Çagaňyza haýsy at goýmakçy ýa-da halaýan atlaryňyz

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Geliň şu ýerde halaýan atlarymyzy ýazalyň. Diýeli 3-4 sany bäbegiňiz bar, näme at goýasyňyz gelýä?

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Men öň maşgalada ulanylan

Men öň maşgalada ulanylan ady ulanasym gelenokdy. Şoň üçin men Omar diýen ady dakmagy isleýädim öz ogluma, sebäbi Hz. Omaryň fanady men :D
Ýöne bir görsem, öz süýtdeş agam ogluna Omar diýip dakaýypdyr. Indi başga at gözläp ýörün :)
Beýleki doganym bolsa ogluna Nurmuhammet goýupdyr, indi Muhammet diýen adam eýeli :)
Beh, bu inilerim atlaryna eýe bolsunlar inşallah. Ýöne indi soňky günler at gözleýän.
Gyzym bolaýsa, häzirlikçe Hatyja diýen ady halap ýörün, maşgalamyzda, ýakyn garyndaşlarda ýok şu at!
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Ay yene oylenmek, chaga

Ay yene oylenmek, chaga yasamak, olara at goymak meselesimay :D Bashda 1-nji bir edeli, dovamy hem gelerda ensalla :)

Nazar,Begench,Rovshan,Begli L

Nazar,Begench,Rovshan,Begli
Leyli, Selbi,Maya.

hmm

gyz bolsa Mahriban ady has gowy yali.
Ogul uchin Mansur, Shohrat we Arslan

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • annashka 1 telpek goyyar we yazyar: "Mahriban ady üçin... :D"

Goýjak adymy aýtjak däl,

Goýjak adymy aýtjak däl, başgasy goýmasyn :)

men-a turkmenin taryhy

men-a turkmenin taryhy shahsyyetlerinin atlaryny halayan, (ogul atlary ucin): Oguz, Seljuk, Gorkut, Togrul, Gaya, Bayat, etc (Oguz hanyn agtyklarynyn kopusinin ady yaman owadan)
gyz atlary biraz kynrak mesele :D : Ayshe (yone tmcedaki Ashe dal :), umuman, men seyrek gabat gelyan atlary halayan-da: yogsam, nira barsan Bayram, ata, Mergen, maysa, Gowherka, Zohre bolup dur-a :)))))))

Habibullah Abdyrrahman

Habibullah Abdyrrahman Täcmuhammet (bular daýylarymyň atlary)
Abdylbaky (buda inimiň oglynyň ady)
Osmannur (buda oglumyň ady)

Meniň babalarymyň atlary

Meniň babalarymyň atlary Ybadylla, Hudaýberdi, Sabyr. Olaram halaýan.

---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Bayram uch babang barmy

Bayram uch babang barmy sening?sabyr mamang ady dalmi name?mena gyza goyulyar diyip bilyardim sabyr.

Meň kakamyň kakasy, ýagny

Meň kakamyň kakasy, ýagny "birinji" babam Hudaýberdi. Oň kakasy Ybadulla, olam meň babam bolýa. Oň kakasy Sabyr.
Şol sebäpli meň familiýam Saparow. Aslynda Sabyrow bolmaly :)
PS Sabyr diýip gadymda erkeklere hem dakýar ekenler

---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

humay,tumar,bahar,lale,leyli

humay,tumar,bahar,lale,leyli,leyla
röwşen,bezirgen,muhammet

......................buda geçer.......................

Tuwelem

Oglanlar tuweleme kop at menin islan atlarym bilen den gelya Mansur Yeniji diymek shony dakjakdym yone eyyam goyipdirlar! :(
Menin bir dostym bar shona soz berdim oglymin adyni Usamah diyip yone ol at dakmak kynrak bolaymasa diyyan! :( .. Sahabalaryn (R.T.A.) atlaryni halayan sholaryn birinin atlaryni dakaryn!! :)
ATA aga sizin habibullah owadan at ekeni!!
Gyzim bolsa Asya diyjekdim welin yone ony doganym dakdy! :(
YOne bul meselede buny oz Ayalyma chozdirderin! :) name daksa shony daksyn! :D

TurkmeN

Humay ya-da Serkerde bolup

Humay ya-da Serkerde bolup biler

At diyenin manyly bolsa

Chagalar ene-atasynyn dakan adyny omur boyu gotermeli bolyarlar. Shonun uchin goyyan atlarymyz manyly bolsa yagshy. Gyzlar uchin Gulnur(Gulin nuruni yatladyp dursun), Medine(Gulin shaherini yatladyp dursun), Hatyja (Gulin ayalynyn terbiyesini yatladyp dursun), Oglan bolsa Muhammet, Ebubekir, Omar, Osman, Ali we sh. m. goy (Gulin ozuni we egindeshlerini yatladyp dursun). Kabir adamlary gorup janyn yanyar, Ady Kakilik, Ojar, Durdy(Tormoz), Geldi(Came), Berdi(ozuniz bilyaniz) we sh. m. Omur boyu shol manysyz ady goterip yormeli. Ters manyly atlary sanap hem oturmayin, Doyduk, Italmaz yali.

Quote: Ters manyly atlary

Quote:

Ters manyly atlary sanap hem oturmayin, Doyduk, Italmaz yali.

Shol atlaryn name uchin goyulyanini bilyanmi olara "ters atlar" diyip oturar yali ?? "Italmaz" diyip 1'nin birnache chagasy olen bolsa dakylyar "Alla shu chagany bize bagyshlasyn, item almasyn shuny" manysynda, "Doyduk" hem bir jyns'dan kop chaga bolsa dakylyar, gyzyn ady oydyan shol, yagny 4-5 gyz bolsa "Doyduk, indi 1'je-de oglan bolsun" manysynda..."Berdi"--Buda "In sonunda Alla 1 oguljyk berdi" manysynda, kop kosenip chaga edinenler goyyalar ve sh.m...Adamlar sonlar muny "ady goylan" edip dovame etdiryaler, yagny atalarynyn ady, kakalarynyn ady ve sh.m...
Herkim 1 niyet bilen goyyandyr atlary, gayrat edip manysyna dushunman biderek zat yazmalyn...

Köp güldim, telpegem

Köp güldim, telpegem berjekdim welin, käbir ýalňyş ýazan zatlaryň sebäpli ýazmadymda.
Azajyk aşa oýun edipsiň. "Berdi" diýen at "Allaberdi" ýa-da "Hudaýberdi"(Rahmanberdi we ş. m.) diýen atlaryň täze wersiýasy, gysgaldylan wersiýasy.
Berdi ady türkmende şu wagta çenli GOŞMA at bolup geldi. Berdimyrat meselem, ýagny "Alla myrat berdi". Şoň üçin Berdi adyndan köp gülmäliň. (Muhammetberdi diýen adam dakýalar, Pygamber beribä bilmeýä welin...)
Käkilik hem guşuň ady. Olam gowja, Allanyň ýaradan guşy. Azat, Mekan ýaly atlardana has manyly. Begenç, Guwanç, Azat, Mekan we ş.m. atlar täze çykan, soňky 30 ýylyň atlary. Berdi ýaly at bilen ömür deňeşip bilmeýä(bagyşlaň şeýle atlylaryňyz bar bolsa)
Durdy hem köplenç ýeke at däl, goşma adyň bir bölegi. Soňky döwür remiksläp, gysgaltdylar. Gurbandurdy, Baýramdurdy ýaly atlardan. Geldi adam şeýle "Muhammetgeldi, Baýramgeldi, Täçgeldi" we ş.m.

Ojaram güýçli we berk manyny berýä, manysy gowy bolsa bolýa-da. Ýeňiş, Mekan diýen ýaly atlara men düşünemok. Nämäniň ýenişi? Nämäniň Mekany? Şöhrat, Sylap... Sylap bolýa, birini sylap goýandyrlar, ýöne nämäniň Söhrady?
PS Köp sanamaýyn diýdim, atlarymyzy biz saýlamadyk. Onsoň oglanlaryň atlary şol tipden bolsa, menden gaty görmäň.

---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

At....?!

"Sju" hem erbet at dal. Hem gyz ady hem erkek ady bolup biler. Yagny "unisex name" diyilyanlerden :)
------------------------------------------
"Zulpung her bir taryna yuz mung tumen bereyin,
Sana yekan-me yekan, getir dukana zulpung!"

Dogrymy aýtsam çagalaryma

Dogrymy aýtsam çagalaryma "dini temaly" at goýmakçy däl. Aýtjak däl diýdim ýöne hemmäňiz birmeňzeş atlary aýdyp oturansoň öz goýjak atlarymy alternatiw edip ýazaýyn.

Oglum bolsa adyna Arman goýjak. Şahadatnamasynada adyny Arman Mele edip geçer ýaly etmek isleýärin.

Gyzym bolsa adyna Asman ýa-da Asuda goýmakçy.

Bolman hem duranok ...

Ay, boljak. Gyzynga dakjak adyng gowy. Yone ady-familiyasyny "Asman Mele" diyip aytsa "Chaga aldayangmy, Asman GOK" diyaymeseler.Olam ongat many berenok :)
Ha, birem ogul ady, "Arman"?!
Name?
"Durex'e ynanypdym, aslynda-ha bolmaly dalding welin Arman boldung-da" manysyndamy?
"A:rman yadaman ishlesin" manysyndamy?
"Arman doguldyng, bolmasa dogmadyk yaly ederdim" manysyndamy?
"A:rman ishledim welin Arman boldy" manysyndamy?
........???
------------------------------------------
"Zulpung her bir taryna yuz mung tumen bereyin,
Sana yekan-me yekan, getir dukana zulpung!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Vahahahaha...."

Quote: "Durex'e ynanypdym,

Quote:

"Durex'e ynanypdym, aslynda-ha bolmaly dalding welin Arman boldung-da" manysyndamy?

:D :D
Ay senem tapyanay nirede yok zat, oylenensonam bir Durex gerek bormay :)))

hehehe

"Arman boldung" diyip, ah chekyanler boldurmajak bolup ulanyalar-da :)

------------------------------------------
"Zulpung her bir taryna yuz mung tumen bereyin,
Sana yekan-me yekan, getir dukana zulpung!"

Jogaplaryň bagyşlaň

Jogaplaryň bagyşlaň ýöne "samsyk".

Arman sözüniň manysy "Küýselip ýetilip bilinmeýän zat".

Arman - ahmyr

Farabi wrote:

...Arman sözüniň manysy "Küýselip ýetilip bilinmeýän zat".

meniň bilşime görä «arman» sözi «ahmyr» bilen bagly.
ýagny küýselip ýetilen zat däl-de küýselen zadyň bolmazlygy (durmuşa geçmezligi) -mikä diýýärin.

mysallar
«Gyza garaşdym welin ARMAN oglum bolaýdy».
«Bu adamdan gowulyga garaşypdyk welin ARMAN bu-da öňe syçdy»
«Saňa etmelisini bilýän welin ARMAN seniň pagonyň barda»

Türkmenistanyň düzelenini

Türkmenistanyň düzelenini görsem ARMANym galmazdy.

duzelmegimi?

"Alma bish agzyma dush!" diyip garashyp yorseng, sening ne sen-a dal sening ne Asmanyng ne-de ARMANyng gorer. Belki olaryng "amanjan"y dagy goraymese :):):) Yone Turkmenistanyng duzelip duzelmegi dal, tema turkmenciliging dowamaty ....

------------------------------------------
"Zulpung her bir taryna yuz mung tumen bereyin,
Sana yekan-me yekan, getir dukana zulpung!"

Men siziň ýazan

Men siziň ýazan mysallaryňyzdan hem "küýselip ýetilip bilinmeýän islegler" manysyny çykardym dogrusy.

Ahmyr bilen baglydygyna

Ahmyr bilen baglydygyna goşulamok. Ahmyr bir iş edip puşman edeniňe diýilýär.

duzulenler ...:)

Manysy soralanlar hem sholda. Wah, 20 minutlyk hezillik diyip, Dure* siz neme etmelidaldim. Ana, indi nemang bilen edeningi egning bilen chek diyip oz ozung pushman edip goyulan at yaly bolyar "ARMAN" janyngam ...:)
------------------------------------------
"Zulpung her bir taryna yuz mung tumen bereyin,
Sana yekan-me yekan, getir dukana zulpung!"

Bagyşlaň ýöne samsyk

Bagyşlaň ýöne samsyk pikirleriňizi goldatmak üçin Türkmen dilini üýtgetjek bolmak bir ýeriňizi gynamakmyka diýýärin. Eger Durex ýyrtyk çykyp eden bolsam adyna "Ahmyr" goýardymy.

eyhooo...

Eyhooo, men-a ARMAN yng 2 manysyny bilyan:
Arman - edilen ishden song gynananmak "Barjakdym welin arman, yolda mashynyng tekerleri yaryldy"
A:rman - yadaman manysynda

Ol sening tapyp yelmeshdiren zatlaryng Turk dilinden how. Bolly et indi shu Turk dili garym gatym etmegi.:)

------------------------------------------
"Zulpung her bir taryna yuz mung tumen bereyin,
Sana yekan-me yekan, getir dukana zulpung!"

dogry aydyan. "Türkmenistan

dogry aydyan.

"Türkmenistan SSR. bilim Akademiýasynyň Dil Instituti.
Türkmen diliniň sözlügi.
Türkmenistan bilim Akademiýasynyň çaphanasy.
Aşgabat – 1962" kitabyndan:

ARMAN [arma:n] I, 1. Ýetilmedik maksat, durmuşa geçmedik arzuw.

Aýsoltan bile goşuny birikdirip bilse, Begenjiň dünýäde armany ýokdy. (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Ökünç, puşman, öýke, kine.

Süýthorlaryň arman galdy janynda. Armanym köp öňki öten wagtyma, Başym aýlap, şikes berdi bagtyma (Mollamurt, Saýlanan eserler). Jellatlar tapmasyn derdine derman, Ýüreginde galsyn dag bilen arman. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Bürgüt penjesinde, hazan elinde,- Arman galdy gözel dagyň gülünde (N. Pomma, Saýlanan eserler).

<> Arman çekmek —ahmyr çekmek, gaty gynanmak, ökünmek.

ARMAN [arma:n] II, Şowsuzlyga uçralanda edilýän ökünji bildirýän «wah, biderek, nähak» ýaly manylarda gelýän ümlük.

Ýüz elli ýyl boldy doglanyň, bäri, Arman, sen görmediň oňat zamany (N. Pomma, Saýlanan eserler). Gaty gowy maşgala, arman, saçy inçejik ekeni (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ine, arman, tanyşmanyňyz bolmandyr — diýdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Arman, elimden sypaýdy.

hehehe yok wuhahahaha

Farabi wrote:

Oglum bolsa adyna Arman goýjak.

Keypden bolan diyyanmi!:D:D hay senem tapyanay!:D Arman yetishmedimda!:D
Olyan hazir gulip!:D

TurkmeN

Samsyklar gülüp ölmek

Samsyklar gülüp ölmek bilen gutarsady hemme zat gülala-güllük bolardy.

Onda...

Onda gulmek diyilyan zat bolmazdy, ya-da gulmek olmek bolardy, ya-da samsyk gulse onga olum bolardy, ya-da olen gulse samsyk bolarmydy?
------------------------------------------
"Zulpung her bir taryna yuz mung tumen bereyin,
Sana yekan-me yekan, getir dukana zulpung!"

Samsygyň gülüşi bilen

Samsygyň gülüşi bilen beýlekiň gülüşü tapawutly bolýar-da.

ops

ops yalnishipdirin!:D

TurkmeN

Arman adynyň manysy.

Arman adynyň manysy. Türkçe.
http://www.tdk.gov.tr/TR/AdArama.aspx?F6E10F8892433CFFAAF6AA849816B2EF0BF5B4755D05B9EB&sirano=788

Arman

Köken : T. (Bärdäki T. kökü Türk diýmek bolýar)
Cinsiyet: Erkek
Söyleyiş:
Anlam
1. Dürüst, doğru, güvenilir kimse.
2. İstek.
3. Özlem.

Köken : T.
Cinsiyet: Kız
Söyleyiş:
Anlam
1. Dürüst, doğru, güvenilir kimse.
2. İstek.
3. Özlem.

Doganjan

Doganjan Gaty gormesizlik bilen.. Yone seret biz yone Arman diyilyan adyn ustunde sheyle gulen bolaydik.. Gozegine getiryanmi eger mekdebe girse yada univ girsen name boljagyni??? Omir yil Garganip gecher!

TurkmeN

Men ony "samsyklaryň

Men ony "samsyklaryň mekdebine" goýbermejegime garantiýa berýärin.

Bu "samsyk garantia", akylly

Bu "samsyk garantia", akylly garantia gerek bolsa "Ichinde samsyk chaganyn okamayan mekdebine bererin" sheklinde berlerdi ve muny yerine yetirip bilmanjik gechermikan diyyan !!!

dogry ...

Dogry aydyan M-M (okalshy "em-em" bolyarmy?eyhooo, senem nickingi chalsh derrew.ya-da "me-me" diyip yoren, bula yokardakydan hem erbet, derrew chalysh :):):) )!

Ongem birini bilyadim okuwchykam, turk:
ady-familiyasy: SATYLMYSH KOCH (satylan goch, bolyar)

her gezek umymy yashayysh jayynda ady tutulsa, gulup-gulup "samsyk ichim gyrylyardy" :)

------------------------------------------
"Zulpung her bir taryna yuz mung tumen bereyin,
Sana yekan-me yekan, getir dukana zulpung!"

hmm

Beyle diyen bolmaz ondada, Ozin gowy bilyansinle!!!!

TurkmeN

hehehhe

Yoklay bul nikin manyshy bashga... MukaM

TurkmeN

Bay bow

Farabi dogan Armandan bashga at galmadymay dak meselem Suleyman diy Yunus diy! (menin uchina owadan atlar)
Bilmedim Armanda name tapdyn!!!
Alla bilijidir!

TurkmeN

Aytda "dini at goyjak dal"

Aytda "dini at goyjak dal" diyip, Suleyman ve Yunus'yn hem Pygammer atlarydygyny yatladayayin diydim :)

wii bilmadirin!:D

Uns bermandirin! Dini ady dakmasa onda TurkmeN milletinde bashga at az diyaymesek!
Batyr dak turkmen!!:D

TurkmeN

Men doganymyn ogly boldy 9

Men doganymyn ogly boldy 9 mayda adyna Emin dakyalar.

40 yyl maya gezinchan, butun 1 yyl ner gezgin!!!

Adyna ...

Adyna eye bolsun-da herna! Emin ellerde gezer deng dushlary!

------------------------------------------
"Zulpung her bir taryna yuz mung tumen bereyin,
Sana yekan-me yekan, getir dukana zulpung!"

Dogrysy sizden "Emip hezil

Dogrysy sizden "Emip hezil etsin" ýaly samsyk bir islege garaşypdym. Haýran galdym dilegleriňize.

Name ? :)

Hay, Farabi! Seng indi gozlerem gowshashdy diysene?! Emip yorme-de senem ulalyp adam bola how!?!:)

------------------------------------------
"Zulpung her bir taryna yuz mung tumen bereyin,
Sana yekan-me yekan, getir dukana zulpung!"

Ýok çynym men kör :).

Ýok çynym men kör :). Özümem "oçkarikdim". Häzir linza ulanýaryn.

badyrla ...

Badyr-la bir sebabi asyl ::):):)

------------------------------------------
"Zulpung her bir taryna yuz mung tumen bereyin,
Sana yekan-me yekan, getir dukana zulpung!"

Emin chagany gunune goyun

Emin chagany gunune goyun how. :)

40 yyl maya gezinchan, butun 1 yyl ner gezgin!!!

Türkmenlerde köplenç

Türkmenlerde köplenç aýal atlary has gowy manyly bolup galypdyr. Erkek atlary soňky 40 ýylda üýtgäp, 1000 dürli täze at çykdy, remikslenen, bimany. Menä ýaşuly adamlaryň arasynda "Şatlyk aga", ýa "Şöhrat aga", "Begenç aga", "Mekan aga" diýip hiç kimi tanamok. 40 ýaşdan ýokarky adamlarda tapaýmarsyňyz. Bu sowet döwrüniň getiren atlary. Ýöne Begenç ene-atasyny begendirsin, Şatlyk şatlandyrsyn, Şöhrat şöhrat getirsin. Niýet gowy bolsa bolýa.
Gyzlarymyz bolsa, türkmençiligiň esasy goraýjylary, öz atlaryny özleri zaýalaýalar käwagt. "Gulya" ýaly edýäler, ýogsam Gülnur, Gülnar, Güljemal şondan 100 esse gowy.
Gyz atlaryň köpüsi gaty owadan
PS Men Aýna adyny halaýan, ýöne manysyna düşünemok
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Men ogluma indi Aly diýen

Men ogluma indi Aly diýen ady dakaýyn diýip ýörün, nesip bolsa :)
Ahmet adynam halaýan ýöne.
Gyzlara bolsa entek bilmedim, Hatyja birinji ýerde dur şu wagtlykça :)
PS Farabi seniň ýazanlaryňy okap soňky döwür gynanýan. Sen türkmençilikden gaty uzaklaşýanyň ýaly. Armanam, Asmanam erbet däldir, ýöne "dini at dakjak däl" ýaly çaga gürrüňiň bolanok. Ady dini bolany üçin dakmajak bolsaň, sen dine duşmançylygyň barmy näme? Esasy manysyna seret, dindäki atlarda owadanlygam bar, many hem.
Sen bolsa diňe ony aýtman, "samsyklaryň mekdebine" iberjek däldigiňem aýdýaň. Biz hemmämiz samsyklaryň mekdebinde okadyk, türkmenleriň bary samsyk. Onda yrrygyňy agyrtman, ýatdan çykaraý türkmenleri! Sebäpsiz ýamanlamak gowy dälä...
Senä öz ýazanlaryň bilen, soňky döwür näme isleýänligiň barada şübhe döredýäň...
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Çaga gürrüňimi bijek

Çaga gürrüňimi bijek däl ýöne men çyndan hem dini temaly at dakasym gelenok. Dini temaly atlar bilen hem hiç hili algym-bergim ýok.

Samsyklar baradaky gep bolsa sözüň manysyndan habarsyz bir-iki adamyň eden gürrüňine değişlidi.

Gyz atlary: Elnara, Mirana,

Gyz atlary: Elnara, Mirana, Jemal, Zubeyda
Oglan atlary: Halil, Rowshen, Maksat,
Atlaryny gowy goryarin,

Life is just so wonderful!!!

Maksat... näme Maksat?

Maksat... näme Maksat? Maksadyň näme?
Röwşen we Halil gowy.
Elnara we Mirana türkmen ady däl ýaly. Oglanlar ýokarda Mansur hem diýip köp aýdypdyrlar. Mansur türkmen adymy?
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Mansur...

Mansur gaty kone turkmen ady, yone song ol ozbek ady diyip bilinyar. Yagny "Mansur-y Hallach".

------------------------------------------
"Zulpung her bir taryna yuz mung tumen bereyin,
Sana yekan-me yekan, getir dukana zulpung!"

Mansur Hallajy... hawa,

Mansur Hallajy... hawa, ýöne şol taryhy şahsyýet türkmen ekenimi?
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Mena bilishim yali

mena bilishim yali mansury arab atlaryn birimyka diyyan terjime edende (yeniji) diyilen bolyar bir neshit hem eshidipdim "mansurii,... mansurii" diyip!:)
Men pikirimce araplarynkymika diyyan!:)

TurkmeN

Soz manysy...

Soz manysy Araplardan ya-da parslardan gelyan bolmagy mumkin "Ahmet", "Muhammet" yaly. Yone turkmenler konede kan ulanyan ekenler.

------------------------------------------
"Zulpung her bir taryna yuz mung tumen bereyin,
Sana yekan-me yekan, getir dukana zulpung!"

Maksat ady prosto gowy

Maksat ady prosto gowy goryarin, A Elnara Mirana turkmen gyzlarynda hem eshitdim.

Life is just so wonderful!!!

Tuwelem tuwelem ..:)

Shol atlary bilen teleshke-teleshke chagajyklaryng bolsun! senem abedi juyje bolushup yashang! :)

------------------------------------------
"Zulpung her bir taryna yuz mung tumen bereyin,
Sana yekan-me yekan, getir dukana zulpung!"

Gowy atlardan Seýit bar,

Gowy atlardan Seýit bar, Seýitnur bar, Mämmet bar, Mämmetweli :)
Onsoň Kerimberdi diýseň bolýa welin, gysgaldarlar adamlar. Kerim bolar...
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Kerim hem Alla'nyn sypaty,

Kerim hem Alla'nyn sypaty, ony-da goymaly da...Kerimberdi bolar yone !

Mergen dogan Allanyn sypaty

Mergen dogan Allanyn sypaty Al-karim.. Karim dal karim diysen bolar yone Al-kerim diyip dine Alla tagala aydylar!
shol AL-(manysi ukazat edya gonukdirya) menem on sheyle diyyadim Kerim diymek bolanok abdulkerim diymeli diyyadim yone son barik gelip biraz ogrenip bashlamson bildim!
Meselem arabca aydali (at-tiflu kerimun)= (shedriy rebenok) shedrin turkmencesini bilmedim! :( eyle diysen bolar yone (at-tiflu al-karimun) beyle diysen yone bolmaz shol "AL" Alla tagala gonukdiriji bolyar!

TurkmeN

Men muny bilyan Mukam,

Men muny bilyan Mukam, AL diylen zat "bolan ..." yali, meselem "Al-Kerim"(Karim dal menin bilshime gora, anyrdaky "kef" bolmaly, ya men yalnishyanmi ?) "Kerim bolan" diyip, Allany sypaty bilen beyan edyar, a Kerim yeke ozi bolsa 1 sypat, hich zada gorkezenok, yone yene-de ol Alla'nyn sypaty edil Rahman yali ve her govy sypat yali, ol hem 1-nji bilen Allany getiryar kellane !!! Adamlarda'da Allanyn sypatlary bar, ol adama-da berdi oz sypatlaryndan, yone bizinki edil ay'in(kamar) gunin yshygy bilen yagtalshy yali bir zat, yagny ay'yn oz yshygy bolmayshi yali, bizde-de Allanyn sypatlary ozumize degishli dal, biz dine "otrajat" edyas ony !!! Garaz bizinki dal sypatlar bilen, bize yuzlenilmeli dal, galyberse-de Huday'in sypatlary bilen!

Dogry aýdýaň, bir tatar

Dogry aýdýaň, bir tatar ymam Kerim ady barada aýtman, Rahman at barada aýtdy. Malik barada hem şeýle zat bar öýdýän :)
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Al-Malik hem Alla tagalan

Al-Malik hem Alla tagalan atlarynin we sypatlarynin biri!:)

TurkmeN

meryem mina mahriban... in

meryem mina mahriban...
in gowy we yörgünli at menin adym :ANNA:)))))dakjak yokmay

......................buda geçer.......................

Aybölek Ayjemal aygül

Aybölek Ayjemal aygül goyyan yokmay modadan gaçdy öytyan
ya bizem türler yaly ilde yok at gözlap başagaymy
gülküç atlara barmanysyz tagamsyz..tolga diydi ahu diydi binke diydi
bulara enesinin ilkinji bogny +atasynyn sonky bognuny garyp at dakayyarlar namemiş üytgeşik bolsun...

......................buda geçer.......................

Mena öz Babalarymyn yagny 7

Mena öz Babalarymyn yagny 7 arkamyn içinden at dakasym gelyar .Bizin toparumyza (maşgalamyza) palwanlar diyilyar .Menin 7-nji arkam güyçli palwan bolan ady
" Torumbaş " önki döwürde göreşde önine çykan bolmandyr . Menem bir palwan ogul islegi bilen " Torumbaş "
goyjak nesip bolsa adyna .

Bah

Bah bu atlary gorip ozum name goyjagymam bilemok: ay gel ynha su atlaram oran geliji cagalara: Seyti,Anna,Meret,Arslan,Aymyrat Akmyrat
Gyzlarynky:Jana,Gulnar,In govy goryan adym:Gulbahar;Gulsirin,Selbi!!
Enemin ady(ejemin): Akjemal
Atamyn(kakamyn):Amangeldi
Jigilerim(inilerim):Owezgeldi,Serdar
Babamyn bir owadan ady bar:Bayram(yone ona Bayrac kawagt diyayerler)
Mamamynky bolsa Ogulnobat
PS> Bayram aga sag bolun butin masgalamy yatladymay.

ahmetj

ahmetj wrote:

Gyzlarynky:Jana...

Beyle-de at barmay Turkmenlerde ?

Mergen, shony aytmagy yatdan

Mergen, shony aytmagy yatdan cykaran ekenim, blog sheyle uzyn, aslynda, yene birnace zat barada yazjakdym welin, yene-de uzyn boldy, bolar-la diyip goyayipdym:)

Ahmet, jigim, sheyle zat lakam ya-da hususy yagday bolaymasyn!?

Bay-ba, sowesh giden eken-a

Bay-ba, sowesh giden eken-a barde-de:)

Atlar barada we goylush sebapleri barada on hem yazypdym, Annanyn acan "atlar" blogynda, shu yerede goymakcy:

1-wepat eden atandyr enen we sh.m. atlarynyn dowamy ucin at dakylyp bilyar, meselem, menki;
2-Kop gyz ya-da oglan bolsa, durmagyny islap at dakyalar, meselem, gyzlara:Dursun, Bessir, Doyduk we sh.m., oglanlarda, Cariyar(dordunji), Bashim, Alty, Yedi we sh.m.;
3-Oz isleglerine ya-da ene-atasynyn isleglerine gora adaty TM at goyulyar, hemme atlar girip bilyar;
4-Has onat atlar goymakcy bolanlar bar, meselem, Allanyn atlary bolan:Jemal, Jemil(e), Habyp, Azim, Aman(Eman), Soltan, Rahman, Rahym,(shu ikisi El, Al" yaly goshulmasy bolsun ya bolmasyn, tapawudy yok, ynsan cagasyna berilmeli atlar dal yone) Kerim(Allanyn sypaty hem bolsa, adamlara-da berlip biler, sebabi, Arap dilindaki "El, Al" yaly goshulmasy yok, birem niyet wajyp), Mecid, Ferit, Samed, Mahmyd, Aliy, Baky, Kadyr, Jebbar, we sh.m.,
Pygamber atlary:Muhammet, Mehmet(Mammet), Ahmet, we sh.m. ya-da Jennet we sh.m.;
5-Pasyl atlary: Bahar, Nowruz, we sh.m;
6-Ogly bolmayanlar, gyzlarynyn atlaryna Ogulgerek(enemin ady), Ogulsoltan we sh.m. dakyalar.
men bolsa:
oglan: Azym, Emin, Kerim, Aly, Kadyr, Ahmet
gyz: Jennet, Jemile, Jemal, Jeren, Jahan, Ayna, Gozel we sh.m. goyasym gelyar :)

Farabi, arman barada sen TC ceshme gorkezipsin, TM dilinde armany Gurdow we aA aga onat dushundiripdir. Dine erbet garayshyn bolmanyna begendinm, shol bolsa pelsepanin 1 gornushi baradaky yagday bolyar, bolyar-la, men copan dushundirip bilmen.

TC-de bir gezek biri oz gyzyna seslenende gulagym galypdy:)
Ayshesultan eken gyzynyn ady, bah, goshmaca at welin, Turkmenlerde, Ashe(Ayshe), Soltan we Aysoltan atlary bar, baryny oz icine alan ekeni:)

Sabyr hazir gyz ady, yone onler erkek adama-da dakylyan eken.

M_M, men Habibullah diyip Pygamberimiz ucin aydypdym, yogsa adam ady barada zat yazmandym!? Yene-de, elbetde, oran onat at!

Emin aga, senem onaryan-ow, Bayram we Mergen dagy yazan ekeni, Berdi atly sheyle onat tanyshlarym bar, olar gorayse name diyerlerka:)
Garaz, senden beyle zada garashmandym, gynandym:)

Ay, bolaydy oydyan:)

Seyfullah

Seyfullah

Agamamet nahili BEGENCH

Agamamet nahili BEGENCH

bizina nesip edenden 1-2

bizina nesip edenden 1-2 hepdeden lukmanlaryn aydyshlaryna gora gyzymyz bolmaly,
keyvany bilen maslahatlashyp Aziza adyny dakmaly etdik, ol at namani anldyanyna bilemok, aranyzda bilyan barmyka? :)

Han aga! Bir zat sorajak..

Han aga! Bir zat sorajak.. Ors dilin gowumy senin?

Diyjek bolyanim keywanin bilen orscamy ya turkmenche dushunishyaniz? Jogap hokmunde yazjak yagdayiniz toydan on nahilidi? Son nahili boldy?

Garaz nahili boldy tanyshlik?:) Yesli ne sekret.. Birhili ors gyzy yran turkmen kan dal-da:)

hayyrdyr Gadyr aga"alaka

hayyrdyr Gadyr aga"alaka niye" diyyami türkler:):):)

......................buda geçer.......................

Gyzyň ýaşusyzn bolsun Han

Gyzyň ýaşusyzn bolsun Han aga! Ýöne Aziza adyndan türkmen atlaryny has halaýan.

Gadyr wrote:

Birhili ors gyzy yran turkmen kan dal-da:)

Aý ýoklaý, Türkmenistanyň ors gyzlaryny oýnamak üçin däl, päk ýürek bilen ýakynlaşsaň, türkmene razy boljagy gaty köp. Orsýetdäkilerdenem yrmak mümkin.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

yaşy uzyn bolsun manysy

yaşy uzyn bolsun manysy eziz manysynda bolaymasa...

Ayna adyny gowy görüp başladym menem sonky döwür...

......................buda geçer.......................

hawa, Ayna adam govy, yone

hawa, Ayna adam govy, yone biz bu ady keyvana dakdyk :), onun oz hakyky ady Yevgeniya(Zhenya) :)

beatris

beatris daksanamboljak
gyrgyz ady owadan at ekeni:):)

......................buda geçer.......................

O diýýäniň gyrgyz ady

O diýýäniň gyrgyz ady däl bolaýmasa ...
Meň bilýanym 'Ana Beatriz Barros' brazilýaly ...
Birem 'Queen Beatrix of the Netherlands' bar ...

paid tha cost to be da Bo$$

yok yok Beatris Nurumbekowa

yok yok
Beatris Nurumbekowa atly 1 gyrgyzy tanayan Moskwa Gubkinde ekeonomika okaya:)

......................buda geçer.......................

Ýene bir Beatris-e duşdym.

Ýene bir Beatris-e duşdym. Mewlana Jelaleddin Rumynyň 800-nji dogum ýylyna bagyşlap kümüş pul (moneta) çykardylar, şony şekillendirenleriň biri Sesil Beatris KALAYCIYAN (3.moneta). Ol hem ermeni eken.
* Sesil = Cecile
* Mevlânâ’nın 800. Doğum Yılı Hatıra Para Seti
paid tha cost to be da Bo$$

azerbeyjan atlaram gaty

azerbeyjan atlaram gaty ovadandyr!

mena

Mena Zeynep dakasym gelyar. Hatyja adyny gowy goryadim yone jigimin gyzyna dakmagyny maslahat berdim. Indi ozum bolsa Zeynep dakmak isleyan...

Gadyr

ors dilim ol diyen overlikli dal, yone onusharlykcha bar,
ay ors gyzy yryana kandir velin yone alyan az :)
ay gepin tummek yeri ola magazinde ishleyardi, menem ashyk boldum :) , ay yzyndan uhazhivat edyardim, guljagaz anry bari garaz sheydip birhili bir hili boldyda :),
bashdana orscha gurleshyardik, son bilsem ol turkmenchede bir az bilyan ekeni, shoda shol indi dine turkmenche gurleshyarin, orsymy govulandyrmak uchin bay orscha gurleshjek bolyan velin asyl bolanok :), turkmenche bilyan adam bilen asyl orscha gurleship bilemok,

2,3-nji soraglaryna dushunmedim :)

Saaja bol han aga.. Beyleki

Saaja bol han aga.. Beyleki soraglar hokman dal, aslinda olary-da jogaplapsyn.. Dil dusunismezligi toydan on we son nahili diyjek bolupdym:)

Toy nahili boldy? TM'de boldumy?:)

hawa, Balkanabatda, gaty

hawa, Balkanabatda, gaty uytgeshik boldy (menin uchin :) )
Balkanabada gelsen gorkezerin :)

ay mena shu at diyyilende

ay mena shu at diyyilende bir hili kan gyzjak bolamok
sebabi kop Tm mashgalalarynda koplenc garrylar goyyalar ya-da adamsy goyyar ayalyna ocyram berenoklar, onson garram cagymda agtyklaryma goyaymasam gowy goryan atlarymy:)))

Bizina maşgalamyzdda

Bizina maşgalamyzdda

Gyzlar M..M

Gglanlar B..B..........bn başlayar...

dine men A bn başlayan.........men aprelde 2 jigim mayda 2 jigimem martda...

Menem öylenayse A bn başlayan biri bolsa nesip bolsa çagalarymayn atlarynyn hemmejesi A bn başlar:):):)

Eje-ene kaka-ata dinlenmez:)

......................buda geçer.......................

hmm

bizin oyde bolsa atlar A bilen başlanyar :)
Aziz
Arif

garaz çistiy Arabskiy atlar :P
Ejemin ve kakamyn atlaryda Arapça atlar :)

gel ne olursan ol yine gel...

bah bizde M we B-ler bar

bah bizde M we B-ler bar welin dine men A-nna sorashdyryp gor,sizden bolaymayyn how:)

......................buda geçer.......................

hmm

hihi yokla anna aga arkayin bol!!

gel ne olursan ol yine gel...

Men pikirimche at dakma yone

Men pikirimche at dakma yone parhsyz garalmaly dal. Dakylan at adamyn durmushyna az hem bolsa tasir edyarmika diyyan.

------------------------------------------------------------
Bu gün bolmasa, ertir bolar!

Dogry. Ogly bolmadyklar

Dogry. Ogly bolmadyklar Ogulgerek, yene bashgalary Italmaz, Tapchangul yaly atlar goyyalar. Chaga ulalanynda omrunin sonuna chenli shol atdan chekibilenini chekya. Kicika yashdashlaryndan, ulalanynda ozunden kicilerden almytyny alyar.

biz obada bir mashgala chaga

biz obada bir mashgala chaga doguryp bilman ovulya baryna aylanypdyrlar, doga baryny edipdirler, son olaryn ogly bolupdyr, olaram ona Ovulyaguly diyen ady dakypdyrlar

:)

Semsat,
Jeren,
Ogulgerek,
Ogulhan,
Ogulboldy,
Ogulnobat,
Besdir............ :-)

Ogulboldy diyip at barmy how

Ogulboldy diyip at barmy how ?? Oglandygy gornup durandyra
how, ony ayratyn nygtamak nama gerek...
Ogulnobat dalde Ogulnabat diyip goyulyanini bilyan onsonam,
Oglan bir suyji zat manysynda.

Ogulboldy diyip bar. Anyk

Ogulboldy diyip bar. Anyk bilyan..
At meselesinde gyzlar kop chekyaler oydyan..
Oglandan alyp bilmediklerini gyzlardan chykaryalar my namemi..

Yalnushmayan bolsam

Yalnushmayan bolsam Ogulboldy dilyilyan at bar. Ozem ogula garashyp gyz dogulsa dakylyan at bolmaly.
Ogulnobat diyilyan at bolmagam mumkin. Yzly yzyna gyz bolsa indiki ogul bolsun niyeti bilen.

------------------------------------------------------------
Bu gün bolmasa, ertir bolar!

Ogulboldy adi

Ogulboldy adi bar...(dayzamin adi. :) )
Ogulnobat- oglun nobadi(gezegi) manisinda.

sonkysy -Doyduk bolmaly :)

sonkysy -Doyduk bolmaly :)

ay, 52 gyzyn bolsa-da,

ay, 52 gyzyn bolsa-da, Doyduk diylen at goyulmaly dal-lay, gyzyn name gunasi bar oglan bolup dogulmadygyna? Menin gozumde, sholar yalak at goyyanlar dushunjesi gaty pes adamlar...

guyje goshulyan welin gulup

guyje goshulyan welin gulup oldum han agan yazan atlarina:) haha:)

Biz 4 chaga, hemmamizin

Biz 4 chaga, hemmamizin adymyz M'den bashlayar -- Maral, Mahym, Mekan, Mergen :)))
Dine menin adymy ejem goyupdyr, edebi kitaplardaky akylly, hemishe maslahat soralyan
"Mergen aga"-lar yali bolsun diyip :)))

Ata-enemin aydyp bersine

Ata-enemin aydyp bersine gora menin adymy kimin goyany belli dal. Menin dunya inmeli wagtlarymda, oyde hickim yok wagty gelip gapymyzyn yanyna diwara oyup: "Buslyk. Satlyk oglunyz boldy" diyip yazip gidipdir. Sonra men dunya inipidirin, mana Satlyk adyny goyupdyrlar. Ol diwara oyulyp yazylan yazgynyn kimin yazanyny biljek bolup, hemme garyndash, tanysh, gonshy, etc sorapdyrlar. Ony edenin eyesi tapylmandyr.

satlykmy ya

satlykmy ya şatlyk:):):)

......................buda geçer.......................

Ikincisi.. Turkce/turkmence

Ikincisi..
Turkce/turkmence klaviatura ulanamok. Inlizca owrenshipdirn

Men dogulan wagtym "Myrat

Men dogulan wagtym "Myrat Sadyk" Türkmenistanda we SSSR-de #1 eken. Atdaş bolsun diýip enem dakypdyr, familýamyz birmeňzeş. Öňki nesliň adamlary adymy eşitse ýyrş etýä ...

paid tha cost to be da Bo$$

Men okamadym gowy goryan

Men okamadym gowy goryan atlarymy yazayyn
Oglan at: Serdar, Merdan, Arslan, Guwanch, Wepa, MEkan
Gyz at: Selbi, Leyli, Mahym, Jemile, Gowher, Mahri, Merjen, Jemal, Maysa..

Anna adyny menden başga

Anna adyny menden başga gowy goryan yok oytyan:)

......................buda geçer.......................

Leylii gadyr diymegi

Leylii gadyr diymegi yatdan chykardyn?:)

adamlar fewralyn sonuny

adamlar fewralyn sony bilen martyn başlarynda dogulan gyz çagalaryna merjen adyny dakyn:))

Sebap ?

Sebap ?

fewralyn sony we martyn

fewralyn sony we martyn başy balyk yıldızına değişli bolya.. merjen sözünin manylary hem suw bilen baglanyşykly 4 sany manysy bar..

1. suwun astynda osyan ösümliğin/vodorosl ady
2. suwdaky daşyn ady
3. balygyn ady

dakayjak dal,oazalam daş

dakayjak dal,oazalam daş töweregimiz merjende lagyl:)

......................buda geçer.......................

Ey way, maskirowka

Ey way, maskirowka gutardymay indi?! :)
---------------------------------------------------------
Magtymguly, pendiň illere söýle,
Öz halyň niçikdir bir pikir eýle

Bayram aga ilki oylenin

Bayram aga ilki oylenin ondan sonra at goysanyzam bolar .Yone su dunyeden oten garyndaslaryn adyny dakmaklygy halamok .Birhali tumlik bolup gorunyar(reyinkarnasiya. )

Hmm... oylenmakanam arzuw

Hmm... oylenmakanam arzuw etse bolara?! :)

---------------------------------------------------------
Magtymguly, pendiň illere söýle,
Öz halyň niçikdir bir pikir eýle

ey wahey yna bizin kop

ey wahey yna bizin kop turkmenlerimizin dakyan atlary
Hijri aylary sanap cykaymaly
Sapar ayynda bolanlara -Sapar, gyzlara bolsa Sapargul
Meret ayynda bolanlara Meret, Meretgul; Bayram ayyndakylara-Bayram, Bayramgul............. hemme aylary sanap cykyalar kabirlere:))))))))))
yone menin tanayanlarym shu wagt bir at goyup bashladylar welin dilinem arasynda colashyp gidyar; Abdus salam, Ymran, Abdylla, yene yadyma dushenok

hmm

govy atlar dakyn!!
şol atlara eye çyksynlar!!

gel ne olursan ol yine gel...

in sonky Anna men

in sonky Anna men öytyan:)

......................edebi edepsizden öwren.......................

men abdylla adyny gowy

men abdylla adyny gowy goryan..

hemme ynsan abdyllah,

hemme ynsan abdyllah, aslynda welin, gyzlara dakylanok-da bu at, oglunyza dakaymasynyz :)
oran onat at, pygamberimizin dowrunde in kop dakylan atlardan biri, hatda, abdullat, abdylmenat, abdyluzza yaly ahli atlary shol ada we abdurrahman, abdykerim yaly atlara uytgedilen ekeni!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

gyzlara da

gyzlara da jennet:))

ayşenur ady hem gowy goryan.. yone turkmenlerde beyle ad yok oydyan.. yuzlenenlerinde Aşe diyip yuzlenerler.. gowam dalley:((

ony diysen, Jennet-in

ony diysen, Jennet-in dashyndan Jemile, Jemal, Sabyr yaly Biribaryn atlary hem dakylyar gyzlara, menin hem gyzym bolsa, sholardan birini dakmak islarin, geljekgi yanyoldashymy we ene-atamy yryp bilsem :)

Ashe barada, men hem goshulyan, Aysha hem godegrak, Ayshe bolsa has amatly, elbetde!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Sabyr diydiniz velin ejem

Sabyr diydiniz velin ejem yadyma düşdi.. ejem oglan doganmyma "oylensen ve gyzyn bolsa adyny sabyr dakjak" diyyadi hemişe.. :))

men kiçi wagtym adymyn jennet bolmagyny isleyadim:))

Bah, senin adynam pis zat

Bah, senin adynam pis zat dalle, onda-da Jennet'e dalashgarda :)
Yone menin bilshime gora Allanyn sypatlaryny chagana dakmak
govy dal, mena sholary dakjak dal, onem yazypdym shu barada,
son ona biri "Plan chumo" zat diyip sovse birhili bolup
giderin...

hmm

men kiçi vagtym adymyn Aziz lygyny bilemokdumam :)
son öwrensem şeylerak eken.yöne başga at bilen yüzleyadiler :P

gel ne olursan ol yine gel...

yagmyryn merjen

yagmyryn merjen daneleri:)

namyok goni adrese..:) haha:)

İnshallah. Allayar,

İnshallah. Allayar, Muhammedyar diyesim gelyar menina Gyz bolsada Mahym, Maral. Aslinda Medine diyjek bolup yordum mena Doganym gyzyna dakayypdyr indi o Medine adini ulanyp bolmayar.*********************************************************************************************************************men dunyada bir zada guvanyp yaşayan

mena 1. klasa gityançam

mena 1. klasa gityançam adym toylydyr oytyadim..garyndaşlar taçli diyyadi,sadikdede toyly orslar bolsa tolik diyyadi..1.klasda adymy okanlarynda...Anna diyseler ZYNK boldy:)

......................edebi edepsizden öwren.......................

iki atlylaram barmay

iki atlylaram barmay aranyzda :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Tagan, Ataş iki adym bar

Tagan, Ataş iki adym bar :D.. Atamyn ady bolanson öydakiler Ataş diyyarler.

kellam garyshdy..

Garaz haysi ady dakayin diysen ya ha halamayan ishdeshin yada tanyshyn ady bolup dur. Shon ucin halanyny etmeli.. Nurmuhammet govy adym bar ekena..

Elmydama agzybirlik!