SEYİTNAZAR SEYDİ(DÖNMENEM BEGLER)

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

DÖNMENEM, BEGLER
Watan üçin çykdym gyr at üstüne,
Tä janym çykynça, dönmem begler!
Diktir serim, düşmen duşman astyna,
Sil dey aksa, gandan ganmanam, begler!

Ilim uçin şirin candan geçer men,
Düldül münüp, ganat baglap uçar men,
Namart dälem, hakdan kasam içer men,
yanyp duran nar men, sönmenem, begler!

Yesip galmaz, oglan - uşak aglaýyp,
Oda düşmez, aşyk yürek daglaýyp,
Men hem şu gün Murtezadan çaglýyp,
Kasam kyldym, ondan dänmenem, begler!

Tomaşa eyläňler kylan urşuma,
Yüz mün leşger çyka bilmez garşyma,
Är yigit men mertlik bilen durşuma,
Oda urarlar, men hem yanmanam begler!

"Är men" diyen çyksyn bile yörmäge,
Leşger tartyp, Mirhaýdary urmaga,
Il-gün üçin şirin janym bermäge
Urdum başym, şertden synmanam, begler!

Hak ezelden saldy meni bu yola,
Jan bermeyen, diri düşmenem gola,
Tomaşa kylyňlar bulunan sile,
Niçe gan yuwutdym, ganmanam, begler!

Ärden öndüm, ärlik bilen öler men,
Kim dostum, duşmanym - parhyn biler men,
Söveşde aglaman, şat men, güler men
Namart bolup, dünya inmenem, begler!

Yat kylar men Göroglyny, Zamany,
Ali Murtezani - Şahymerdany,
Rustem, Zal, Iskender, Gajar pälvany,
Orta atdym, köpün sanmanam, begler!

Seýdi çykdy atyn, ýaragyn besläp,
Gan gördi gözlerim, ýürek hövesläp,
Gaçmanam, öler men, köp leşger isläp,
Söveş üçin çykdym, dönmenem begler.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Seydinin watanchylyk

Seydinin watanchylyk goshgulary has belli. Yone bir owut-nesihatly, filosofiki goshgusyny okap/dinlap hayran galdym! Bulam klassik adyny yone yere alan dal!

Govja goshy

Govja goshy yaman...Gorogly'nin kitabyndaki goshgulara chalym edyar kabir yerleri...Anirda Gyrat,barde Duldul ve sh.m. menzeshlikler yone stil yaman menzeya !

magtymgulynka menzeshleri

magtymgulynka menzeshleri hem gaty kan 1-2 saysyny okadym weli, gaty emnzesh yazylypdyr, elim degdiginden, onunkyny we magtymgulynykyny deneshdirip barik goyaryn!

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

merka wrote: Watan üçin

merka wrote:

Watan üçin çykdym gyr at üstüne,
Tä janym çykynça, dönmem begler!
Diktir serim, düşmen duşman astyna,
Sil dey aksa, gandan ganmanam, begler!
...

Bu goşgynyn üytgedilen wersiyasy:

"Watan üçin çykdy gyrat üstüme,
Tä janym çykynça, düşmedi begler!
...biiiiip"

(yzy kan gowy dal, yazmayin :D)


TAGANJAN
ŦΛГΛН Эль-Мерви

tagan, ol "merw boy" namanin

tagan, ol "merw boy" namanin alamaty?
bir hili hristiyanlaryn fontyna menzeyar.. :)
haç yadyma düşyar, göremde..

Sena bilmedim welin, mana

Sena bilmedim welin, mana türmani yatladyar :D:D

ŦΛГΛН Эль-Мерви

T: Ты помнишь

T: Ты помнишь как сюда пришли,
Тогда совсем ещё детьми.
Мы были, но летели дни
И годы детские прошли.

B: Ну наконец я выпускник
Ты чё, братан, совсем поник.
Повесил нос, чему не рад?
Всё будет круто, верь мне брат.

T: Я рад, но всёж немного жаль
Тех дней, что жизнь уносит вдаль.
Учителей- вторых отцов
Друзей, и школьных наших снов.

B: Ты чё погнал, какие сны?
Часов что нам на сон даны
Едва хватало чтоб уснуть.
Эт ж надо так про сны загнуть.

T: Но всё же жалко уходить
Дней там прожитых, не забыть.
Ведь школа для нас второй дом
Так просто не забыть о нём.

B: Быть может для тебя он дом,
Но мне, не очень жилось в нём.
Достал этют, достал подъём,
Я б, с радостью забыл о нём.

T: И всё же жалко, согласись
Что годы быстро пронеслись.

B: Ты как обычно прав чувак
Сегодня свё, как-то не так.

T&B: Все тихи, сквозь улыбки грусть
Печаль на сердце, боль и пусть
Мы разбежимся кто куда
И соберёмся ль вновь не знаю,
Но стоит лишь закрыть глаза,
Тебя я школа вспоминаю.

T: Terbiyeli okuwçy
B: Bezzat okuwçy

Dmitriy Galaganow (Mary TTM 2003 uçurymy)
MTTM 2003 uçurymlaryna bagyşlap yazdy



ŦΛГΛН Эль-Мерви

Mowlam bizin ishimizi on

Mowlam bizin ishimizi on salsa,
Gelin yow ustune baraly begler,
Her ki yesir tutup, bir abray alsa,
Ona soykasyny bereli begler.

Her kimi hak penasynda saklasa,
Aman cykar, yanar oda oklasa,
Serdarymyz haysy yeri caklasa,
Dushman bilen sowesh guraly begler.

Yene bir soz muhannesler saylansyn,
Aty yagshy goc yigitler shaylansyn,
Gizlin baryp yow dashyna aylansyn,
Sowesh tursa shir dek duraly begler.

Sowesh bolsa agyz yagshy bir bolsa,
Atyshyga tupen bolsa,tir bolsa,
Destgirimiz Shahymerdan pir bolsa,
Dogry durup,gylyc uraly begler.

Muhannesdir shol gun jylaw cekenler,
Ardir kelle kesip,ganlar dokenler,
Ozi mestan, aty segrap bokenler,
Ne genesh eylar siz, sureli begler.

One-yza yagshy salyn garawul,
Namardyn janyna dushmesin dowul,
Teke, salyr,saryk,garabekewul,
Bir oturyp, bile turaly begler.

Seydi diyer indi syndyrman bady,
Dushmanyn galandyr bir gury ady,
One salyp serdar Mammetmyrady,
Herne nesibani goreli begler

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Hakyky öz döwrüniň meri bolana meňzeýär, türkmen kowboýy? :)"

hehe gaty betbolupdyr oz

hehe gaty betbolupdyr oz dowrunde, nuryshka pahyr aytmyshlayyn
" bili ash pycakly worzakon seydi hem bizin akgamyz" diyyara :):)

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

Zelilim” Gaflat ukusynda,

Zelilim”

Gaflat ukusynda, dushman golunda,
Yesir bolup,hywa gitdin Zelilim,
Astrabat shahri buhar yurdunda,
Uzak yorip ona yetdin Zelilim.

Baray diysem yol uzakdyr yetmez men,
Ne bir namart boldum,shol yan gitmez men,
Necun dunya indim, shu gun otmez men,
Gam-kulpet layyna batdyn Zelilim.

Ol ne bir ykbaldyr galmaz ornundan,
Suyek ganlar dokdi momin burnundan,
Gylyclar-bashyna,nayza-garnyndan,
Mert bolup, ar deyin durtdin Zelilim.

Pelek urdy, yagty ykbal garaldy,
Apytap tutuldy,syya bureldi,
Nice yitirim boldy, guma garyldy,
Sen gaflat oyunde yatdyn Zelilim.

It-gush aglar gorse menin halyma,
Senin u/n ser goyar men olume,
Shum nesipden yesir dushdin zalyma,
Bu azat toprakdan otdin Zelilim.

Bala-caga yurek daglar, zar bilen,
Dunyade goymazlar yary-yar bilen,
Ahyrynda baryp yetdin har bilen,
Uzak yoldan hywa gitdin Zelilim.

Seydi-namart menin komegim degmez,
Yalbardym pelege boynuny egmez,
Ol arshy agladan bize nur yagmaz,
Nesibe takdyry catmaz Zelilim

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Hakyky dostluk şu bolsa gerek..."

Bir gelin” Ey agalar ol

Bir gelin”

Ey agalar ol obada,
Bize kan guldi bir gelin,
Ala yaglyk akja pada,
Bize kan guldi bir gelin.

Ishigine bardym sorup,
Nije habar berdim durup,
Belki bizden yaman gorip,
Bize kan guldi bir gelin.

Gul acylar cygy bilen,
Dildi bagrym tygy bilen
Cep gozunin gyygy bieln,
Bize kan guldi bir gelin.

Yar yolunda cekdim arman,
Otdi omrum bir yalbarman,
Sorasam bir jogap berman,
Bize kan guldi bir gelin.

Seydi diyer saldyn nazar,
Yshk yolunda cekdim azar,
Gozi Menlihana menzar,
Bize kan guldi bir gelin.

“Gordum owadan”
Ey agalar ol obada
Bir gelin gordum owadan,
Dilber menin aklym aldy,
Nazenin gordum owadan.

Sallanyp oyden cykyshy,
Goz gypyp gashlar kakyshy,
Ak yuze zulpin dokishi,
Nazenin gordum owadan.

Barar idim men yol bilen,
Sowuldym bir hyyal bilen
Dushup Dursunjemal bilen,
Nazenin gordum owadan.

Seydi diyer arman arman,
Arman, galdym hic yalbarman,
Tapylmaz derdime derman,
Ahlepus gordum owadan

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Romantiki hem ýazyp bilýär ekenmaý? :)"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

“Habar ber

“Habar ber gardashym”
Seydi : Zelili sen aryp bolsan pahm eyle,
Bady-pynhan doran yelden habar ber!
Synsa kop, joshsa az, kaysydyr bilgin,
Dolsa,turap kimin boldan habar ber!

Zelili: Seydi sen jogap sorasan bizden,
Konlin bady-pynhan yeldir gardashym,
Gahryn gelse aklyn azdyr synsa kop
Dolsa turap kimin boldur gardashym!

Seydi: ol ne daragt on ikidir pudagy,
Her pudakda bardyr otuz yapragy,
Yarysy garadyr,yarysy agy,
Nicedir miwesi gulden habar ber?

Zelili: Yyl bir daragt obki aydyr pudagy,
Her ayda otuz gun-otuz yapragy,
Yarysy gijedir, yarysy agy
Bash namaz miwesi, guldir gardashym.

Seydi: Ol ne gowher bersen hic kimse almaz,
Ol ne altyn, kulde hic bir zen bolmaz,
Ol ne otdur, yanar hic kimse bilmez,
Otsuz koyuk bolan gulden habar ber!

Zelili: Akyl gowherdir akmaklar almaz,
Dana bir altyndyr, hergiz zen bolmaz,
Yshk oduna yanyp, koyende bilmez,
Ashyk otsuz koyen guldir gardashym!

Seydi: Seydi diyer ne binasyz menzildir,
Ol ne gun bir gushdur,ne gun bir yyldyr,
Jan cyksa uzuler, ol haysy gyldyr,
Ol ne her kim icip, baldan habar ber!

Zelili: Zelili binasyz dunya menzildir,
Yagshy gun bir gushdyr, yaman gun yyldyr,
Jan cyksa bir uzuler, dem –de bir gyldyr,
Ajal baldyr her kim icer gardashym!
.

“ Sen colun”

Pasly baharlarda seyrana gitsek,
Tukenmez yollaryn bardyr sen colun!
Ustunde yaylayyp, myrada yetsek,
Lalezar gullerin bardyr, sen colun!

Dali konul istar nice howesi,
Cykyp seyran etsek, belendi-pesi,
Saylardan eshdiler tupenin sesi,
Howesli allaryn bardyr sen colun!

Yagshy-yaman eder ustunden guzer,
Awcylar gitmane hyyallar duzer,
Icinde boz maral, keyikler gezer,
Garagoz mallaryn bardyr sen colun!

Bahar wagty keypli sen dunyade,
Senin bahrin ozgelerden zyyada,
Ustunde bir nice gezdik pyyada,
Yuz mun hyyallaryn bardyr, sen colun!

Cole cyksa mergen uly hen bolar,
Aw onmasa awcy haly ten bolar,
Yrsarashyp bir-birile jen bolar,
Mushakgat hallaryn bardyr sen colun!

Dunyede surely konul hoshuny,
Maral gelse mergen getir hushuny,
Awa yorar herne gorer duyshuni,
Garaly hallaryn bardyr sen colun!

Seydi diyer, yshkyn jana yetir sen
Aldap nice awcylary otir sen,
Bahar bolsa il payyny getir sen,
Carwadar illerin bardyr sen colun!

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"