Baky mesele: nesilleriň arasyndaky düşünişmezlikler

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Maňa tanyş medeniýetleriň hemmesinde şu problema bar. Ýaşulylar bilen ýaş nesliň arasyndaky düşünişmezlik elmydama bolupdyr.
Sebäbi näme? Aý sebäbi ýaş, tejribe we berlen terbiýe bolaýmasa. Maşgalalar köplenç çagany "çaga" diýip özbaşyna göýberýäler. Haçan ulalyp, "sakgal-murt çykanda", "kelle agyrdyp" başlanlarynda derrew özüçe adam etjek bolýa maşgalalar...
Çaga terbiýesi barada köp aýdypdyk öňem. Bu gezek gaýtalamaýyn. Ýöne biz indi şeýleräk ele alaly meseläni. Şu problemany çözmegiň başga nähili metody bar?
Gyzlara şeýle problema bolanda "waýeý, çaltyrak äre çykyp, şu öýden gitsemdä... irdim menä halys" diýýäler. Özlerini günäli hasaplamaýalar, hasaplasalaram, düşünişmegiň ýerine, gaçyp gutulmagyň tarapdarlarymyka diýýän. Bir zat diýseň "akyl öwretme, iňirdeme, özümem bilýän" diýýäler...
Oglanlar bolsa öýlenen badyna göçmek bilen, derrew aýryljak bolýalar. Şu ýagdaýda biziň "gep düşünmeýän" ene-atalarymyzyň günäsi barmy ýa ýaşlaryň?

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Meniň özümem ýaş oglan.

Meniň özümem ýaş oglan. Islän wagtym öýe dostlarymy toplap bilmeýänim, islän wagtym ýatyp, islän wagtym turup bilmeýänim, gije futbol görüp bilmeýänim, ýa kino görüp bilmeýänim ýaranokdy.
Onsoňam öýde senden awtoritetli adam köp bolsa, her edeniň barada häli-şindi hasap bermeli bolsa, kynrak düşýä. Munda günäli ýokduram, belki(95%) munyň peýdasam köpdür. Emma şeýle ýagdaýa bar. Onsoň "iňirdiden", "gepden" iren ýaş oglanlar öýden gidesleri gelýä. Ýaşulylaryň käbirisi geplemäni halaýalarda. Ýöne elbetde oglanlar gowy bolsa, olaram gepläp durjak dälle, öte begenjekler.
Gyzlaryň ýagdaýy hasam erbet, olara bir wagt gitjeklerini bilensoň, öýünde ýaşasy gelenoklar belli wagtdan soň. BU barada köp ýazmaýyn, umumylaşdyraryn.
Umuman, siz özüňizçe aýdyň, şu ýaşulylara gep düşündürip bolýarmy? Şu problemany öýüňden "gaçman" çözüp bolýarmy? Şu problemamy esas zat? Ýa muňa problema diýilmese gowumy?
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Bayram wrote: Umuman, siz

Bayram wrote:

Umuman, siz özüňizçe aýdyň, şu ýaşulylara gep düşündürip bolýarmy? Şu problemany öýüňden "gaçman" çözüp bolýarmy? Şu problemamy esas zat? Ýa muňa problema diýilmese gowumy?

Gep dushundirip bolyar, olar sana gaty govy dushunyaler, yone olaryn dushunmegi, senin bilen parahatcha yashamklary uchin yeterli dal ka halatlarda...Kop erkek adam mashgala-da 1-nji orunda durasy gelyar, 30-40 yashabam kakan diyeni bilen bolup yorsen bolmayar, olara gerek yerinde maslahat salarsyn, yone 1 oyde, bile yashasan senin her herekedini olaram makullamaly, a bu bolsa kop adama bashardanok, esasanam taze oylenen bolsan, ustune-de ayalin biraz sherray bolssa...Men yaman kop garry adam tanayan garradykcha "bok"-lary chykyan, yagny "Sen menin oglym, name diysem etmeli, men seni shu hala getirdim" diyibem, oglundan yerliksiz, ona yakmajak zatlar isleyaler, dovure gora pikirlenmek/yashamak olara kyn gelip bilyar ve ozuni "dovurdesh" hasaplayan adam onushman bilyar kakasy bilen...
Kakalardan beter sherray eneler ogullaryna kop problema doredyar, sebabi bu gezek ara oglanyn gelini hem giryar ve oglan 2 odun arasynda galyar....
Munun hemmesini belli 1 dereje-de chozmek uchin "gachmak", yagny oyuni ayirmak zerur diyip hasaplayan, yone erkek'lerden 1'i ene-ata seretmeli ve bu problemany 1 hovlyda 2 jay sheklinde chozup bilerler, onson "Ozje chatmam, ***umi achyp yatmam" diyyanleri bolyar, yone ene-ata'na-da seredyan :))

in gowysy, oglan jiginizin

in gowysy, oglan jiginizin bolmagy uchin doga etmeginiz:D sonundan jiginize tabshyryp "gachaymaly":D

Hajy-el Mubarek

A korpe bolanlar name etmeli

A korpe bolanlar name etmeli ? :)

hmmm

yaşululara ha-hawa bermeli dinlemeli yöne belli bir wagtdan son yadasan hahini yetirip durmalyda,gök çay yaly...yöne kabirleri bar şeyle gowy zatlar aydyp beryar mysal menin mamam pahyyn yanyndan turasym gelenokdy uruş döwrüni Peter Jackson yaly edip aydyp beryadi:)))
...
birem Türkiyede erkek adamlara gullugyny aydyp dynyp bilenok ekenler ayal adamlaram doguran wagtlaryny bizar bolyan kawagt çaşyp gityan :)))

Meniň häzirki

Meniň häzirki ýaşulylarda düşünip bilmeýän bir zadym bar.

Bular bizi ertirki gün üstlerinden gürlärler öýdenokmyka?

Baky mesele – nesilleriň

Baky mesele – nesilleriň arasyndaky düşünişmezlikler.

Ýaşulylar bilen ýaş Nesliň, köne nesil bilen täze nesliň arasynda düşünişmezlik elmydama bolupdyr. Şu mesele barada köp ýurtlarda ylmy işler edilipdir, mesele barada ýüzlerçe jedeller döräpdir.
Eýsem şu düşünişmezligiň sebäbi nämekä? Iň birinji sebäbi, berlen terbiýe, maşgaladaky ýaş ulylaryň çaganyň durmuşyndaky orny bolmaly! Mundan başga-da täze nesliň ýaşlygy we tejribesizligi, şularyň netijesi bolan ganygyzmalyk we köne nesle görä parasatsyzlyk bolmaly. Köplenç maşgalalar çagany "çaga" diýip özbaşyna göýberýäler, boýlary ene-atalarynyň boýuna ýetýänçä, olaryň pikirine, içki dünýäsine, dünýägaraýşyna uly üns berlenok. Haçanda çaga ulalyp, "sakgal-murt çykanda" başlanlarynda, çaganyň hossarlary gysga wagtda özleriçe adam etjek bolýarlar. Eger ýaş çaganyň pikirlerine, dünýägaraýşyna täsir etmek ýeňil bolsa, ulalyp, özüçe dünýägaraýşa eýe bolan ýetginjegiň pikirine täsir etmek kyn bolýar. Ene-atasynyň pikirine hormat goýmaýan ýa-da ylalaşmaýan çaga, elbetde, beýleki ýaşulylaryň pikirleri we dünýägaraýşy bilen ylalaşmaýar.
Türkmençilikde ýaşulylaryň aýratyn orny bar, olara edilýän hezzet-hormat köp medeniýetlerde ýok. Wagtyň geçmegi bilen, olarda ýaşulylara garaýyş üýtgäpdir, “her kimiň öz eli, öz ýakasy” diýen düşünje ýakyn garyndaşlara, hatda ene-atalara garşy hem ýaýbaňlaşypdyr. Bizde hem şeýle üýtgeşmeler bolup geçýär, globallaşan dünýäniň täsiri bize-de degýär. Ýaş oglanlar we gyzlar ene-atalaryndan we olaryň pikirlerinden özbaşdak bolmak üçin, maşgala gurmagy, maşgalany guransoň bolsa, tiz wagtdan rysgaly aýyrmagy dogry bilýäler. Şeýle pikirleriň döremegine düşünmek kyn däl, öz başyňa, nebsiň näme diýse, şoňa görä karar bermek adama has ýeňil düşýär, esasanam ene-atasyndan ýaşlykdan terbiýäni doly almadyk bolsa. Ýöne türkmençiligi, türkmen medeniýetini goramak üçin, ýaşulylara dogry düşünmek örän wajyp. Biziň medeniýetimiziň gözellikleriniň biriniň hem ýaşulylara hormatdygy, däp-dessurlara hormatdygy ikuçsyzdyr.
Jemgyýetdäki şu kynçylyk diňe biziň medeniýetimize mahsus zat däl, edil şeýle mesele medeniýetleriň hemmesinde bar. Eýsem şu meseläni çözmegiň nähili ýollary bar? Halkyň arasynda belli hekaýatda Lukman Hekimiň aýdyşy ýaly, çaga dogulmanka onuň terbiýesi hakynda alada etmek iň amatly çözüwi bolsa gerek. Eger çaga ene-atasyndan, mama-babasynda terbiýe alsa, olaryň dünýägaraýşyna has dogry düşüner, geljekde olar bilen köp nokatda pikirleri ýakyn bolar. Terbiýäni köçeden alan ýa-da telewideniýeden alan çagalar ulylaryň pikirleri bilen kän gyzyklanmasa gerek...

---------------------------------------------------------
Magtymguly garyp köňlün baý edip,
Kanagat ülkesin bende jaý edip,
Her kim öz ýaryny dogan Aý edip,
Aýyn gözlär, başga aýa seretmez.