Taleynama ynanmalymy?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Kabir adamlar durmusynda bolup gecyan zatlary hazirki zaman taleynamalaryna gora yzarlajak bolyarlar. Gundelik bolyan, bolan gowy we erbet zatlary taleynamalardan (goroskoplardan) okajak bolyarlar. Goroskoplar, fiziognomika, hiromantya, grafologiya yaly ykrar edilen we owrenilyan ylymlar bar Bularyn her biri hem oz gezeginde sol ylmy her durli edip, dogrulygyny subut etyar. Yone menin pikirimce bular kan bir ahmiyetli zat dal. Bu dine psihologiya yagny-adam taleynamasyny okayar we gowy zat yazylan bolsa sona gora hereket etyar. Erbetrak zat yazylan bolsa sol guni gowy hem bolsa nahilem bolsa bir negotiw zada garasyar. Sular yaly hereket etyan adamlaryn (durli yasly) kopusini gordum. Siz hem az goren dalsiniz. Bu oz ozuni ynandyrmak (rusca aydylanda samownuseniye) ya-da hakykatdan hem sol taleynamalr dogrumyka? Siz bu barada name pikir etyarsniz?

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

salam

men su temada kan bilyan zadym bolmanson gysga yazjak. men pikrimce taleynama adamyn umumy hal yagdayyndan soz edyar diyip bilyan. gundelik taleynama ozuma ynanamok. dogrymy yalanmy ony hem bilemok.....

Umumyrak

Umumyrak seredende adamlaryn harakterlerini belleyan taleynamalar kopusine dogryrak diysen bolar. emma anyrda yazylan zatlaryn herbir adam uchin dogrydyr diymek gaty yalnyş bolar. Meselem "balyk" lar seyledir, beylerdir diyseler dogry bolup biler..

beyleki taleynamalar bolsa (gunluk, hepdelik we ş.m.) ynanylar yali zat dal. gaty gulkunc aydilyan zatlar...

Taleynamalaryn harakter

Taleynamalaryn harakter (hasyet) baradaky maglumatlary dogrumyka diyyan. Yöne ertirki, indiki hepdaki, aylyk we yyllyk maglumatlara ynanamok.

---
DON'T WORRY, BE HAPPY!

Eý meniň temam

Eý meniň temam goturlaýdymykaraý Çynar?! :)
Men açdyma şuň ýaly temajyk
PS Fatalizm barada hem bolsa, täleý şonuň bilen bagly zat
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

özüne ynan

hasiyet boyunça dogry diyip biljek yöne günlük hepdelik ynanmazdym men ön özümçe denap gördüm mende sen yola ugrayarsyn yada finansyn köpelyar diyip yazyalar welin üytgeyan zat yok şol bolşy şonun üçin okap wagtymy yitiresim gelenok.kysgaça hemmesi BOSCH.

Aý "puluň köpelýä"

Aý "puluň köpelýä" diýip, olam köpelmese elbetde pejigersiň! :D
Düşünýän :)
Hasam şu ýerini haladym

Quote:

kysgaça hemmesi BOSCH.

:D
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

dine BOSCHmy

dine BOSCH my, ARÇELIK yokmy?

hmm

kysgaça bu haysy dilde bolyaray :P ??

gel ne olursan ol yine gel...

men kan ynanamok taleynama .

men kan ynanamok taleynama . Sebabi 12 sany burç ve dünyade 6 milyard adam bar, 6 m /12 =500 milyon . meng burjum yolbars ve taleynama ynanjak bolsak mening yaly 500 milyon yolbars bar ve bizing hemmamizing hasyedleri bir ... :D ay mena kan ynanasym gelenok ... pul gazanmak isleyanlering kiçijik bir oyuny... edil dün gazetde okadym , yolbarslara şeyle seslenyar:"Yolbarslar üçin bu ay yatyp dynç almak gowydyr , emma işlap pul gazansanyz öran ongat bolar...." :) bu aydylan zat aslynda yolbarslar üçin dal bütin ynsanlar üçin . ynsanyng gülesi gelyar şeyle zatlara . ay menem gazetde yazsalar gülmek üçin okayan emma taleynama kalendarlaryna hiç pul bermedim şu wagta çenli. Gyz doğanym bar :) her ay gidip birgiden zat satyn alyp gelyardi :D ....

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "yolbarslar uchin:)"

berekella goshulyan

berekella goshulyan sozlerine.. menem shu gyzlara shony dushundirip bilman gechdim.. Bir dunyajik diyip jigi bar welin halis alaydi shol zatlar dogry diyip:) Bir blogam achypdy onrak, yone blogun ady takik yatda dal:)

daşlardy.... menem gyz

daşlardy....

menem gyz jigim ynanya şolara mena öldir ynanamok..köp zatlara ynanyp ynanmazlyk hakda şu döwürler 2-a bölündim,karar berere zat kan,taleynamamyş-maleynamamyş wagtam yok -magtam
:D

......................buda geçer.......................

asman yildizi

chaga doglanda belli yildizin kolegesinde dogulyar diyilyar olam umymyrak chagan harakteri hakinda pikir beryar.gundelik taleynama yalnishdir ynanmalin.psikoljik soraglary yuze chikarar

Quote: psikoljik Ahmedik,

Quote:

psikoljik

Ahmedik, mena sen bolan bolsam, gizlenerdim bu chaka :D
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

we şol yıldızın tasiri

we şol yıldızın tasiri hem bar aslynda.. adamyn harakterine yone günlük taleynamalar dogry dal.. olar eyyam pal'a girya..

Men ynanýan edil doly

Men ynanýan edil doly bolmasa-da ynanýan.
Ine awgust aýynyň täleýnamasy.Gabat gelýämi deňäp görüň geçen aý siz bilen nämeler bolup geçendigi eger ýadyňyzda bolsa!

Hamal (Овен) 21.03-20.04 Awgust aýynyň birinji we ikinji ongünlikleri hamalllara adaty durmuş günleri garaşýa. Maşgalada, işde, söýgüde ähli zat öz akymyna görä gider. Aýyň soňky ongünliginde hysyrdylar, köp zähmeti talap edýän işler ýüze çykmagy mümkin. Bu döwür öz ýüregiňiziň isleýşi ýaly hereket etseňiz utuşda bolarsyňyz. Töweregiňizdäkiler bilen mylaýym boljak boluň. Eger käbir işleri wagtynda edip bilmeseňiz hem ruhdan düşmäň! Diňe özüňize bil baglap erjellik bilen başlan işiňiz bu gün bolmasa-da ertir hökman şowuna bolar.

Sowur (Телец) 21.04-20.05 Siziň üçin awgust aýy täzelikler getirjek döwür bolar. Işleriňiz oňuna bolup girdejileriňiz artar. Köne tanşlaryňyza duşup olaryň size ikitaraplaýyn bähbitli iş hödür etmegi mümkin. Bu döwür batyrgaý hereket ediň. Üstünlik şowlylyk siziň tarapyňyzda bolar. Söýgi gatnaşyklarynda-da bolup geçjek täzelikler, toý hysyrdylary siziň üçin ýakymly aladalardan bolsa gerek.
Jöwza (Близнецы) 21.05-21.06 Aýyň birinji we ikinji ongünlikleri ekizekler üçin düşümli bolar. Öýde işde asudalyk bolup eden işleriňiz ugruna bolar. Eger bu aý bir işiň düýbüni tutjak işe geçjek bolsaňyz onda ony bu döwür amala aşyryň. Aýyň soňky hepdesi dynç almak ozal başlanan işi dowam etdirmek üçin amatly. Döredijilik bilen meşgullanýanlarada häzirki döwür dynç almak gerek. Olaryň ylham joşguny geljekki aýlardan başlanar we täze täze eserler döretmäge höwes döreder. Bu döwür söýgi meselelerini çözmek üçin amatly hasaplanylmaýar.
Seretan (Рак) 22.06-22.07 Size gezelençdir döredijilik joşguny işiňizde üstünlik garaşýar. Adamlaryň arasynda abraýyňyz artyp, mertebäňiz belende galar we siz üns merkezinde bolarsyňyz. Siziň dilewarlygyňyz durmuşa bolan höwesiňiz artar. Gezelençdir iş saparlarynda tanşlyklar sizde ruhy galkynyş dýreder. Bu aý siz üçin gowy aý bolar.
Eset (Лев) 23.07-23.08 Esetlere özleriniň ukyplylygyny başarjaňlygyny görkezmäge wagt ýetdi. Işde we söýgüde üstünlikler hemraňyz bolar. Siňiz ähli işde ýolyňyz açyk. Aýyň ikinji ýarymynda siz pul bilen baglanşykly meseleleri çözeniňizde kynçylyklar bolmazlygy üçin tygşytlyrak boljak boluň. Garaşylmadyk ýerden çykan çykdajylar sizi aljyratmaz ýaly bu döwür özüňize zerur hasap etmedik zatlaryňyzy satyn almakdan saklanyň.
Sünbüle (Дева) 24.08-23-09 Awgust aýy siziň üçin dynçlyk aý bolar. Siz bu döwür gezelençlere, deňize gidiň, özüňize dynç beriň. Aýyň birinji ýarymy we üçinji ongünliklerinde siziň kalbyňyza sussypeslik aralaşyp siziň töweregiňizdäkilere bolan garaýşyňyz, olara bolan garaýşyňyz sowaşar. Hiç zady göwnüňize almaň göwniçýkgünlige ýol bermäň. Gaýtam tersine göwnaçyjy şagalaňlara gatnaşyň, dükanlara aýlanyň. Göwnüňiziň islän zadyny satyn alyň. Kalbyňyzdaky galagoplulyk ýuwaş-ýuwaşdan aýrylyp gider.
Mizan (Весы) 24.09-23-10 Mizanlar üçin bu aý düşümli aýlardan hasaplanylýar. Siziň bir-iki aý mundane öň düýbüni tutan işleriňiz miwesini berip başlar. Siziň ähli işleriňizi amala aşyrmaga mümkinçilikleriňiz bar. Pursatdan peýdalanyp arzuwňyzyň hasyl bolýan döwründe hereket etseňiz haýyr bereket taparsyňyz. Işde, söýgide, maşgalada, döredijilikde üstünlik hemraňyzdyr. Şeyle pursatlarda dogan garyndaşlaryňyza-da kömek bermegi unutmaň.
Akrap (Скорпион) 24.10-22.11 Siziň durmuşyňyzda ýylyň iň bir amatly çagy dowam edýär. Häzir siziň maddy ýagdaýyňyzam ruhy ahwalyňyzam ýokary göterildi. Siziň bilen işleşmek siziň ýoldaşlaryňyza-da ýaraýar. Siz bu günler haýsy işiň başyna barsaňyzam ol aňsatlyk bilen biter. Siziň çekyän zähmetiňiz diňe size däl, eýsem töweregiňizdäkilerede köp peýda getirer. Aýyň ahyrynda durmuşyňyzda kiçiräk üýtgeşmeler, aladalar ýüze üykyp işden eliňiz sowamagy mümkin. Sonuň üçin maksadyňyz bolsa, ony aýyň soňyna çenli bitiriň
Kowus (Стрелец) 23.11-23.12 Awgust aýy kowuslara köp täzelikler getirse gerek. Aýyň ilkinji gününden başlap işiňiz şowlap başlar kiçirak şowsuzlyklara bolsa üns bermäň. Döwlet işinde işleýän kowuslar täze işe geçmäge, wezipesinde beýgeltmäge mümkinçilikler dörär. Maşgala, söýgüde ýakymly täzelikler bolmagy ahmal. Siziň tanşlaryňyzdan biriniň ýakyndan goldaw bermegi bilen siziň ykbalyňyzda uly özgerişik bolup geçse gerek.
Jedi (Козерог) 22.12-20.01 Tiz wagtdan siziň üçin ösüşler döwri başlanar. Siz eýýäm awgust aýndan başlap durmuşyňyzda tötänden bolyan wakalaryň ykbalyňyza täsir yetiryandigini duyup başlarsyňyz. Bu dowürdäki söýgi, dostlyk gatnaşyklaryda berkäp, toý sähedini bellemäge mümkinçilikler açar. Işewür adamlar bilen duşuşyklar bolup ondan özüňize peydaly netijeleri çykarmagy başararsyňyz. Umuman awgust aýy size durmuşyň ähli ugurlarynda gowulyklar garaşar.
Daluw (Водолей) 21.01-19-02 Awgust aýynyň gelmegi bilen size uly girdeji garaşýar. Bu döwür söwda bilen meşgullanyan daluwlaryň gapjyklarynyň galňamagy ahmal. Söýgi we dostlyk gatnaşyklarynda täze tanşlyklar dörär. Aýyn ahyrynda daluwlar dynç almak, janyna aram bermek gerek. Bütün aýyň dowamynda syýahatlara, gezelençlere, görme-görüşe giden, daluwlar üçin öýde dynç almak hemme zatdan ýakymly bolsa gerek.
Hut (Рыба) 20.02-20.03 Hutlar üçin bu aý adaty ýagdayda geçer. Işde, öýde, durmuşyň beýleki babatlarynda-da asuda bolar. Bu ay size pul girdejisi gelmegi ya-da pul bilen bagly mesele çözmeli bolmagyňyz ahmal. Eliňize duşen lomaý puly tiziräk maşgalaňyz üçin sarp etjek boluň, yogsam dereksiz zatlar üçin sowmagyňyz mümkin. Siz bu aý özüňizi erkin we hoşowagt duýarsyňyz. Şol pursatlaryňyzda töweregiňizdäkilere-de kömek bermegi yatdan çykarman.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Chynar 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

bu zatlara ynanyandygyna

bu zatlara ynanyandygyna garsylygyma yok! her kimin oz isi.
telpejik bolsa yaltanman yazanyn ucni! :)Chynar K.

Quote: Jedi

Quote:

Jedi (Козерог) 22.12-20.01 Tiz wagtdan siziň üçin ösüşler döwri başlanar. Siz eýýäm awgust aýndan başlap durmuşyňyzda tötänden bolyan wakalaryň ykbalyňyza täsir yetiryandigini duyup başlarsyňyz. Bu dowürdäki söýgi, dostlyk gatnaşyklaryda berkäp, toý sähedini bellemäge mümkinçilikler açar. Işewür adamlar bilen duşuşyklar bolup ondan özüňize peydaly netijeleri çykarmagy başararsyňyz. Umuman awgust aýy size durmuşyň ähli ugurlarynda gowulyklar garaşar.

Toy sahedina bir yyl on bellap eyyam tutdygam welin, yone Avgustda ishe girdim ve, 3 ay son aylyk yuzi gordum, shu men uchin gowy waka bolaymasa::))))

Kopurajigem weli her kim

Kopurajigem weli her kim ozuninkini okarda :))

Ay jigim birgun senin

Ay jigim birgun senin gulajigindan chekmeli oydyan:)

Sen haysysy bolyang?

Sen haysysy bolyang? Doktora gitmeli diyyami seng üçin?! :)

Belki Psihologa gitseng gowy bolar :))
Gyz doganymada şeyle diyidim :)) meni kowalamaga başlady...

DOST SENA GÖRSEM MENEM

DOST SENA GÖRSEM MENEM DEPJEK,ARSLAN BN BİÇEDE DEPMEKÇİ ÖÜNDEN AYDAYYN:d

......................buda geçer.......................

Gadyr aga her yerde meni

Gadyr aga her yerde meni chakyp galyanyzay sizem. Indi meni oldurayjekmi ynanyanym uchin. Hemme yerine ynanamok mysal uchin: “shu gun siz oyden chyksanyz betbagtchylyga uchrarsynyz” diyilip yazylgy bolsa men oyden chykmaga gorkup titirap oyden chykman otyramok. Onun yaly manyda dal hemmanizem diyipsiniz hasyetnamasyna ynanyan son yene-de kawagtlar her ayynkyny okap goryan koplench gabat gelya. Mysal uchin awgustynkyny men ol ay gecheninden son okadym gabat geldi kop zady.
Annaguly gowja psiholog tapamok tapsam shu gunun ozunde gitjekle.

Seni oldurip bolayasi

Seni oldurip bolayasi yok-la:)

Dozsem-a oldurerdim welin:) haha:)

leyli gaty gorme yone bular

leyli gaty gorme yone bular "pal"a girya.. sen pala ynanyan bolsan biljek dal yone bizin başymyza geljekleri yıldızlar çozenoga..

men bilgic:D

men bilgic:D

Akgul barde gaty gorer yaly

Akgul barde gaty gorer yaly zat yok yone pal bilen denaninde yalnyshmasam taleynama ylymyn (astralogiyan) usti bilen bilinyan zatlar. Men hich wagydam ykbaly yildyzlar chozya diyip pikir edemok dineje umumy kabir zatlarynyn gabat gelyandigini aytjak boldym. Onde birinin diyishi yaly taleynamany okap “aha bu gun mana pul dushyan eken wurreylyk” diyip uchayjak bolup ayagym yerden galanok :)) Men hemme aydylanlar 100% dogry diyemoga.
Ine mysal uchin Resul aga ishe giripdir osush dowri bolupdyra. A toy sahedi siz uchin bolmasada belki bashga shol yildyzda dogulanlar uchin bolandyr.

Asmanda yerlesen gok

Asmanda yerlesen gok yyldyzlary
hayrana galdyrar akly-duzleri
taleyini yyldyzlardan agtarma
cunki sergezdandyr olan ozleri.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

mena taleynama ynananamok

mena taleynama ynananamok dine hudaya ynanyan!

Aslynda menem butuki zatlara

Aslynda menem butuki zatlara ynanyp baramok. Yone bir yerde gabat gelse "radi interesa" okayan.
PS. Goshadyrnagyn ichindakini turkmenche gelshirip nahili yazjagymy bilman yazdym. Bah dil bilimim sheyle pesmika?

------------------------------------------------------------
Bu gün bolmasa, ertir bolar!

yokla dil bilimin

yokla dil bilimin pesliginden dalde, kabir jumlelerin basga dilde aydylanda has dusnukli bolyandygynda.
in yonekeyje mysal: koroce, konecno
Chynar K.

Koroche - Gysgacha ya-da

Koroche - Gysgacha ya-da "Gepin tummek yeri"
Konechno - Elbette...

"Elbette" turk

"Elbette" turk sozi-->turkmenche "elbetDe"
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Hava, men yalnishipdirin,

Hava, men yalnishipdirin, yone men
shol sozi Turkche'de ulanamok, yagny
turkchesine ovrenishenim sebapli yalnishmadym,
ulanmayan zadyna ovreniship bolmayar, yone
harp yalnishi gitdi.

omar hayyamyng yaşan dowri

men yakynda omar hayyam hakynda Amin Maoluufyng Semerkent diyen kitabyny okadym ol şol yerde Malik şa yyldyzlang üstü bilen yagny taleynama bilen haysy işi etse gowy boljakdygyny aydyp beryar. doly bilaymedim welin şolara münejjimler diyilayyar oytyan. ondan başgada ol kitabyng gahrymany Haş-haşiler terorçylyk biriliging başy bolan Hasan Sabbah hem etjek işlerinde Omar Hayyamyng yyldyz pallaryna yorite yer ayyryar. mena şol kitaby okamdan song çalaja şol tema üns berip başladym. Zaman gazyetinig hepde songy sanlarynda(türkiyede) yorite her hepde barada her kişing yyldyzy barada yazgy yazyarlar welin intega dogry chykanok. ay onsang hem name indi Omar Hayyam yaly astrologlar galdymay:)

Ahmal omar hayyamyn uytgesik

Ahmal omar hayyamyn uytgesik bir ukyby bolandyr.
bu barada Kerim gurbannepesowyn gosgysynda

...HAY-dan son YAM bolsan hijemle welin
WAN bolanyn ucin mynasyp dal sen....

diyip Omar Hayyamy tapawutlandyryar.

Chynar K.

Bäh, täleýnama diýilse,

Bäh, täleýnama diýilse, men hem “kysmat” baradamyka diýipdim, däl ekenow
Men Leylii-niň açan “daşlar” blogyny hem okadym. Gadyr aganyň bu babatda “güýçlilere goýma” ýazgysyny okap, girmedimem onsoň şol ýere. Aslynda, Leýlii hem örän janygyp ýazan ekeni-le, hatda, umuman ynanýanam ekeni.

Şu blogdaky täleýnama boýunça, agzalaryň aglabasy ynanmaýanyny aýdypdyrlar. Men hem şolaryň hatarynda. Täleýnamadaky ýazgylara seredip, begenip gynanmak nädogry pikirimçe. Ynsan öz ýaşaýan gününe seretmeli. Geçen günler, barybir, geçipdir, kynçylyklaryň geçenine begenmeli, olary pikir edip, gynanmaly däl. Geljek günler hem entäk gelmändir, kim bilýär, ol günler gelýänçä, biz baky äleme göçüp gideris. Diýmek, ynsan şu gününe diş-dyrnak bolup ýapyşmaly we iň gowy ýagdaýda ryzyk agtarma, her iki älemde bagtly bolmagynä sebäp boljak amallary ýerine ýetirmeli. Geljekdäki kynçylyklara ýa “baý bolmaklyga” hem-de geçmişdäki kynçylyklara we gowulyklara görä pikir-oýa batyp, gamgyn ýa şat bolmak däl-de, elbetde, bugüniňe görä hereket etmek iň dogrusy, ýogsam, bar güýç we sabryňy geçmiş we geljekdäki wakalara dagadyp, bugüniňe hiç-hili takatyň galmasa, anha, şonda ynsan örän ejiz bolar, lagşar.

Şu täleýnamany gyzyklanma babatda okasaňyzam okaň welin, maňa galsa-ha, olam gerek däl, Leýliijigiň gulagyndan bolsa çeker ýaly dälmikä diýýän bu ynanyşy bn

PS: Dashlar blogyna-da goydum, her ikisinde-de shol bir mowzukdy, aktiw edeyin diydim!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"