Nadip bagtly bolmaly?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Yakynda gazetlerin birinde bir habary okadym. Shol habara gora ozuni bagtly hasaplayan yashlar % boyuncha gunbatar Yewropa dowletlerinde we Amerikada beyleki kabir garyp yurtlara garanda az ekeni. Meselem, hindiler we hytaylar ozlerinin geljegine umyt bilen seredyan ekenler, ozuni bagtly hasaplayan ekenler. On oydekam hindilere "shadiyan garyplar" diyilyanini eshidipdim :D
Sorag shu: Bagtly bolmak nama bagly? Durmushyn nahilisi adamy bagtly edya? Nahilisi adamy razy edya?
Menin az-kem pikirlerim bar, yone shu yerde yazyanlarym monologa owrulmesin diyip 1-2 gunluk soragy achyk goyayayin diyyan...

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Hm... shol yerde berilen

Hm... shol yerde berilen kesgitlema at dakasym gelip ichim gyjyklaya... Ay borlay, zat diymayin...

Ay senin azabyna at dakmaga

Ay senin azabyna at dakmaga chekinyan. Galyberse-de bagt yali filosofiki terminler adamdan adama uytgeyar. Yone senin ol yere yazan kesgitleman bashga belli filosoflaryn we bashgalaryn aydany...
PS Has uly kesgitleme uchin inglis wikipediada happiness diyip gozlan

Bayram senin ol yokardaky

Bayram senin ol yokardaky aydanyn (individualist, egoist)dogry, esasy sebaplerden. adam social barlyk. beyleki adamlara matac. sebabi adam dine bedenden ybarat dal, ruham bar, bularyn ikisini den derejede doyurmasan bagtsyzlyk duyulyar. men oz pikirlerimi aydayyn. adamyn tebigatynda bar bolan bir zat, yone her hili sebapden ozunde shol zat yokka sho zada gowushmak adamy bagtly edyar. bu biologiki(maddy) we ruhy matacliklerdir. adam nace ozune gowni yetse-de ejiz barlyk. her wagt ozune bir yerlerden komek gelmegini, arzuwyna yetmegi isleyar. bu zatlaram shol isleyan zatlaryny ozlerine berip biljek guycde bolan birine ynanmaga eltyar. ol Hindistandaky adamlaram sygyra-da bolsa, gurjaga-da bolsa bir zatlara ynanansonlar ozlerini bagtly goryaler. ruhlaryny bir shekilde tatmin edyaler, doyuryalar. gunbatarda bolsa has kop shol individualizm we muna sebap bolan materialist, rasionalist pikir garayyshlar yayran. shol olaryn kulturasynda sinen, chagalar sheyle environmentde dogulyar, sheyle ulalyar we shol aynegi son gozlerinden cykaryp bilenoklar ansat. sebabi kulturalaryndaky conceptler muna yol berenok. garaz gaty gin mesele. son taze cozumler gozleyaler, yone yene shol cercevede gozlansonlar yene kem bolyar. olar individualizme hemme adamlar ucin universal diyip pikir edyaler, shol pikirli bilim adamlarynyn sozlerine gora gurupdyrlar durmushlaryny, yone gorup bilenoklar munun dine oz kulturalarynda sheyledigini. sebabi kabir kulturalarda individualist yetishenoklar chagalar, sebabi kulturalary beyle dal.yone ruh bedenden das mohum. nace bay bolup, hemme islan maddy matacliklerine gowushyp bilen kan adam bar, emma ozlerini bagtly hasap edip bilmezler.bir zatlar kem yalydyr. namedigini bilman bilyaler. emma nace garybam bolsa hemme maddy komekleri, makamlary, karleri ayagynyn tersi bilen depen, onda-da ozuni dunyanin in bagtly adamy hasap eden adamlar az dal. olaryn ruhy doygun sebabi. aydara zat kop. bular menin pikirlerim.

bir waka bar. İsgender

bir waka bar. İsgender dowrunde bockan icinde yashap yoren bir adam bolupdyr. nira gitse bockasyny tigirlap gidyan eken. gepleme ussady eken ozem. hemme zadyny gerek dal diyip zynypdyr. shonun ucin bockan icinde yashayar, birem su icer yaly kasesi bar eken. son bir chaganyn eli bilen su icenini gorup, bu-da gerek dal diyip kasesinem zynyar. bockasyny tigirlap gidyar hemme yere, shonun icinde yatyp turyar, gurrunine adamlar uysenlerinde ol bockasyny dunderyar, ustune cykyp gurleyar hemme kisi esider yaly. munyn tarypy İsgendere yetyar. İsgender bir gun yanyna gelyar. " dile menden name dilasin gelse" diyyar. bey diymek bilen menin komekcim bol diymek isleyar. ol bolsa bockan icinde yatan yerinden, asmana seredip pikir edip otyrka shey diyya. " onumden ayryl, kolege etme, bashga komegini islamok". ady yadyma dushenok, Duajendimi namemi. ine shu adam bagtly adam.

Garyp,indi bize-de shuny

Garyp,indi bize-de shuny teklip edyanmi ?? Bochka ha tapyp bolmaz velin,podyezd'da yatip tursak bagtly bolarmikak :D ?? Manysy govja eken onyn,yone ol adam hem takvasy uchin bagtly bolandir,nankor eshek adamy sheyle yashatsan butin omrune gargynyp gecher...

"Duajendimi namemi" Duajend

"Duajendimi namemi"
Duajend diyiba grek filosofyny bilemok. Diogen'dir ady? Turkchesi Diojen bolmagy mumkin.
Mena shol filosof Sokrat diyip bilyadim, mumkin yalnyshyan

hawa Diogen. men sho diyip

hawa Diogen. men sho diyip okapdym bilemok dogrumy.
Badboy: yoklay ony teklip edemok. bagtyn dine pulda daldigine barmak durtmek isledim dine...

bagti bolmak hmmmm

mutlu olmak icin kafana takmayacaksin kimseyi ve hicbiseyi.bu formul mutluluga giden en kestirme yoldur:)

Quote: mutlu olmak icin

Quote:

mutlu olmak icin kafana takmayacaksin kimseyi ve hicbiseyi.bu formul mutluluga giden en kestirme yoldur:)

Ýenede bir gezek duýduryş!
Şu komment 100% türkçe! Eger ýenede şeýle ýazsaňyz pozular. Gaýrat edip türkmençe ýazjak bolalyň.

tuana, sen türkmençe bileňokmy?

Atash, onun yali biderek

Dogry aydyan Serdar aga.

Oglanlar her kimde nebis bar

Oglanlar her kimde nebis bar how, nazigirak bolunsana gayrat edinde:)

sag bolun

Serdar aga ony mana

Serdar aga ony mana diydinmay, dushunmedim. kellami garym gatym etdinay :) eger Diogen hakda yazanyma diyyan bolsan dogry bu hakda ozumem pikir etdim. hazir beyle bolmak gaty kyn. shertlerem yok. hatda shony iberemde garshylyk gorkezenler bolup biler diyibem pkir edipdim. pulsuz nahili yashajak, nadip bagtly boljak we shm. mende-de nebis bar :) elbetde oz gununi gormek, bashga adamlara matac bolmazlyk ucin pul gerek. onsuz bagt bolmayar. Diogen yaly bolmak ucin ilki bilen kellan shol Diogeninki yaly bolmaly. beyle bolmasan ozune zulum etdigin bolar. men onda bashga bir zada barmak basmak isledim. baylygyn artmagy bagty artdyrmaz diyjek boldum. directly proportional dal. belki sheyle. bay bolmaly yone Diogen yaly birazjygam kelle bolmaly.
bagyshla eger yalnysh dushunen olsam.

Yok, ony mana diydi. Menem

Yok, ony mana diydi. Menem sendenem on, Serdar Agadanam on
"mutlu olmak icin kafana takmayacaksin kimseyi ve hicbiseyi.bu formul mutluluga giden en kestirme yoldur:)"
diyleni bilen ylalashman duzly dilimi degirip aldym shony yazana, olam mylayim bolalyn diyenson bor diyip edit etdim. Shonun uchin rahat bol garyp dost!

Serdar aganyn yazanyny menem

Serdar aganyn yazanyny menem ozume cekipdim.

Quote:

Ýenede bir gezek duýduryş!
Şu komment 100% türkçe! Eger ýenede şeýle ýazsaňyz pozular. Gaýrat edip türkmençe ýazjak bolalyň.

Bayram Han şol ýerde

Bayram Han şol ýerde discussion diýip bir bölüm bar. Şol ýörüte şu at dakýançylar üçin edilen bölüm. :)

bagt

tuana wrote:

mutlu olmak icin kafana takmayacaksin kimseyi ve hicbiseyi.bu formul mutluluga giden en kestirme yoldur:)

shuna-ha ynanamok. dash-towereginde bolyna zatlara goz yumsan nahili bagtly boljak? hic zady we hickimi kafaya takmazsan name bolar. anarhiya bolaymasa. bilemok ozuma sheyle bolmagy duybunden islemerin. belkem men ejizrakdirin biljekdal, sheyle bolmak mena oldurer, psihologiyam bozular, islanini edyanem bolsam. bu-da meni bagtly etmez tersine dusmushym zahere owruler. bu menin pikirim. ozum hakda aydyan. yalnysh dushunilmesin.

Menem sonrak yazarin,

Menem sonrak yazarin,

wagtlayinca:

43 things, bir zat etmek islesen aydyan, basga
etmek isleyan bar bolsa menem isleyan diyyar basga
biri men eyyam etdim diyyar we sular yalijak sahypa

43 things -> be happy with who I am
390 people want to do this…
http://www.43things.com/things/view/3816

Gozel - Men bagtly! ;)
http://www.youtube.com/watch?v=d_Y4-MBYlEk

Atamyrat wrote: Gozel - Men

Atamyrat wrote:

Gozel - Men bagtly! ;)
http://www.youtube.com/watch?v=d_Y4-MBYlEk

HAHA. Atamyrat, ýykdyň!

Men şu ýerde "EBU NASR

Men şu ýerde "EBU NASR EL-FARABI" tarapyndan ýazylan "ES-SIYASET UL-MEDENIYYE" ýa-da "MEBADI UL-MEVCUDAT" kitabyndaky "bagtly bolmak" baradaky pelsepesiniň käbir ýerini ýazaýyn. Bu eserinde Farabi esasan "Barlyk/Bar bolmak" ve "Şäher medeniýetinde adamzadyň bagtly bolmagy" ýaly mowzuklarda pikir ýöredýär. Şu wagtlykça Türkçe ýazaýyn. Sebäbi käbir sözleriň dogry Türkmençesini bilemok.

--- 46 we 47-nji sahypalardan...

EBU NASR EL-FARABI wrote:

Zevk, sevinç ve mutluluk; bunlar, en güzeli en iyi biçimde kavramakla (idrak) ortaya çıkar. Birinci, mutlak olarak en güzel ve en muhteşem, kendi özünü bilmesi de en üstün kavrayış (idrak) ve bilgi olunca; O'nun tattığı zevkin mahiyetini ve yüceliğini ancak kendi sınırlı zevk alma gücümüzle kıyasla bilebiliriz. Bu kıyaslamayı da, bize göre en muhteşem olanı duygu, hayal, ya da aklii bir bilgi ile en iyi biçimde kavradığımızı sandığımız zaman yaparız.

Bu durumda, bizde, yücelik yönünden her lezzetin üstünde olduğunu sandığımız bir lezzet meydana gelir ve ondan elde ettiğimiz üstün mutlulukla, kendimize göre, mutlu oluruz. Birincinin en üstün ve en güzeli bilme ve kavraması ile kendimizin en güzel ve en muhteşemi bilme ve kavramamızı karşılaştırmak; O'nun Kendine göre sevinç, zevk ve mutluluğunu bizim kendimize göre ulaştığımız zevk, sevinç ve mutlulukla karşılaştırmak demektir. Her nekadar çok zayıf bir ilişki kurma mümkünse de, bizim kendi kavrayışımızla O'nun kavrayışı (idrak) ve bizce bilinenle O'nca bilinen arasında bir orantı sözkonusu olmayınca, bizim zevkimiz, sevincimiz ve mutluluğumuz O'nunki ile kıyas edilemez. Basit bir nicelik ile zamanda sonsuz olan bir nicelik, birisi son derecede yetkin ötekisi de son derecede eksik olduğuna göre, nasıl bir tutulur? Kendi özüyle zevk duyan, sevinen ve en yüce mutluluğu duyan kendi özünü (zat) sever; en çok ona aşık olur. Apaçıktır ki, Birinci, zorunlu olarak kendi özüne aşık olup Onu sever ve Ona hayranlık duyar. O'nun bu aşkının kendi özümüzün erdemliliginden ve yetkinliğinden, bizim kendi erdemlilik ve hayran olduğumuz yetkinliğimize nisbeti gibidir. Şu kadar ki, Birinci'de seven sevilenin aynı ve hayran olan hayran olunanın aynıdır; dolayısıyla O, ilk sevilen (Mahbub) ve ilk aşık olunan (Maaşuk)dır.

Meniň çykaran gysgaça netijäm.

Bagtly bolmak üçin
- Bilmek
- Söýmek
- Söýülmek
hökman.

Ve soyulmane in mynasyby

Ve soyulmane in mynasyby soymek hokmany(gyza bolan soygi ayri) !
Amerika,Yevropa bizden has bagtly bolar yali nameleri bar?? Pulyn bagt getirmeyani hemme adama belli yone eger ol dovleti alyp bize berseler,Amerika'da yashayanlary hem meselem Hindistan'a iberseler onda biz olardan nache esse kop bagtly bolaymasak !! T.e. pul dogry ulanyldygy halatda bagtly bolmagyna getiryar,yone ol dogry yol hem Bashgalaryna el uzatmakdan ve degerli yerlere sovmakdan gechyar!!
Bu tema gaty uly,yazsan yazip oturybermeli...

Yaibereli onda :D Men shunyn

Yaibereli onda :D
Men shunyn yaninda bashga bir statistikadan habar bereyin. Aydyshlaryna gora(menin Rumynyaly dostumyn) bir wagtlar sheyle statistikada in bagtsyzlaryn hatarynda Rumynlar we Ruslar onde gelyarmish. Shu name diymek? Menin dushunushime gora Yewropa mentalitetli adamlar koplench bay bolsalaram garyp bolsalaram ozlerini bagtsyz hasaplayar.
Sebabini mena mentalitetde, durmush filosofiyasynda gozlejek. Adam Yewropa tipli yashayisha bashlasa individualist bolyar, beyleki yashayish tiplerinin kopusinde adamyn dash-toweregindakiler bilen, jemagat bilen guychli baglary bar. Bu bir meselanin kichijik birje tarapy, yone in mohum zatlaryn biri. Sebabi adam Yewropa tipli yashayish ozuni yalnyz duyya, olam koplench depressiya getirya. Kawagtlar name edip yorenini, name uchin edyanini oz-ozune sorap psihologiki kynchylyklara duchar bolyan. Oturyp oz problemalaryny ara alyp maslahatlashara-da adam yok bolya, "menin kynchylyklarymy dinlesin" diyip birine(psihologa) pul bermeli bolya...
Sheyle yagdayda onem aydishim yali adam ozuni yalnyz duyya, ozuni gereksiz duyya, gyzyksyz bolya. Elbetde, wagtlayincha maksat goyup shona ymtylsa bolya kellane beyle pikirleri salman. Shol maksada ymtylyakan(meselem milyon $ gazanmak, ya PhD almak) biri bilen mashgala gurup zad etsen mumkin beyle yalnyz gormersin ozuni. Emma mashgalaly bolsalaram yene ozuni yalnyz duyyanlar kop... Shu uly mesele, adam ozuni bir zada bagly gormese, adam ozuni bir zat uchin yashatmasa kyn. Esasanam olaryn yakinlary tashlanlarynda(gyzlar ya oglanlar) ya-da yogalanlarynda olara hasam kyn dushya

Bagyshlan uzyn yazdym. Garaz

Bagyshlan uzyn yazdym. Garaz Yewropa tipli medeniyet individualistik medeniyet. Ozem koplench egoizm(egoism) we tsynizm (cynism)yali zatdan doly. Yagny turkmenchelesek men bilyan, bashgalarynyn pikiri gyzyklandyranok we men dine ozume gowy bolan zatlary etjek. Shu zatlar pikir azatlygyna getirya. Her kim eden pikirini edya, beylekilere kan goshulanok. Emma yokarda aydishim yali beyle yagdayda senin towugyna "tok" diyyanem yok, senin bilen gyzyklanyanam...

Beyleki medeniyetlerin

Beyleki medeniyetlerin kopusunde adam mashgala has bagly, jemagata has bagly. Kel gyz meni tashlady diyip demigip oljek bolup yatan az, sebabi seni durmushda saklayan bashga zadam kop. Garrayan yagdayinda-da seni yeke goyanoklar, sen yene durmusha bagly, birinin ulalaryna garashyan, agtygyna guwanyan we sh.m.
Munda pikir azatlygy beyle yokary derejede dal, BOLMAZAM. Sebabi senin pikirine jemagatyn pikiri tasir edyar, "adamlar name diyer?" diyen sorag kellede. Ondan dashary garyndash, dost-yar we mashgalandakylaryn pikiri tasir edyar sana.

Bu chyndanam gaty uly

Bu chyndanam gaty uly mesele.bagtly bolmak uchin elbetde pul yeterli dal.men pikirimche in mohum zat ozune deger bermek,ozuni sylamakmyka diyyan.ozune sylagam koplench beylekilen sylagy,hayran galmagy b/n gelyar.adam gora uytgeyar,kabirleri mun uchin milliomlap pul gazanjak bolyarlar,kabirleri prezident,mafiozi bolyarlar.otshelniklaram ozlerini hudayi hudaya yakyn gormek uchin otshelnik bolyarlar.kabir kishiler uchin yakyn garyndashlan soygusi yetik.ishine bolan soygem,shol ishde basharyly bolyanlygyndan gelyarmika diyyan.ay name bolsada elinden gelenini etsen basharyly bolmasanam gynanyp oturmagyn manysy yok.her zadyn hayry bardyr,her yagdayinam lezzetini almagy basharyan adam in bagtly adammyka diyyan.

hemme zatlar uchin imho elbetde...

http://tk.wikipedia.org/wiki/

Bagtly bolmagyň syryny

Bagtly bolmagyň syryny belki täze gelenlerden bilýän bardyr?!
PS Türk diline garşy söweşimiziň bir epizody şu temada :D
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk