Nakşbendiler barada

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Men Nakşbendi diýip ilkinji gezek "Türkmen taryhy" sapagynda okapdym, olaryň Buharadaky täsiri barada aýdylýardy öýdýän. Soň wagt geçdi, gyzyklandym. Şu temada Nakşbendiler, olardan owadan sözker we ş. m. ýazmakçy.
Nakşbendiler biziň döwletlere, ýagny Orta Aziýa uly täsiri bolan, iň uly tarikatlardan, sufizm gruppalardan biridir! Köp welileri türki halklardan gelip çykmagy bize has hem ýakyn edýä.
Nakşbendiler, beýleki tarikatlardan tapawutlylykda, öz gözbaşyny Hz. Ebu Bekir(r.a.) alyp gaýdýa. Beýleki tarikatlaryň ählisi(bilşime görä) öz gözbaşyny Hz. Ali(r.a.) alyp gaýdýalar. Nakşbendilerde "Altyn zynjyr" diýen termin bar, bir lider ýogalansoň, ýerine indiki lider, indiki altyn halka geçýä we uzyn zynjyry düzýä.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Bash sahypa!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

1. Hz. Muhammed (saw)

1. Hz. Muhammed (saw)
2. Hz. Ebu Bekir (ra)
Hz. Ebu Bekir barada her hili waka köp, ýazylan zatlaram köp. Olary kitaplardan tapyp bilersiňiz. Ine meniň gören gyzykly sözlerim.
Hadis-i-Şerif
"Gün, pygamberlerden başga, Ebû Bekir'den has faziletli(türkmençe?) bir adamyň üstüne dogup batan däldir"
Ondan şu fazilete nädip ýetenini soranlarynda şu jogaby beren ekeni:
- Bu fazîlete bäş zat bilen erdim(türkmen sözüdir bilmeýän üçin=ýetdim):

1. Adamlary iki bölek gördüm. Bulardan bir bölegi talib-i dünyädir; dünýäniň yzyndan ylgaýandyrlar. Bir bölegi bolsa talib-i ukbadyr; ahyret gaýgysy bilen gezýändirler. Men bolsa ne talib-i dünýä, ne-de talib-i ukba boldum. Talib-i Mewla bolmagy saýladym. Rabbymyň razylygyna ermegi hemme zadyň üstünde tutdym.

2. Musulman bolan günümden bäri ma'rifet-i ilahiýýe bilen meşgullanmagyň we onuň maňa berýäň keýpi sebäpli dünýä nygmatlaryna meýletmedim(=gyzmadym=gyzyklanmadym) we şol sebäpli nahar iýmedim.

3. Beýik Ýaratyjymyň muhabbetiniň maňa berýän manevî(=ruhy) keýpi sebäpli, yşk odyny söndürmezlik üçin ganyp suw içmedim.

4. Dünýä amaly (we) ahyret amaly deňeşdirilende elmydama ahyret amalyny dünýä amalyndan öňde saýladym.

5. Resulullah (s.a. w.)'yň söhbetine köp ýygy-ýygydan dowam etdim. Elmydama O'nuň bilen birlikte bolmaga gaýrat etdim. Hijretde dosty, gowakda ýoldaşy we elmydama syrdaşy boldum.

Başga hadys
"Allah kalbyma nämäni guýan bolsa menem ony Ebû Bekir'iň sadryna(=kalbyna?) guýdum."
Nakşbendileriň ynanşyna görä, Hz. Ebu Bekir öz okuwçysyna, ýagny öz halyfyna öwredýä, olam öz halyfyna we ş. m. ýol bilen Pygamberimiziň beren ylmy şol altyn halka, zynjyr bilen Nakşbendilerde dowam edýä. Olaryň häzirki altyn zynjyryň bölegi Türkiýededir!

Azajyk uzynrak bolsa-da, ýene ýazmakçy.
Hz. Pygamber (s.a.w.)ýogalanda hemmeler näme etjegini bilmändirler, Hz. Omara çenli gylyjyny çykaryp: "Kim Muhammed öldi diýse boýnuny çaparyn!" diýipdir. Emma Ebû Bekir (r.a.) Allah Rasûlunyň yüzindäki örtini galdyryp seredip: "Ölümiň hem ýaşaýşyň ýaly gözel. Sen iki gezek ölmersiň, hökman bolan ölümi datdyň." diýipdir we daşaryk çykyp şeýle diýipdir: "Eý adamlar! Muhammed'e tapanlar bilsin ki Muhammed ölendir. Allah'a tapanlar bolsa Allah'yň diri ve hiç ölmejegini bilerler." Soňra şu aýady okapdyr: "Muhammed diňe bir pygamberdir. Ondan öň niçe pygamberler gelip geçdi. Ol ölse ýa öldürülse siz yzyňyza dönjekmiňiz?" (Âlü İmran, 3/144) Hz. Ebû Bekir, şu aýdanlary bilen Hz. Peygamber söýgüsi bilen dopdoly bolan Hz. Omar ýaly sahabîlere, täsir etdi.

Hz. Ebu Bekir "Allahym ahyretde göwrämi şeýle bir uly ki jehennemi(=dowzahy) men dolduraýyn, başgalara ýer galmasyn; bütin gullaryň hasabyna men ýanaýyn" diýip doga edipdir. Elbetde, Nakşbendi altyn zynjyrynyň käbir halkalary, beýik welileriň käbirleri hem şeýleräk manyda doga edipdirler (meselem Beýazid-i-Bistami)

Çeşme: http://www.altinoluk.com/silsile/index.php?pId=2
Terjime meňki

---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

tuweleme, Bayram jan, telpek

tuweleme, Bayram jan, telpek sana!

Yalnyshrak ulanylyan ya-da ynanylyan sozlerin biri bar:"Mekgede Muhammet(SAW), Aziyada Yesewi" diyip, has takygy, Ahmet Yesewinin din we beyleki ylymlarda oran guycli bolandygy ashgar, olam TM-da oz ussat halypasy Hoja Yusup Hemedany (Bayramalyda mazary bar we halk ona Hojayis Baba diyyar)-dan bilim alyar. Olaram Nakshybendi tarykatyndan(yol, ugur) bolmaly. Garaz, olar dunyade oran guycli dini bilim we usul bn hereket edyaler we sheyle-de basharnykly bolyalr belli bir mikarda!

Bir garryja mama goňşymyz

Bir garryja mama goňşymyz bardy, her hili goşgujyklar aýdýady. BIr wagt
-Medinede Muhammet, Türküstanda Hoja Ahmet
diýýädi, seniň sözleriň şony ýatlatdy...
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

men ony TC-de eshidipdim,

men ony TC-de eshidipdim, Tm-de hem uytgeshigrak gornushinin barlygyny bilyardim, umuman, iki 30-yn bir hasap bolyar-da :)

Nace owrenilse we olary gorelde alsan azdyr, ensalla, Turkmen halky sheyle eder!

Her bir beyik serkerdanin, padyshanyn, prezidentin sheyle alymlara matacligi ayan, Fatih Soltan Mehmedin Akshemseddine matac bolshy yaly, ya Soltan Huseyin(Soyun)-in Mir Aly(Myrala) matac bolshy yaly. Ynha, sheyle bolsa, TM hem derrew osup gidermika diyyan. Elbetde, her ugur boyunca in okde we ynancly, namysly, durust we sh.m. gozel ahlaga eye bolan bir ya-da birnace danalar bolsa!

altyn halka diyyanizin hem

altyn halka diyyanizin hem fdogry.. ol halkalar 33 sany.. ol halkalara "silsile-i saadet" diyilya.. nakşibendi 15-nji halka.. hoja ahmed yesewi yone hjaklan içine girip bilmandir.. şol halkalaryn spisogy bolsa şeyle

1. Ebu Bekri’s-Sıddiyk (r.a.)
2. Selman-ı Farisi (r.a.)
3. Kasım bin Muhammed (k.s.)
4. Cafer-i Sadık (k.s.)
5. Bayezid-i Bestami (k.s.)
6. Ebu’l-Hasan Harkani (k.s.)
7. Ebu Ali Farimidi (k.s.)
8. Yusuf Hemedani (k.s.)
9. Abdu’l-Halık Gucdüvani (k.s.)
10. Hace Arif Rivgiri (k.s.)
11. Mahmud İncir Fag’nevi (k.s.)
12. Hace Arif Ramitini (k.s.)
13. Muhammed Baba Semasi (k.s.)
14. Seyyid Emir Kilal (k.s.)
15. Muhammed Bahaüddin Nakşibend (k.s.)
16. Hace Alaaddin-i Attar (k.s.)
17. Yakub Çerhi (k.s.)
18. Hace Ubeydullah Ahrar (k.s.)
19. Hace Muhammed Zahid (k.s.)
20. Derviş Mehmed (k.s.)
21. Muhammed Hacegi Emkengi (k.s.)
22. Hace Muhammed Bakibillah (k.s.)
23. İmam-ı Rabbani Ahmed-i Faruk-i Serhendi (k.s.)
24. Hace Muhammed Masum (k.s.)
25. Şeyh Seyfüddin Arif (k.s.)
26. Muhammed Nurü’l-Bedvani (k.s.)
27. Şemsüddin Habibullah İbn-i Mirza Can (k.s.)
28. Abdullah-ı Dehlevi (k.s.)
29. Hafız Ebu Said Sahib (k.s.)
30. Habibullah Can-ı Canan (k.s.)
31. Muhammed Mazhar İş’an Can-ı Canan (k.s.)
32. Selahüddin İbn-i Mevlana Siracüddin (k.s.)
33. Ebu’l Faruk Süleyman Hilmi Silistrevi (k.s.)

Telpekler (1 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • ata 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Bay-ba, gulagym galdy senin gozleg edishine, ynha, geljekki uly pedagog/terbieyeleyji we mugallym:)"

Hawa, sebäbi Hoja Ýusup

Hawa, sebäbi Hoja Ýusup Hemedaniniň 3 halifesi(=dowam etdirijisi) bar ekeni, Abdu’l-Halık Gucdüvani (k.s.) iň güýçlüsi we birinji halyfy hasap edilýär ekeni. Hoja Ahmet Ýesewi güýçli ekeni, ýöne beýleki iki halyfam güýçli ekeni. Hoja Ahmet Ýesewilik tarikatyny gurýar, türk göçebe halklaryny musulmanlaşdyrýar. Bizde aýratyn hormata mynasyp.
Men şol halkanyň her biri barada ýazmakçy :)
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

tuweleme, Akgul, jigim,

tuweleme, Akgul, jigim, senem indi gozleg motory bolup bashlapsyn-ow, atdashym(Atamyrat) yaly, berekella!

Ahmet Yesewi barada Bayram hem yazan ekeni, ensalla, has ginishleyin yazar, yone olam bir tarapdan Nakshibendilikden oz tasirini alypdyr, has takygy, shol ugurdan beyik alym Hoja Yusubyn shagirdi bolupdyr, shol sebapli aydypdym, takyk maglumaty hem sen goydun, mana bolsa:
-gordum we kabul etdim - diymek galdy, sagja bol, jigim :)

sag bol bayram.din hakynda

sag bol bayram.din hakynda turkmenistanda okamak ucin kitap katy az.aslynda din hakynda yazylan zatlary byr yerde toplansa.

Akgüliň getiren

Akgüliň getiren spisogyndan görşüňiz ýaly, ikinji altyn zynjyr Hz. Selman Farisi(r.a.).
Ýöne Akgüliň getiren listinde altyn zynjyryň ikinji halkasy ýaly görünýär, meň okanymda altyn zynjyr Pygamberimizden başlaýa we şol sebäpli Hz. Selman üçünji zynjyrdyr.
Parslardan ilkinji musulman diýlip tanalýan beýik sahabadyr.
Özi Pers Imperiýasynyň basyp alyşyna gatnaşan sahabadyr, söweş başlamazdan öň parslary Yslama çagyrypdyr. Şu sahabanyň täsirinde biziň ýurtlaram galypdyr, edil geografiýada hem Nakşbendilik has köp ýaýrapdyr.
Welileriň köp prinsiplerini sahabalardan, olaram Pygamberimizden alýany belli. Selman hezretleri az iýmek, garyp ýaşamak we ruhy galkynyş ýaly temalarda öňe giden adam ekeni sahabalaryň arasynda-da!
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Bizde aýdylýan

Bizde aýdylýan rowaýatlara göra Bahaweddin Nakşbendi tahýa (börük) diker eken we her iňňe uranda Allanyň adyny aýdar eken, şondan soň ady şeýle galypdyr.
Häzirki döwürde bolsa, şol ýoly dogam etdirýänlere görä "ýüregi dünýäden ahirete bagly" diýmek. [çeşme: Wikipedia]
paid tha cost to be da Bo$$

Selman Farisi'den soň

Selman Farisi'den soň tabiinlere gezek geçýä.
Kasım Bin Muhammed (r.a.), Hz. Ebu Bekir'iň agtygy we Hz. Pygamberiň nebereleri bilen garyndaş eje tarapdan.
Giç bolansoň, şu ýerini terjime etmän ýokardaky salgydaky saýtdan türkçe nakledýän

Quote:

"Tasavvuf arayı açmak değil, kapamaktı", o da bunu yapmak için güzel hasletleriyle dostluk ve kardeşlik için elinden geleni yapardı. Onun bu fazilet abidesi davranışları çağdaşları, tarafından takdirle karşılanırdı. Nitekim Yahya bin Said: "Biz, çağımızda Kasım bin Muhammed'den daha faziletli birini görmedik" derdi.

Mekke ve Medine arasında Kudeyd denilen yerde 102/720 veya 108/726 yılında yetmiş yaşlarında olduğu halde vefat etti. Ölmeden önce gözlerini kaybetmişti. Öleceğini anlayınca oğluna: "Beni içinde bulunduğum giysilerle;gömlek, izar ve rida ile kefenleyin" dedi. Oğlu: "Babacığım, bunu iki katına çıkarsak olmaz mı?" diye sorduğunda: "Dedem Ebu Bekir de böyle üç parça bir kefene sarılmıştı. Bizim için ölçü onlardır. Bu kadarı kafi, sonra dirilerin yeni giysiye ölülerden daha çok ihtiyacı var." cevabını verdi. Bundan sonra oğluna, önce kabrini dümdüz yapmasını, ondan sonra ailesine haber vermesini vasiyet etti.
----------------------------
Ömer bin Abdülaziz'in "Elimde olsa hilafeti Kasım bin Muhammed' e bırakmak isterdim" diye halim övdüğü. İmam Malik'in "Kasım bu ümmetin fukahasındandır" diye sena ettiği Ebu Bekir torunu, gerçekten asalet ve mehabet timsaliydi. Daima düşünceli ve haşyetliydi. Yüzü gamlı, alnı secdeden aşınmış bir haldeydi.

Ömer bin Abdülaziz ile münasebetleri şöyle başlamıştı. Abdülmelik bin Mervan öldüğünde Ömer bin Abdülaziz çok üzülmüş, yetmiş gün süreyle yas tutmuştu. Bunu duyan Kasım, Halife 'nin yanına giderek: "Bilmez misin ki, eslafımız musibeti de, nimeti de aynı gözle görür ve aynı tavırla karşılardı. Nimete tezellül, musibete tecemmül gösterirdi. Yani nimete layık olmadığı düşünerek şükreder, musibete de hikmetini arayarak sabrederdi." Bu nasihattan çok hoşlanan Ömer bin Abdülaziz, Kasım'a ayrı bir ilgi gösterir olmuştu. Çünkü gönlüne onun sayesinde dünyadan zühd anlayışı dolmuştu.

Onuň aýdan sözlerinden öz halanym "Bir adamyň, Allanyň özüne parz kylan zatlaryny bilensoň bilimsiz, başga zatlary bilmeýän bolup ýaşamagy, bilmeýän zatlary barada söz aýtmagyndan has gowudyr!"

---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Ja'fer-i Sâdyk (r.a.)

Ja'fer-i Sâdyk (r.a.)
Hem Pygamberimiziň hemem Ebu Bekiriň neslindendir. Hem dini ylymlarda, hemem tebigi ylymlarda öňe giden ekeni, özi Algebrany döreden Jabir b. Hayyamyň mugallymy hem diýýäler.
Imam-i Azam bilen döwürdeş, ýaşlaram ýakynrak ekeni. Biri-birlerinden rowaýat nakledipdirler.
Döwründe halyflyk hem teklip edilipdir diýýäler, ýöne syýasada girmän, dini durmuş üçin boýun towlapdyr. Edil Imam-i Azamdan bolşy ýaly, halyflar bu beýik şahsyýetdenem gorkupdyrlar, ýöne pikirini hem sorapdyrlar.
Şol Imam-i Azamy öldürmen(rowaýatlara görä) Halyf Mansur(ikinji Abbasid halyf) bir gün üstüne münýän siňegi kowup bizar bolup Jaferden soraýa
-Allahyň siňegi ýaratmakdaky hikmedi näme?
-Zalymlara we özüne ynanýanlara bir siňege hem güýç ýetirip bilmeýändiklerini görkezmekdir.
diýipdir...
Onuň barada köp beýik rowaýatlar bardyr, islän has köp şu ýerden okasyn
http://www.altinoluk.com/silsile/index.php?pId=5
Jaferi-Sadyk beýleki beýiklerden tapawutlylykda gymmatbaha eşigem geýipdir. Biri oňa bir gün
-Siz Pygamberiň neslinden, şu eşik size gelişermi?
-Sen ýagdaýyň nähilidigini nädip bildiň? Eliňi eşigiň aşagyna sok!
Ol adam elini eşigiň aşagyna salsa, ýüňden dokalan gaty bir eşige eli degipdir.
-Daşdan geýýänimizi adamlar üçin geýýäs we gizlämizok! Içden geýýänimizi Alla üçin geýýäs, adamlaryň bilenini islämizok. Sebäbi Alla üçin edileni gizlemek esasdyr!
diýipdir.

---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Bayram, kop sag bol,

Bayram, kop sag bol, ensalla, dowamy geler!
Men bir zady soramakcy, sizinem aslynyz shu silsileden gelyar oydyan, ha!? Yagny, takmynan sheyledigini caklayaryn!? Dalem bolup biler welin, gyzyklanaydym yone!

Men bir wagt obamyzyň Çary

Men bir wagt obamyzyň Çary Arap diýilýän ýaşulysynyň biziň babam tarapymyzyň Arabystandan gaýdanyny eşitdim, dogry düşünmän ekenim ýa oýun edipdirmi. Öýde sorasam biz "garaçydan çykan" işanyň agtyklaryndan ekeniň. Ýagny babamyň babasy özi okap şol derejä(=işanlyk) ýeten ekeni, ýöne biz asyl türkmen ekenik(men şeýle düşündim).
Babam tarapdan biz diňe babamyzyň babasyna çenli bilýäs, aňarsyny bilemizok. Babamyzyň babasy Sabyr Işan bolan, Lebapda belli işan bolan. Onuň keramaty köp bolupdyr, mamam gürrüň berdi olar barada. Aý baryny ýazyp durmakçy däl. Ýöne gysgaça aýtsak, bizde işanlyk däpleri we okuwy babamyň kakasynda gutarýar. Şonuň hekaýasyny aýdyp bereýin.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

onda sana oyun edibem

onda sana oyun edibem gaty-gayrym zat aytmaly dal ekenim:)
Bir tarapdan pygamber nesline dayanyan bolsanyz-a hasam!
Garaz, Onun(SAW) neberesine hormat, Ona(SAW) hormat bolyar!
Yazsan begenerin, tuweleme, asyl guycliler siz we sen ekenin-a!

Aý ýok Atamyrat aga!

Aý ýok Atamyrat aga! Aýdýana biz "garaçydan çykan" işanlardan, ýagny nesil Pygambere ýa beýleki beýik araplara daýananok(meň bilşime görä), bir türkmen(=Sabyr işan) okap işan bolan ekeni. Meni beýle ýokaryk galdyraýma!
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Sabyr Işan özi we sopylary

Sabyr Işan özi we sopylary bilen(belki ýeke özi?) dälileri, psihiki näsaglary kyrk(?) gün bir jaýda bile oturyp "okap" açýar ekeni. Özem "aýal ýüzüni görmedik" diýýänlerinden ekeni, öz aýalyndan, babamyň mamasyndan başga hiç aýalyň ýüzüni görmändir.
Onsoň bir gün ol bir dälini okap açyp otyrka, öz oglam oýnap ýör ekeni, kiçi ekeni. Ol bir görse şol okap oturan jaýynyň daşyndaky köwüşler uruşýamyş, babamyň köwüşleri bilen däliniň köwüşleri. Olam gelip iki köwüşem gujaklap ýatyrypdyr. Şonda ol däli açylyp, onuň däliligi Sabyr Işanyň ogluna geçen ekeni.
Onsoň Sabyr babam öz oglunam okap açypdyr. Ýöne "ýaş ýogalar" diýipdir. Hakykatdanam, Ybadulla babam 30-33 ýaşlary arasynda täzeden aklyny ýitirip, ýogalypdyr. Onuň ogly Hudaýberdi babamam ýaş ýogalypdyr. Şeýlelik bilen meniň babam liniýasy barada bir zat bilýänler obanyň ýaşulylary we öz mamam, bizde köp info galmadyk. Sabyr babamdan öň näme bar bolanam bolsa, tekiz info ýok.
Garaz, Nakşbendiler bilen bagdaşýamy aňarymyz bilemok, bagdaşmaýan bolaýmasa. Ýöne özi Işan bolan Sabyr babamyň, özem okap işan bolan. Elbetde sopylaram bolan. Diýmek bir sufizm gruppasyna degişli bolmagam mümkinmikä?! Bilmedim...
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Azajyk offtop gidýä,

Azajyk offtop gidýä, Nakşbendiler barada ýazman babalarym barada ýazýan. Ýöne indi şunam aýdaýyn. Sabyr işan belli bolansoň, ony her topar öz işany edesleri gelipdir. Ol döwür Lebapda molla, işan köp ekeni we ýalňyşmasam saryklar ärsarylara "Sizde işan köp, bize beriň Sabyr işany, biziň meselelerimize seretsin" diýipdir. Onsoň Sabyr babam belli bir wagtdan soň saryklaryň işlerine seredip başlapdyr. Ýöne ýogalansoň uly märeke toplanyp... dawa çykypdyr. Her topar "biz tabyty göterjek, biz gömjek" diýip dawa edipdirler "biziň işanymyz" diýip uzaga çekipdir. Onsoň ýöne tireleriň biri tabyty galdyrjak bolsalar, galmandyr. Beýleki tire hem gelip galdyrjak bolsa, ýene galmandyr. Şonda düşünipdirler, her tireden adam gelip galdyranlarynda galypdyr, şeýdip iki tire, iki topar bile jaýlapdyrlar!
Aý başga-da mamam köp zat gürrüň beripdi. Men diňleýädim, erteki diňlän ýaly :D
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Meniň hem atamyň atasy

Meniň hem atamyň atasy sopy bolan, siz taraplarda Bereketde ýaşan. Murgap boýunda tanalýan eken. Ir döwürler adamlar Baba Gammaryň mazaryna ziýarata gidende degip geçýän ekenler. Familýamyz ady ýitmesin diýip atamyň atasynyň ady ulanylan, birem garyndaşlar bilen kontakt gopmaz ýalak.
Sadyk babam barada enem gürrüň bererdi, keramatly wakalar hem aýdyp berýädi.
Wah nirde ol eneler... Magtymgulyň, Göroglyň goşgylary bilen hüvdileýän...

Baýram sen has gowi bilýänsiň, Baba Gammar barada bir zatlar ýazsana. Özüm 3 gezek ziýarata gittim, gaty täsin ýerleriň biri.
Ilkinji giden ýylym azyndan 50.000 adam gelendir, duran awtobuslaryň, maşynlaryň hasaby ýokdy. Şol ýerde Ümir Eseniň diňläpdim.

paid tha cost to be da Bo$$

Chynymy aytsam, men ta TTMe

Chynymy aytsam, men ta TTMe giryancham obamyzdan 2-3 gezek chykandyryn chykan bolsam, hich yere gidemokdym. TTMe girelim baram, wagt tekiz yok, Baba Gammara-da gidip gormedim, hich yere-de.
Yone Baba Gammar dutaryn piri hasaplanya, esasanam bagshylykda okde bolan saryk halky tarapyndan hasam soyulyan yaly, gownume bolmasa. Onsonam eshidenime gora Hz. Alynyn atchysy bolan yaly.
Ay wagt bolsa Turkmenistana bir lay gowy aylanmaly!
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Baba Gammar barada men hem

Baba Gammar barada men hem kan zat bilemok, bilsem yazardym hana, Sanjar online boldy, shol taryhy onat bilyane menzeyar, yazay-how bolmasa, Sanjar:)
Oyun bir yana-da, kim bilyan bolsa yazsyn-la, birem, Mc_merwin yazgysy arkaly taze bir blog acayin-la, kim nahilirak bilyarka!?