Akyl we zehin

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Akyl we zehin adamda nädip döreýärkä ? Hemme adamyńam kellesi we beynisi şol bir zatlardan emele gelen , hatda haywanlaryńkam şol bir etden we süńkden dineje şekili üýtgeşik diýäýmesek . Adamzat haýwandan we böýleki jandarlardan akyly bilen tapawutlanýar diýip bolar . Adamlaram biri birinden tapawudy bolsa zehini we ukyby bilen bolsa gerek Kiçi wagytlaryma yza dolanyp seretýän welin mekdep döwürlerinde käbir okuwçylar matematikadan yagny takyk ylymlardan gowy bilýärdiler köpisi bolsa edebiyatdyr, sungatdan gowy baş alyp çykýardylar .
Onda zehin we ukyp nireden gelýän zatka ?
Arthur Schopenhauer (1788 - 1860), nemis düşünerine göre bir çaganyn zehinli bolmasy onyn ejesine baglydyr diýipdir we bu günümizde häzirki medissinanyn aýtmagyna göräde şeýlerakmika diýýän . Onda men çagamyn matematikçi bolmagyny isleyan diyeliń we matematikadan gowy bilýän ýada dünýä olympiadalarynda ýer alan bir gyza öýlensem bizden boljak çaganyn zehini ýada ukyby matematikany ýeńil bir şekilde öwrenmesine sebäp bolup bilermikä ?
Saglygynyz …

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

hmmm

pikirlendiryan mesele dünyade hemme zadam gerek,edebiyat sungat goşgy,matematika ylym bilim we ş.m egerde beyle bolmadyk bolsady birrenk bolardy,içgysgynç bolardy...yaradylanda hemme zadam jikme jik edilipdir...aydyşyn yaly bir etden bir gandan yaradylan beynimiz...mena akyl bn duygy baglanşyklymyka diyyan mysal:erkekler has akylly diyyaler emme gyzlar ugur tapyjy we yiti zehinli,erkekler köp wakalara ruhy we duygy taydan garap bilmeyarler,yagny erkekler uly kararlar beryarler emma welin boşluklary elmydama gyzlar dolduryar..2 sinin arasynda bir köpri bar yaly gyz bolmadan erkek erkek bolmadan gyz yaşap bilmejek yaly...
...
...
...
sen meselan barada dine bir eejade bagly dalmika diyyan....sebabi bir dana adama sorapdyrlar:men bir çagam bar.haçan yetişdirmage başlayyn diyip dana sorayar naçe yaşynda diyip.adam 1 diyyar danada gijade galypsyn diyyar...hazirki döwürde ylym subut etdi çaga enan garnyna ornaşandan yagny 2 aylyk bolanyndan son ona kitapjyk okamaly aydym dinletmeli we şm
...
belki gerek bolar john travoltanyn bir gyzy bar 4 yaşynda gyzym has akylly bolsun diyip ibermedik öwretdirmedik zady yeri yok...we bu yagday hakykatdanda gyza zulum bolyar akyllanyan zadam yok öytyan özi yaly beyleki çagaklar yaly...john travoltada gyzym hemme kişiden akylly bolsun diyyanlerden...men pikirimçe hemme kişi yaly bolsun...

sen bir azyrak başga

sen bir azyrak başga tarapyndan düşinipsin bu barada ...
Men bilyan hemme zadynam gerekdigini .yone name üçindir bir çaganyn haysy hem bolsa bir ugra yikgyn bolmasy we şol hünarde üstünliklere eye bolmasy . Çaganyn şol hünare has yikkyn bolmagyndaky ene atanyn zehininin we ykybynyn tasiri barada yazipdym men ...

Eger maksadyň akylly çaga

Eger maksadyň akylly çaga "ýasamak" bolsa, onda guýrukly ýyldyza garaşyber!
Haçan guýrukly ýyldyz çykanda çaga galsa, onda superakylly bolýamyş, Alyşir Nowaýy(Myraly) we Soltan Söýün Baýkara ýaly :)
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Yok Bayramjan natdinay muny

Yok Bayramjan natdinay muny .
Menin dineje pikir edyan zadym ene we atanyn çagynyn zehinine we ukybyna nache % tasir edyaligi .
Olarynam haysysynyn kop we haysy taplardan kop tasir edyanli.
Arthur Schopenhauer (1788 - 1860), nemis düşineri diyya :çaganyn owadanlygy esasy ayal maşgaladan erkekden bolsa dayawluk gechyar diyyar .

Sorag zehiniň nireden

Sorag zehiniň nireden gelýänligi barada bolsa, onda hem ene, hemem ata täsirlidir! Genler ikisindenem deň alynýa dälmi?
pS Guýrukly ýyldyz barada.
Biziň goňşymyz guýrukly ýyldyzda çaga galdyrjak bolup alada edýädi, "galdyrdym" diýýädi. Ogly boldy, adyna Baýramhan goýdy. Nesip bolsa akylly bolar, Nowaýy ýaly! :D
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

nesip bolsa merw

nesip bolsa
merw

senin bu iyyaninin jany bar

senin bu iyyaninin jany bar . Men tm de bir kitap okapdym haysy günde çaga galsa onyn haysy zatlara ukyply boljaklygy barada yazyardy .Özi hem dini kitapdy yalnyshmayan bolsam .

çaga esasan hem ejesine

çaga esasan hem ejesine köp menzeyar diyip bilyan..
meselem yewreyler-de, ejesi yewrey bolanlara "yewrey" diyilyan eken..
emma muslumanlarda we hristiyanlarda, atasy haysy millet bolsa, şol millet diyilyar..

şona göra, Myrat atly ejesi yewrey, kakasy türkmen bolan adam hem yewrey hasap edilyar.

1860-nji yildan sonra kan

1860-nji yildan sonra kan ozgerlishikler boldy. Akyl, zehin barada bir topar teoriyalar bar, Gardnerinki, Sternberginki. Zehinin ozgerishi bara Piaget-in ishleri bar. Gyzyklansan wikilere link goyup biljek.

Chaganin zehini dine genine dal, dash towereginede bagly.

Beyleki temada (kelewek tasiri)-de hem dash toweregin adama tasiri barada aydipsin. Sheyle temalar gyzykly bolsa univ.de psychology sapagy bar bolsa indiki semestr al. Sheyle zatlar kop, dogrysy menin ozum kan gyzyklanmadym bu sem.

Bilmedim bu yerde bashgada

Bilmedim bu yerde bashgada gyzyklanyanlar barmy yokmy shonun uchin men özüm üçin privatdan ibermegini hayiş edyan .Birem men seni gaharlandyrana chemli .Naöe üçinka bilip bolmazmyka mumkin bolsa olam privatdan !

Yokla how men gaharlanmadym.

Yokla how men gaharlanmadym. hazir yazayarin, owrenenlerimi gaytaladygym bolarda.

Akyl we zehinin üsti bilen

Akyl we zehinin üsti bilen şeyle bir netijagelmek bolar .
Egerde çaga zehininin , ukybynyn köp bölegini eneden alyan bolsa onda bizin enelerimize gyzlarymyzasag bolsun aydaymak galya. Yöne oglanlar özlerinin mekirlikleri bilen eneden geçen akyllary ulanyp yene gyzlaryn üstinden düşmani başaryp bilyaler diyip bolar bu güne çenli bolan wakalara seredip.
Gyzlara azar beraymen how yenede . Olar dünyada menzeşi bolmayan yekeje jandar ...

degişliräk bolansoň,

degişliräk bolansoň, gabat gelen wagtym, surata alyp goýberdim 1 ýerden :)

terjimesi bolsa:

"Akyl hem paraşut ýalydyr, açyk wagty iň oňat ýagdaýda işlär"

:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 5 telpek goyyar we yazyar: "Çuňňur sözler"

Men şu ýazgydan başgarak

Men şu ýazgydan başgarak many çykardymmykam diýip gorkýan. Sen näme düşündiň şu karikaturadan?

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

türkmenleň "ýedi ölçäp

türkmenleň "ýedi ölçäp bir kes" diýşi bilen baglanyşyklyrakmyka diýýän menä!
etjekhereketiňi haýal bolsada gowy pikirlen, paraşutly adamyň ýere haýal gonyşy ýaly! bolmasa ýapyk paraşutly düşen ýaly bolarsyň :)

Men aýdýan, ýazgyny hem

Men aýdýan, ýazgyny hem göz öňünde tutsaň näme many çykarýaň diýip
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

edil terjimesindäki ýaly.

edil terjimesindäki ýaly. Hä, näme boldy?! Garaz, deňeşdirme arkaly "aklyňyzy dogry ulanyň!" diýjek bolýar.

Seň pikiriňi özüň ýazaýmasaň, men-ä biljek däl?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Quote: Minds are like

Quote:

Minds are like parachutes... they work best when they are open

Mind diýmek akyl, akyldar diýmek manyda. "Greatest minds of 20th century" diýse, "20-nji asyryň iň beýik akyllary(akyldarlary, zehinleri)" diýmek.
Ikinji bölegi "open mind". Açyk we azat pikir etmegi aňladýa. "Open-minded person" diýmek "giň dünýägaraýyşly, düşünjeli" diýmek manysynda, azat we erkin pikir edýän adam.

Umuman, Minds are like parachutes... they work best when they are open=Akyl paraşýut ýaly... olar giňiş we açyk wagty gowy işleýär.
Göni terjime etmek kyn, emma manysy "Akyldarlar azat we erkin işlände iň gowy şekilde işleýärler" manysy. Bu uly pikir.
Indem maňa telpek beriň! :D
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "al onda :)"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Baýram, saňa ýörite

Baýram, saňa ýörite telpek bermek üçin geldim-ow :)

Ýöne, hakykatdanam, saňa telpek goýýan, jigim!

Şeýle oňat düşündiripsiň, men ol tarapdan pikir etmändim!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Baýram, indem eçilen köp

Baýram, indem eçilen köp sanly telpekleriň üçin minnetdarlyk bildirmäge geldim:)

Gel, saňa öňki ýazgylar arkaly bir wakany ýatladaýyn şu mynasybetli, belki, gülersiň:)

Akyl/söz oýny diýen ýaly bir zat:

"Meninem sorag dal-de bir waka yadyma dushdi. B-aly TTM-dekak menin klasym(2001 uçurymlary, ýagny, Baýram dagy) bardy, olar bn bir masa/stol-da nahar iyip otyrkak, bir okuwcym (Baýram Saparekow) sheyle diydi:

-Agam, hana hol yerde "Ishdaniz acyk bolsun!" diylip yazylypdyr, olaryn durli gornushleri sheyle bolar:

1-Ishdaniz acyk bolsun!
2-Ishdaniz bolsun acyk!
3-Bolsun acyk ishdaniz!
4-Bolsun ishdaniz acyk!
5-Acyk bolsun ishdaniz!
6-Acyk ishdaniz bolsun!

diydi welin, sonkysyny eshidip gulup bashlapdyk."

Aslynda, "Akyl hem paraşut ýalydyr, açyk wagty iň oňat ýagdaýda işlär" sözi hem ýokardaky ýaly, dürli görnüşkerde we manylarda ýazsa bolarmyka diýýän. Eýýäm, ýokarda 2 görnüşi-hä bar:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ýöne dürli görnüşiň

Ýöne dürli görnüşiň biri has elegant, has gelşiklidir!
Ýüzem hemme adamda şol bir zatlardan emele gelýär: dodak, burun, agyz, gulak, gaş we ş. m. Emma ýüzde nähili ýerleşişine baglylykda, mutant ýaly betgelşigem bolup bilýär, bijaý owadanam :)
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar