Menin durmusha garayshym ya maksatlar we durmush

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Menin bardakiler bilen aragatnashygym gowy. Men boldugycha her kim bilen dost, achyk we gowy niyetli boljak bolyan. Sarkazmy we degishmanam yatdan chykaramok ;)
Shon uchin kawagt, esasan hindi oglanlar, kynchylygy ya problemalary bolsa men bilen paylashyalar. Men olardan 3-4 yash kichem bolsam, bilyanjamden maslahat beryan.
Bir hindi oglana komek etjek bolup kop azap edyan, Alla komek etmagi miyesser etsin! Ol hindi oglan bilen shu gunem uniwersitedin kitaphanasynyn ichindaki bufetde kofe ichip otyrkak gurleshdik. Men mikrofon yuwdan yaly bolamson, ozumem indi kopden bari chekinmezek bolamson, sesimin gaty chykyanyny duymandyrynam. Az salymdan ishleyan dayza chenli gelip yakynrak yerde oturyp mana seredyanini, aydyanlarymy dinleyanini duyup galdym :D
Eylame-beylame seretdim welin, arkamdaky yerlerde adam bary bar eken. Ol hindi oglanam "gideli barden, hemmeler seni dinleya" diydi :D
Shu temada shol hindi oglan bilen gepleshen zatlarymyzyn hemmesini yazjak dal, men on bilen kop gezek, kop zat barada gurleshdim. Men bir bolejigini yazmakchy.

Telpekler (3 kisiden 5 sany)

Bu yazgi ucin

  • Balkan 2 telpek goyyar we yazyar: "Ashakdakylaryda okadym,dowam ediber.Tuweleme!Gowy maslahat beripsingiz!"
  • Amanmuhammet 1 telpek goyyar we yazyar: "Sagdyn düşünjang we MIKROFON yuwdan yaly bolanyng uchin:D"
  • Guljemal 2 telpek goyyar we yazyar: "sizin ahli yerde gorkezyan gayratynyz uchin hemde ....:)"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ol durmushyn kop tarapyndan

Ol durmushyn kop tarapyndan narazy, "name uchin shu okuw gerek?" diyen yaly soraglaram peyda bolyar oydyan kellesinde.
On bilen gurleshemde ona oz pikirlerimi aytdym. Shu yerigem yazyan :)
Pikirlerimi sheylerak beyan etdim:
Durmush uly we kichi planlardan doly. Shuncha planlaryn, MAKSATLARYN arasynda esasy, in mohum maksat bolmaly. Sebabi kichi maksatlar, "short term"(=krotkosrochniy) maksatlar adamlaryn ruhyny, psihologiyasyny we filosofiyasyny doyuranok ya-da dine belli bir wagtlyk doyurya. Amerika yaly yurtda, yagny adamyn yalnyz galyp biljek yurdunda, adam bosh wagt tapsa pikirlenmage mumkinchilik bolya. Bir pikirlenip bashlasa "men name uchin shuny edyan? Mana name mohummi shu? Sheyle wajypmy? Name wajyp durmushda?" yaly soraglar peyda bolya==>depressiya bashlaya. Garaz, kichi maksatlar dine az wagtlyk we dine uly maksatlar uchin ulanylaymasa, ozlerinde uly many yok gorunya. Elbetde sen durmushyndaky uly maksadyny ayan gorsen, kichi maksatlarynam manysy gaty chun bolya.
Kellanizi men kellam yaly bulamayin, tarakanlatdyrmayin. Meselem, kichi maksatlaryn biri okamany owrenmek, okuw okamak bolup biler. Bu zadyn mohumligine soz yok, wajyplygam yokary. Yone sen okuw okap name etjek? Ish tapjak? A sen okaman bir dowum chorek gazanyp bilmermin? Dayhan bolup ishlande name? Azabyn bir dowum chorek berse, olam garnyny doyursa bolanokmy name?
Kopler "okamaly, sebabi dayhan bolasyn gelmez" diyyaler. Hm... namesi erbet dayhan bolmagyn? Gara ishde ishlemegin? Sebabi adamlar beyleki adamlaryn gozunde uly abraya eye bolasy gelyaler, pul uchin okayalar. Mana shol zatlar mohummi? YOK!
Ine sheydip ozi duzaga duship bilyar adamyn. Okamagyn YEKE OZI uly many goterenok, sebabi okamak bir kichi maksat.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • maysa 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Bashga kichi maksatlaryn

Bashga kichi maksatlaryn arasyna abray gazanmak, gyz tapyp oylenmek, ony-muny satyn almak yaly materialistiki zatlary goshup bolya. Emma depressiyadaky adam ozune sheyle sorag berya "shol zatlar mohum dala! Mana gerekmi shol zatlar? Ay gel men durmushymyn kop bolegini sholara yetjek bolup harjadymda, sonunda name? Zat uytgeyami? Mende million dollar bolsa uytgan zat bolarmy?"...
Yene kynchylyk. Men ona aytdym, kichi maksatlar gaty mohum we wajyp, emma olaryn wajyplygy we mohumligini gormek uchin ilki uly maksadyn bolmaly! Shona arkany dayap, shondan guych alyp, onson kichi maksatlarynam edyan!
Sebabi? Sebabi kichi yodalar yollara getirya, yollaram seni islan yerine(maksadyna) getirya. Senin maksadyn bir dunyewi zat bolsa, yagny baylyk gazanmak bolsa, onda yolun sen shol yere gelende kesilyar. Son sen nira gitjegini bilman yene kyn yagdayda bolyan.
Yslam dininde Alla bar, maksat Allanyn razylygy! Sen Allany razy edenini etmanini bilman olyan, yagny olyancha bilmeyan! Shon uchin gayrat edyan we senin ahli kichi maksatlaryn many gazanya! Bolmasa menem shu yerde PhD etmezdim(hindade shuny aytdym). Name edeyin men PhDni? Mana pul gerek dal artykmach, men mekdepde mugallym bolasym gelya.
Yon talantyn bolsa, zehinin bolsa SENIN JOGAPKARCHILIGN BAR ALLANYN ONUNDE, ene-atan onunde. Ene-atan islese(men yagdayim), sen edyan, sebabi enen-atan razy bolsa, Alla hem razy bolar!
Alla zehin beren bolsa, shony elbetde ulanmaly. Sen PhD okap bilyan bolsan, Alla sana mumkinchiligi berse, okamaly, ONE GITMELI! Sebabi sana berlen zatdan sen jogapkar.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Telpekler (3 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "3-nji abzac uchin !!"
  • SA 1 telpek goyyar we yazyar: "Alla dogry yoldan ayirmasin, Bayram aga! Gaty gowy we peydaly yazy!"
  • moonwalker 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Pah,sizi herkim dingleyan

Pah,sizi herkim dingleyan bolsa,sizing agzyngyzdan bal akyan bolmaly.:)Sizi dinglemeli boljagow.:):)
Gowy maslahat beripsingiz!Tuweleme!
-----------------------------------------

"Shahsy maglumatlaryngyzy dolduryng!"diyip dilimden tuy bitip gitdi!

Sen baryny oka Balkanjan!PS

Sen baryny oka Balkanjan!
PS Men ichgysgynch gurlemeyan adam. Men gurlap otyrkam yatan okuwchym yok! :)
PS Elhamdulillah, yagny Alla shukur! Alla dowamyny bersin!
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Kim yaltanman okan bolsa,

Kim yaltanman okan bolsa, sag bolsun aydyan!
Menin filosofiyamyn gysga gornushi! :)
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Bayram aga,sizi ongem

Bayram aga,sizi ongem dingleyanlay.:)Ol yokardakylary okadym,yaman az yazypsyngyz.
-----------------------------------------

"Shahsy maglumatlaryngyzy dolduryng!"diyip dilimden tuy bitip gitdi!

sag bolun

sag bolun menem okadim.hem manyly hem gyzykly hemem has pikirlendiriji.

Quote:sebabi enen-atan razy

Quote:

sebabi enen-atan razy bolsa, Alla hem razy bolar!

aytsak yalnysh bolmaz my?

Ol ene-ata gora uytgeyar,we hemme wagt dogry bolmanam bilyar.

Context'den chykarayda

Context'den chykarayda name diyjek bolanyny Sapar aga, Alla'nyn ryzasy ene-atan ryzasyndan hem gechyara, sen olary razy edip bilmesen senin ustunde haklary galyar, a 1-nin haky ustunde vagty anyrda ishin kynyrak bolar...

Bayram aga, doly okadym :)),

Bayram aga, doly okadym :)), menem ozume gerek yerlerini alyp galdym, sagja bol :)), shular yaly durmush filosofiyasyna degishli zatlar yazyp dur-how, bashyn cykyan bolsa...

Ýaran bolsa ýazgylarym,

Ýaran bolsa ýazgylarym, hindi oglanyň näme diýenlerini aýdaýyn.
Meň özüm ýarawsyz halyma zordan öýe ýetemde, görsem ol oglandan tel. message bar ekeni. Meň saglygymy sorapdyr. Ony diňläp otyrkam, özi jaň edäýdi(gysgaltym köp ýerde).
-Alo, Baýram salam! Gowumy ýagdaýlaryň? Saglygyň?
-Aý şükür indi gowy. Özüň nähili?
-Aý men... men hemme zatdan bizar boldum... men durmuşdan bizar boldum! Durmuşda derek ýok(=Life sucks)!
-Hä näme boldy?
-Maňa hiç kim düşünenok, "meniň dostlarym" diýip ýörenlerimem düşünenoklar, maňa ikilik edýäler. Sen ýadyňda bolsa, men gelemde nähili bagtly adamdym, indi şu ýurtda gaty ýalňyz duýýan özümi. Hemmeler meni bir burça itýän ýaly, bir topar adam gynandyrdy. Öýdäkilerem meň üçin alada etmeýän ýaly. Men hemme zatdan bizar boldum...
-Bolmanda ADAMZAT iň bir içýakgynç we iň bir gadyr bilmez zatlaryň biri! Adamzada köp zat berilse-de, ol şol bar zatlarynyň gadryny bilenok. Sen hudaýa ynanýan bolsaň durmuşyň many gazanar. Ynanýan bolsaň, bizi Alla ýaratdy, emma biz gadyr bilýäsmi? Diňe Hudaýy gerek wagty ulanýas, menem şeýle! Haçanda keselläp ýataňda Hudaýa ynamyň güýçlenýä...
Adamy hudaý ýaradansoňam, adam hudaýdan ýüz öwürip bilýä. Onsoň sen adamlardan nämä garaşýaň?! Ilki dostuň hudaý bolmaly!
-Bilýäňmi, biziň dinimizde her janly zat hudaý. Maňa senem hudaý, beýlekilerem hudaý...
-Ýok ýok ýok! Özüň pikir edip gör, hudaý seni bir burça itermi? Saňa ikilik edermi seň aýdyşyň ýaly? Hudaý bir absolýut, soňsuz, a adamlar... adamlar köp ýalňyşlyk göýberýä, adamdan hudaý bolmaz! Onsoňam seň özüň hudaý bolýan bolsaň, sen näme üçin şeýle ejiz? Bir topar problemaň bar, nalynyp ýörsüň...
-Baýram, men saňa şu zatlary aýdýan, sebäbi sen her wagt bir zat aýdyp bilýäň hemme temada. Özem sen gowy dost.
-Men aslynda kän gowy däl. Men iň bir gowy musulmanam däl. Sen öz musulmanlara garşy pikirleriňi(=bias) bir gapdala goý. Bilýän, siziň ýurduňyzda Yslamy günäkärleýäler terrorizm üçin. Sen hakyky musulmanlary gör, şolar ýaly gowy dostlar ýok. Meň özümä gowy mysal däl, ýöne hakyky musulmanlaryň dostlugy seniň dostlaryň dostlugy ýaly däldir! Yslam barada pikir edýän bolsaň, Yslam TWde görkezilişi ýaly däl, Yslamy bir "musulmana" seredip bahalandyrmak ýalňyş. Oka näme diýilýänini pikir et.
Eger sen durmuşda plansyz bolsaň, adamlara bil baglasaň köp ökünersiň. Adamlar egoiztik, sinik bolýalar, materialistik bolýalar. Her ýagdaýda dostluk gutaryp bilýä... Hakyky dostluk sen bilen Allanyň arasynda. Alla senden ýüz öwürmeýä! Onsoňam iki musulmana dogan bolmagy Alla emir edýä! Sen eger metjide gitseň, görersiň nähilidigini!
Şu ýerde golaýda metjit bar, maşynym bolsa häzir baryp seni äkiderdim şol ýere. Ýöne ýokda maşynym... sen mümkinçilik tapsaň gidip gör, girde otur bir gapdala. Seredip otur adamlaryň dostlugyny, mylakatlylygyny... Musulmanlaryň dostlugy şeýle!
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Orazdurdy 1 telpek goyyar we yazyar: " Berekella!"
  • Amanmuhammet 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • islam 1 telpek goyyar we yazyar: "baybaaaa,mena telpek selpek hemmesini chikaryan."

Alla

Alla Tagala kamil iman bersin ol oglana.sizem onun hidayete ermegine sebap etsin.izindanam nameler bolup gechse yazin.

men shu yeri doly okamaga

men shu yeri doly okamaga wagtym yok, 2 min son kitaphana yapylyar, ensalla, ertir okasam Bayram jigime telpekler bererin, bah, Guljemalam birlikde 2 telpek dagyn beren bolsa, onda, sheyle onat yazgy bir aA agada bar diymek :)))

Sagbol Bayram aga,

Sagbol Bayram aga, Dogrydanam tasirli aydypsyn/yazypsyn..
dinimizem goşup bilipsin, BarekeAlla.. :))
1-2 hepde önünçaki geçiren depressiyamy yatlatdyn :))

Ol tel.dialogam gowy

Ol tel.dialogam gowy bolupdyr.Sebabi siz gowy zatlary aydypsyngyz.:)Hindi oglana Alla iman nesip etsin we hemmamizi imanly saklasyn!
Omin=Amin=Amen!!!
-----------------------------------------

"Shahsy maglumatlaryngyzy dolduryng!"diyip dilimden tuy bitip gitdi!

Hindi oglan bilen dowam

Hindi oglan bilen dowam edýä. Şu günem azajyk gepleşdik welin, özi
-Sen meni metjide äkitjek diýdiň!
diýdi.
-Hawa, gürrüňi ýok, ýöne maşynym ýokda. Hm...
-Mende Halidiň(bärde tomusda tanyşan arap oglanymyzyň) maşyny bar, jaň edeýinmi?
-Hawa, häzir jaň et! Ol ertir Juma namazyna gidýändir, çekinmän aýt, ýany bilen alar! Meniň şol wagt sapagym bolmagy mümkin, gidip bilsem bile giderin siziň bilen.
-Häzir onda jaň edeýin...
Telefonyny almady, message goýduk. Nesip bolsa Halid ony ertir metjide äkider, menem mümkinçilik bolsa goşularyn olara.
Göreli Möwlam neýlär,
"Neýlerse" gözel eýlär :)
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Ozunem yaninda gidaysene

Ozunem yaninda gidaysene Bayram, birden anyrda Yslam'a gelishmejek zat bolaymasyn, onson ol hindi dost hem "dinlerinde bardyrda" diyip dushunermi namemi...Us'de kop Shayi metjitleri bar, olara-da akitme islesen, Sunni'lerinkini tap bir yerlerden...

Tuweleme, size bizin

Tuweleme, size bizin dinimizi tanatmakda ustunliker dileg edyan. Aslynda birine komek etmek ozumize-de komek edyar, olara bir zat owretmek bilen oz yadymyzdan cykarnalarymyzy yadymyza salyas. Meselem, sen syrkaw bolmasan, Hudayi yatlamok manyda birzatlar yazypsyn, ol hindi oglany kosheshdirjek bolup ozun hem Alla yakynlashypsyn.
Meninem birtopar ors joralarym bar, biri-ikisi bilen yakyn gatnashyan, hatda olaryn pikirlerini owrenmek ucin, we name ucin Isa-ny Huday hasaplayandygyna birazam bolsa, olaryn gozi bilen seredip gormek ucin, ors metjide gidip gordum.Olar hem oz dinlerini soyyarler we gorayarlar...
mana-da seninki yaly bir pursat nesip etsin Alla.
Hemmamize-de.Amin

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Ay sen akyllyja-la..."

Yene shu Ors metjit'da

Yene shu Ors metjit'da :))) Bashda at yokmay turkmenche-de "church" uchin ?? Dine orslar hristian dalahow ol yere ala bole ors metjit diyer yali, Metjit sozuni hem sholaryn church'i uchin ulanasym gelenok hich...Aslynda biz yalnish yazyas, Metjit dalde "Mesjid" bolmaly yalnishmayan bolsam..

ybadathana...

ybadathana...
ps: tm dilinde metjit

Nirede gordun ?? Onun

Nirede gordun ?? Onun arapchasy Mesjid bolmaly ve men Tejen'de 1 yol gorkezyan yerde "Mesjid 200 m" yazgysyny gordum...Mesjid has dogrusy bolaymasa !!

Ybadathana ala bole hristianlara degishli zat dal, hemme ybadat edilyan yere ybadathana diyse bolyar...Meselem: Inlische-de musulmanlaryn ybadathanasyna "Mosque", hristianlarynka "Church" diyyaler, ya-da onunden "Plan church" diyip aydyarlar, yone koplench hemmesini hristianligini denomination'y bolyar...(Mezhep diyesim gelmedi :D)

arapcadan tm-ca gecende

arapcadan tm-ca gecende biraz uytgap bilya.
kitaplarda-ha "metjit" diyip gabat gelyan.
"Turkmenbashynyn Ruhy Metjidi" (diyip yazylan gapysynyn yokarsynda)-Gypjakdaky, Orta Aziyada in uly metjitlerin biri.

Hristianlaryn ybadat edyan yeri tm-cede nameka? Kinolarda-ha "ybadathana" diyip terjime edyaler welin, shunun tmcesi yok bolaymasa bashga... senin diyshin yaly umumy alayarlar oydyan.

Men Halid bilen düýn

Men Halid bilen düýn agşam telefonda gepleşdim, "alyp giderin, senem gitseň näme?" diýdi. Ýöne men iki sany sapak berýän Juma namazynyň wagtynda, olary taşlap gidip bilemok.
Men Pawanyň(hindi oglan) ýanynda bolsam, gepläp päsgel bermegim mümkin. Goý özi seretsin, görsün, pikir etsin! Alla bilen ýeke-täk galsyn!
Öňem Ybraýym pygamber bir kapyra gowy myhmansöýerlik edipdir. Ol kapyr halap, "näme et diýseň etjek" diýipdir. Ybraýym Pygamber bile namaz okamagy haýyş edipdir. Namaz okap bolansoňlar ol kapyr
- Men seniň hudaýyňa uýamok, ony tanamok. Men namazy seniň göwnüň üçin kyldym. Sen maňa namaz kyldyryp näme gazandyň?
- Men bar edip bilenimi etdim, azyndan fiziki tarapdan biziň Allamyza uýmagyňa sebäp boldum! Ýüregiň, ruhy tarapyň Alla galan zat, islese musulman bolarsyň! Namazda Alladan seniň ýüregiňe we ruhyňa hem iman guýmagyny diledim
diýipdir. Şondan soň kapyr musulman bolupdyr.
Edil şeýlede, biz äkideli, edip bilenimizi edeli. Emma iň soňky basgançak Alla galan zat.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Ol hindi oglan bilen bolan

Ol hindi oglan bilen bolan gepleşiklerden ýene bir bölek.
Men özüme filosof diýmäni halaýadym. Olam meni gowy filosof hasap edýädi. Şoň üçin belki ILKI BAŞLANYMYZDA, meniň Yslam barada geplemän, diňe filosofiýa barada geplejekdigimi pikir edendir.
-Baýram, depressiýa meni öldürip barýar, adamlar maňa düşünenoklar! Men adamlara gowulyk edesim gelýä, hiç kim maňa düşünenok. Meni her kim itip geçýä.
-Hm... näme sebäpli itýäler?
-Pikirlerim sebäpli, men dostlukdan köp zada garaşýan, olar bolsa meniň garaşýan zatlarymy görüp meniň dostlugyma düşünenoklar.
-Hemme adam gowy bolsa, bu dünýä ideal dünýä bolardy. Häzirki ýagdaýyna filosofiki seretmeli!
-Filosofiki... sen maňa filosofiýa barada aýt. Sen näme üçin hiç haçan depressiýada däl? Näme üçin hemme wagt keýpli ýaly görünýäň?
-Bilýäňmi Pawan, kim keýpsiz bolmaly bolsa, şol adam men bolaýmasam. Mende hep. B tapdylar, öljegimi, galjagymy bilmän ýatdym, häzirem gowy däl. Bärde bir türkmenem ýok, seret näçe hindi bar! Içim gysmaly bolsa, "mende dost ýok" diýmeli bolsa men diýmeli. Ýöne men bir zada ynanýan, adam öz-özüni ynandyryp bilýär käbir zatlara. Meselem "meniň ýagdaýym gowy" ýa-da "hemme zat gül ýaly" diýip. Sen ýagdaýyňdan nalasaň, erbetligi barada aýtsaň, hemme wagt erbet duýguda bolýaň. Ýagdaýyňdan HUDAYA ŞÜKÜR etseň, gowudygyna özüňem ynanýaň.

---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Dowamy. Ol oglan

Dowamy.
Ol oglan "filosofiýa we hudaý barada gözle, öz soraglaryňa diňe dinde jogap taparsyň!" diýipdim. Olamýanynda Dalai Lamanyň iki sany kitabyny getiren ekeni. Gep şol ýokardaky ýerine gelende, şol iki kitaby çykaryp öňümde goýdy. Men içini açdym, temalara seretdim. "Garmoniýa" ýene mene... ýazan adam Dalai Lama "His Holyness" diýip ýüzlenýä. Men Pawandan soradym
-Dalai Lama näme üçin keramatly adam(His Holyness diýip ýüzlenýäler?)? Aý ýok, jogaby gerek däl. Men saňa birje sorag soraýyn. Sen öz soraglaryňa jogaby şunda tapdyňmy?
-Ýok
-Men bilýädim tapmajagyňy. Biz her adamyň filosofiki işini okasak, köp ýyllary alar. Filosofiýa gowy zat, emma filosofiýada PERT-PERT jogap ýok, saňa bolsa jogap gerep. Dogry dälmi?
-Hawa
-Men filosoflara hormat goýýan, käbir sözleri gaty owadan. Emma olar hem ýönekeý adamlar, bir soraglaryna jogap gözläp uly kitaplar ýazan Nisşe, Kant, Göte ýaly. Ýöne olaryň köpüsiniň mental(akyl) problemasynyň bolanlygyny bilýädiňmi? Olar soraga jogap gözläp däliränler topary, ýa tersine başdan däli, ýöne soraglaryna jogap gözleýäler :D
-[gülýä]
-Filosofiýadaky sözler owadan, owadan maşyna meňzeýä, diýeli Ferrari. Ony bilseň, käwagt ulansaň owadan bolýa. Emma ol maşynyň dwigateli ýok, ýagny seni islän ýeriňe äkidenok. Ol bir duran bezeg, başga zat däl. Emma saňa adam hökmünde JOGAP gerek, şol filofiýa jogap bermeýän bolsa, diýmek seniň üçin gerek filosofiýä däl.
Käbir filosoflaryň, diýeli Dalai Lama ýa buddizmdäkileriň ýa başgalaryň aýdýanyna uýmak kyn. Olaram sen ýaly adam, ýöne diňe oturyp öz gelen netijelerine gelenler. Senem pikir etseň başga netijä gelersiň. Diýeli sen Dalai Lamanyň aýdanlary bilen razylaşdyň, soraglaryňa jogap tapdyňmy? ÝOK. Şolara uýup ýaşap bolýamy?
-Ýok, häzirki dünýäde diňe filosoflaryň aýdany bilen ýaşap bolanok. Impractable.
-Edil özi, impractable. Konfuçýusy menem(Confoscios?) halaýa, aýdan sözleri hem akylly, hemem owadan. Emma durmuşda diňe Konfuçýusyň aýdany bilen hereket edip bolanok! Owadanam bolsa, seniň ruhuňdaky, kelläňdäki soraglara jogap ýok! Dogrumy?
-Hawa
-Şeýle ýagdaýda Fatalist bolup bolýa!
-Fatalist näme?
-Aý "durmuşda hiç zat möhüm däl" diýen pikirli. Ýok... aslynda men ýalňyş ulandym, bulara fatalist diýlenok. Ýöne men saňa şony aýtjak boldym, "durmuşda hiç zat möhüm däl" diýen depressiýaly, pessimistiki pikirli bolup bolýa.
Fatalistler hudaýa ynanýan adamlar. Olar Allanyň hemme zady eýýäm kesgitlänini, geljegiň eýýäm ýazylanyny aýdýalar===>durmuşda hiç zada täsir edip bilmejeklerini aýdýalar. Onsoň hiç zat etmän gezip ýörler, sorasaň "aý Alla islese bolar, edip nätjek?" diýýäler, ýa-da tersine "Alla islemese bolmaz, edip nätjek?" diýýäler :D
-------------
Şu wagtlykça soňy.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Yzyny hachan yazjak ? :))

Yzyny hachan yazjak ? :))

1. Ol oglanyn mail adresini

1. Ol oglanyn mail adresini tapyas
2. Kellesini bulashdyrjak zatlar yazyan
3. azajik garash.
4. DOWAMY!!!

:-)

Ýazaýyn azajyk. Men Pawan

Ýazaýyn azajyk.
Men Pawan diýip soňky günler kän işlemedimem. Işledim, ýöne arasynda oň bilen gürleşjek bolup gitmeli bolýadym.
Düýn gidipdirler metjide.
-Nähili boldy?
-Gowy
-Metjit seniň bilşiň ýaly ekenmi?
-Hawa
-Nämäni üýtgeşik gördüň?
-Hiç zady
-Hm... beh... kitap zat bar ekenmi? Adamlaryň aragatnaşygyny gördüňmi?
-Hawa. Men ol ýerde hindi oglanlary gördüm, gepleşdim. 1-2si meniň şäherimden ekeni! Halid Kuranyň iňlisçesini berjek diýdi!
-Gowy. Sen ol hindi oglanlaryň telini alyp galdyňmy?
-Hawa, olar "jaň edip gürleşeris" diýdiler. Özlerem kitap zadam berjek diýdiler
-Gaty gowy! Olar edil seniň ýagdaýyňda bolan oglanlar, seniň ýagdaýyňe mendenem gowy düşünýändirler. Seniň soraglaryňa jogap şol oglanlarda bardyr gözle!
-Bolýa. Sen "bir zat görkezjek" diýipdiň
-Aý inet işlänoga häzir. Men saňa Yslam barada, Hinduizm barada klip görkezjekdim youtube'den.
-Ertir party bar öýdýä, oturyp gürrüň ederis. Şonda getiräý.
-Näçe adam bolar? Kim bolar? Aý özümi sagdyn duýsam barmagymam mümkin
Şondan soň ýene filosofiýa başlandy. Esasanam Allanyň barlygyny ylmy subut etmäge başlamda. Başga PhD studentlerim diňläp durlar.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Filosofiýa, bölüm n

-Adamyň kellesi görüp bilmeýän zadyny kabul edesi gelenok. Görmedik zadyna düşünip bilenok. Meselem soňsuzlyk(=infinity)
-Dogry aýdýaň, emma soňsuzlygy, Allany göz öňüňe getirip bilmezligiň, onuň ýoklugyny aýtmaýa! Sen himik, göz öňüňe getir, bir reaksiýaňa şu dünýäniň başyndaky ýagdaýyndaky bölekleri goýsaň, şeýle rezultat alarmyň? Onsoňam Alla soňsuz, Ony göz öňüne getirip nätjek?
-Aý adama kyn düşýä
-Bilýäňmi, öň Al-Gazali diýen filosof bolupdyr(Imam-i Gazali?). Ol başda kitabynda ýazýar "men şu ýolumy hakykady gözläp başladym. Hakykat iki dürli bolup bilýä: duýulýan hakykat(görülýän, eşidilýän we ş. m.) we subut edilýän, fiziki kanunlar boýunça subut edilýän hakykat. Duýulýan hakykat hakykat bolup bilmeýä, sebäbi biziň duýýan zadymyz=hakykat diýmek ýalňyş. Biz howany duýamyzok, emma ol bar. Biz aýy tegelek görýäris, emma ol togalak.
Şonuň üçin duýulýan "hakykat" hakykat däl. Eksperimental hakykadam bir topar aksioma, assumptiona, gipoteza bagly, onuň hakykat bolmazlygy gaty mümkin. Adam ylymda soňsuzlyk ýaly zatlar bilen iş salyşýar, şoňa özem düşünenok, göz öňüne getirenok. Sebäbi mümkin däl. Garaz, hakykat ýok" diýipdir.
Onsoň ol şeýle bir gynanypdyr, bir wagt "men ukyda, düýş görýän" diýip gezipdir. Ýöne onsoň ýene pikirlenip, hakykadyň ýürekde, emosiýada, ruhy dünýädedigini aýdypdyr. Şol dogrudyr, hakykat haçanda seniň ruhy dünýäň gowy bolsa!

PS Şondan soň Imam-i Gazaliniň(?) bir ateist alym bilen "tartişmasini" aýdyp berdim
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Nirede okadyn ol

Nirede okadyn ol "diskusiany" ?? Ya Youtube'de videosy barmy Imam Gazalynyn ? :D

Youtube'de musulmanlyga

Youtube'de musulmanlyga geçenleri görkezjekdim, sebäplerini aýdýalara şol ýerde!
Onsoňam seniň beren linkiňem ulanardym, from hinduism to Islam.
PS Imami Gazalinin diskussiyasyny GURRUN BERDIM :)
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Bizem okar yali soradymlay

Bizem okar yali soradymlay ol diskusiany, yogsa youtube'de gormejegini bilyanle :)) Nirede okanyny aytsan bizem okardyk, komegi degerdi...

sa

Ymam Agzamin chagaka kop tartishmasi bar oydyan atteistler bn.in yonekeyje yadima dushyan misallarindan biri:

- Hany Allany gorkezda, gormedik zadina nadip inanyan? diylende
Ymam Agzam suyt gorkezip
- hany shunda gatyk peynirin barlygyny gorkezda diyipdir.suytde peynir gormek uchin zahmet etmegingerek bolushi yali Alla Tagalani gormek uchin hem bu dunyade Alla iman edip gul bolmaly.shonda onun Jemalyny hem ol dunyede goreris.
yalirak jogap beryar.men yone yadima dushushune gora yazdim.

Çynymy aýtsam, aýdanlarym

Çynymy aýtsam, aýdanlarym barada 100% ynamly däldim. Sebäbi Imami Gazali bolman biler.
Ýöne şol bir sany aetist alymyň oba gelip Allanyň ýoklugyny aýdýan wakasyny gürrüň berdim.
Yslam ýazypdyr DIŇE BIR BÖLEGINI(waka ondan ulyrak aslynda). Yslamyň aýdanyna seretseň, ol Imam-i Azam diýýä. Hm... bilmedim, Atamyrat aga aýdaýmasa.
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

uyshmelene

uyshmelene bilgeshleyin gija galip gelip sonam gayik zat diyip shonun ozunden yasalip bilmejegi barada mysal beryar dalmi? menem shol bashy doly yadima dushmanson shol bolegini yazaydim.
meninkem tochno dal,yone mana gurrun beren oglanin Ymam Agzam diyip gurrun bereni yadima dushyar.

Ine meniň gürrüň

Ine meniň gürrüň berenim. Özümden azajyk remiksledim, ýöne Alla bagyşlasyn.
Imami Gazaliniň obasyna gelen ateist alym bir topar gep bilen obalylaryň kellesini buladyrýa
-Siz Alla bar diýip, ýok zada ynanýaňyz
-Seniň bilen jedelleşmäge bizde bilim ýok, ýöne obamyzda biri bar, ertir gelseň jedelleşer. Biz aýdyp goýarys
Ertesi alym bellenen wagt gelýa. Imami Gazali bolsa 30 min gijä galyp gelýä.
-Nähili medeniýetsizlik?
-Bagyşlaň, ýolda gelýäkäm derýa joşup köprini alyp geçen ekeni. Onsoň men derýadan geçip bilmän garaşdym.
-Häzir nädip geçdiň?
-Men garaşyp durkam agaçlar çapylyp, öz-özünden köpri boldy
-Sen aklyň ýerindemi? Hiý şuňa ynanjak barmy?
-Sen dünýäniň öz-özünden emele gelenine ynanýaň. Dünýä şeýle çylşyrymly zat, öz-özünden emele gelip bilýärde, bir sany köpri öz-özünden emele gelip bilenokmy?
-erm... Bolýa sen aýt, sen nädip görmeýän zadyňa ynanýaň?
-Sen süýtde ýagy görýäňmi?
-Ýok
Howany görýäňmi?
-Ýok
-Howanyň we süýtde ýagyň barlygy belli, sen görmeseň, olaryň ýoklugynyň alamaty däl!
-Hm... sen bütin ömrüňi näbelli Alla ybadat edip geçirýäň. A birden Alla ýok bolsa näme?
-Ýok bolsa hiç, a birden bar bolaýsa seň ýagdaýyň nähili bolar?
:D

---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

gaty haladym su

gaty haladym su gurrinleri.hemmesini bir birden okadym.