Bir narkoman barada [bolan waka]

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Mowzugyň tipini saýlamak kyn düşdi welin, "türkmençilik" diýleni saýlaýdym :) Aý indi narkomanlyk türkmençiligiň içine giren ýaly bolup durhow! :)
Şu täzelikde turkmenistan.ru'da narkotikleriň ýok edilişi barada we şu ugurdaky işler barada köp ýazylýa. Şolary okap obamyzda bolup geçen bir waka ýada düşdi. Asyl ol wakanyň şaýady özüm däl, obadaşlar gürrüň berdi. Menem agzymy açyp diňledim. Biziň obanyň taryhynda beýle waka entek bolmandy...

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Obamyzda bir abraýly

Obamyzda bir abraýly maşgalanyň, gurply maşgalanyň narkoman ogly bar. Adyna Myrat diýeli. Ol oglan bir döwür öýlenipdi, özi entägem ýaş, bolsa 30-33 ýaşyndadyr. Şol öýleneninden az salym geçip, geçmänkä narkoman bolany belli boldy. Onsoň şondan bäri onuň kakasy her zat edip gördi: keselhana iberip gördi, LDP iberip gördi, türmä(ogurlyk üçin) iberip gördi, urup gördi we ş.m. Peýda bermedi. Ahyr soňy, ol ýüzi gara seretmezligi ýüregine düwdi.
Ol oglan men entäj mekdep okuwçysykam, mundan 8-9 ýyl öňm biziň daşarda durýan legenlerimizi we bedrelerimizem ogurlan ekeni. Men öýdäkileriň nädip bilenini bilemok, ýöne kakam maşyndan düşüp oňa käýäni ýadymda. Kakasynyň ýüzi üçin, ýüregini agyrtmazlyk üçin, şol ýerde ol mesele galdy.
Ýöne görlüp otursa, ol oglanyň(adamyň?) gün saýyn pisi hasam çykan ekeni.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Onsoň bir gün ol bir

Onsoň bir gün ol bir goňşymyzyň eşeginimi ýa sygyrynymy daňdan ogurlajak bolup durka, özi ýaly, özünden 2-3 ýaş kiçi oglan şol öýden çykyp ony tutýa. Myrada(ýaňky narkomana at berdir Myrat diýip) duran bir skelet, güýç zat ýok onça ýylyň narkomanynda. Onsoň muny şol öý eýesi oglan ýençmäge taýynlanyp durka, Myrat gynyndan mal soýulýan pyçagy çykaryp 3-4 gezep garnyna urupdyr munyň. Soňam eli pyçakly gaçyp gaýdypdyr, bilemok biri görüpmi. Özem ylgap biziň howlymyzdan geçip gidipdir, meniň doganymam daňdan kakamy Mara ugratjak bolup ýör ekeni. Eli ganly pyçakly, pyçagam öňüne tutup ylgap geçipdir aňarrakdan. Häläm öňünde däl ekeni, bolmasa kim bilýä...
Şol barmana goňşyny biziňkiler görüp, ony maşyna salyp Ýolötene äkidipdirler, zordan halas edipdirler. Oglan häzir gowy, ýöne pyçak urgylary öýkeninde yz galdyrypdyr, häzirem bildirýämiş.
Onsoň Myradyň kakasy, abraýly Meret aga(adyny özüm berýän) töwella gelipdir. Nätsin?! "Öldürip bolsa, öldürjek. Ýöne öz çagaňy öldürip bolanok" diýipdir ol pahyr. Onsoň ýaňky goňşynyň bar çykdajysyny üstüne alypdyr. Olaram Myrady bagyşlapdyrlar.
Men şu ýagdaýy eşidemde gaharlanypdym. Goňşy gel "bagyşlanam" bolsa, prokuratura we mentler bagyşlamaly dälä! Bu bir jemgyýede howply adam, jenaýatkär! Jenaýady üçin jeza çekmeli! Ýöne mentlerem, prokuratura hem "üýtgeşik işleýä" bizde...
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Dogry aytyan. Formalnost

Dogry aytyan. Formalnost diyilyar: jaloba bermesen delo açylanok.

---
DON'T WORRY, BE ZORRY!

Onsoň şu baramda, "ujasly

Onsoň şu baramda, "ujasly tragediýanyň ikinji bölegi" bolup geçipdir. Biziň obamyzda bir maşgala barmyşyn, içindäki myş-myşlar köp, detallaryna girmekçi däl. Şol öýüň gelini, äriniň aýal doganlary bilen oňuşanokmyş. Aýal doganlarynyň birem baý, köp magazini bar. Onsoň olar jaý üstünde urşýamyşmy...
Garaz şol aýal dogan, diýeli ady Maral, öz jigisiniň gelni Bahary(diýeli) öldürmegi zakaz edipdir şol Myrada. Ol Baharyňam eýýäm birnäçe çagasy bar, ulyja özlerem, Baharam şol 30-33 ýaşlarynda. Özem Myrat bilen klasdaş...
Onsoň bir gün Maral öz gyzy(ulyja gyz, 7-8 klas) iberýä Baharlara, olaram goňşy özlerem. "Gör mamaň açmy?" diýip. Olaryň mamalaram Baharlarda bolýa. Ol mamanyň kellesi üýtgäpdir, sebäpleri barada hem myş-myş bar. Garaz asyl sebäp, ol gyz Baharlarda başga del adamyň ýokmy barlygyny görmekmişin. Hiç kimiň ýoklygyny bilensoňlar, işe Myrat başlapdyr...
Ol bir uly jorabymy, çulkinimi geýipdir, "göz ýasapdyr", ýüzüni gara boýapdyr we eli töňňeli giripdir öýüne. Gijäň içi, çagalarynyň ýanynda ýatan Bahary süýräp alypdyr, şol gün kiçijik gyz jigisem gelen ekeni Baharlara ýatmaga. Baharyň äri Rejep(diýeli) 15 günlükde işde bolansoň, öýde diňe bir erkek adam bar ekeni. Olam kellesi üýtgän Ahmet(diýeli). Onam Myrat zynjyrlap daňypdyr, gorkuzandyrda...
Çagalarynyňam, Baharyňam ýüregi ýarylanmyş, çygyryşyp, gygyryşyp durkalar, olary daşyndan gulplapdyr Myrat. Baharam süýräp başga jaýa geçirip... töňňeläp başlapdyr!
Olaryň gykylygyny bir eşidýän bar bolsa, olam Marallar bolmaly, zakaz eden Marallar...
Onsoň ony urup-urup, öldürdim edip gidendir diýen wersiýa bar. Başga has ýaýraň wersiýa görä, gowy suwyny çykaransoň "Arman klasdaş bolýaň, öldürmäýin diýýän" diýip gidenmişin. Ol Baharyň endamynda abat ýer galmandyr, ýene bir-iki urgy öldürjekmişin ony...

---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Onuň kimligini çaklap,

Onuň kimligini çaklap, şol klasdaş Myratdygyny pikir edýär ekenler. Onsoň ol samsyk eli töňňeli ýene gelipdir bir gün, onda Baharyň äri bar ekeni. Soňunda ony tutupdyrlar. Bahar şol süýrelip, urlanda, jan howuljyna Myradyň elini gemiren ekeni. Mentlere "elinde dişiň yzlary bolmalydyr" diýenmişin. Onsoň görseler, hakykatdanam şeýlemiş. Üstesine, Myradyň geýip ýören jemriniň içinde her hili açar, atagzy, pyçak ýaly zatdan dolumyş. Halys kellesini ýitirendirdä...
Bu waka hemmeleri gorkuzdy. Her kimiň öýünde eşek ýaly goýun it bar indi. Beýle ýagdaý öňä bolanokdy. SSSR döwründe gulp zadam ýokdy obada. Aý mundan 3-4 ýyl öňem, janyndan iren narkomanlar özlerini öldürýädiler. Indi bolsa...
Indi gürrüňiň iň gynançly ýerine geleli. Myrat tutulansoň, Maral barada hemme zady gürrüň beren ekeni. Maralyň gyzam aslynda jogapkärçilige çekilmeli, ýöne çekmändirler. Men olary şu gezek gidemde poçtanyň jaýynda gördüm. Poçtanyň bir ýykyk jaýynda ýaşaýalar...
Bahar bir perişde däldir, ýöne ol näme hem bolsa, ony öldürmek çäre däldirä?! Ine oňuşmaýan maşgala...
Indi gynançly ýeri. Myrada näçe ýyl kesilenini bilemok. Onuň sudyna onuň öýünden hiç kim gatnaşmandyr, kakasy Meret aga hem ondan bizar, ölümini dileýä. Maral bolsa... oňa başda ýyl kesipdirler. Ýöne baý bolansoň, pul dykyp, ilkä ýyly azaldypdyrlar. Soňam "kellesi üýtgän" diýip dälihana ýerleşdiripdirler. Indi hem ýene pul dykyp özüne aýry otag aldyrjak bolup ýördiler. Belki pul berip aministiýada çykaram?! Gadyr gijesi ýakyn özä...
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • agajanh 1 telpek goyyar we yazyar: "yokardakylar ucin... "
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Yashasan her zat gorjegow

Yashasan her zat gorjegow (eshtjegow)
Dash edewersin!
Bilyanmi Bayram aga, hazir Gadyr gija garashanoklar indi her bayramchylykda azatlyga chykaryarlar.
Eger adam pychaklananda zat diymedik bolsalar onda nabileyin diymek miliseler ishlanoklar, dine para iyip yatyrlarda...

beh ...

Kriminal hekayajygy haladym.

Kriminal hekayajygy haladym. Bayram aga dedektif yazsana sen :-)

---
DON'T WORRY, BE ZORRY!

Gaty gynanchly waka, yone bu

Gaty gynanchly waka, yone bu bir detektiv romanlaryna menzeyan yaly, durmushdada beyle zatlan bolup gechyanine ynanyp bolanok.
---
Peace!!!

gaty gowy yazypsyn

gaty gowy yazypsyn Bayram
mena shu yerde Myradyn mashgalasyna, we ol Maralyn cagalaryny gynanyan Maralyn cagasy entak yash ol hemme bolyan zatlara dushunmeyar,
Shu yerde meninem bir eshiden (dine eshitdim)wakany yazasym gelyar Shonun yaly bir nace adamy tutup bir mashgalanyn ustune iberilyar. ol yerde bolsa yany durmusha cykan gyz oylerine gezmage gelyar we shol wakanyn ichine dushyar shol yerde hemmesi urulyar (olen yok ) shol gyza yuzune palta degyarmi shonun yaly.
son ol gyzy hassahana yerleshdirilyar, indi hassahana ol gyzyn adamsy gelenok. ol gelnin ya yuzunun zayalanna ya-da basga erkek kishilerin uranynamy bir hili oza
Shol yerde ol gorguljik gyzyn urulany bir tarap oz adamsynyn hereketi bolsa bir tarap bolya
Ol gyzda eysem guna bamy bu bolyan ishlerde

Kino edıp çykaraymaly bir

Kino edıp çykaraymaly bir senaryo yazypsyn Bayram .
Rejsyor tapsak telefilm edıbermelı ...
Gynançly waka .Belkem Kıno edıp çykarylsa yaşlara tasır eder .

Aslynda, bu waka türkmen

Aslynda, bu waka türkmen obasy üçin "bolup bilmejek" zadyň BOLAÝJAKDYGYNY görkezdi. Öňler beýle zat diňe telewizor we kinoda görülýän bolsa, indi her kim düşündi. Azarlap ýatan narkomana 100-200 müňi berip, birini zakaz edip, öldürensoňam şonçany berjegini aýtsa, ederlerem şolar...
Adamlar gorkdular, menä gaty gynandym. Ynam zat indi ýok obalarda, men kiçikäm beýle däldi. Obalar KNBlerden myňňyldap dur, hijisinde tolk ýok. Bar bilýänleri daşary ýurtda okaýan oglanlardan samsyk zatlary soramak. Obadaky narkoman, ogry, baryga we iň bolmanda ýokarky ýaly adamlar bilen meşgullananoklar... KNBler halka kömek däl, musallat bolup dörän ýaly.
Allajan şu Remezandaky dileglerlerimiň biri, Türkmenistanyň ýagdaýyny gowula!
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Aslynda mundan başga hem

Aslynda mundan başga hem narkomanlar bilen baglanyşykly gaty köp dürli waka bar. Ýöne olary ýazyp oturmadym, sebäbi bu waka görä olar has pesräk derejede görünýä. Aýal-gyz narkoman bolsa, nämä öwrülýänini aýtmaýyn. Erkekleriň köpüsi bolsa, ogry bolýalar. Iň bolmanda öz öýünden zat ogurlaýalar...
Nesip bolsa, şol täze alynýan çäreler effektiw bolar.
PS Narkoman narkoman diýseň, käbir işsiz oglanlaram ogry bolaýýalar. Biziň obada bir ýaş oglan, gijäň içinde goňşysynyň öýüne girip tutuldy. Ony diňe 15 günlüge iberdiler... Bu zatlar gaty gynançly. Mundan 20 ýyl öň biziň obamyzdaky adamlara "şular ýene 20 ýyldan boljak zatlar" diýseň, kes kellämi ynanmazdylar...
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

gaty gynanyan. beyle zady

gaty gynanyan. beyle zady ilkinji gezek esidyan. on yaly adamlary diriligine yaksan hem az.

baybow

Kino yalylay bu.

menin dushuren kinomda :)))

menin dushuren kinomda :))) Bayram agam dushunmandir kino barada gurrun edileni chynmyka diyipdir... (shutka)
Dogurdanda bir kino bolupdyr.

eshdishime gora, bir

eshdishime gora, bir yurtda(haysy yurtdigenini bilemok)tussag edilen
ahli narkomanlary, barygalary bir setirde oturdyarlar, sonam bir police ishgarlerinin biri hemmesini bir chetinden bashlap atyp bashlayar (sebabi bulardan hich hili peyda yok, dine zyyan diyyarler)

ay bizema narkomana donup

ay bizema narkomana donup baryas, shu sayta girmesek azarlap bashlayas how :)

Dogurdanam gaty gynanchly

Dogurdanam gaty gynanchly waka. Shu dowurde hich zady gen gormeli dal bolaydik how. Bizinem toweregimizde sho diyyan narkomanlarynyz yaman kopdi. Gapdalky jayin 1-nji gatyndsa penjireden satyadylar chigit satyan yaly. Narkomanlaran ochura durup diyen yaly satyn alyadylar. Barden 25 manady uzadyar, anyrdanam kagyza dolagyly bolejigi eline tutduryadylar. Ozem in belli "tochkalan" biridi. Name bu zatlardan hich kimin habary yokmuka diyyanizmi? Hatda kichijik chagalarynam habary bardy. Yone name uchindir sholaryn towugyna tok diyyan yokdy. Name uchinligini ozuniz dushinyan bolsanyz gerek. Yone bu yagday yaman yokarylara gidip ugradymy namemi, welin shol "kommercheskini" yakinda yapdilar.

------------------------------------------------------------
Bu gün bolmasa, ertir bolar!