100 manadyň bolmasyn, 100 dostuň bolsun!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

"Ne imeý sto rubleý, imeý sto druzeý"
Rus nakly
Men şu okuw ýylynyň başynda Sarwar diýen özbek oglan bilen tanyşdym. Özi New Jerseyde ýaşaýanam bolsa, oturyp diňe bir gezejigem gepleşen bolsak, kontakt ýitmedi. Sebäbi ol aram-aram telefon edip, öýüne myhmançylyga çagyrýardy.
Ol oglanyň "green cardy" bar ekeni, maşgalasy bilen göçüp gelen ekeni. Ol näçe myhmançylyga çagyrsa hem, meniň işim bolup, laboratoriýada işläp, professorym göýbermän, onsoň maşynymyň ýoklugy sebäpli, men gitmedim.
Şu gün telefon etdi, gürleşdik, ýene öýüne çagyrdy, ýagdaýymy sorady. Ene-atasy hem çagyrýarmyş, tanyşaslary gelýärmiş. Men oňa öz saglyk ýagdaýymy aýtdym. "Şu wagt edil 100% sag däl" diýdim. We... bu oglanyň özem hem gepatit B hemem C bolan ekeni!!!
Ýagny iki AGYR gepatitli oglan ekeni Sarwar. Onsoň gürleşdik, ol maňa maslahat baryny berdi. Göwünlügem berdi :D
Onsoň... meni öýüne ýene çagyrdy. "Öýe gel, seni öýde ejem dagy bilen bejereli" diýdi. Aý gaty bir hili boldumaý. Meniň bilen bir gezejik gepleşen ýüzbe-ýüz, mydama özi jaň edýär, mydama çagyrýar. Onsoň bu aýdanyna ýüregim bir hili boldy.
Soň ejesi doktor bolany üçin "ejem bilen gepleş, şolam maslahat berer" diýdi. Soň ejesi jaň edip bir topar maslahat berdi, ogly gepatit bolansoň, özem doktor bolansoň, köp bilýär elbetde. Göwünlik berdi, onsoň durmuş barada maslahat berdi("öýlen" diýdi :D, nahar bişirip bilmeseň, başga näme etjek?! :D)
Soň ejesem öýlerine çagyrdy, "gerek bolsa biz baryp, seni alyp gaýdaly!" diýdi. Tanyşaslary gelýändigini aýtdy. Men bolsa, bu dünýä bilen hoşlaşyp, ölmäge taýynlanyp ýörenimi aýtdym :D
Aý garaz, köp gepleşenimizsoň, şol ýokarky ors naklynyň manysyna gowy düşündim. Men üýtgedip "ne imeý sto rubleý, imeý hotýa by odnogo druga" diýesim gelýär. Dostuň barlygy, mylaýym sözüň gymmady 100 rubl däl, hiç hili pula çalşylanok...
Alla olardan razy bolsun!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Alla olardan razy bolsun we sana shypa bersin we bu yil hayirly bir toy etmegini dilesin, ensalla! "

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Bayram!

Bayram sen yagdaylaryn nahili bir zat bilen keselleyanmi?? Seresapja bolgynow Oyimizde dal!:) Bular yali dost Alla tagala bizede yetirsin!! Tuweleme!!

TurkmeN

Aý menem "hassa bolmasaň.

Aý menem "hassa bolmasaň. saglygyň gadryny bilmeýäň" diýlen söziň dogrylygyna göz ýetirip ýörün! :)
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Alla shifalar

Alla shifalar bersin!!

TurkmeN

Sag bol, saňa hem şeýle

Sag bol, saňa hem şeýle bolsun!
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Bayram aga saglygyna name

Bayram aga saglygyna name boldy? Gepatitmi? Huday em bersin diyyalermi.

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

Aý häzirlikçe owadan

Aý häzirlikçe owadan görnenok, şu gün doktoryň ýanyna gidýän. Göreli hany...
PS sag bol
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Bayram aga

Bayram aga gecmis bolsun. turkmencesini bilemok gaty gormersinizda. Allajan hemmamizi hassalykdan gorasyn

ahyry gelsin

Köneler şuny diýýa "Ahyry gelsin", ýalňyşyp ahyryň diýäýme.

paid tha cost to be da Bo$$

Bayram dost

Bayram dost geçdiği bolsun, inşallasa tiz wagtdan sağlygyna gowuşmağyny dileyan.
Bellik: Özbek dostlarymyzyn myhmansöyerliği ayratyndyr, nesip bolsa şol diyyan dostunka barsan özün hem şayat bolarsyn :)

Bayram ildesh, hakykatdanda

Bayram ildesh, hakykatdanda gowy dostlaryn bolsa muna geljek zat yok, pulyn yok bolup gider yone dostlar omurlik bolyar!
Gepatit bilen syrkawlandygyny eshidip seni shahsy tanamasamda gynandym. Mende hem birnache yul bari gepatit syrkawchylyg bar, olaryn kabirine doktorlar em edip bilyarler, yone kabirleri dowamly ta omrun otyanche adamda galyar. Yone hemishe saglygyna uns berip yormeli bolyar.
Men senin uchin Hudaydan dileg ederin, shypagar Huday sana shypa bersin!

hormat bilen,
Sylap

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • mc_merw 1 telpek goyyar we yazyar: "adamkärçiligiň üçin."
  • Amanmuhammet 1 telpek goyyar we yazyar: "Adamkarçiliging uchin. Sheydip agzybir yashana how:)"

Sylap sag bol!

Sylap sag bol! :)
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

wiy, Sylap, tuweleme, barde

wiy, Sylap, tuweleme, barde bir onat aydayipdyr :)
Bayrama men hem her gezeginde shypa berilmegi we bu yilyn icinde hayirly bir gyz bn durmush gurmagyny dileyarin :)
ensalla, kabul ediler!

Sag bol Atamyrat aga! Men

Sag bol Atamyrat aga!
Men Sarwaryň(özbek dostumyň) ejesi bilen, doktor daýza bilen düýn hem gürleşdim. Adyny ýatdan çykardym, üýtgeşikje ady bar ekeni. Maňa gowy sözler aýtdy, goltgy berdi :)
Mundan başga gepatit barada maslahat berdi. Bäriniň doktorlara "aý özi geçer" diýýälerow :D
Onsoň maňa... "sen öýlen nahar bişirip bilmeýän bolsaň!" diýdi :D Sebäbi aýdan zadyny "aý men bişirip bilemoga ony" diýýädimdä. Olam "gorkma, kyn däl! Öwrenersiň" diýýä. Men bolsa "kwantowaýa mehanikany öwrenenim has gowy mundan" diýdim :D
Olam "öýlen onda" diýdi.
-Aý men obaly bir gyz tapsam öýlenerin nesip bolsa.
-Obaly bärde, Amerikada kynçylyk çeker. Şu ýere gelýän okuwly gyzlar bara türkmenlerden!
-Aý men däp-dessura hormatly gyza öýlenesim gelýä. Onsoňam men öýde naçalnik boljak, aýalymam zamnaçalnik bolaýsyn :)
-Gorkýaňmy Amerikadaky gyzlardan
-Aý ynam ýoga olara :D
-Barhow gowja gyzlar bärde-de...
Diýdi-de okuwly gyza öýlenmegiň nähili wajypdygyny öz durmuşyndan gürrüň berdi. Maňa aýtdy, obanyň "ýuwaş we gowy" diýilýän gyzlaram käwagt ajdarha bolýa diýdi :D
-Aý bor, tapdyrsa, oňat bolsa, okuwly bolsun welin, men özüm tapmaga mümkinçilik ýok bärde. Öýdäkiler tapar, olaram näme, obadan birini taparda!
-Aý taparsyň, özem medsestra(=şepagat uýasy) gyzy tapgynyň! Nesip bolsa gowy gyz duşar, onsoň hemä Amerikada aňsatjak gowy iş tapar, medsestralary alýalar bärik, hemem saňa hem sereder!
:D
Menem "bolýa, omyn" diýdim :D
Onsoň aýtdy, "adamymyň eli boşanda, maşynly siziň ştata baryp, seni birnäçe günlük öýe myhmançylyga getirmekçi" diýdi :) Olar bizden iki ştat uzakda ýaşaýalar. Menem "aý işiňizi taşlap, azar etmäň" diýdim.
PS Sorasymam geldi "daýza, siziň medsestra gyzyňyz barmy?" diýip :D Türkmen bolmaga razy bolsa, maňa erbedem däl :)
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Yaman gowy adamlar eken!New

Yaman gowy adamlar eken!New Jerseyde ozbekden bashga zat yokdur.Shol yerde turkem arabam kop.
Ol dayzadan sorarlangyzda!:):)
-----------------------------------------

"Shahsy maglumatlaryngyzy dolduryng!"diyip dilimden tuy bitip gitdi!

Bah, ol dayzan

Bah, ol dayzan geplerinden birhili "namek" beryane menzeyale, sen sorap gor "gyz chaganyz barmy ?" diyip, doktor ayallaryn kopusinin gyzlary hem ya medsestra bolyalar, ya-da doktor, koplench shol tohum doktor bolyar :D

Aý hawa, şol pikir maňa

Aý hawa, şol pikir maňa hem geldi.
Ýöne daýzanyň adamçylygy edil gül-päpe ekeni. Özem bärdäki doktorlardan köp bilýäne meňzeýär :)
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Nameche gurleshyaniz onun

Nameche gurleshyaniz onun bilen ?? Inlischemi ?? Arasynda "Nime diyesiniz" diyip basyber, govunlerine yarar :)

Dil orsça, oňa ýeňil

Dil orsça, oňa ýeňil bolar ýaly :)
Arasynda ol 2-3 özbek sözünem göýberýä :)
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

:)

Bayram jan, mashgala bolup gelin diyginin indi gepleshseniz, belkem bardyr we getirerler :)
garaz, gyz gerek, gyzynam okuwly bolany, onunam US-a geleni, onunam doktor bolany.... Turkler name diyyar:"olme eshegim, olme!"
Bayram jan, Biribar senin gownune gora, onatja birini, ensalla, okuwly we doktor bolan birini bersin, ozem onat nahar bishiryaninden we seni hemishe goldap sana tabyn bolyanyny :)
gaty kop zat diydimmay

Amin agam, dilegleriň

Amin agam, dilegleriň üçin sag bol!
Men özbek daýzanyň gyzyna tamakin dälow beh! :D
Senem utandyrýaňow, ol özbek gyzy men kösärin "türkmençe geple" diýip, türkmen eşik geýdirip, Magtymgulynyň goşgularyny okadyp :D Haha, "çagalaram türkmen bolsunlar" diýip.
Men ýöne kelläme geläýdi "daýza meni öýlendirjek bolup köp alada edýär welin, tapaýdymyka maňa birini" diýip. Öýlenmek barada meň bilen gepleşensoň şeýle pikir kellä geldi :)
Nesip bolsa men dostumyňka myhmançylyga gitmekçi.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk