reklamada govjak diy:))
ilkinji internet sahypasy bolyar diy.

ay tm'de tanys usti bilen etsen bolarlay, hany gayrat edinda.

ttm okuwcysy bolsa rugsat bermezdiler welin men 33 mekdepde okayan diyip ayt:) sag bol.

PS: hic biri rugsat bermese, metbugat oyunde bir tanys tap, sol yerden alda goyuber:)

Shu yerde yash mesele. Onden

Shu yerde yash mesele. Onden tanayan tanyshyn bolmasa gidip bir zatlar soramak ansat dal. Mekdep okuwcysy bolanin ucin "caga diyip dinlemezler/islegini etmezler" diyen pikir kellame gelyadi.

serdar01; şu wagta çenli

serdar01; şu wagta çenli edilip bilinmedik zady agajanhyn güyji yetmezmyka öydyan..
ansat yol, şol gazetleri fotoaparat bilen surada çekip internede goyup bolardy.. jpg görnüşinde..
men okamak isleyanim.. "türkmen sporty" we zaman" gazetleri..
şolaryn suratlaryny ibersen gaty hoşal bolardym..
her hepdede bir gezek çykyar yalnyşmasam.. we zaman 16 sahypady..

Suratlar ucin sag bol...

Gaty gowy zatlar gurlupdyr... Suratlary gorup gownum acylaydi...

merwezi hokman oka shunu

merwezi aga seni tanadymey. biyolog diydin welin sen fatihde okayan muhammeta dalsin. shollay menem murgaplyhow. senem kalininni dalmi mttmeden 7. synyfta ayrylan chozdummi senem meni tanajak bol

Ay how bolshynyz nahilay,

Ay how bolshynyz nahilay, ozunuze tanatmadyksyran bolyp. Infonyzy gowyja doldiraying, iyyan yok. Yok tanamok mena.

Ay Muhammetjan...

Meni tanap name etjek...??? Adymy boynuna doga edip dakjakmy...??? Men ozumi tanatmak islamok... Sebabinem sorama... Dushnukli...??? Gayrtat et-de indi shol soragyny sorama...

Protoza, Merwezi oni sana

Protoza, Merwezi oni sana diyenok.
zlatkaameylis onin klasdasi. Yokarlaryny okanok oydyan?!

goni ozune cekyanay...

Protozoa, Belki sen ona 1

Protozoa, Belki sen ona 1 sharpyk chalip son "Indi sorama" diyersin ?? Bolup durshyn nahilay,sahel zat bolmanka adamyn yuzuni alyp goyberyan...Ozune yarayami adam senin bilen sheyle gurleshse?? Eger sen ol adam bilen bir yerde obshatsa edyan bolsan senin kimdigini sorarda elbet, beydip yuzune depjek bolup durmak gerek dala...Mena senin post'laryny okap yaman rahatsyz bolyan kamahal,biraz yumshak gurleshsen govy bolar sana hich ziyan etmedik adamlar bilen !!

Men ona birinji gezek aydamok...

Men ona birinji gezek aydamok...
Senem bilman zat diyme... Menin godek sozlerimden birahat bolyan bolsan bagyshla...
Yone menem shol bir zady kop soramaklaryny halamok...

badboy...

Onsonam men "İndi sorama " diyip hayish hokmunde aydipdim... Sen menin sozlerimi gara chekjek bolma...

Sen menin diyyan zatlaryma

Sen menin diyyan zatlaryma dushinman on hem sheylerak jogap berenini yatdan chikaraydin oytyan ?!Mervezi'de aydipdi sana.. Men senin beyle gurleyshini belki 4-5'nji gezek goryan,sen ozun sanap gor nache gezek "ustume gara chekjek bolma" ya-da "ozunkini dogry etjek bolup yatma" diyen manydaki sozleri ulananini,shonda belki dushinersin name diyjek bolanimi !!
Sen name butin dunyaden algin barmy ?? Biz name uchin senin ustune gara chekmeli ?? Maksadymyz ve girdeyjimiz name ?? Sen name bizin ekinimize girdinmi ? Beyle edyan bolsadik,onda senden bashga-da adamlara diyerdik bulary,yone dine sen sheyle tavir takinyan!!
Hayish sheklinde aydilan zadindan izinden "Sebabinem sorama... Dushnukli...???" diyip yazilanok,gayrat et ya-da "soramay" diyen yali sozler ulanilyar, "OK?" diyip tassyklamasini isleyanin uje agresiv jogap bolyar!!!
Ay dushindirip oturjak dal,eger oz gurleyshin ozune mylayim gelyan bolsa basyber,biz gozumizi yumayaris 1-2 setirjige yone muny sana aytmasak bizde-de guna bolardy!!

Hmm...

Bolyar senin diyyanlerin bilen ylalashyan... Mundan beylak milayim gurlejek bolaryn...
Eger yene oterak gechaysem sen duyduraweri...
Onki aydan godek sozlerimi hem aytmadygym...
So... Excuse me plz...

OFF TOPIC??? ŦΛГΛН

OFF TOPIC???

ŦΛГΛН Эль-Мерви

Hava offtopic,1 litr gan

Hava offtopic,1 litr gan gechersinizda...Arasynda gidyar offtop'hem,yone manysy bardy munyn,in azindan gurrundeshligi has yumshak ve yakimli etmek uchin !!

Hawwa,hawwa edil sheyle

Hawwa,hawwa edil sheyle badboy.

1 litr kanrak dalmay?:)

agajanh yada beyleki

agajanh yada beyleki türkmenistandakylar..
daşary yurtdaky oglan gyzlan köpüsi türkmen gazet okamak isleyandir..
siz şol gazetleri surada çekip iberseniz, we biz barden okasak nahili bolarka? :)

Men hem pragmatiki hem

Men hem pragmatiki hem romantiki adam :)
Shol sebapli Zaman gazetinin "Dash" diyen bir kunjegi bardy, shony alyp goysana minnetdar bolardym Agajan :D

Tazelikler

Oglanlar, agalar entek shulary bir bereyin. entek pikirlenip goreyin. son yazaryn
Tazelikler

Hosh gun Ashgabat shaherinin Cagalar we yetginjekler koshgunin doredilmeginin 10 yyllygy mynasybetli aydym sazly dabara boldy. Ona Turkmenistanyn Demokratik partiyasynyn Ashgabat shaherkomynyn sekertary Gubca Mammedowa, Turkmenistanyn bilim ministrinin orunbasary Juma Bashimow, Ashgabat shaher hakimliginin Bash bilim mudirliginin bashlygy Gulshat Mammedowa, azatlyk etrap hakiminin orunbasary Jennet Hanmammedowa dagy gatnashdylar. Sonra aydym saz tans toparlarynyn cykyshy gorkezildi. Koshgun mugallymlaryna we gurnak yolbashcylaryna gymmatbahaly sowgatlar, ter gul desseleri goshuryldy.
Dabarada Cagalar we yetginjekler koshgunin 10 yyllygyna bagyshlanan el ishlerinin sergileri guraldy. Dabaranyn ahyrynda Beyik Serdarmyzyn bash saglygyna toy sadakasy berildi.
Gyzylgul Danatarowa

----------------------------------------------------------------------------------------------------
Golayda Turkmen halk hojalyk instutynda “Gurbansoltan eje” zurnalynyn ishgarleri bilen “Kabamizin goreldesi-zenanlarymyzyn yorelgesi” atly doredijilik dushushygy gecirildi. Dushushyga zurnalyn bash redaktory Akbibi Yusubowa, zurnalyn syyasat we ykdysadyyet boluminin muduri Ogulgozel Shagulyyewa, TMY-nin Ashgabat shaher geneshinin bashlygynyn orunbasary Maral Garryyewa dahy gatnashdylar. Dushushyk yashlarda uly tasir galdyrdy.
Sulgun Esenowa
Turkmenistanyn Halk hojalyk instutynyn
Menejment fakultetinin talyby.

----------------------------------------------------------------------------------------------------
Golayda Turkmenistanyn Magtymguly adyndaky yashlar guramasynyn Ashgabat shaher Kopetdag etrap geneshinin guramagynda Kopetdag etrabynyn caginde yerleshyan ker we son eshidishden galan cagalaryn mekdep internatynda “Sagat bedende- sagdyn ru” atly shygar astynda sportyn durli gornushleri boyunca basleshik gecirildi.
Basleshikde 1-nji orna “Lacyn” 2-nji orna “Otlar” 3-nji orna bolsa “Gunesh” toparlarynyn okuwcylary mynasyp boldular. Yenijilere Yashlar guramasynyn Ashgabat shaher Kopetdag etrap geneshinin Hormat hatlary we yadygarlik sowgatlary gowshuryldy.
Jemile Nurmyradowa
TMYG-nin Ashgabat shaher Kopetdag etrap geneshlerinin jogapkar ishgari

---------------------------------------------------------------------------------------------------- Bitaraplyk bayramcylygynyn shanly 11 yyllyk toy mynasybetli Ashgabat shaherinin 4-nji orta mekdebinde “Eziz diyar toya baryar” ady bilen bayramcylyk caresi gecirildi. Bu carede TMYG-nin Candybil etrap geneshinin wekilleri yashlary baky Bitaraplygyn 11 yyllyk toy mynasybetli gyzgyn gutladylar. Sonra bayramcylyk dabarasy mekdep okuwcylary tarapyndan dowam etdiler.
Gulnara Esenowa

----------------------------------------------------------------------------------------------------
Golayda Turkmenistanyn Magtymguly adyndaky Yashlar guramasynyn Candybil etrap geneshi tarapyndan saher bilen Yashlar ruhy galkynysh merkezinde “Tebigaty goralyn!” ady bilen etrabyn yashlarynyn arasynda yowar gecirildi. Olar baglaryn gullerin duyplerini yumshatdylar. Yhlas bilen otag, suwarysh we ideg ishlerini alyp bardylar.
Nursoltan Annanazarowa

---------------------------------------------------------------------------------------------------- Golayda TMYG-nin Candybil etrap geneshi tarapyndan etrabyn bagcylyk hojalygynda zahmet cekyan yashlaryn arasynda “Saglyk yashaysyn girewidir ” ady bilen care gecirildi. Bu cara Urush we zaahmet weteranlary, yashulular, mekdep mugallymlary, Candybil etrap hakimliginin ishgarleri gatnashdylar.
Hallygozel Nyyazmyradowa

---------------------------------------------------------------------------------------------------
Sogap gun paytagytymyzdaky 3-nji hunarment mekdebimde Turkmenistanyn Magtymguly adyndaky Yashlar guramasynyn Ashgabat shaher geneshin yglan eden “Turkmenin paklik yoly mukaddesdir, gozelleri!” atly basleshiginin saylama tapgyry gecirildi. Netijede 3-nji orna Gulalek Mammedowa, 2-nji orna Annagul Korowa mynasyp boldular. Bash orny eyelan Yazgul Caryyewa bolsa basleshigin jemleyji tapgyryna gatnashmaga hukuk gazandy. Basleshige gatnashanlaryn ahlisine etrap yashlar geneshinin Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar gowshuryldy.
Bagul Seydalyyewa.

Agajan....

Beyleki welayatlar hakda hem yazaweri... Gayrat et...

Bir zat unsumi chekdi,

Bir zat unsumi chekdi, yazyanlaryn hemmesi gelin-gyzlar... name uchinka Agajan?
PS Birem golayda diyen sozi her bashlanlarynda ulanypdyrlar. Men yali uchin onadam bolsa professionallar dilin baylygyny doly dereje ulanmaly :D

Sanjar ayynyn 5-i

Sanjar ayynyn 5-i

Paytagtymyzda sport gimnastikasy hem-de ceper gimnastika boyunca Turkmenistanyn kubogyny almak ugrundaky yaryshyn netijeleri oran guwandyrjy boldy. Yarysh Turkmenistanyn Bitaraplyk ayynyn shanly 11 yyllygyna bagshlandy. Gimnastikanyn iki gornushi boyunca bu wagtda bolan basleshik turgenlerin sport derejelerinde layyklykda tapgyrlayyn geciildi. Ilkinji toparda sport ussatlary basleshdiler. Bu tapgyrda sport gimnastikasy boyunca oglanlaryn arasynda Bayram Tacliyew yeniji boldy. Aleksey Yermakow, Begenc Abayew hem degishlilikde bayrakly orunlary eyelediler. Gyzlaryn arasynda Afiya Guseyinowa ustunlikli cykysh edip, kubogyn eyesi boldy. Ikinji oruna Gunca Allakowa 3-nji orna Waliya Kuznesowa mynasyp boldy. Ceper gimnastika boyunca sport ussady Diyana Klimentiwa basleshlerinden saylanyp kubogyn eyesi boldy. Sport gimnastikasy boyunca sport ussatlygyna dalashgarlerin arasynda Roma Krawcenko yeniji boldy. Ali Sadawakosow ikinji Balkan Yollayew 3nji orny eyeledi. Gyzlaryn arasynda sport gimnastikasy boyunca Waleriya Shefer yenish gazandy. Aya Agayewa, Arina Yeshenko degishlilikde ikinji ucunji orunlara mynasyp boldular. Ceper gimnastika boyunca sport ussalygyna dalashgarlerin arasyndaky yaryshda Katiya Sinelnikowa Yelena Naduh we degishlilikde bayrakly orunlary eyelediler. Turkmenistanyn syyahatcylyk we sport baradaky dowlet komtetinin gimnastika federassiyasy tarapyndan gecirilen uly sport carelerinin oran yokary derejede bolandygyny talimciler eminler hunarmenler bellediler. Yurdumyzda gimnastika bilen meshgullanyanlaryn ona howeseklerin aslyyetinde sporta howeseklerin gun gunden artyandygyny guwanc bilen aytmalydyrys. Garashsyzlyk yyllarynda bashtutanmyz Beyik Saparmyrat Turkmenbashynyn yadawsyz tagallasy ilen sport bilen meshgullanmaga ahli shertler doredildi. Sport toplumlarynda turgenleshyan oglan gyzlarmyzyn gazanyan netijeleri ustunlikli cykyshlary munun janly sayadydyr.

Sagylyc Mammedowa

Hazir sonrak yene bir azajyk

Hazir sonrak yene bir azajyk yazaryn nesip bolsa

sen yalnyşmasam ahal

sen yalnyşmasam ahal gazetinden yazyan? dine aşgabat we ahala degişli habarlar. :)

agajanh beyle kösenip

agajanh beyle kösenip oturma..
dine digital fotoaparadyn bar bolsa,
gazedi durşuna surada çek.. son imagehack.us a goy , boldy ondan artykmaç zat edip kösenip oturma..
edenine degmez.

Nesip bolsa. Dogrusy men bir

Nesip bolsa. Dogrusy men bir gazet hem etjekdim yone okuw yetishmesem sizi garashdyraryn ya-da bir yazyp bir yazmaryn diyip etmedim. Onnanam pulsuz gazet reklama etmayin diydim :)

Gazet...

Ay gazedem erbet bolmazdy... Yone gazet bolmasa-da kabir zatlary shu yere yazsanyz bolyar...

Hazir tazelikleri yazyp

Hazir tazelikleri yazyp bashlajak 10 minutdan shu tayda bolar nesip bolsa.

Tazelik azajyk konerak yone

Ashgabat gazedi. N 143 (7748)
Sanjar ayynyn 28 –I Yashgun

Gutlag haty.
Hormatly Saparmyrat Atayewic!
Sizi Turkmnistanyn milli bayramy – Bitaraplyk guni bilen tuys yurekden gutlayaryn!
Sonky 15 yylyn icinde Turkmenistan ozbashdak dowleti gurmak we osdurmek babatda cylshyrymly yol gecip ykdysady we syyasy ugurlarda uly ustunluklere ye boldy. Gazak- Turkmen gatnashyklaryndaky ynanyshmagyn we ozara dushunshmegin yokary derejesinin iki doganlyk halkyn abadancylygynyn hatyrasyna bizin yurtlarmyzyn arasyndaky ykdysady gatnashyklaryn we hyzmatdashlygyn ahli taraplayyn osdurilmegine we cunlashdyrylmagyna yardam etjegini ynanyaryn
Size, Saparmyrat Atayewic size berk jan saglyk abadancylyk we ishinizde ustunlik Turkmenistanyn halkyna bolsa parahatcylyk we gullap osush arzuw edyarin.
Hormatlamak bilen Gazagystan Respublikasynyn prizdenti.

Ay sen-a onardyn...

Gutlag haty zat gerek dalmika diyyan...
Gutlag haty iberilen bolsa gysgajyk edip "GUTLAG HATY İBERİLDİ " diyip yazsanam bolyar ahyryn...
Men umuman bizi gyzyklandyrjak mowzuklarda yaz diyip hayish edipdim...

Meselem bardakileri hemme

Meselem bardakileri hemme zat gyzyklandyrya :) Meselem haysy temadygyny yazsana onnan men shol haklarda yazayyn

Ay umuman...

Umuman :
Meselem: " Ayligin artdrilishi hakda , taze ulgamlaryn , binalaryn we sh. m. zatlaryn acylandygy hakda... Ya bolmasa okuw tazelikleri hakynda..."
Garaz shona menzesh mowzuklarda yazsan gowy hem peydali bolardy...

Shu wagt dogrusy saylaw

Shu wagt dogrusy saylaw gecyar. Shonun ucin gazetlerde bize degishli zat yok shu wagt. Hazir Sport hakda yazayyn

Nahili saylaw....???

Nahili saylaw gecyar...???

Taze

deputatlyga saylaw gecdi

deputatlyga saylaw gecdi eyyam

Sanjar ayynyn 5-i
Paytagtymyzda sport gimnastikasy hem-de ceper gimnastika boyunca Turkmenistanyn kubogyny almak ugrundaky yaryshyn netijeleri oran guwandyrjy boldy. Yarysh Turkmenistanyn Bitaraplyk ayynyn shanly 11 yyllygyna bagshlandy. Gimnastikanyn iki gornushi boyunca bu wagtda bolan basleshik turgenlerin sport derejelerinde layyklykda tapgyrlayyn geciildi. Ilkinji toparda sport ussatlary basleshdiler. Bu tapgyrda sport gimnastikasy boyunca oglanlaryn arasynda Bayram Tacliyew yeniji boldy. Aleksey Yermakow, Begenc Abayew hem degishlilikde bayrakly orunlary eyelediler. Gyzlaryn arasynda Afiya Guseyinowa ustunlikli cykysh edip, kubogyn eyesi boldy. Ikinji oruna Gunca Allakowa 3-nji orna Waliya Kuznesowa mynasyp boldy. Ceper gimnastika boyunca sport ussady Diyana Klimentiwa basleshlerinden saylanyp kubogyn eyesi boldy. Sport gimnastikasy boyunca sport ussatlygyna dalashgarlerin arasynda Roma Krawcenko yeniji boldy. Ali Sadawakosow ikinji Balkan Yollayew 3nji orny eyeledi. Gyzlaryn arasynda sport gimnastikasy boyunca Waleriya Shefer yenish gazandy. Aya Agayewa, Arina Yeshenko degishlilikde ikinji ucunji orunlara mynasyp boldular. Ceper gimnastika boyunca sport ussalygyna dalashgarlerin arasyndaky yaryshda Katiya Sinelnikowa Yelena Naduh we degishlilikde bayrakly orunlary eyelediler. Turkmenistanyn syyahatcylyk we sport baradaky dowlet komtetinin gimnastika federassiyasy tarapyndan gecirilen uly sport carelerinin oran yokary derejede bolandygyny talimciler eminler hunarmenler bellediler. Yurdumyzda gimnastika bilen meshgullanyanlaryn ona howeseklerin aslyyetinde sporta howeseklerin gun gunden artyandygyny guwanc bilen aytmalydyrys. Garashsyzlyk yyllarynda bashtutanmyz Beyik Saparmyrat Turkmenbashynyn yadawsyz tagallasy ilen sport bilen meshgullanmaga ahli shertler doredildi. Sport toplumlarynda turgenleshyan oglan gyzlarmyzyn gazanyan netijeleri ustunlikli cykyshlary munun janly sayadydyr.
Sagylyc Mammedowa

Agajan sheyle uzyn yazip

Agajan sheyle uzyn yazip kosenme. Nace kisinin okajagi belli dal. http://www.turkmenistan.gov.tm/ we http://www.turkmenistan.ru/ yazyar oydyan gyzyklanyan bar bolsa.

bir paragraf yada bir sozlem yetyar pikirimce...

ay hiclay yone bu wagt yone

ay hiclay yone bu wagt yone gyzyklyrak zat yok. Gyzykly zatlar kopem bolsa yazaryn

Ashgabat gazedini yazdym.

Ashgabat gazedini yazdym. Shu gun 9 sany gazet satyn aldym :) Okap yazyshdyryyayn diydim.

Sorag-jogap sheklinde

Sorag-jogap sheklinde Zaman'da ishleyan psiholog bilen halk'in sohbetdeshligi...T.e. halkdan bir adam problemasyny yazyar,a Zaman'daki adam ona maslahatdyr ovutleri beryar...Yaman shirin sohbetdeshlik ol,soygi,mashgala gurmak ve sh.m. kop tema ara alinip gurleshilyar!!

Zamanda yene-de Yslam dini

Zamanda yene-de Yslam dini hakda yazyarlar. syrlar dunyasi yaly sholam gowja. Bir adama yazyar ady yadyma dushenok.

Hayran galaymaly!!!

Tuweleme oglanlar!!!!Sizing by yazanlaryngyzy okap hayran galdym otyryberdim.Men dagyn Zamandan galan gazetler hich hachanam okamadym.Zamany welin,koplench doly okayadym.Yone ongam byrynjy sahypasyny okamayadym.
Siz hatda shu yerde yazylan wakalary hezil edip okayangyz.Men bolsa yurekgysgynch diyip birinem okamadym.Dogrymy aytsam sizing shu habarlary nadip okayanyngyza dushunip bilemok.Dinge hayran.

Sende sabyr yok bolaymasa,

Sende sabyr yok bolaymasa, kawagtlar mendede bolyar sholar yaly.

Bayram aga,men sana on hem

Bayram aga,men sana on hem aydipdim biz "kelledesh" diyip :D Men ol post'lardan 2 sanysyny okap yadadim,mena shahsen kan gyzyklandiranok beyle habarlar yone okayanlar bolsa derzay diyyanleri !!

badboy! 1. Ony Balkan

badboy!
1. Ony Balkan yazipdir, Bayram aga dal =D

p.s. Menem okamadim. Gaty uzyn.

p.s.2 Agajan menin pikirimce gerek dal gazetden beyle yazmak. Kime gerek?!

Onda Balkan hem kelledesh :)

Onda Balkan hem kelledesh :) Yone Bayram aga bilen kop pikirde razilashyan men,isklucheniye yaman az!!

Uchkelle ajdarhamyka biz?

Uchkelle ajdarhamyka biz? Shu wagt uklap galypdyryn TV gorup :D
Ay men laboratoriyadan rugsat alypdym oyde galmaga shu hepde, sebabi indiki hepde 3 final examinler bar, gelibem ine 1.5 gundir internet yada yatmak :D Ay nesip bolsa onat bolar diyip yaltachylyk edyanda...

Shu gun suw toplumy acyldy.

Shu gun suw toplumy acyldy. diysen gowy eken ay gownum yetdi. sonra tapsam surat zadam goyushdyraryn

HTTU nyn direktory ishde

HTTU nyn direktory ishde goyberen kemcilikleri ucin ishden ayryldy.

ertir Bitaraplyk (dekabr) 8 ne Disney Land acylmaly
ertir Bitaraplyk (dekabr) 8 ne Suw toplumy acylmaly

Direktory? Ya rektorymy

Direktory? Ya rektorymy bolmasyn?

in ulysada karocy. Rektor

in ulysada karocy. Rektor bolyadalmi in ulysy?
okuwcylaryny diskotekada zatda dagap yorenligi ucin, ay bashga zatlaram bar dine on ucin dal

Rektor bolya... Kim onun

Rektor bolya...
Kim onun ady, bilip galaly?

Wah shu wagt ady yadyma

Wah shu wagt ady yadyma dushenok. Yany "Watan" da gorup otyrkam yazdym ertir bilerin

Ayy sonumuz hayir

Ayy sonumuz hayir bolsunda...

Kim gelerka yerine, Taze ylymly turkmen yas ulylary gelmezmikaray...

HTTU'a in sonky gezek baramda gapydaky garagullarak gaty blatnoy how, yonekey turkmen adamsy beyle dal...

Bize yonekey turkmen yaslary dal, aydan gelen adamlar yali gurlesyar, agyr gurleyarler. Adamcylyklary pesirakdi...

Gapysyna baramda gynanypdym:(

su wagtam icimden gitmandir gaharym gelip:)

eyyam bellendi bir gyzmy,

eyyam bellendi bir gyzmy, gelinmi? dogrusy gaty uly dal. okuwcylary yalyrak :) ertir hemme zady ac acanan yazaryn

Tuweleme zenan masgala bolsa

Tuweleme zenan masgala bolsa yenede mahirlirak bolar

agajanh senin habar merkezin her in sonky minudy yazyarmy:))

sag bol.

yok sekundy yazyar :D

yok sekundy yazyar :D

Bayba... shol rektora himiya

Bayba... shol rektora himiya mugallymy gerek bolsa Amerikany tashlap barjakhow :D
Yo, gara chynym, men Turkmenistanda ishe alsalar, gowy ish bolsa eglejegem dal!
PS Gulluk meselesi barda yone :(

Bayram sen cynyn bolsa ayt

Bayram sen cynyn bolsa ayt belki alarlar,
HTTU su vagt oz yetisdiren okuwcylaryna burs berip Phd okadyar, yone menden esitdim diyayme:)
ilerde oz mugallymlaryny ozu tayarlayar, menem geljek diysen alarlar, hokmam.
sag bol

bu yeri chat sahypasy yali etdiklay:)

Gulluk wagtyn hacan

Gulluk wagtyn hacan gutaryar. 30 yashdan son alanoklar dalmi? yene nace yylyn bar shona cenli boluber anyrda. 30 yasha yetende gelay. ish tapylar gowja

Agajan! Adamlarda duygu bar,

Agajan!
Adamlarda duygu bar, ejesini, dogan yarlaryny goresi gelyar, oylenmeli:) name diyseler turkmen gyzy yali yok how dunyade:) su usa hemme milletden duzulen dowlet yone turkmen yalisi yokhow.

su zatlary yetmek ucin 20 yil gullugam edersin how:))

sizem gadyrlaryny bilin how:).

Serdara goshulyan,chypbakay

Serdara goshulyan,chypbakay chynyny aytdyn :D Men shukur etyan dashary yurtda okanyma. TMde okan bolsak gyzlaryng yzyna dusher yorerdik,bardakiler dallay:D, burynyng myrdaryny ashyryp :D

Yone umuman owadan bolsa da

Yone umuman owadan bolsa da -Arman turkmen dal da diyyang :D

Ichinde yuzulyan hovuz zat

Ichinde yuzulyan hovuz zat barmy ya Disney Water'yali birzatmy ??

Yok how onda nace sany

Yok how onda nace sany bolumleri bar, myhmanlar ucin, kici basseyka diydimi, bokulyan yokardan, yaryshylyan, top oynalyan. in uly boluminin cunlygy 5 metr. onnan kicileri 3 metr, myhmanlarynky 1,5 bolmagy mumkin

Ay sauu...Tomus'da

Ay sauu...Tomus'da Berzengidaki otel'lerin adam doly basseykalarindan dyndyk diysene :) ...Nesip bolsa hezil ederisay :D

Internetda watan barmy? ya

Internetda watan barmy? ya sputnikdan gordunmi?

www.turkmennews.com shu

www.turkmennews.com shu yerde her günki watan we jahan yany gepleşikleri goyulyar..
suw toplum we taze açylanlar barda aytsam.. olara gitmek nesip edermi bilmedim.. yöne begendiriji.. :)

Galtaman ruhdan dushmesene!

Galtaman ruhdan dushmesene! Nesip bolsa bile gideriz!

Bahasyny eshidip mena govy

Bahasyny eshidip mena govy guldim,shoncha zady chagalar dineje "1000 manat" bilen gorup bilerler a Yaponya'da chagalaryn girishi 40$'den hem kopdi 4 yil mundan ozal!!
Bizinki hem yaman govy bolupdir,Mickey Mouse'yn zadyn yerine milli ertekilerin gahrymanlaryny goyupdirlar ve bu yaman buysandiriji,indi chagalar gorup hem bilerler olary!
Biz pahyr kichke vagtymyz plastelindan yasayadik olary ya-da hachan bayramchylyk bolar,bizem oyun zat goreris diyip oturyadik!!!

1000 manat bolany gowy, soz

1000 manat bolany gowy, soz yok!
Yone Yaponiya bilen analogiya yalnyshrakmyka diyyan. Sebabi ol yerde adamlaryn yilki girdeyjisi 35 000 - 40 000$! Onson bir mashgalada 2-3 adam ishlese goz onune getir nache gazanyalar. Yagny 40$ olar uchin problema dal, bizin 1000 manat yalirak zat. 40$ bizin uchin yuk, yaponlar uchin bolsa "hich zat"

Bayram aga,ynanay mana,40$

Bayram aga,ynanay mana,40$ olar uchin hich zat dal'diymek dogry dal , bizin 1000 manadymyzdan hem nache esse kop hummeti bar! Olaryn ortacha ayligi bizin ortacha ayligimizdan 800 esse kop dal,80 esse'de daldir hatda,a bahalaryn tapavudy shoncha!
Yone mena 10.000-30.000 etseler govy bolardimika diyyan,adamlar begeniship bererler shol puly hem olar yali hezillik uchin,yone hiy bolmanda girdeyji kop bolar ve bu pullar bilen yene-de birnache atrakcion alinip bilnerdi!
Aziya planeta'da zatda 20.000 manat 2 gezek pyrlanyan zada muneninde gidyadi,shonda-da gyrlymdy ichi,ochereda duryadik koplench!

Ay bor, Yaponiyadaky ortacha

Ay bor, Yaponiyadaky ortacha aylygy, Turkmenistandaky ortacha aylygy bilmamson deneshdirip biljek dal olarynky nache esse uly...
800? Olam mumkin.

turkmens.com dan goryaslay,

turkmens.com dan goryaslay, seyle habarymyz bolyar tm'den, basgada ilden gunden esiden zatlarymyz...

Zaman gazedinden yazsana ...

Zaman gazedinden yazsana eger mumkin bolsa...

"Kupalkada" bizar bolduga

"Kupalkada" bizar bolduga how :D ay indi denize gitmek gerekdal. indi hemme taze gurulyan zatlaryn biledi arzan. "Buzly koshk" 2 mun manat. "disney Lendam" sheyle suw toplum bilemok entek.

Agajan sende Turkmen Sowet

Agajan sende Turkmen Sowet Ensiklopediyasy barmy? Beyle bos wagtyn bolsa shoni yazsana?! Has uly is etdigin bolar...

Gazetleri bolsa dine scan et yada surata alay.

Senin gazetden yazjaklaryn 1 gunluk, yagni,
"nothing is older than yesterday's newspaper"
(duynki gazetca basga hic zat kone dal)

Turkmence wikipedia goysan shol durar nace wagtlap...

Ine "Suw toplumy" hakda maglumat.

Taze olimpiya suw sport toplumy dabaraly yagdayda acyldy.
Beyik serdarmyzyn ak patasy bilen acylan toplumyn umumy yapyk meydancasy 24820 ine dordul metrdir. Ol uc binadan ybarat bolup on bash binasynda halkara we olimpiya kadalaryna hemde sportyn suwda oynalyan gornushlerinin dunya federasiyasynyn talaplaryna gabat gelyan iki sany suw howdany yerleshendir. 1nji suw howdanynyn uzynlygy 50 metr ginligi 25 metr cunlugy uc metr bolup
bu howdan yuzme, sinhronly yuzme, sport yaryshlaryny gecirmek ucin niyetlenendir. Bu howdanyn umumy meydany 1 250 ine dordul metr bolup gowrumi 3 750 kub metrdir.
2 nji suw howdanynyn uzynlygy 15 metr ginligi 25 metr cunlugy 5 metr bolup bu howdan beyiklikden bokmek ucin niyetlenendir. bina tomashacylar, myhmanlar habar berish serishdelerinin wekilleri we eminler ucin niyetlenen 1792 orunluk gowrume eyedir.
Toplumyn orta binasynda turgenleshik tirnashor , woleybol zallary
ish otaglary habar berish serishdelerinin wekilleri ucin niyetlenen otaglar, 200 orunlyk restoran yerleshendir.
Toplumyn 3 nji binasynda okuw turgenleshik icllerini gecirmek, gelen myhmanlara dync almaklary ucin iki sany suw howdany we tomasha meydancalary yerleshendir. Sheyle hem bu binada cagalan wagtlaryny shatlyk shagalan bilen gecirmek ucin iki sany suw dagjagazy atly atiriksion gurnalandyr. Toplumyn suw howdanyndaky
munlerce tonnalyk suwyn agramyny gotermek ucin howdanynyn binyady yorite usul bilen guruldy,

Tazelikler

4 nji tomy bar mende isleseniz onam yazayyn. Shu wagt fotoparad dowuk, bejerilse gazetleri hokman suratdan ibererin.
Mugallymlar gagzedi
Yakynda Turkmenbashy shaherindaki turkmen-turk mekdebimde turkmen dili
we edebiyaty derslerinden hepdelik gecirildi.Hepdelik "TUrkmen dilim zybanym"
diyip atlandyrylyp, ona turkmen dili we edebiyaty mugallymlary Sahragul Gurbanowa bilen
Maya Pollykowa yolbashcylyk etdiler.
Hepdeligin dowamynda okuwcylara tapmacalary duzmekde, matallar, nakyllar
aydyshmakda surat cekmekde "Baky Bitarap Watanym" temasynda duzme yazmakda, Magtymguly Pyragynyn goshgularyny
yatdan aytmakda basleshik gecirildi.
Yenijilere we hepdelige ishjen gatnashanlara hormat hatlary we yadygarlik
sowgatlary berildi.
Dowletmammet Mollayew
mugallym

Shu wagt talyplaryn arasynda

Shu wagt talyplaryn arasynda yarysh gecipdir kop kisha sowgat zat berip otyrlar. hazir 30 minden yazyan

Men ensiklopediyany bu

Men ensiklopediyany bu sahypa goyaryn Wikipedia kimin goyasy gelse goyubersin rugsat :) Onna men blog acayyn Ensiklopediya diyip erte biyrun. onnanam gazetlerin arasynda harp yalnyshlyklary bolsa basgyshlan

Bagyshlan talypklaryn

Bagyshlan talypklaryn arasynda dal ekeni. Men sylag berilenlerin ishleyan yerlerini okyan yerlerini yazmadym gaty kop

Quote:

Mahriban watanymyz baky bitarap Turkmenistan yurt garashsyzlygynyn ykbal ozgerdiji 15 yyly icindaki ykdysady we medeni durmushda uly ustunliklere eye boldy Yurdumyzyn bilim ylym ulgamynda gazanylyan ustunliklerem guwandyryjydyr.
Yashlarmyzyn duypli bilim almagy, dunya ylymyna oz goshantlaryny goshmagy ucin shertler doredilyar. Watanmyzda taze bina edilyan hazirki zaman okuw tehniki abzallary kompyuter tehnalogiyalary bilen enjamlashdyrylyar. orta we yokary okuw mekdepleri yurdumyzyn bilim we ylym binyadyny hasda berkidyar. Mahriban diyarmyzyn baky geljeginin girewi bolan yokary bilimli oz hunarinin ussady dowrebap basharlykly yashlary kemala getirmek bizin bash maksadymyzdyr. Ata watanyny mahriban halkyny yurekden soyyan we ona wepaly yashlary eziz ulkamizin rowshen geljeginin hatyrasyna ylymda bilimde we taze tehnalogiyalar babatda has ahmiyetli we tutumly ishleri howeslendirmek, sheyle hem Turkmenistanyn baky bitaraplygynyn ahli dunya jemgiyetcilik tarapyndan krar edilmeginin 11 yyllygyny hemde talyp yashlaryn gununi hasda dabaralandyrmak maksady bilen karar edyarin.
Shulary garashsyz baky bitarap turkmenistanyn yashlarynyn arasynda ylmy ishler boyunca basleshigi gurnamak hakynda Turkmenistanyn prezdenti 2002 nji yylyn Gurbansoltan ayynynn 8 ne cykaran 5638 kararyna layyklykda Turkmenistanyn Magtymguly adyndaky yashlar guramasynyn merkezi geneshinin Turkmenistanyn yashlarynyn arasyndaky 2005 nji yylda ylmy ishler boyunca geciren basleshiginin yenijileri diyip yglan etmeli. we olary shu bayraklar bilen sylaglamaly.

Guljemal Kumallowany 1 nji orun, kompyuter
Rahman Halatberdiyewic Ilmammedowy 1 nji orun, kompyuter
Hesel Allanazarowna Gylyshjanowany 1 nji orun, kompyutet
Hezretcary Orazmyradowy 1 nji orun kompyuter
Enegul Oramuhammedowna Ashyrowany 1nji orun kompyuter
Orazjemal Atajanowna caryyewany 1nji orun kompyuter
Gulbahar Asylowna Shirliyewany 1nji orun kompyuter

Gulalek Hudayberdiyewna Babayewany 2nji orun aydym saz merkezi
Ogulmaral Tirkishewna Berdiyewany 2nji orun aydym saz merkezi
Maya Hajymyrowna Rahmanowany 2nji orun aydym saz merkezi
Gulruh Kakyshowna Nuryyewany 2nji orun aydym saz merkezi
Korpegul Tayrowa Sayytnazarowany 2nji orun aydym saz merkezi
Ogulmenli Babayewna Shammakowany 2nji orun aydym saz merkezi
Aytac Altyyewany 2nji orun aydym saz merkezi
Nurgeldi Nazarowy 2nji orun aydym saz merkezi
Merdan mammetmyradowic Pirlekowy 2nji orun aydym saz merkezi
Rahat Mammetsalyyewic Renowy 2nji orun aydym saz merkezi
Parahat Nurmuhammedowic Mammedowy 2nji orun aydym saz merkezi

Nury Babayewic Komekowy 3nji orun telewizor
Dowlet Allamyradowic Jumanyyazowy 3nji orun telewizor
Baba Atayewic Babayewi 3nji orun telewizor
Mayagozel Halmyradowic Halmyradowy 3nji orun telewizor
Myratguly Bayramgulyyewic Amangulyyewi 3nji orun telewizor
Alymbay Rozyyewy 3nji orun telewizor
Begmyrat Babayewi 3nji orun telewizor
Mergen Gylyjowy 3nji orun telewizor
Akmaral Japarowany 3nji orun telewizor
Gulshirin Gubannyyazowany 3nji orun telewizor

Ogulboldy Pullyewany 1nji orun telewizor
Jennet Allaberdiyewnany 1nji orun telewizor
Yagshymyrat Kakajanowy 1nji orun telewizor
Atamyrat Tunnishiwi (gullukda) 1nji orun telewizor
Ogulsona shagulyyewany 1nji orun telewizor
Gunca Pokgiyewany 1nji orun telewizor
Nagmat Nazarowy (gullukda) 1nji orun telewizor

Dowran Gurbanowy 2nji orun videomagnitafon
Toyly Hommyyewy 2nji orun videomagnitafon
Ayna Muhammedowany 2nji orun videomagnitafon
Dilshat Haydarowany 2nji orun videomagnitafon
Azat Gurbanowy 2nji orun videomagnitafon
Didar Bayewi 2nji orun videomagnitafon
Maya Saparbayewany 2nji orun videomagnitafon
Maysa Yylkybayowany 2nji orun videomagnitafon

Sapargul Geldiyewany 3nji orun magnitafon
Gulnabat Meredowany 3nji orun magnitafon
Gulshat Berdiyewnany 3nji orun magnitafon
Begen Hayydow 3nji orun magnitafon
Bayrammyrat Ashyrowy 3nji orun magnitafon
Oraznabat Gylycnyyazowa 3nji orun magnitafon
Shu kararyn 1 nji boluminde gorkezlen mahsatlar ucin pul serishdelerini Turkmenistanyn przdentinin 202 nji yylyn Gurbansoltan ayynyn 8-ne cykaran 5638 kararyna esasynda Beyik Saparmyrat Turkmenbashynyn hayyr sogap gaznasyndan Turkmenistanyn Magtymguly adyndaky yashlar guramasynyn merkezi geneshine gecirilen pul serishdelerinin hasabyna bermeli

Turkmensitanyn prezdenti Saparmyrat Turkmenbashy.

Sport tazelikleri

TURKMENISTAN

HTTU bilem "Nebitci" Turkmenistanyn Superkubogy ugrundaky yaryshda
ozara baslesherler.

Gecen yyl Turkmenistanyn futbol assosiasiyasy tarapyndan yurdumyzyn
cempiony we Kubogynyn eyesi ucin esaslandyrlan Superkubogy almak
ugrundaky yaryshda Halkara turkmen turk uniwersitetinin futbol topary
bilen Balkanabadyn "Nebitci" topary ozara basleshdiler. Yaryshyn ikinji
dushushygy Bitaraplyk ayynyn 6-syna aralyk meydancada -Mary shaherinin
futbol meydancasynda gecer.

Yaryshyn shertlerine layyklykda dushushygyn esasy wagtynda taraplar
oyny denme-den tamamlap yagdaylarynda, oyna yene-de 15 minut ybarat
iki tapgyr gohular. egerde oyunlar yenede denme-den tamamlanyp, yeniji
belli bolmasa, onda FIFA nyn duzgunine layyklykda 11 metrlik jerime
urgulary gecirilip Superkubogyn eyesi belli kesgitlener.

Final yaryshyna FIFAnyn emini Kakabay Seyidow, onun komekcileri
Muhammet Owezdurdyyew we Bagtyyar Atajanow eminlik ederler.

HTTU-nyn futbol topary shu yyl yurdumyzyn cempiony boldy
we Kubogyny eyeledi. "Nebitci" bolsa milli birinjilik ugrundaky
yaryshlarda 4 gezek kumush medala eye boldy.

Gecen yyl HTTU Marynyn "Merw" toparyny 4:1 hasabynda utup,
Turkmenistanyn Superkubogyny eyelemegi bashardy.

hm... diagonaldan okadym,

hm... diagonaldan okadym, yarish name boyuncha gechirilendigine dushunmedim...
Aydym-saz merkezi... nameka diydim mena, aydym-sazdan yarysh gechirilendir oytdum :D Ay hemme zady terjime etmeli bolsa wideomagnitafon bilen telewizoram terjime edaymeli ekenler :P

Turkmenistan ilkinji medal

Turkmenistan

Ashgabat, Bitaraplyk ayynyn 4-i (TDH)
Kataryn paytagyty Dohada gecyan Aziya oyunlarynda shu gun tupenden ok atkam boyunca gecirilen yarysha gatnashyan Igor Pirekeyew
Turkmenistanyn topary ucin ilkinji kumush medaly gazandy. Ashgabatdan 35 yashly halkara derejeli sport ussady bu ustunligi 50 metr aralykdan yatyp ok atmak
boyunca gecirilen yaryshda gazanmagy bashardy. Yaryshyn shu gornushi boyunca 20 yurtdan sportcularyn
50-si ozara basleshdiler. Olaryn dine 40-sy yaryshyn esasy bolegine cykmagy bashardylar.
Igor kwalifikkasion yaryshda 592 ocko toplap ikinji derejani gorkezdi.
Fiinalda bolsa ol 100,2 ocko toplap, umumy toplamaly ockonyn bashden birini yygnady we netijede ol jemi
692.2 ocko toplamagy bashardy.

Menem bashyny yazyp

Menem bashyny yazyp yetishmedim Watanda aytdylar ses yazgysyny alyp galdym son hata gecirdim. Bashyna yetishmedim . Bilsem aydaryn nameden gecndigini

serdar01 wrote: seret name

serdar01 wrote:
seret name et, mysal ucin "Turkmenistan" gazyeti, solaryn web sahypasyny doret, son olarda hemme zadyn soft copy'si bar solary copy past et, uly is etdigin bolar.

entek muna gowja pikirlenip goreyin. ay bolmasa olardan rugsatsyz alyp ozum yazsam name? mugt site acyp.

galtaman wrote:
siz şol gazetleri surada çekip iberseniz, we biz barden okasak nahili bolarka? :)
dogrusy shu wagt fotoaparat dowuk. sonra bolonson hokman ederin.

Bayram wrote:
Shol sebapli Zaman gazetinin "Dash" diyen bir kunjegi bardy, shony alyp goysana minnetdar bolardym Agajan :D
nesip bolsa, ertir yada sonky gunler shu hepdede shu gun "Zaman " gazet gutarypdyr. men alan yerimde.

aydymsaz merkezi

"aydym saz merkezi" bilen sylaglananlar muzikalniy senter bolyar yagny sterio...

Bay bouw....Agajan sen

Bay bouw....Agajan sen jurnalist'lik oka,tuveleme sabyr'yn bar ekeni bu zatlary yazmakda,mena okap yadap gitdim...
Zaman'in DASH bolumi chindanam gyzyklydy,bizin oyumizdakilerem shony hokman okayalar,menem okayadim olary...

rusca sozme soz terjime

rusca sozme soz terjime edipdirler :D
Lewtolstoy-Chishikyolbars

badboy name hakda gidyar ol

badboy name hakda gidyar ol bolumde. menem kop zaman okayadym welin yadyma dushenok, ya gaty uns bermandirin ertir zaman yazaryn hokman

Su wagt menem WATAN

Su wagt menem WATAN gordum, Tuweleme taze acylan binalara seredip dasyndan begenip gitdim,
WATAN'yn su sanynda hemme zat diyen yali dine yaslary goz onunde tutulupdur, Mena sona has begendim...

sag bolun