"Birä okana bar, birem dokana"

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Orslar "powtoreniýe - mat' uçeniýa" diýýäler, ýagny terjime edilende "gaýtalamak - öwrenmegiň enesidir" bolýar. Şu sözüň dogrulygyna her kim özüçe ynanýandyr, her birimiziň durmuş tejribämizde şol sözleriň dogrylygy ençeme gezek subut edilendir. Hakykatdanam, käbir zatlary ikinji gezek okasaň, ikinji gezek diňleseň, ikinji gezek görseň, birinji gezek üns bermän geçen zatlaryňy hem görýäň! Siňe seretseň, köp zat başgaça görünýär.
Men asyl nakyllary halaýan, olar az we uz, ýagny gysga we çuň manyly. Olaryň köpüsiniň manysy aýdyň, ýönekeý sözler bilen beýan edilen. Emma şu temanyň adyndaky nakyl beýle dälmikä diýýän...
Biz mekdep döwri, çagalykda şu nakyly mugallymlardan eşidýärdik. Bu nakyly aýtmak bilen mugallymlar bize okamagyň möhümligini nygtamakçy bolýardylar. Emma nakylyň ikinji bölegine kän üns berlenokdy. Mümkin men şol wagt şeýle düşünendirin...
Köp mugallym "türkmenler haly sungatynda üns beripdirler, şonuň üçin "DOKANA BAR" diýmek bilen, haly dokana diýiljek bolýar" diýýärdiler. Wagt geçdi, kelläm tarakanlady. Her gün bir zat barada pikir edip başladym. Onsoň birden şu nakyl aklyma gelip, täzeden üns berip, manysyna düşünjek boldum. Şondaky kelläme gelen pikirleri şu temada ýazmakçy. Goşant goşjak bar bolsa, BAŞ ÜSTÜNE!

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Bu nakylyň manysyny

Bu nakylyň manysyny özümçe beýan etjekdirin. Şol kelläme gelen pikirlerden soň, şu nakyly hasam halap başladym. Gör nähili uly manysy bar ekeni!
Birinji bölegi: "Birä okana bar"
Bu düşnükli we "aňsatjak" bölegi. Okana her wagtam bolupdyr. Türkmenler okumyşlaryň ornyny şeýleräk hem belleýäler - "Bilegi güýçli birini ýykar, bilimi güýçli müňini". Hasap-hesip bilseň, her ýerde hem aýratyn ornuň bolupdyr. Esasanam öňki döwür hat-petek bilýän az ekeni.
Aý edil häzirki döwürde hem okuwyň wajyplygy görnüp dur. Bu bölegiň üstünde durmakçy däl.
Ikinki bölegi: "birem dokana"
Ine meni haýran galdyran bölek. Dokamak... "haly dokamak" manysyny berenok şu bölek! Sebäbi türkmende erkek haly dokamandyr, a nakyly bolsa HEMMELER ÜÇIN ulanýalar. Asyl gyz-gelinleriňem hemmesi haly dokap barmandyr. Bärde "dokamak" näme manydaka?!
Meniň pikirimçe, "dokamak" göçme manyda bolmaly şu ýerde.
Ine aşakdaky üçünji bölekde "dokamagyň" syryny düşündürmekçi ýa nesip
PS HÄzir gitmeli, hindi dostum maşyn alypdyr, magazine äkidýär. Gelemsoň ýazaryn :)
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Meniň pikirimçe haly

Meniň pikirimçe haly dokamak aňsat iş däl, ýagny SABYRY gerekdirýän iş. Dişiňi gysyp, köp işläňsoň owadan haly emele gelýär. Soňky boljak owadan halyny göz öňüňe getirip, hyjuwly, yhlasly, gaýratly we sabyrly işlemeli. Ýogsam her gün şol bir ýüplügi sepläp oturmak aňsadam däl, soňky netijä düşünmeseň. Ýagny maksadyň kelläňde bolmasa, halynyňam bir bölegini dokap taşlamak ýeňil.
Garaz bu nakylda "dokana bar" diýmek bilen, şol haly dokandaky ýaly YHLAS EDENE, GAÝRAT EDENE, ZÄHMET ÇEKENE, SABYRLY BOLANA bar diýmegi aňladýa. Garaz "birä okana bar, birem sabyr edip, zähmet çekene bar" diýmek manyny berýämikä diýýän şu nakyl.
Ine menden şujagaz(? :D )

---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

hmm..

Bayram wrote:

gerekdirýän

Hmm..:)))

Aýlap, aýlap tutýaňaý

Aýlap, aýlap tutýaňaý :D
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Ay ayda yilda bir sapar

Ay ayda yilda bir sapar seyle sawlik tapyan men-a:)) Sheyle unsli yazyan postlaryny.. Tapan wagtymyzam biz yala gun dogya-da name:)))

goldaw

Bayram wrote:

Garaz bu nakylda "dokana bar" diýmek bilen, şol haly dokandaky ýaly YHLAS EDENE, GAÝRAT EDENE, ZÄHMET ÇEKENE, SABYRLY BOLANA bar diýmegi aňladýa. Garaz "birä okana bar, birem sabyr edip, zähmet çekene bar" diýmek manyny berýämikä diýýän şu nakyl.
Ine menden şujagaz(? :D )

Bayram, men hem shu pikirine goshulyaryn! Uzadyp oturmayin!
pikirin babatda, oran onat beyan edipsin, berekella we minnetdar!

Bayram wrote: Orslar

Bayram wrote:

Orslar "powtoreniýe - mat' uçeniýa" diýýäler, ýagny terjime edilende "gaýtalamak - öwrenmegiň enesidir" bolýar.

Dogry ussalar kerpic ormek yali yonekey zady gaytalap-gaytalap ussa bolup gidyarler:))

Men ilkinji öwrenen

Men ilkinji öwrenen nakyllamdan.Bilegi guychli birini bilimi guychli munini.

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

Dogry aydyan Bayram, men hem

Dogry aydyan Bayram, men hem senin pikirine goshulyan, yone hemme adamlar okasa-da, oz okuwuna mynasy6p ish tapyp bilenoklar-da. Yone dogry aydyan, okamaly, ishlemeli, dine okap, ishlap oz maksadyna yetip bolyar.

Emma okamak uchin

Emma okamak uchinem yhlas,gayrat we "zahmet" gerek.Ol ikinji bolek birinjinem oz ichine alyar ahyry...