Soygi

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Soyuship durmush gursan gowumy ya-da soyushman?
Men soyuship durmush gursan gowymyka diyip pikir edyardim. Yone goryan welin soygi meselesi gaty chylshyrymly zat eken. Menin bir tanyshym bar. Ol biri bilen soyushdi, "Leyli-Mejnun" ya-da "Romeo-Julieta" olaryn soygusini gorse utanardylar. Menin diyjek bolya zadym olar biri-birini sheyle bir soyduler. Yone oglanyn milleti bashga bolany uchin gyzyn mashgalasy ona bermediler, olar nahili jan etseler-de bermediler. Olaryn soygusini gaty kop adam bildi. Shondan son ol gyz hich bir oglana durmusha chykyp bilmedi, sebabi onun bashga bir oglan bilen soyushenini bilip hich biri gudachylyga gelmediler.
Sheyle wakalar gaty kop. Sheyle wakalary gorup, men pikir edyan soyuship durmush gursan gowumy ya-da soyushman? Soyushsen gowudyr, yone soyushmesen abrayly bolayjak yaly.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

elbetde söyüşmek dalde

elbetde söyüşmek dalde söyyan gyzyny alsan gowy
gyz üçin söyüşmek name üçindir uly problema bolayyar,oglanlarda beyle dal welin...

soymediginem nadip aljak...yada nadip barjak indi önküler yaly zorlap gyz alyana yok welin söyüşsenem problema söyüşmesenem ... ay yöne edere işin bolmasa öylenaymesen...

......................buda geçer.......................

gyzam oglanam uzak wagtlap

gyzam oglanam uzak wagtlap söyüşmese gowy 1 yyly bir geçmesin we toy etsinlerda,son almasa gyza kyn,asyl hiçhili söyüşman medeniyetli gepleşibem gyz alyp bolunyan bolsa gowy dine gyzy sorap idap tanarsynda...tanalyamyş...

......................buda geçer.......................

men oglanyn yerinde bolsam,

men oglanyn yerinde bolsam, we şol gyzy Romeodan hem beter güyçli söyen bolsam..
onda gyzyn ene-atasyny dinlemezdim.
alyp gaçardym.
ya-da başga yollar bar..
pikrimçe, oglan dine wagt geçirmek üçin söyüpdir..
_________________
In yokarky gatdan tüykürdim men dünyang yüzüne, ine şonun üçinem hazir agzym gurady..

Şu bolup biler. Oglanlar

Şu bolup biler. Oglanlar "söýýän" sözüni köplenç gyzlara görä has "ýeňil" ulanýalar we olaryň "söýýän" diýdigi hökmän ölüp-öçüp barýandygy däl.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Iň gowy ýagdaý, öýlenen

Iň gowy ýagdaý, öýlenen gyzyňy söýseň! Ýa-da baran oglanyňy söýseň! Ýagny eýýäm öýleneňsoň ýa durmuşa çykaňsoň söýüşseň. Şeýle bolsa we dowam edip gitse gowy bolar.
Öýlenmäkäň halaşanyň HIÇ ZADY GARANTIÝA BERENOK! Sebäbi öýlenmäkäň bile ýaşaňok, maşgala durmuşynda biri-biriňi doly göreňok. Köp zatlar pikir edýänleriň ýa arzuw edýänleriň ýaly bolman biler. Soň "sokulyp" galmak mümkinçiligi bar
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Ýöne bir zadam bar. Adamy

Ýöne bir zadam bar. Adamy bir sulhuň alsa, köp ýagdaýda sulhyň alýaram. Häsiýedini halasaň, häsiýedem çalt üýtgeýän zat bolmansoň, şol häsiýedi halaýaň uzyn wagtlap. Diýjek bolýanym, durmuş gurmakaň birini halasaň, häsiýedini halasaň, özüni halasaň, onda durmuş guraňsoňam şony söýüp ýaşamak ýeňil ýaly görünýä.
Durmuş gurmazdan öň söýüşmeseň, bu mümkinçilik pesräk. Sebäbi gyzy doly tanaňok, onsoň azjyk risk faktoram bar
PS kellämdäkileri doly düşündürip bilemok edil häzir
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Bayram aga dogry aydypdyr,

Bayram aga dogry aydypdyr, esasy soygi durmush gurlandan son bashlamalymyka diyyan... hem bashda soyup, durmush gurandan sonam soygini has guyclendirsen, bu has gowusy bolaymasa... bilmedim-da, bu ishleri el_mariachy has gowy bilaymese :)))), shular yalak tema acyldygy, kommentini ilkinji bolup oklap galyandyr :)))) (el_mariacha palcyk zynyp hezil edyan-ay :)))...

Men hem Bayramyn aydanlaryny

Men hem Bayramyn aydanlaryny goldayaryn, umuman. Sebabi, shu wagta denic TM halkynda shol yagday bolan ekeni, umuman. Yagny, toydan son yash catynjalar bir-birlerini soyup, has hem berkiden ekenler soyguleri bn bir-birlerine garaishlaryny.
Onun dashyndan Myrat hem dogry aydypdyr, biri bn soyushmek, adaty yaly gelyar, ayratynam, shu wagtlar. Bu babatda Kerim aga-da:

"Soyulsen soy, soyulmesen suykenme!"

diyip aydyp gecipdir. Magtymgulynyn hem soygi barada goshgulary bar. Garaz, adatdan dashary yagday dal soymek ya-da soyulmek, yone soyuship nace yillap gezsen, onda: 1-serhedi goramak;
2-hemmelere malim bolmak;
3-gyzygy gacmak;
4-sowamak;
5-betbagtlyga ucramak;

we sh.m. yagdaylar hem bolup bilyar, shol sebapden, tanyshyp, soyuship bashlanson, wagty kan gecirman, "miwani guyz wagty yignamaly:

Bir tanysh gyz bardy tm'de.

Bir tanysh gyz bardy tm'de. Yagny durmusha cikip songam narkaman cikany uchin 1 yil gechmanka yashasip bilman ayrilisip gaydan, aslinda gyz dal.. Shol birzat diyipdi: Onu men hakykatdanam soyupdim. Belli bir wagta cenli durmusha cikip baramsongam ol name etse dogry we manga yakimli gelyan yali bolyardy. Yone song uytgedi Meng-a nebsim agyrdy onga.. Gul durmushy bulanypdyr ong..

Menin pikirimche, durmush

Menin pikirimche, durmush gurmakda esasy roly soygi dal-de, biri-birine dushunmeklik oynayar. Ony blmek uchin bolsa yyldyzlaryny barlap, goroskopy deneshdirmeli. Yyldyzlar koplench dogry chykyar. Men shol esasda gurlan kop bagtly mashgalalary bilyan.

üytgeşik zat..meselem

üytgeşik zat..
ayt sen onda mana, meselem "Owen" (Goç) yyldyzda dogulanlara haysy gyz düşünyar??))

_________________
In yokarky gatdan tüykürdim men dünyang yüzüne, ine şonun üçinem hazir agzym gurady..

:)) Menin yildizim uyushya

:))
Menin yildizim uyushya diyip, indi palan vagt'da doglan hemme gyz bilen govy dushunishyan bolaymalymy men ?? Ay mena ol gyz bilen sovushmane-de gorkaryn onson, gyzlar depamden beraymesinler diyenlerini etmanim uchin :D

söymek üçin

söymek üçin öylenmeli::)

......................buda geçer.......................

Haha :D Mähri oýun

Haha :D
Mähri oýun edýäňmaý?! :D Orslar ýa hindiler ýaly deňäp ýörjekmi? Aý näbileýindä... netije berse habar ber bize-de. Menem onsoň şeýle edeýin! :)
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Soyushmegin limit'leri

Soyushmegin limit'leri bolmaly elbette, hemme adama jar edip yormeli diyen zat yok, Romeo Julietta'da dagy hem olenlerinden son meshhur boldylar, olaryn derejesine yetjek bolsan soygin uchin olmage-de tayin bolmaly, shonun uchinem olara "utanardylar" diyip bilmek uchin, gurruni gidyan "ashyklar" hem soygileri uchin olmage-de tayin bolmalydyr, a olar name etdiler ?? Ene-ata'ny hem razy edip bilmediler, boyunlaryny bukupjik jyrdylar, diymek ol oglan Romeo'nyn kolegesiche-de yokdy :))))

Durmush gurmazdan on gyz oglan bilen tanyshmaly, ony halamaly ve shuna menzesh, asyl soyginin fundamentini doredyan duygulary duyup bilmeli gyz, shundan son soygi diyen zat dorar menin pikirimche, yone bu toy gurmakdan on hem dorap biler, muna-da chare tapmarsyn oylenip dynmakdan bashga sebabi 2 sany ashyk adam biri birlerinden has kop duygy/hereket talap edip bashlayalar ve bu duygulary/hereketleri toy'dan onurti oglana datdyrmak, gyz uchin ullllllllllakan minus boljagy sebapli, basymjak oylenip dynmaly ya-da her gun oraza tutmaly :D :D

Mergen aga hak aytyan mena

Mergen aga hak aytyan mena solgyza gynanyan welin gynanmaly dal ! Onunden pikir etmelida kimi masgaralayandygyny, ene atasyny, dogan garyndaslaryny, bizin hemmamizi turkmenleri - name ucin turkmen gyzy seyle pes isi edipdir(basga oglan seretmez yaly in sonkysyna cenli soyusmelimi), biz bilmesegem gormesegem Alla bilyara , Allajandan bir das dusmeli dal ekenda - Alla belkem ol gyza goz gorkezyandir yada bir bahbit is ucin etyandir !

Bete bet diýmelilaý -

Bete bet diýmelilaý - Bayat-Hajy “(el_mariacha palcyk zynyp hezil edyan-ay :)))...” diýip ýönelige diýmändir bir “söymek üçin öylenmeli::)” diýen bolup 3 sany söz bilen baryny çözäýýäňaý, gowy belläpsiň

Jemile doganjygym ol gyza

Jemile doganjygym ol gyza ayt ol gyz gynanmasyn Allajan ahli zady bahbit ucin etyandir, nama gerek onun yaly etjegini edip sonunda durup bilmeyan oglan, onun yalak oglanlardan oglan bomay. Sol sebapli hem ol ondan dynanyna sukur etsin we toba gelsin nesip bolsa Allajan ona pikir edenindenem (yuregine gora) oz diyyan oglanyna dusurar, ensalla !

Ýöne meniň pikirimçe

Ýöne meniň pikirimçe nämä gerek wejera bolup söýüşmek.
Onsaňam söýgi 2 bölege bölünýär 1)-si Duýgy söýgi 2)-si Akyl söýgi

1-si barada – Oglan we gyz öz duýgularyna çydap bilmän, ilki görüşýäler, duşuşýalar, el tutusmakmy, gujaklaşmakmy, öpüşmekmi ... – adam janly islegler-hujuwlar kän näme çydap bolýamy
2-si barada – Oglan we gyz öz duýgulary bilen pikir etýäler (sulhum aldy, söydüm, gowy gördüm), ene-ata bolsa öz akyl paýhasy bilen pikir etýaler

Gyzlara - onsaňam elýetmez gyz bolsa oglanlar şeýle gyzlary gowy görýändirler.
gowy pikirli oglan bolsa beter gowy görer, sebäbi utanç hayaň uçin
erbet pikirli (aldamak, oýnamak, barlamak pikirli) oglan bolsa “sen bolmasaň yene biri” diýen bolup seni (şol gyzy) ýadyndan çykaran bolan bolar ýöne ýadyndan çykmaz sebabi sen el yetmez, “Ähli gyzlara el ýetmezlik arzuw edýän!!!

Oň bir gyzdan bir oglan “sen meňa söýýän diýäý” diýipdir. Gyzam “toýdan sön diýerin” diýip jogap beripdir. Şol gyzyň jogaby ýaly size el uzadana haçan el uzatmalydygyny aýtmagy başaryň

Oglanlar-gyzlar, men size bu

Oglanlar-gyzlar, men size bu wakany doly aytmadym. Siz pikir ol gyzam, oglanam etbet, utanchsyz diyip pikir edyaniz. Yone ol beyle dal, olar biri-birini chyn yurekden soydiler. Oglan gyzy almak uchin ejesini gaty kop iberdi, her gezek hem ejesinin yzyna gyzyn garyndashlary it salyp kowup goyberdiler. Oglan gyzy gaty kop gezek alyp gachjak hem boldy, yone gyz etmedi. Onun keselli kakasy bardy, shonun uchin ol gachyp bilmedi, eger ol gachyp gitse, onun kaksyna bir zat bolaysa, gyz gunali bolardy. Shonun uchin ol gachyp bilmedi. Onun ene-atasyna bolan sylagy sower yaryna bolan soygusinden guychli boldy. Mana aydyshlaryna gora, olar hich bir "serhedi" bozanoklar, olar dine biri-birini soyduler. Mena sholaryn soygusine ynanyan, sebabi olar hazir 35 yashdan gechdiler, yone shonda-da olar durmush gurmadylar, oglan hem bashga birine oylenmedi, gyz hem durmusha chykmady. Halki aydanym yaly, gyzyn ene-atasyna bolan sylagy, sower yaryna bolan soygusinden guychlikrak bolup chykdy.

bah, tuweleme, oran guycli

bah, tuweleme, oran guycli soyguleri bar ekeni olaryn!
Ensalla, her iki tarapda-da bagtly edayedi-da olary Biribar! Bashga diyip biljek zadym yok!

Soygi barada, Rahat aganyn in sonky yazgysy oran onat bolupdyr, agamyzy gutlayaryn we ona minnetdarlyk bildiryarin! Ayratynam, "akyl soygusi" babatda oran onat maslahat beren ekeni, hemmamiz ucin shol yagdaya eyermek dilegi bn!

Gynançly waka... Beýlede

Gynançly waka... Beýlede söýgi bolar ekeni!
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Oglan in sonky gezek nache

Oglan in sonky gezek nache yil mundan ozal bardyka gyzy sorap ?? 35 yashly gyzlarynyn oyde galmaklaryny isleyamika ol mashgala ?? Gyzyn kakasy entagem dirimi ? Soyguleri bet ekeni velin, gyz tarapa mena dushunip bilmedim...

şu çyn yürekden söymegin

şu çyn yürekden söymegin manysynam öwrenaysek:):):

......................buda geçer.......................

Hahahaha..:))

Hahahaha..:))

:)

öwren yöne çakı bilen...son senkem ... bolaymasın.....
___________________________________
meko:)

Manlayına yazılanmış diyyarler,
Emma ıkbalını dostlar pula çözyaler,
Namart gızlar söygüsini pula satyalar,
Senem şoların biri boldın Bayramgül.

soyuship durmush gurup

soyuship durmush gurup songam soyuship yashasang oran hezil. soyushmeli diylende yone turkmencilik yoly bilen elbetde.gapyp basybermek gelshikli dal, kanbir gyzygam bolar oydemok beyle yagdayda.
almak, bermek, kowmak, kowulmak, kyn yagdaya dushmek bolup biler.
yone hakyky soygi hic wagt yengilyan daldir ol hemishe ustun cykyandyr, engilen yagdayinda ol hakyky soygi daldir!. gyz kakasyndan bu gun gorkup oglan bilen gacmaga razy bolmadyk bolsa, kakasyndan gorkusyna bashga birine barmaga razy bolan bolsa bu onung oz soygusine ikilik etdigi, oz duygusyny satdygy. oglany yaman erbet edipdiray.soygi meselesini ene-ata cozup bilmez olar gowusyny etjek bolup kawagt yalngyshyarlar, kawagtam cagasyny yaramaz durmushdan betbagt bolmakdan saklayarlar. ene-atang cagasyna gowulykdan bashga nieti yok. yone soyup we soyulip durmush gurmak zerur mening pikirimce. soyuship bilmeseng, utanjang, yigra bolsang, soygungi aydyp bilmeseng ene-ata komek edip biler, soyyaning oyune gudacylyga ugradaymaly.
----------------------------------------------------------------
yshk bir otdur tutashsa sondurip bolmaz.
bir erde okapdym shu setiri.

Mergen men senin soragyna

Mergen men senin soragyna jogap berip biljek dal, sebabi men bilemok, hachan sonky gezek gyzyn yanyna gelenini. Ol gyzyn kakasy hazir diri, yone yagday gaty agyr, yatan yerinden gymyldap hem bilenok diyip eshitdim. Belki ol onki eden ishlerine hazir okunyandirem, belki onun in sonky arzuwy gyzyny bagtly etmekdir. Men bilemok.

Jemile, meniň skeptisizm

Jemile, meniň skeptisizm üçin bagyşla welin, bu döwre olarda söýgi galan däldir! Men 100% aýdyp biljek däl, ýöne pikirim şeýleräk.
Oglanam, gyzam başda söýüşip, soň hiç kime barmak islemän gijä galandyrlar. Soňam gyz/oglan gözlemäge çekinendirler...

---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Adam gozlap name etjek,

Adam gozlap name etjek, biri-birleri bar ahyry ?!
Onsonam gyz uchin vagt gijirak bolayanda-da, oglan arkayin oylenip bilerdi 30
yashlarynda-da, TM'de elin-agzyn arassa bolsa, onda-da oylenmedik bolsa 30-32 yashinda-da
gyz beryaler...

Her hili oglan barow! Giç

Her hili oglan barow! Giç bolmasa-da, obada özi ýalylar öýlenip gutaran bolsalar olar çekinip duraýýalar. Men birini bilýän, bary-ýogy 26 ýaşanam bolsa, gaty köp ýalbardypdyr öýündäkilere öýlenmek üçin...
Bir goňşy gyzymyzam bir oglany halapmyş, soň oňa baryp bilmän oturupdyr bir wagt. Soň gelýänlere göwni ýetmän oturypdyr. Şeýdip gaty giç çykdy, onda-da köp ýalnardyp çykdy.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Ha-ha Mergen agan shu

Ha-ha Mergen agan shu komendini okap boldum welin
yene soygi :D

Mergen wrote:

Ay oglanlar siza onarayyanizay, hayisht edip gorduk, beytmalin diyip gorduk,
yene-de eshek suva siyen yalila...Nama gerek shuncha movzuk soygi hakynda ??
Onler 1 blog'da 100'den kop post yazyadiga, indi name 30-40 sany post bolup bolmanka
#2, #3...achyberyanizle ??

Ya taze blog achmak sheyle uytgeshik zatmay ?? Hokman sheydip oz sesinizi eshitdirmelimi ?? Mena hayran galyan how size...

-----------------------------
saglygynyz

Dogruda how, shu yerde

Dogruda how, shu yerde yazybermelida herkim, nama gerek "Soygi #1" .... "Soygi #n" edip,
kashka ichinde 100-200 post bolsa, achmak-tapmak kyn degse, yone 4-5 blog ashakda 99% menzesh 1 zat durka, tazesini achmagyn adama nama gazandiryanina dushunemok mena.

GARAŞÝAAAAAAAAAAAAAAAAAAAAA

GARAŞÝAAAAAAAAAAAAAAAAAAAAAAAAAAAAAN
PS :D
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Hahaha...Ay gaydyanchan

Hahaha...Ay gaydyanchan hitaylylar bilen on, TM'de belki
taparsynda shuncha garashanyny :))

Aý dursaneý :D Gep

Aý dursaneý :D
Gep tapmakda däl, men her milletdenem taparyn Alla ýol berse! Özüme ynamly oglan men, köp gepläbem oňararyn. Sen asyl manysyna düşünmänsiň zatlaryň. Bu temada SÖÝGI barada ýazylypdyr. Menem "Söýginiň güýji" diýen kino ýadyma düşdi. Şonda "garaşýan diýip gygyrsaň. söýgiňi tapýaň" diýipdiler.
Menem şu ýerde test edip görýän :D
Haha
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Haha...Ay men nabileyin

Haha...Ay men nabileyin senin eyyam kino ve
hakyky durmush arasyndaky serhedi gormeyanini,
tuveleme soygi gozlegi seni kor hem etjek how :)))

P.S. Onarmarsyn diymedim men hich hachanam, ozuni
onaryan oglan gyz yrmany hem onarar.

Şu wagtlykça

Şu wagtlykça "garaşýaryn" diýenime diňe sen jogap berdiň welin... toba toba... :D
Haha :D
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Vahaha..."Agzyndan duye

Vahaha..."Agzyny duye bassyn" diyyalermi ? :))
Ay bu sahypadaky gyzlardana "Gelyaaaaan" yali jogaba garashma sen,
aytmak isleyan bolsa-da utanar/chekiner...

Aý men oýun edýänlaý,

Aý men oýun edýänlaý, degişýän :)
Men hiç zada garaşamok, ýöne söýgi temalary köp bolansoň, käwagt ýaş kellä her hili pikir gelýä :D
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

what is the next song ?

Beatles-yň bir konsertynda gitarist soraýa:
- Indiki aýdym näme ?
Batarist (deprekçi):
- I love you.
Beňden huşy giden gitarist:
- I love you, too. Indiki aýdym näme ?

paid tha cost to be da Bo$$

ay agam biderek bogazyny

ay agam biderek bogazyny gyrma o diyyanin dine hindi kinoda bolyar ekeni:P:P:P:P:

......................buda geçer.......................

haha

el_mariachi wrote:

ay agam biderek bogazyny gyrma o diyyanin dine hindi kinoda bolyar ekeni:P:P:P:P:

Hahahaha:))

ay yash oglanlarda,

ay yash oglanlarda, bolubilyar. Mena gacyp sypsam zary, onung sebapjagazy bar, yurek edenokda ters yola, kawagt gacyp baryarkam ongumdenem cykayya.

hahahaha illenka şeyle

hahahaha illenka şeyle bolayyar biza ayy 2-a bölsegem hyh edip seretyan yoook:)))))))

......................buda geçer.......................

eger chin soygy bolsa

soyuship durmush ghursang elbette onga yetjek zat yok yone gurrung shong chinliginda. eger ilki bilen soyjek oglangi yada gyzynga onad pikirlenip soysan has onad bolar ve ene atani shol soygi bilen kanaatlandir mali. ay mena soygisiz yashabam bilmern dyan . ol ilki bolmasada songra doroyan za .
hemmangiza bagt dilemek bilen

in gowy zat soyisman durmusa

in gowy zat soyisman durmusa cykayyn

dogrudanam sheyle

dogrudanam sheyle bolaymasa..:)

Adam hachan guyclidir?

Duygilarina hokmuni yoredip bilyan wagty..

A soygi bolsa adamyn duygilaryna yenilyan pursatinda lowlap bashlayan bir od bolaymasa..:)

(Nokat)..:)

Gayrat etde nick'ini

Gayrat etde nick'ini uytgetsene, Mergen'in yzyna govy
gorunyan birzatlar goshsan minnetdar bolardym, yogsa
yazanyny okap "men hachan beyle zat yazdymay ?" diyip
gitdim, ol underscore gaty uns bermesen gornenok...

Yokarda yazanyndan bolsa bilip bolanok gyzmy, oglandygym

Quote:

soyisman durmusa cykayyn

sen durmusha chykjakmy ? dushunmedim...

kim bu Mergen onki Mergenmi

kim bu Mergen onki Mergenmi ya taze geldinmi taze gelen bolsan Salam:)
Name soygi diyilyan zat shonun yaly erbet zatmy soygiz gurulan durmysh gowy bolyarmy????

_____________________________
Dunya yuzu menzar duzsyz tagama
soz icinde gelin gyz hem bolmasa

sag bol Gadyr salam Mahri

sag bol Gadyr
salam Mahri men taze geldim
men oz pikirimi aytsam sen gaty gorme
bir oglam bir gyz bilen soyisip durmus tutsalar ona yeten yaly zat yok yone
oglan dine biri bilen soyismeyarler 1 oglan azyndan 2 gyz bilen soyisyar wagtyn gecmegi bilen haysysynyn adamcylygy gowy hasap etse sone alyar.
ondan 1 gyz ozini helak etjek bolup yor
MEN SONUN UCIN OZ EJENIZIN TAPAN OGLANYNA DURMUSA CYKSAN GOWY BOLARMYKA DIYYAN

mergen_ wrote: oglan dine

mergen_ wrote:

oglan dine biri bilen soyismeyarler 1 oglan azyndan 2 gyz bilen soyisyar wagtyn gecmegi bilen haysysynyn adamcylygy gowy hasap etse sone alyar.
ondan 1 gyz ozini helak etjek bolup yor

Oz tejribane gora yazyansin welin umumilashdirmak dogry dal bolaymasa..

wI yokla biz gaty gormeris

wI yokla biz gaty gormeris her kim barde oz pikirlerini yazyalar:) yone bizde ejeler gelin tapyalar oglan tapanoklar:)
_____________________________
Dunya yuzu menzar duzsyz tagama
soz icinde gelin gyz hem bolmasa

ejen bn tanyşdyrsana oglan

ejen bn tanyşdyrsana oglan tapdyrdaly:)

......................edebi edepsizden öwren.......................

degishme:)))))))))))))))))

el_mariachi wrote:

ejen bn tanyşdyrsana oglan tapdyrdaly:)

menin ejem bilen tanyshmada sen bashga ejeler bilen tanyshyp gelin tapyp beray olara men ejem bir alac etjek borlay:)))))))))))) ha ha gulup gulup oldumow
_____________________________
Dunya yuzu menzar duzsyz tagama
soz icinde gelin gyz hem bolmasa

Gadyr men oz pikirimi yazdym

Gadyr men oz pikirimi yazdym

menin pritenziyam yok ol

menin pritenziyam yok ol babatda.. Menem oz pikriimi yazdim.. Sheydip bu yerde pikir alishilyar-da..

Quote: Men soyuship durmush

Quote:

Men soyuship durmush gursan gowymyka diyip pikir edyardim.

Menem.

---
All our lives we sweat and save
Building for a shallow grave...

Mergen gaurat et men nick'm

Mergen gaurat et men nick'm bilen isin bolmasyn
gownine yaramasa ozunde sakla sen mana name yazmalygyny owrederyaly sen kim sen ozine jogap ber.

Bar hushyn ishleyshimay

Bar hushyn ishleyshimay sheyle jogap bermek ???
Sana gayrat et diyip yazyldy, nick'ler garyshya diyildi, shonda-da
"name yazmagy ovredyan" diyyanmay ?? Pah, sena gaty akylly ekeninay...

jorajan

Suwagt keyp kellande islesen soyus islemesen soyusme .Soyussena soyusdi diyip almayan bolsalar gaty gowy isle gazan azar beren bomaz sonam gez .Oyde otursana menin yaly borsunda .Dine kelleagyry. Yone birtarapda soyoyusmesen kop wejeralyklary gormeyarsin . Il icinde adyn cykmayar sonsy gowy .Yone oyebarsan weli sawsem dali edyarler.Su wagta cenli oye barsam gacyp oyde cykan oturyaryn Garaz gelenimi hic kim bilenok

Tekiz düşünmedim...

Tekiz düşünmedim... näme, "söýüşeňok" diýip öýüňizdäkiler azar berýärmi?
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

:)

Salam agzalar.
Söygi meselesi gatı kın mesele. Onı çözmek üçin güçli matematik bolmalı. Durmuş guranda söyüşip gursan gowy tarapları kan menin pikirimça. Yöne söyüşmelimi ya söyüşmeli dalmi onçasını biljek dal. Sebabi söyüşmek bilen söyüşip durmuş gurmak biri birinden üytgeşik. Söyüşen son durmuş gurmasan, onda dine söyüşip galan bolyan. Emma söyüşen son durmuş gursan söyüşip durmuş guran bolyan. Söyüşip durmuş gursan biri birin bilen ılalaşmak, düşünişmek has ansat bolar. Sebabi hakıkı söygi, dine biri birini gowy göryan, biri birini gowy tanayan we biri birinin hasyetlerini tanayanların arasında bolar. Söyüşip durmuş gurulanına göra, her iki tarapam biri birini gowy göryar diymekdir we ılalaşıp yaşaşıp biler diyip bolar. Eger-de söyüşman durmuş gursan, ileriki yıllarda her hili düşünişmezlikler yüze çıkıp biler. Sebabi biri birini gowy tanaman, has dogrısı biri birinin hasyetlerini gowy tanaman durmuş gurulandan son, yaş juwanlar biri birini tanap başlansonlar düşünişmezliklerem yüze çıkıp başlayar. Esasanam bu, öyleneninden 5-6 ay yalı geçenden son başlayarmış. Sebabi 6 aydan son biri birini gowy tanap başlayalar we her iki tarap biri birinin kabir hasyetlerini kabul edesi gelman başlayar. Şu wagta çenli düşünişip yaşaşmaklarının sebabi bolsa taze öylenmegin badı/gazı bilen düşünişyaler.
Elbetde söyüşip durmuş guranlarda-da düşünişmezlik yüze çıkıp biler emma beylekiler yalı bolmaz. Onsonam söyüşjek bolsan, menin pikirimçe söyüşmezden ön her iki tarapam öylerindakiler bilen, in bolmanda ejesi bilen maslahatlaşmalı. Esasanam gız maşgala. Erkek her hilem bolsa erkek bolyar we erkek yalı sözünde durup öylerindakileri boyun edip biler. Gızam sözünde durup biler emma öylerindakileri boyun etmegi kınırak bolup biler. Şonun üçinem sözünde durmagı durmuş gurmagına yetman biler.
Aslında söyüşip durmuş gursanam, söyüşman gursanam esası zat birek biregi sılap, hormat goymak gerek. Erkek erkekligini gerek yerinde ulansa, gelinem gelindigini bilip şona göra hereket etse hemme zat güla - güllük bolar. Bir ojakda dine erkegin sözü geçmeli diyilen zat yok. Ayalınam söz hakı bar we onunam kellesi bar, akılı bar.
Entak öylenmamson, bu zatları yazmak mana ansat gelyan bolmagı mümkin. In gowsy biz sözü öylenenler bar bolsa şolara bereli.

___________________________________
meko:)

Manlayına yazılanmış diyyarler,
Emma ıkbalını dostlar pula çözyaler,
Namart gızlar söygüsini pula satyalar,
Senem şoların biri boldın Bayramgül.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Käbir ýerleri bilen ylalaşmasamam..."

:)

Ylalaşmayan yerlerini owrenip bolarmy Bayram??????????????
___________________________________
meko:)

Manlayına yazılanmış diyyarler,
Emma ıkbalını dostlar pula çözyaler,
Namart gızlar söygüsini pula satyalar,
Senem şoların biri boldın Bayramgül.

Meselem, söýüşseň has

Meselem, söýüşseň has gowy oňuşjagyň barada tekiz ylalaşamok.
Oňuşyp oňuşmazlyk, agzybir maşgala bolmak ol maşgalany gurýan iki adamyň psihologiýa we filosofiýasyna has köp bagly diýip düşünýän. Eger ýoldaşlaryny akyllyja saýlan bolsalar, söýüşmedigem bolsalar, problema çykmaly däl.
Söýüşmegiň häzirki zaman kesgitlemesine seretseň, dünýäde millionlap, ýok milliardlap söýüşýän bar, ýöne bile köp bolanoklar... oňuşanoklar... bir sebäp çykýa.
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

Umuman, ilki söýüşip

Umuman, ilki söýüşip durmuş gurmagyň has gowy netije berjegini aýdanyň ýaly, soň sylag-hormat ýaly zatlar barada aýdanam bolsaň.
Onsoňam men söýüşseň biri-biriňi has gowy tanaýanlygyňy doly aýdyp biljek däl. Adam söýgini akla we logika görä guranok, gynansagam, duýga görä gurýar. We käbir logiki däl zatlaram "söýýän" diýip edýär. Ýöne durmuş uzyn prosess we belli wagt soň ýene logika ýeňýä. Soň "seni tanamandyryn" ýaly zatlar bolýa... Gowusy akla görä aýal saýlamak diýýän menä.
Ine saňa mysal bereýin. Meň dostlarym bar bärde amerikanlar. Bir gyz Jennifer maňa şu öýlenmek barada soranda
-Duýgylardan logika has wajyp şu işde
-Söýmeýän adamyň bilen nädip ýaşarsyň?
-Eger logika görä saýlasaň, iň özüňe gabat gelýäni saýlarsyň we söýgi soň dörär
-Ýok ine seret, men öz boyfriend'im, söýgülim Holt bilen köp zatda ylalaşamok, biziň häsiýedimizem kän deň gelenok. Ýöne bizde duýgy bar, biz biri-birimizi söýýäs we söýgi kynçylykdan alyp çykýa we ş. m.
Soň iki hepde soň
-Biz Holt bilen aýyrylyşdyk
-Hä näme üçin?
-Aý sebäp barda...
Soň iki hepde soň
-Baýram biz Holt bilen ýene bile
-Näme üçin?
-Biz biri-birimiziň gerekligimizi duýýas, söýýäs entägem biri-birimizi
Soň ýene iki hepdeden
-Aý ýene aýrylyşdyk. Bolanok... boljak däl öýdýän...
-Aý söýýäňizä, ýene birleşersiňiz :D
-Ýo, bu gezek indi doly boldy edeli diýdik
Şeýle duýgylar, söýgüler günde ýanyp öçýä... Biri-biriniň tananlaram ýetenok, bir öýde ýaşanlaram ýetenok. Gabat gelenoklarda...
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

hmm

spygude beyle ayrylyk ve yenede birleşmeler bolup duryamyka diyip pikir edyan.

a tak prosto bolanok :P

gel ne olursan ol yine gel...

kim name diyse şony diysin

kim name diyse şony diysin mena söyüşjek,söyüşernem:)
söyüşman name bay söyşerna:)

......................edebi edepsizden öwren.......................

hmm

hany gorelida onda :P

gel ne olursan ol yine gel...

sen bn dal

sen bn dal how:P
......................edebi edepsizden öwren.......................

men pikirimçe gyz

men pikirimçe gyz söyüşmezden on ejesine ol oglan barada düşündiren bolsa namede bolsa ejesi jogabyny bererd, we hemme zat başlamazdan ön gyz hem oglan hem beyle bir-birlerni söymezdiler.we namede bolanda gyz ejesinem kakasynam üzmemiş olur.Men bir tanşym hem şeyle boldy ama eşdişime gora o tersine üytgapdir hemme zady yidrenmeye başlapdyr howa gaty kyn yone eger gyz cykmadyk bolsa gyzyn kakasy sonunda razy bolarmyka diyyan namede bolanda gyzyny bagtly gormeyi islar.

hmm

bagyşla yone yazanlaryndan dineje azajygyny düşündim.prosta garym gatymla :P

gel ne olursan ol yine gel...

yone başgaca dilime gelmedi

yone başgaca dilime gelmedi az hem bolsa düşünen bplsan bolyar:)

hmm

şol azajygy düşünjek bolup gayga batyp otyrynda :P

gel ne olursan ol yine gel...

gysgaca gyz on ejesine aydan

gysgaca gyz on ejesine aydan bolsa bu wakalardan namede bolanda daşda durardy sony aytjak bolyan.

hmm

zahmet edenin ucin tanryyalkasyn!!
minnetdar!!

gel ne olursan ol yine gel...

Bileyalkasyn!

Bileyalkasyn!

::.. 52 ..::

kim söygi hakda ya da öylenmeklik hakda 52 zat diyse de hemme kişinin manlayyndaky bolmaly.. Kim nahili yaşasa şonun yaly birine gabat geler.. Sebabi Yokardaky hiç kime adalatsyzlyk etmez.. Kabir zadyn daşyndan seredip baha bermeli dal.. Ol(j.j) söyyan guluny söyyan guly bilen hökman (hökman)x1000.... duşurar... Söyüşmek hakynda bolsa... Yazylan zatlaryn köpüsine goşulamok... Meselem menin tanayan agalarymyn arasynda yaman utanjanlary bar... Gyz saylamaklyk olara galan bolsady ... Ya belli bir yaşa çenli başyna barmazdy.. Has dogrusy söygi eyleki beyleki zatlar bilen iş salşar yaly wagtlaram yok... Hatda kellelerine ka yarym gelyandir.. (Yalnys düşünayman men şeyle pikir edyan.. ) Olaryn onda haly harapmyka... Hijem onun yaly bolmady.. 4x4'lük durmuşlary bar.. Şolaryna heni dali diwana bolup yörenini göremok.. Birem Ya da kimem bolsa birinin yzyna düşüp yörendigini kellame de sygdyryp bilemok.. Eger biz nebsimizi "Horaz süyji alyp berjek! Sakgyç alyp berjek ! Gayrat et.." zat diyip saklaymasak bizi güymap ugrar(islesen islemesen)... Eger onam etmese zynjyrlap goymaly bor da.. Ony nadip etmel diyseniz bolsa ... Hazir aydayyn.. Yok yazayyn.. Agyz beklemeli..
PS: Eger ... ay borlay.. utanyanlay..... menin uzmanlık alanım dallay.. İşi ussatlara soramaly..

Quote:

Quote:

Kim nahili yaşasa şonun yaly birine gabat geler.. Sebabi Yokardaky hiç kime adalatsyzlyk etmez

Vepa, senden ullakan hayisht, sheyle zatlary yazma !!

Nothing personal, yone gayrat edip Huday'in adalatyna burnumyzy sokmalyn, ony ozumize gora-de yoymalyn..Ol
adalatlydyr, bu dogry, yone onun adalaty 2 dunyani hasaba
gatyp edilyan adalatdyr, a bizin yazyan zatlarymyz koplench
senin yokardaky sozlerin yaly, bu dunya'de bolup gechyan
zatlardan ybarat.

1000'lerche gul yalyja gelinin alkash/narkoman arleri bolyar,
omurlerini zaher edyaler shol ayal'laryn, dunya gozi bilen
seretsek, (hasha) Alla shol ayallara adalatsyzlyk edyar,
senin yokarda yazanyna gora hereket etsek, yagny "Erbet A bilen B durmush gursa, diymek B hem idili zat dal" diyip
kabul etsek, her alkashyn ayaly yuzune tukurilaymeli ayal
yaly bolar, yone munyn beyle daldigini, mashgala ojagyna
eye chykyp, alkash bolsa-da yikilan arini tashlap gitmeyan,
ak yurekli ayallaryn kopdugini biz kop gorduk...

Gepin tummek yeri, gayrat edip Allanyn adalaty yaly, gin movzugy
bu dunya gozi bilen komentirlemalin, beytsek gaty uly yalnysh goyberdigimiz bolar!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Mergen gaty oňat ýazypdyr,

Mergen gaty oňat ýazypdyr, seň ýazanlaryňy okamandym. Menem şeýle pikirde, Allanyň adalatyny öz adalatyň saýmaly däl. Elbetde saňa adalatly görünýän zat öz ýazanlaryň...
Men bilýän, sen ýazanyňy oglanlar üçin ýazansyň. Men ýaly köp söýüşen oglan köp söýüşen gyzy "aljakdyr", sebäbi Alla adalatlydyr. Ýöne munyň ýalňyş bolýan ýagdaýy gaty kän. Onsoňam, adam her minut toba gelip bilýä, şol sanda aýalynyň täsirinde hem.
Onsoňam, hantamalyk Alladan edilse elbetde gowy zat. Ýöne (gynansagam?) bu dünýä bu dünýäniň fiziki kanunlaryna görä işleýä we özüň bir iş etmeseň, netije bolanok. Şoň üçindir belki "gawunyň gowusyny şagal iýer" diýipdirler, ýagny gyzyň gowusynam, jalaý we şol ugurda bir zat edýän oglan alýar.
Utanjaň agalaryň gül ýaly oglan bolup biler, ýöne şol utanjaňlyklaryny belli bir şekilde üýtgetmese, öýlenip bilmän gezerler ýa-da seniň aýdýan "adalatyň" bolmaz, ýagny özlerine "mynasyp" gyzlary tapman bilerler. Bir zady köp islän, şol ugurda köp işlän alýa. "Utanýan" diýip gezip ýörseň, sen näçe gowam bolsaň, gyz gelip elleriňe bökäýmez...
---------------------golym remixdir----------------------------
Baýrammyrat, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

hmm

sonca zat yazybam sadede gelmansinda :P

jogap yokla:P

gel ne olursan ol yine gel...

::.. ... ..::

Arkayynçylykda yazaryn da.. Şu wagt

::..istisnalar..::

Pis-pisi tapar :))
Submitted by Mergen on Tue, 2007-03-20 10:36.

Pis-pisi tapar :))

»
Login or register to post comments
nakyl
Submitted by ata on Tue, 2007-03-20 10:55.

1-"Suw pesi tapar, pis pisi!";
2-Gawun gawundan renk alar;
3-Uzum uzume baka baka gararar (TC)

»
Login or register to post comments
Men on
Submitted by turkmengyzy on Tue, 2007-03-20 15:19.

edil shular yaly bir wakany zhurnaldan okapdym, edil shuna menzesh. Yone TM-da boldy d/p dalde, bashga bir dovletde. Son ol ar-ayallar sud-lashyp ayyrlyshyalar. Sebabi ikisindede guna bar. Ari ayalyndan gizlin d/p etya, ayalam tersine arinden gizlin d/p. Son name oz yollary bn gidberyaler. Gorguli chagajyklary aytjakmy sen, ay samsyklar...ikisinem shonun yalyda diriligine yere gazyp gommelimikani diyyan.

»
Login or register to post comments

::..goşulyan..::

İn yokardaky mana yazylan zatlaryn bir bölegine goşulyan.. Yöne men yazan zatlarym gury gürrün dal diysem öte geçdigim bolmaz inşalla.. Sebabi goçaklaryn birine şunun yaly durmuşa degişli sorag soralyar .. Olam köp zada deginyar... Kellame geldi we yazaydym.. Diyjek bolyan zadym... Siz işimize, okuwymyza seredelin.. Naçe özümizi terbiyelap gowy edip yetişdirsek edil şonun yaly birini dilesek(hayyrlysy bilen) name üçin bolmasyn!? Senin adalat hakdaky aydanlaryn "ykbal(kader)" meselesine giryar we şol mesela girilmeli daldigi ayatlarda bar.. Meselem

"şüphesiz ki biz, her şeyi bir kader (ölçü) ile yarattık." (Kamer/49),

"Allah her şeyi yaratmış ve her birine belirli bir nizam vererek, onun kaderini tayin ve takdir etmiştir." (Furkan/2),

"Yeryüzünde ve sizin başınıza gelen her hangi bir olay yoktur ki, biz onu yaratmadan önce o, kitapta bulunmasın. Doğrusu bunu bilmek Allah'a kolaydır." (Hadid/22),

"Ölümü aranızda biz tayin ettik..." (Vakıa/60),

"Bu sebeple yıllarca Medyen halkı içinde kaldın. Sonra da bir takdire göre buraya geldin ey Musa!..." (Taha/40),

Peygamber Efendimiz (s.a.v.)den Hz.Ömer (r.a.)ın rivayet ettiği, Cibril hadisi diye bilinen hadis-i şerifte, iman, İslâm ve ihsanın ne olduğunu Cebrail’e anlatırken iman konusunda şu ifadeyi kullanmıştır: "İman, Allah'a, meleklerine, kitaplarına, Peygamberlerine, ahiret gününe, kadere, hayrın ve şerrin Allah'tan olduğuna inanmaktır." (Müslim/İman),

Bu hadiste kadere inanmanın iman esaslarından olduğu açıkça belirtiliyor. Bununla birlikte ilâhi bir sır olarak kabul edilen kaza ve kader konusunda Peygamberimiz, fazla konuşulmamasını, münakaşa edilmemesini, bu konuya fazla dalınmamasını tavsiye etmiştir.

عَنْ

عَنْ الْمُغِيرَةِ بْنِ أَبِي قُرَّةَ السَّدُوسِيُّ، قَالَ سَمِعْتُ أَنَسَ بْنَ مَالِكٍ، يَقُولُ قَالَ رَجُلٌ يَا رَسُولَ اللَّهِ أَعْقِلُهَا وَأَتَوَكَّلُ أَوْ أُطْلِقُهَا وَأَتَوَكَّلُ قَالَ ‏"‏ اعْقِلْهَا وَتَوَكَّلْ ‏"‏

Müğıre bin Ebi Gurre es-Sedüsiyyü (ra) den: Enes İbn Malik (ra) ‘in şeyle diyenini eştdim :
Bir adam düyesi bilen geldi we :"Ey Allanyn resuly! Düyani danyp tewekkül edeyinmi ya bolmasa danman (goyberip) tewekkül edeyinmi (manlaydaky yazgyda boyun bolayynmy)?" Pygamber (saw) şeyle jogap berdi:"Düyani dan ondan son tewekkül et!"

Eger de diyen gelinlerin öz erkleri bn olary saylan bolsa o ayratyn gürrün... Yene ykbal meselesine giryar..

men manysyna dushunmedim.

men manysyna dushunmedim. name aytjak boldun???

hmm

feyan aydanlaryna goşulyan :P

gel ne olursan ol yine gel...

Şeyle bir gödek statistika

Şeyle bir gödek statistika orta goysa bolar .
Onema biryerlerde yazdimmikam diyyan .
Köne döwürlerde söyişmek ,bir birlerini onat tanamak diyen zat gaty az diyip boljak dereje az eken.
Bir gyz bir oglan bilen yeke tak görilse gyza yoldan çykan yaly seredilyar eken .
Umuman gyz we oglan birbirlerini hiç hili yakindan tanamayar belki obada birlerini göryandirler .
Gyz oglanyn kör ,kel ,ker bolanyny gelin bolup geleninden son biler eken .
Opşim şeyle yagdayda maşgala gurar ekenler .
Hazir günimizde bolsa tanyşmadan asla maşgala guranoklar.
İkisini deneşdiren wagtymyzda onkilerin tanyşmadan guran maşgalasy günimizde tanyşyp gurulan maşgalalardan has hili onat we uzak ömirli yaly diyse bolar ...
soygini garşy jynnsa bolan howesmi ya bolmasa başga bir zatdygyny aytmak kynyrak ...

********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...

hhhhhhhhhhhh

Sanjaryn diyyanleri hem dogry welin edil mende beyle yurek bolmaz:))) shu wagt hic kimde-de sheyle yurek bolup durasy yokla ay yone manlay hic zat diyip bolmaz:*(

_____________________________
Dunya yuzu menzar duzsyz tagama
soz icinde gelin gyz hem bolmasa

men hem Mahra goshulyaryn

men hem Mahra goshulyaryn :)
Aslynda, Sanjaryn aydyshy yaly bolupdyr welin umumy yagday, yone gyz durmush gurjak oglanyny tanasa gowy-da onatja edip!
Tanamagam yetenok-la, baylgyna, gormegeyligine, neberesine, hatda, ynanjyana umyt baglap toy edyan gyzlaram bardyr.
Bu bolanok. "Hatda, ynanjyna" diydim, yalnysh diyemok, ynanybam gozl ahlaga eye bolmadyk ynsanlar bar, gepci, nankor, gaharjan, we sh.m. gowy bolmadyk hasiyetlere eye bolan. Ynha, sheyle bolsa, ynanjy hem yetenok bagtly mashgala gurmak ucin. Shol sebapli-de, ynanjyna umyt baglan gyzlar oglanyn:
- ahlagyna;
- maddy yagdayina(mashgany dolandyryp biljekmi);
- soygusine we wepasyna;
we sh.m. wajyp ayratynlyklaryna-da seredip karar bermeli!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hmm

dogry diyyan dost !!
mende seyle pikir edyan!!
onkuler hiç hili gorusmanem oyleniberipdirler !!
aslynda barde emokratiya dien zat yokla :P

gel ne olursan ol yine gel...

howa onkiler gorman durmuş

howa onkiler gorman durmuş gurupdyrlar.mysal ucin aygytly adimde gyzy 13 yaşynda cykaryalar yone 7 yildan son bile yaşaşyp başlayalar o wagt hem yer üçin öylenyaler ekeni.sebabi öylenen oglanlara yer almana rugsat berlipdir diyip eşittim.

hmm

yer ucinmi?
ha name gyz bilen bile yerde paylanyar ekenmi :P

gel ne olursan ol yine gel...

Aziz, yazgylara "reply"

Aziz, yazgylara "reply" edenok-la, senem-a TC-de bolmaly we internet baglanshygynyz tiz bolmaly!
Beytme-da-how :)

PS: Bir wagt atdash mana shey diyip hayish edipdi, indi men Sapphire-den hayish edyarin :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

gyz 13 yaşynda cykyar yony

gyz 13 yaşynda cykyar yony 7 yil son yaşaşmana başlayar yagny 20 yaşlarynda ona cenli oglan oyune pul gazanyar mallaryn kopeldyar:)

bomako_girl sen adaglanma

bomako_girl sen adaglanma hakynda aytjak bolyanmy ?
Adaglanma onki doeirlerde kop ulanylypdyr.Esasanap garyp maşgalalar baylardan karz alyp wagtynda berip bilmedik yagdaylarynda gyzlaryny bayin kijijek ogullarna adaglanypdyrlar .
Ya bolmasa garyndaşlar arasynda ulanypdyrlar diyip bilyan mena ...
********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...

adaglanma hakynda gürrün

adaglanma hakynda gürrün gidenok yone eşden zadymy yazdym yone oda dogry onki döwürlerde baylardan pul karz alyp son üzip bilman gyzlaryny durmuşa çykarardylar.o wagtlar gyzdan sen isleyanmi ya islanokmy hiç soralmandyr ana şo tarapy erbet!

Bolya bolya gaharlanmada

Bolya bolya gaharlanmada ...
********************************************************
Edep bir jygadyr nur-y Hudadan,
Geý ol täji, gutul her bir beladan ...

Men pikrimce soyusmesen

Men pikrimce soyusmesen gowy! dogrudan hem soyusmesen abraylyja bolyan. elbetde beyle diyildigi soyusyanler biabray bolya diyldigi dal! ata-baba gyzlar durmusa soyusmanem cykypdyrlar ahryn. su wagt basga zamana, basga garayyslar, yone turkmenciligem bolsa yagsy!
Chynar K.

hmm

soyusen vagtyn turkmenciligide edip soyuşmeli :P

gel ne olursan ol yine gel...

granisalary geçman dost

granisalary geçman dost bolsan has gowy men pikirimçe.. men-a tanamayan kişime durmuşa çıkmaga gorkyan:)

gayta hezil damay? bilmeyan

gayta hezil damay?
bilmeyan yerin maşgalan oglan...üytgeşik renklije dünya bolarda...?
D
......................edebi edepsizden öwren.......................

renkli bolar velin..yöne

renkli bolar velin..yöne menin halamayan renklerim bolaysa name etmeli??

hmm

ay garysdyryp islan renkini çykararsyn da,kyn yeri yoga :P :)

gel ne olursan ol yine gel...

Gara bilen gonur'dan bashga

Gara bilen gonur'dan bashga renk bermeseler, ak/gok nadip chykarjak ??

hmm

viy durmusa cyk diyilenoga :P
dineje barlap gor bolmasa son gorubermeli

gel ne olursan ol yine gel...

onem-a shu soygi mowzugynda

onem-a shu soygi mowzugynda bulashypdym welin, yene-de bir-iki zat cyrshap galayin-la:

"Soygi, aslynda, bar we hakyky. Yone olar hil-hil:

Yshk - ilkinji garayishda ynsanyn garshy jynsdan bashga bir ynsana bolan duygysy;

Soygi - Yshk netijesinde shol ynsanlaryn bir-birleri bn gepleship, dushuniship, bir-birlerini kabul etmekleri we duygylarynyn dowam etdirilmegi.

Mashgala - shol soygunin netijesinde gosh birikdirilmegi.

Yalan/pany soygi - Soyyanleren birinin ya ikisinin hem gysga wagtlyk duygy "beslemegi"(TC bolup biler) we wagtyn gelmegi bn unutmagy/unutmaklary;

Cyn soygi - mashgalany netije beryan soygi, dowamynda hem bagty.

Asyl bolmaly soygi* - Biribar haky ucin, Pygamber haky ucin, ahyret, baky jennet haky ucin duyulan/edilen soygi. Netijesi hem sheyle bolar.

Yene-de yazsan yazylar gider welin, Biribardyr pygambere bolan soygi bn ynsana bolan soygi - bular, elbetde, ayry duygylar, yone bizin tm-da dine ynsana bolan soygi zerarly, biribara bolan soygi unutdyryldy ya-da unudyldy diysenem boljak, yone shuny aytmak isleyarin:

Eger Biribara we Onun Resulyna bolan soygide mert bolsanyz, onda dunyadaki soygide hem mert bolarsynyz, iki yuzlulik edip bilmersiniz, Biribar soygusinin dashyndaky Biribar gorkusy muna sebap bolar!"

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

*shu yer ucin bellik

*shu yer ucin bellik etmandirin, Akgulin uytgeshik soygi hilleri baradaky soran soragy, Mergenin hem jogaplan jogaby shu yer ucin oran onat teswir/jogap! Barde daldi oydyan, bolmasa, nirede bolsa tapyp, shu yere-de goyulsa amatly bolar, elbetde!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

http://www.tmolympiad.org/?q=

http://www.tmolympiad.org/?q=node/2568#comment-55036

P.s. Jogaplar meninki dal, Patma(ra)'nynky :D

Mergen, jigim,

Mergen, jigim, minnetdar!

men Mergenin goyan jogaby diydim-le, beren jogaby dal, Hz.Patmanyn jogap berenin senin yazgyndanam dushundim-le :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"