Gadyr aga bilen sohbetdeshlik

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Bilşimiz ýaly, sahypadaky baha sany boýunça agzalarymyz bilen nobatma-nobat söhbbetdeşlik gurnap gelýäris. Bu gezek Gadyr aga gelip ýetdi.

Gadyr aga, sahypamyza soňra agza bolsa-da, örän çalt ysnyşdy we 2-3 sanysynyň daşynda köne agzalaryň hem ahlisini diýen ýaly geçip gitdi, ynanmasaňyz, ynha, şu ýere seredäýiň! Ol arada saý-sebäp bilen Marsa giidip gelse-de, has ymykly we ykjam bolup, täzeden sahypadaky ýazgylaryna dowam etdi :)

Gadyr aga häzir Gyrgyzystandan bu sahypa ýazýar. Hatda ol bu babatda aýratyb bir blog hem açypdy Gyrrgyzystan ady bilen. Özi Türkmenistanyň Mary w. Baýramaly şäherinnde ýaşaýar, orta mekdebi we Türkmen-Türk Mekdebini (1993-1999) şol bir şäherde okaýar. Soňra ol Türkiýäniň Izmir şaherindäki Ege üniiwersitetinde bilimin dowam etdirrip, 2005 ýylynda şol ýerden uçurym bolýar.

Gadyr aga Baýramaly TTM adyna Türkmen dili we edebiýaty olimpiýadalaryna gatnaşýar. Şol sebäpli-de onuň şahyrana köňli we ruhy bar! Ol, aýratynam, Türk dilinde köp şygyr ýazan bolmaly. Ynha, bu babatda şu ýere seredäýiň!

Gadyr aga tomus2007 duşuşyklary barada-da örän ýerlikli we jaýdar pikirdir ýazgylara eýe, ynha, munyň üçin şu ýere seredäýiň! Hatda:

Quote:

1. Gun tertibi onunden belli bolmaly. Hachan bashlanyar? Nachede? Nirede?

2. Anyklamaly meseleler belli bolmaly? Meselem:Yetimler barada name chareler edilmeli? Pikirler nahili?

3. Chykysh etjek agzalar belli bolmaly? Kim haysi mowzuk ady bilen name barada nache wagt gurlemeli?

4. Tmolympiad'yn gelejegi barada taze proyektler bellenmeli we bu barada pikirler ara alnyp maslahatlashylmaly..

We sh.m.

diýen ýazgysy munyň aýýdyň şaýady!

Galan zatlary Gadyr aganyň özüne sorap öwrenäýeliň!

Hawa, onda sorag soramaga başlabereliň!

Sag boluň!

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ilkinji sorag

Ilkinji sorag menden:

1- Gadyr aga, haçan öýlenmekçi?
2- Näçe dogan siz?
3- B-aly TTM-da seni iň begendiren we iň gynandyran wakalar bar bolsa ýazaýsaň!
4- TM dili we Edebiýaty olimpiýadalaryna nädip taýýarlyk görýädiňiz we oňat orna mynasyp bolduňmy?
5- Gyrgyzystanda näme edýäňiz häzir?
6- Ege üni-de haýsy bölümi gutardyň?
7- Iň halaýan(hobi) we iň halamaýan(fobi) zatlaryň?
8- Hydyr agalar bn tanyşlygyňam bar ekeni, azyrak gürrüň beräýseň!
9- Geljekki maksatlaryň?
10- Agzalara maslahatlaryň?

Häzirlikçe bular, beýlekilere-de sorag goýaýyn-a :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hmm

1.Bashda siz oylenmeli Ata aga.

bar soraglary men berip

bar soraglary men berip gutaraydymmy ya, bashga soragy bolan yokmy :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hany

hany suratlarynyzzz???

......................buda geçer.......................

:)

:)

ata wrote: 1- Gadyr aga,

ata wrote:

1- Gadyr aga, haçan öýlenmekçi?

Indiki tomus nesip bolsa..

Baybow!!!Gelneje gowy nahar

Baybow!!!Gelneje gowy nahar bishirip bilyandir herna:)bizim toya chagyrawerin.

Entek sudury hem yok-la ol

Entek sudury hem yok-la ol gelnejanin..:) Sudury peyda bolanda shol bada sorarin nahar gowy bishirip bilyanmi diyip senin uchin:)

TMOLYMPIAD-2008'i toyda ederis nesip bolsa:)

Indi sudury bir bar dalmi?

Indi sudury bir bar dalmi? sowgatlary yignaberelimi?

GaraDag jan, nireden kellane

GaraDag jan, nireden kellane gelday bu sorag, bir ysharat zat gordunmi :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

yokla,yone tomus yakynlashyp

yokla,yone tomus yakynlashyp gelyar,shondan diydim.

ha-ha-ha:) senem

ha-ha-ha:)
senem gülkinjeý, tomus diý, ýetginjek diý, toý diý,.. :)
Hawa, menem oňa yrssarapdym öňüräk özümden öňürtmegi üçin:) Şonda ol maňa:"...birini tapdylar, agam bn bile ýa-da agamdan 2 aý soňurak men hem toý ederin, ýöne sudurynam bilemok, baryp göräýmesem..." diýen ýaly edipdi. Soň soradym: "suduryny/suratyny gördüňmi?" diýip welin, beren jogaby şu boldy, ynha, gepleşigimizden az bölegi:

-Salam Gadyr akga!
-Waleýk salam, ata akga!
-Neme, hany, sen maňa öýlenjek diýipdiň, netije näme boldy?
-Haçan diýdim?
-Hool, öňüräk!
-Waý, gyz ýog-a!
-A-how, inim, hany, "bar biri, ýöne suduryny bilemok" diýipdiň?!
-Aý, agam, men degişipdim-how :)
-Wah, seniň degişmäň gursyn:)

....

Aý, garaz, Gadyr aga ýalylar degişende-de men sada çopan onuň "ýalan sözlejegini" gümanam etmeýärdim. Türkler aýtmyşlaýyn:"Ynamdar dagyma gar ýagdy" bolaýdy :))

PS: Gadyr akga, ilkinji görşüňde meni tükgerdäýesiň ýog-a?!
:))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ha ha

ata wrote:

ha-ha-ha:)
sen maňa öýlenjek diýipdiň, netije näme boldy?

name boldy Gadyr aga indi ata agany aljak dami:)

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "haha, nirde yok zady tapyan-ay :)))"
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "beyle güldürmehow:)) komp.yn önunde yekeje özümi samsyk yaly gülüp otyryn:))"

kyn-ow:) ýene 2 gezek,

kyn-ow:)
ýene 2 gezek, aşakdaky durubersin:)
muny pozaýyň, jogapkärler :)

bäh, indi senem menden

bäh, indi senem menden säwlik tapan bolup başladyňmy :)

şol ýerde: "maňa birwagtlar öýňüzdäkileriň seň üçin bir gyzy tapandyklaryny we oňa öýlenmekçidigiňi ýaňzydypdyň-a?!" diýen manyda ýazylan, gepleşikde goşa dyrnagy ulanmandyryn, muňa düşünmedik bolsaň, onda men seň düşünip biljek ýagdaýyňda düşündirme ukybyna eýe däl-dä, jigim:)
Aý, göreniň bir obaly çopan, şäherli bir gyza nädip zat düşündirsin, wah, kolhoznikleriňem güni kyn-da :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

manga hokman palow bidhirip

manga hokman palow bidhirip bermilidir
______________________________________
Live in the present, not in the past

sen mary ttm ucurimi dalmi

sen mary ttm ucurimi dalmi name? Belkam sen ony tanayansin..:)

men ony asb-daki ttm-den

men ony asb-daki ttm-den uçurym bolanyr öýdüpdim, däl ekeni, Maryňkam däl, gysgaça, hiç bir ttm-den däl, sebäbi, türkçe bilenok ekeni :)
"Tak çto", ol geljekki gelnejäni tananokdyr:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Garadag men soradim!

Garadag men soradim! Bishirip bilyana diydi oz-a..:)

eý, ýaman çalt

eý, ýaman çalt ekeniň-laý, maşallah:)
2-3 hepdede birini tapyp, eýýäm nahar bişirýäňmi diýibem sorap ýetişipsiň:))

Haçan toý?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

calt bolarmay? Bu blogun

calt bolarmay? Bu blogun acilanina, bu soraglarin soralanina eyyam barip 1 yil bolup gecdi..:)

PS: Ata aga men aydipdim oynajak dal, sanga garashjak dal diyip.. Goreli hani hacan toy ederkak.. Poka belli dal.. Belli bolanda GUK diyeris-da..:)

neme, sen tm barýarkaň

neme, sen tm barýarkaň ýokdy, a indi bar, geçen wagt näçe, 3 hepde. Şol wagtyň içinde tapypsyň - bulam çalt bolýar diýdim-how :)

Menden öň toý edäýmeseň sen pälwan :)

Baýram bn gyýbatedýäs arada:" "dawaý", toýy bir aýda, 1 hepde aralyk bn edeli, seň toýuňda men ylgaýyn agzalar üçin, meňkide sen ylga, bärigem yglan bereli" diýip :))Isleseň, senem goşul bize :))

Indiki ýyl Awgust aýy nähili :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ey Gadyr aga, bagyshla welin

Ey Gadyr aga, bagyshla welin sen oylenen dalmidinay? birden sozun arasina girdim welin ayiplashmaeri how :)

Ata aga men unv.i 2005'de

Ata aga men unv.i 2005'de gutardym.. Sizden 3-4 ay son geldim T-stana.. Yadiniza dushenokmy?:) Yone men gelyancham siz eyyam gidipsiniz UK tarapa.. 1999 dekabrynda gorushipdik siz bilen ing sonky sapar.. Bizin kulbamize gelipdiniz Izmirde.. BTTM-98'liler bolup uyshupdiniz oz-a shonda bizde..:)Gurbuz Kocoglu gelipdi guycli mugallymlarymyzdan..

Men ol wagtlar eyjejik chagajykdym:)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! bagyshla, yokardaky sawlik duzediler!"

wooooooooooooow hokman

wooooooooooooow
hokman cagyryn cagyrmasanyzam geljeeeeeeeek

......................buda geçer.......................

Hokman chagyraryn:) Barybir

Hokman chagyraryn:)

Barybir chagyrmasamam geljek bolsan chagyryp goybererin-da:)

ata wrote: 2- Näçe dogan

ata wrote:

2- Näçe dogan siz?

Biz 6 dogan.. Men ikinji. Menden uly agam bar. Uc gyz uc oglan.. Bizde denglik bar:)

ata wrote: 6- Ege üni-de

ata wrote:

6- Ege üni-de haýsy bölümi gutardyň?

Ege Unv. Iletisim Fak. Halkla iliskiler ve tanitim.

Ay men-a soranlara jurnalist diyayyan.. Turkmenlere bu bolumi dusundirip hem bolanok.. Yone orsca Specalist Piar diyilyar oydyan..

ata wrote: 4- TM dili we

ata wrote:

4- TM dili we Edebiýaty olimpiýadalaryna nädip taýýarlyk görýädiňiz we oňat orna mynasyp bolduňmy?

Aslynda menin turkmen dili edebiyat sapaklarym olympiada gatnashan wagtlarym kan gowy daldi. Yone bizin dil edebiyat mugallymymyz Garyagdy mugallym meni name uchindir ayratin gowy goryardi. Men-a kan halamokdym sheydip adam saylayanlary welin ay bor-da.. Menin yone duzmelerim beyannamalarym belki gowy bolyardy beylekiler bilen dengeshdireninde.. Shol sebapli-de meni aldylar olympiada.. Ol olympiada-da duzme chykmady.. Men yelk yelk bolup bardym selk selk bolubam yzyma gaytdym:)

Shatlyk durdugylyjow (HTTU-2003) bilen Batyr Geldiyew (Malayziya-2005) gatnashdy menin bilen.. Olar ana okdedi..
Hatda Shatlyk okuwyn sonlarynda okap jan edip duzmede meni yengdi.. Ol dyrjashdy a men bolsa yatipdim shonda..

Grupba bolup 3.nji bolduk. Birinji Mary, ikinji Kerki bolupdy. Nachenji yildigi takyk yadimda dal. Dogrudanam 99 yilda bolaymasa..

ata wrote: 8- Hydyr agalar

ata wrote:

8- Hydyr agalar bn tanyşlygyňam bar ekeni, azyrak gürrüň beräýseň!

Ay menin ol beyik adamlar bilen kan tanyshlygym yokdu-la.. Yone jurnalist=mahabatchy (!) bolamson okuwy gutaryp 2005 yilda ilkinji baran yerim ZAMAN gazetidi. Hydyr aga bolsa shol yerde bolyardy koplenc. Bir-iki yola gurrundesh bolup gordum yone o diyen dal.. Meni gorse belki-de tanamaz..

Yone gaty hormat goyyan ozune.. Ozune kan bildirmesemem:)

hmm

menem baryan toyaaaaaa!!!!!

Senem gel senem gel.. Asyl

Senem gel senem gel.. Asyl sen gelmesen men gaty gorerin..:)

Annang toyi yali dal yone, haly yali sowgat zat gerek daldir..:)

hay

hay yerceken
:))))))))

......................buda geçer.......................

Gadyr aga

Gadyr aga, beýleki soraglara-da jogap berewer?:)

Üns bilen (uly gyzyklanma bilen) okaýan.

Sagbol Shol aga wii Jonnuk

Sagbol Shol aga wii Jonnuk aga:)

Unsun uchin elbetde.. Nesip bolsa dowam ederin..

son siz gyrgyzda name iş

son siz gyrgyzda name iş etyaniz
jurnalistmi???

......................buda geçer.......................

Yok jurnalist dal..:)

Yok jurnalist dal..:)

tapawutlar. türkmenler we gyrgyzlar.

gyrgyzlaryň we türkmenleriň esasy aýratynlyklary barada aýtsana.

oturyşy
turuşy
naharlanyşy
işleýşi
dynç alyşy
gaharlanyşy
gülüşi
geýnişi
ýatyşy
ölüşi...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Bolsa-da shu gyrgyzlar

Bolsa-da shu gyrgyzlar barada siz yaman bilesigeliji aA aga! Birhili unsumi chekdi:)

Ay bu zatlaryna-ha uns bermedim kan.. Yone gyrgyzlaram turkmenler yali adaty ynsanlar-da..

Aslynda yaman chun manyly sorag bu..:)

gymyz içdinizmi nahiliki

gymyz içdinizmi
nahiliki zat
:D

......................buda geçer.......................

Ay agalar ichme diydi..

Ay agalar ichme diydi.. Menem ichmedim, nahili zatdygyny bilemok..:)

men

men icdim
:D

......................buda geçer.......................

ata wrote: 5-

ata wrote:

5- Gyrgyzystanda näme edýäňiz häzir?

Ikinji unv. okayan. Bu yerde ikinji unv. okanynda eger birinji diplomy gorkezsen shol bada 4. kursdan bashlap bolyar. Yagni 4 we 5'i okap ikinji diplomy hem alip bolyar. Yone elbetde birinji unv. bilen sapak yagdayina zadyna seredyarler..

Garaz 1-2 yil yene barde hazirlikche.. Yone ozum-a ondanam kop bolarmykam diyyan..

Onun dashyndan ishleyanem..:)

ata wrote: 3- B-aly TTM-da

ata wrote:

3- B-aly TTM-da seni iň begendiren we iň gynandyran wakalar bar bolsa ýazaýsaň!

In begendiren waka 1994-nji yilda meni Turkiya gezelenje alip gitdiler. Shol bolaymasa.. Yaman begenipdimay shonda.. Pah.. Hazirem yadimda.. Ol wagtlar 5-nji klasy gutaran oglanjikdim.. Yagny turk mekdepde 1 yilini tamamlan okuwchy.. Ilkinji sapar uchara munmek, dashary yurda gitmek zat mana yetip bolmajak bagt yali gelyardi..
Shonda chaga yuregimde sheyle diyenim yadima dushyar: Bu yurda hokman okamaga gelerin..:)

bah... in gynancly name

bah...
in gynancly name we
TR-dekaniz bu yagdaylar nahilidi...?

......................buda geçer.......................

TR'de ilki baran yillarimda

TR'de ilki baran yillarimda yagni 1999 guyzunde ilki kredi yurtda yagny obshagada bolduk. Ol yerlerde-de onatja akillija agalaryn otagynda bolduk. Ay bir yerlerden tapdilar bizi.. Fatih Arikan diyip biri bardy. Ege matematika'da okayardy. Gowja agady welin menden 1-2 yash uly we heniz gogelidi shol wagtlar. Birhili janymy yakyardy.. Muna birgun erbet degdim.. Sheylerak:

Otagda chay ichip otyrdyk. Menden bashgasy kitap okap otyr. Bashga-da iki sany hakiki aga bar otagda. Menem yerimden turup ol Fatihe yuzlenip chay guyup bereyinmi agam diydim.. Birhili eginleri ginan yali boldy. Hasam gaharym geldi. Guy diydi. Guydum. Yaniniza-da getireyinmi diydim. Getir diydi. Hasam gahara mundum. Ay yok ozum alaryn diyayjek yali welin getir guy diyen bolya-da.. Shekerem goshayinmi bulap bereyinmi diydim. Olam 2 chemche gosh we bula diydi. Ay senem name diyse.. Ay garaz sheker goshdum buladym. Eltip onunde goydum. Yuzume seretdi sagol gardash.. Birhili eginlerini hekgerden bolup.. Menem yuzune seretdim-de hoshamaylik bilen:
Agziniza-da koyayimmi abi? diyip goyberdim.. Otagy sarsdyryp gulendirin-a..

Yone hayp otagda menden bashga hickim gulmedi.. Agalar oz aralarynda manyly seredishdiler dinge..:)

Shu waka uchin son yaman gynandym..

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • el_mariachi 1 telpek goyyar we yazyar: "hahaha gulup oldumay koyaynmy...wahaha"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! :))"
  • mc_merw 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaýtalaýynmy diýmediňmi ?"

In gynandyran waka.. Men

In gynandyran waka..

Men turk mekdepde hemishe mekdep horuna gatnashyardym. Yagny jemlenip uyshup gimn zat aydyardik. Shonda sonky yillarimda bashtutan Ahmet Kotil diyen biridi. Bilyanler bilyandir ony. Ol geldide fizika otagynda isleg-arzuw gutusy doretdi. Islan zatlarynyzy yazip bilersiniz diydi. Hickim azar bermez, kimin yazanini zadyny hem yzarlajak bolmaryn. Bu zerur zat eyleki beyleki garaz erteki otaryan ekeni-da:) Mengem bir zada janym yanyardy shol wagtlar. Horumyz gaty bitertipdi. Ses kadasy yokdy. Birininki inche, birininki yogyn, ay garaz ustunde ishlemeyardi ol adam. Mary TTM geldi welin bay gowy aydyardilar. Sholary oran agyr bir dil bilen yelmedim bir kagyza we okladym shol isleg arzuw gutusyna.. Ay gaharyma bir sogmedim oydyan shol kagyzda..

Ertesi bir tupan turdy mekdepde.. Ahmet Kotil bir gygyryar, hemle uryar kim yazdy shony zat diyip. Ichimden diyyan ay namang name edeyin hany idejek dal diyipdin-a zat diyyan.. Gaharym gelyar, ozem gorkyan oler yali, chagajyk ekenim-da..:) Shonda-da akillija ish edipdirin.. Hatimi uytgedip yazipdim.. Synp synp aylanip hemmelerin el yazgilarini barladylar tapyp bilmediler. Menem dillenmedim.. Menin yerime BTTM 97'lerden Abdylla Jumalyny tutdylar. Olam bir gorenimde daljygyp bir aglayardy shol wagtlar. Duran tohmetdi-da..

Yillar son Abdylla aga bilen bu wakany guluship gurrun edip oturdyk kop.. 2005'de abada gelayen gunlerimdi oydyan.. Otunc soradym welin, olam bagyshlar yali zat yok hemme zat gowy diydem welin shonda dillenmanime yaman okundim.. Shu bolaymasa ing gynandyran waka..

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

hmm

Hany Gadya dayi aytda sol sudury yok gelnejani tapmaga wagt tapmadynmy şeyle??
tizrak oylensen bizem gidip toyunda joşsadyk :P

7-nji sorag

Gadyr aga 7-nji soraga jogabyňyzy tapyp bilemok?

Beh menem tapyp bilemogay

Beh menem tapyp bilemogay shony.. Nirdekanayt ol?:)

Entek jogaplamadym-a Jonnuk aga!

ata wrote: 7- Iň

ata wrote:

7- Iň halaýan(hobi) we iň halamaýan(fobi) zatlaryň?

In halayan zadym.. Beh.. Hic wagt bu barada pikirlenip gormandim ong.. Pikirlenendirin belki yone shonda-da uly pikir deryasina batyrdy bu sorag meni.. Shonun uchinem Jonnuk agany garashdyrdym..

In halayan zadym Wagtymy chagalar bilen gechirmek.. Ay yash tapawudy yok 1 yashyndan 13-14 yashlaryna chenli bolaymasa.. TR'de de shol keselim bardy. Stipendiyamin agramly bolegi apartmanyn onunde oynayan chagalara suyji alyp bermege gidyardi kawagt. Olar yaman arassa tamiz bolyalar.. Shol mana gaty yarayar. Akillarindan hijem erbet pikir gechmeyar. Biri-biri barada erbet zat etselerem dusundirsen derrewjik yalnishlaryndan danmani basharyarlar.. Ertirden agshama chenli olar bilen guluship gurrun ediship otursamam yadamok..

Yene bir unsumi cheken zat: chagalar ululardan mahire garashyarlar, soyga garashyarlar, unse garashyarlar.. Ulularyn olara uns bermegini isleyarler, wagt ayirmagini isleyarlar.. Shona garashyandiklarini belki ozleri-de bilmeyarler yone sheylerak.. Ikinji dususikda dagy atlary bilen chagyraysan begenjinden (hayp) iki bolup bilmeyarler..

Shonun uchinem mana kawagt chaga yali diyseler begenyan.. Olar yali bolup bilsem armanim yok-la..:)

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • el_mariachi 1 telpek goyyar we yazyar: "hasiyetinize mena kan caga halamok:("

ata wrote: 7- Iň

ata wrote:

7- Iň halaýan(hobi) we iň halamaýan(fobi) zatlaryň?

In halamayan zadym bolsa jedel etmek.. Pikir dalashyna girmek bolaymasa.. Yone gynansamam kop edyan songky dowur shol zady.. Garaz name uchin muny halamok? Adamlaryn gowunlerine degishlik bolyani uchin..

Aslynda in halamayan zadym belki-de adamlaryn gownune degmekdir..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

bah gadyr aga men

bah gadyr aga men tersimlay
kan gurlemega halayan adam dal welin jedel edilse name ucindir menem bolyan şo yerde...gowy hasiyete dal ozi..halayan oytyan jedeli..

......................buda geçer.......................

Aslynda men jedel edyarin

Aslynda men jedel edyarin yone taraplar gyzyshyp ugrasa.. Ya-da meselem yuzlerinden belli bolyar adamlaryn eger ne-to zat aytsan.. Sholar yali yagday bolsa derrew temany uytgetmek bilen bolyan men-a..

Onsonam jedellerde sese bat berilmegini halamok.. Menem hemishe milayim ahengde gurleyan..

Yone Bayramyn aydishi yali internetde men birhili uytgeshik bir sypatda.. Dogrudanam sheyle..

ata wrote: 9- Geljekki

ata wrote:

9- Geljekki maksatlaryň?

No comment:)

men

men jogaplayn!!
:):)

oylenmek
:))))

......................buda geçer.......................

ata wrote: 10- Agzalara

ata wrote:

10- Agzalara maslahatlaryň?

Bu barada ongki sohbetdeshliklerdaki hemme maslahatlary goldayarin..:) Aydara zat yok, goshara zat yok.:)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! hemme jogaplaryn ucin, minnetdar, Gadyr aga!"

11. Taze sahypa acypsynyz

11. Taze sahypa acypsynyz welin, kan guycli gornenok, name planlarynyz bar :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Bu soraga ducar bolan

Bu soraga ducar bolan adam, soragy sorandan has kop zat bilmeyar:)

Men üns bermändirin bu

Men üns bermändirin bu temanyň barlygyna.
Mendenem birnäçe soraglar Gadyr aga.
Entägem kitap okamak endigiň barmy?
Bar bolsa, şony nädip ýitirmän saklap bolýa? Özümä köpden bäri kitap okamok, indi kyn gelýä birhili...
Gyrgyzystanda işläp, Türkiýede işlemeýşiň sebäbi barmy?
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

1. Kitap okamak endigi gun

1. Kitap okamak endigi gun gecdigi sayi azaldy ilki.. Eyyam 2005'de unv. dynan wagtlarymdan bashlap.. Hazir gaty az yagdayda bar. Yone gaty az yagdayda..

Hic wagt unv. caglaryndaky yali kop wagt bolanok eken kitap okamak uchin.. Ylayta-da kitaplar bilen baglanisikli bolmadik bir ishde ishlesen.. Akademiki bir ishin bolsa mejbury yagdayda okayarsyn welin bolmasa kyn bolyar..

Jemil Oran biz Lise 3'dekak bir zat aydipdi: Unv. dowrunizde kop kitap edinin. Kitaphananyz bolsun.. Shol unv. dowrunde okamaga may tapmasanyzam sonra wagtynyz bolup biler.. Hemishe shu yorelge bilen yashadym unv. dowrumde.. Yone birhili basha barmady. Unv dowrunde okalmasa kitap sonra hijem okap bolmayan ekeni.. Mumkin bolsa-da kyn bolyan ekeni.. Garaz yagday sheylerak..

2. Aslynda men Turkiyada

2. Aslynda men Turkiyada galmagy planlayardym. Yone 2005 yilinda bir turk firmasynda 2 ay staj etdim. Logistika firmasy, yagni international transport. Shol firma meni TM ofisini achmak uchin biledimi zadymy alip hemme jogapkarchiliklerini ustume yuklap watanyma ugratdy. Sheylelik bilen gaytdym TR'den. Bolmasa gaytmakchy hem daldim. Hayirlisi-da.. Sonra abatda 1 yil chemesi wagtlap ol firmany temsil etdim. Bir business center'da mir'de ofisimiz bardy, yone yeke ozum ishleyardim. Firma bolup bir ihale (tender) aljak bolduk. Uly tekstil firmalarynyn biri bizin general manager'a soz beripdir. Shol esasda ofis acmak karary alnipdir. Tekstil firmasynyn ahli USA exportlaryny biz etmelidik. Bulam gunde 3-4 TIR ish bolyardy. Yone sonra ol textil kompaniyasi sozunden dandi. Bizem ofisi yapdyk.

Shondan son TR gitmek islemedim. TM'de-de yagday owerlikli dal. Teklip etdiler Gyrgyz'y kabul etdim we hazirem Gyrgyzda ygyp yorun..

Name uchindir ilki howes bilen okasamam jurnalistikany kan halamadym. Men management, business ishlerinde howesli birhili.. Shol sebapli kabir gazetlerden bolan teklipleri-de halamadym.. Garaz yagday sheylerak..

Surat kok

Vii, Gadyr suratynyzy hachan goyarsynyz?
Garashyp otyras biz:)

:)

ol goymasa, kone suratlaryny ozum goymakcy yakynda :)
yone .... :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

:)

VIi onda garashaly bugun agshama chenli. Goymasa Ata aga siz goyayyn.:)
nAME SHUNCHA VAGT Mister XXX bolup gezya

bu agsham ir bolyar-a, onun

bu agsham ir bolyar-a, onun suraty mailimde yok birinjiden-a, yagny, tapyp, scan edip goymaly, bulam in ir ertir oylan bolaymasa:)
ikinjidenem, ozunden rugsat alman suratyny goymak islamok, yogsam birwagt goyardym-la :)
Ucunjiden, ozi tazeje suratlaryndan goyjagyny yazypdy umumy sahypada, ensallah, wagty gysga bolar!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Surat goyjagymy aytdym

Surat goyjagymy aytdym hawwa.. Yone hachan goyjagymy aytmadym-a..:)

PS: Shugunler bashagay, taze talyplar gelyar barik, eylak-beylak ilgap yorun.. Aslinda elimde suratam yok, bolmasa scan edip goyardim.. Yakinda goyaris-da bizem..

Gadyr

Gadyr aga suradyn bulagaylap goyarmyn ya gonije goyarmyn )))

Ay men nazli kereshme

Ay men nazli kereshme dal-a:)

bildirya:) .................

bildirya:)

......................buda geçer.......................

Birem Gadyr aga jurnalist

Birem Gadyr aga jurnalist boldunyz zat:):)
Turkmenistanyn media-sy barada yada gelejegi baradaky gözyetmeliriniz,pikirleriniz

kitap çykarmak,jurnal çap etmek yada kitaphana gurmak,radio stansiyalary açmak,işletmek,Tv programmalarynyn geljegi...

Ösüşler,yza galmalar,düzeltmler,girizmeler..

ge.miş,bu gün we ertir baradaky teswirleriniz...???

......................buda geçer.......................

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Her sozlem uchin blog

Her sozlem uchin blog achsanam bolup dur..:) Yone birzatlar edip jogaplajak bolaryn-da:)

Men jurnalistikany kan

Men jurnalistikany kan halamok diyipdim oz-a welin..

Bu temalardaky pikirlerimin hemmesi taryh sahnasyndaky yerlerini aldy.. Eyyam gum basyp gitdi olary..

Yatan yerleri yagty bolsun!! Bimaza etmali..:)

Reklamalar baradaky

Reklamalar baradaky pikirlerimi ong yazipdim..

Kabir TV Programmalary

Kabir TV Programmalary baradaky pikirlerim bolsa ynha shu yerde..

Gadyr aga, gezeki

Gadyr aga, gezeki sende.
Tomus TM-da ha bolmadyn,yone tomus barada name pikir edyarsin :))

PS: men hem tomus T-da bolmamson, duyshumde-de tomus diyip gecyan oydyan :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Tomus tm'de yssy bolyar-a:)

Tomus tm'de yssy bolyar-a:) Yone kop tanyshlary gorup bolyar.. Hemmesi diyen yali dynch alisha gelyandikleri uchin..:)

gadyr aga in begenyan we

gadyr aga in begenyan we gynanyan zadyn:D:D:D:D:D:D:D

......................buda geçer.......................

Hmm.. bu tomus diyjek boldun

Hmm.. bu tomus diyjek boldun oydyan anna:)

Bu tomus meni birhili gynandyran zat bosh gechirdim wagtimi.. Begendiren zat bolsa...:) Haysi birini pylchasamkam:) In barkisi Mahri soz berdi galinda ugurlashjak gyz tapip bererin diyip:) Haha:)

svidaniyelerden başlaber

svidaniyelerden başlaber agam:D

......................buda geçer.......................

way

oho - oho oylenjeklerin spisogyny duzup bashlamaly oydyan yene-de owalam biri bardy welin ony fronda gidemde galypdyr bir yerlerde
yone birem owal diyipdi oydyan suratyny bulagaylap goyjagyny

[img]

yanyndakylar kim-ay, bary

yanyndakylar kim-ay, bary TM-mi ya yerli hem barmy?
bolsa-da TM sacagyn bashynda, cayneklije cay icip,.... :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

yaman uly boldulay ozum

yaman uly boldulay ozum gulup otyryn.. kicheldinsene gayrat edip shony:)

hemmesi tm..:) duyn mashgalali bir oglan selarlige chagirdi welin pursatdan peydalandik-da:)

Gadyr aga, TM'daki ineti pes

Gadyr aga, TM'daki ineti pes adamlara haypin gelsin how, mende-de saginip achyldyla ol suradyn :)))

Sizi selalige chagyran

Sizi selalige chagyran bolsa, suradyn ady name uchin "Sahur***" ? :))

hasir husur turup gaytdik da

hasir husur turup gaytdik da oz mekanimizdan:) Hasir husur diyjek bolandirin-da:) haha:)

barik agzamy olar? "Elinden

barik agzamy olar?

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

yok entek dal:)

yok entek dal:)

ata aga bulang ichinde gadyr

ata aga bulang ichinde gadyr aga haysy?

______________________________________
Live in the present, not in the past

iň çepdäki, aşakda

iň çepdäki, aşakda ýekelikdäki suraty hem bar, ahyryn?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ya gordum welin ata aga

ya gordum welin ata aga gyzlar yokmay ata aga mylayym dagy bir hili goresim gelyar

_____________________________________
Live in the present, not in the past

mail bn ibermedilermi saňa

mail bn ibermedilermi saňa duşuşykdaky suratlary?!
Ýok bolsa, men saňa derrew iberäýerin, mailiňi PM bn iberäý şeýle bolsa!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

gowdugyna men pahyra surat

gowdugyna men pahyra surat ugratyarlar hazir ugradaryn

_____________________________________
Live in the present, not in the past

men diňe gyzlar bolup

men diňe gyzlar bolup düşeniňizi iberýändirin, olam 2 sany bary-ýogy, galanlaryny meň açan blogymda goýupdyk, ýagny, umumylaryny, şol ýerden alyp bilersiň, jigim! Link:
http://www.tmolympiad.org/?q=node/3024#comment-66014

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hawa mengem dingeje gyzyl

hawa mengem dingeje gyzyl koynegim gorunyar
ata aga sho oturshykda siz gyzlara fotoparat berding gyzlar surata dushsin diyip olam bir suratda gum tap oshdi :)))

____________________________________
Live in the present, not in the past

Hakyky durmush! :)

Hemme zat gowy, yone biz Bishkekde okap ach yoris. Bize-de sheyle sahur berayselerda?(Jalda)
Ay borda biz owrenshdik, buda gecher. Iller RESTORANA gidyar(50$)
Sahur sheyle bolsa iftar nahili ka?
Shu sorag meni yatiranok.

Tuweleme

Tuweleme,
Maks, Tach, Yazik, Gadam siz adam bolmayanyz! Zhit edyaniz, a biz jalda ach olyaris. Siz Berekella. Gadir abide promah dal. Ay borda buda gecher.

----------------------------


----------------------------
Söz täsir etmese, taýak hem täsir etmez.

surata dushushinden nahili

surata dushushinden nahili sada oglandygy bellije bolup durmy, ha-ha, Gadyr aga, hic uytgemansin-ey :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

sach galmady:) uytgapdirin:)

sach galmady:) uytgapdirin:)

onsonam yoritelap dushmedim.. Bir seretsem garagollaryn biri alip otyr ekeni, yilgirip yetishdim dine:)

1'i gorkuzyp duran yalila

1'i gorkuzyp duran yalila Gadyr aga :))

P.S. agajan, senin goluna jogap: Dalini tayak yola salar :D

Biri gorkuzsa yilgiryanmy?

Biri gorkuzsa yilgiryanmy? :D
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Yuzi yilgirsa-da mena shol

Yuzi yilgirsa-da mena shol gozlerde gorky goryan, urulmak/olmek gorkusy dal elbette, yone shonda-da birhili bar gorky...

Ey mana "hor, hor" diyip at

Ey mana "hor, hor" diyip at dakyadylar welin(sholaryn birem Gadyr aga), suratdakylar, Gadyr agan ozem menden uytgeshik semiz dal ekenler.
Birem moonwalker at dakypdy, sona ozunem suratda gordum :), olam bir semiz zat dal ekeni.
Ine serdar01 "hor" diyse hich zat diymezdim :D

---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

serdar01 yashayarmay, salam

serdar01 yashayarmay, salam ayt how ona:)

Gadyr aga hor-lay, ozem yigra ekeni suratda gornushine gora, surata-da dushup bilenog-a sada pahyr:)

menin onki halym ediljek:)
indi men : hey, DJ, cykata-cykata, oh, yeah" bolup duryn-a durshy bn:)
Ozem semrapdirin oydyan, meni on tanayanlar biler-le:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Hany, nirede sen ?

Hany, nirede sen ? :)

Serdar01 shu tomus oylenipdir, toyunada chagyrypdyr onde yzda gorenini, Atamyrat aydypdy.

mana-ha aytmady ol:) meni

mana-ha aytmady ol:)
meni sorayanmy nirede diyip? Agzalaryn suraty-4 nlogynda bardyryn sonky 1 ayda dushen suratym:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hawa horluk-semizlik

hawa horluk-semizlik tarapdan-a (hazirlikche) biri-birimize menzapdiris Bayram:)

PS: Feya gyza suratdaki seni tanatjak bolup "horja oglan" diyenim yadima dushyar welin yadindan chykmadimay ol?:)

Hawa, men pahyr onem

Hawa, men pahyr onem semrejek bolup gaygy edip yorun :D
Onson meni gel-gel "Bayram suratdaky in hor oglan" diysen, hasam howsala dushdim :D Shondan bari ~2-3 kg semredimem. Allajan, oraza gutaranson, semremage dowam etmek planym bar :)
Yone bir Hadysa gora jennedin pylan gapysy darmyshyn, dine horlar gechyamishin :D Alla yolunda horalana dal, jennede dushmek yaly mumkinchiligem bolar oydemok, YONE BIRDEN dowzahda yanyp bolamson, jennede iberayseler, baryp gapydan girip bilman yza gaytmayin :D
PS chynymy aytsam, senin suradyny goryanchan yada salyp bilman yordum. Indi yadyma dushdin. Seni gormanime kim bilya 9-10 yil bolandyr....
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

gadyr aga gaty horlay, aşa

gadyr aga gaty horlay, aşa hoor

stena görnüp yatyra how:):):

......................buda geçer.......................

dertler horlatdy-da meni

dertler horlatdy-da meni anna:)

horlatdy we garratdy:)

Gadyr aga, yaman

Gadyr aga, yaman blatnoylay...

Duele chykan kowboy yaly ;-)
Arka jübinizde Colt barmy, yada Makarowmy?

---
DON'T WORRY, BE ZORRY!

blatnoy dal.. wank:)

blatnoy dal.. wank:)

Yaman hor, yaman tanyshlay

Yaman hor, yaman tanyshlay siz.
Balkanlymy?
Ata pistalet, Mammet shpagat, Anna bir zat, ... tanayanyzmy :-)

---
DON'T WORRY, BE ZORRY!

dogry aytyan biryerdena

dogry aytyan biryerdena tanyş:D

gapyrgasy dagy sanaymaly hor ekeni,b,r gün ismet ajykdy awyn gozlegne cykdy:):):):)

beyle agalar(gadyr aga yaly) horajyk azajyk tapylya:D

......................buda geçer.......................

birzat ediba sizi semretmeli

birzat ediba sizi semretmeli agam , in yakyn wagtda özem,öyermelimi namemi...:)

öyerelimay:D:D:D

......................buda geçer.......................

semremegin bashga arzanrak

semremegin bashga arzanrak yoli yokmay?:)

çykmak:):) size oylenmek

çykmak:):)

size oylenmek galayyan yaly:)

......................buda geçer.......................

gyzlara göryas,çaga

gyzlara göryas,çaga dogran mahallary aşa semreyaler,tüweleme...:)

......................buda geçer.......................

Kaka bol hany, senem görers

Kaka bol hany, senem görers :-)

---
DON'T WORRY, BE ZORRY!

hmm

bay boww Gadya dayiny beyle hor diyip name diyjek bolyanyzla :P ??

hor dalley :)

gel ne olursan ol yine gel...

Yekeje sorag

Sizi gyzlaryn okamagyna nahili garaqyarsynyz hem-de size gora gyzlar nahili bolsa gowy.Men umuman aydyan.Haysy tipdaki gyzlary halayarsynyz diymek isledim.

Way men mayang bu soragini

Way men mayang bu soragini gormandirin-a..

Wah mayagyz men-a gyz dannap durammok aslinda.. welin okuw asilli gyzlaryn gorkune gork goshyar imho..:)