Siz haysy tireden?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
Men dineje türkmen diymegi halayan. Tireleri yigrenyarin. Öz tirami hiç yerde aytmayaryn, aydylmagyny halamok.
15% (13 votes)
Alili Türkmeni
4% (3 votes)
Arsary Türkmeni
12% (10 votes)
Saryk Türkmeni
6% (5 votes)
Teke Türkmeni
37% (31 votes)
Yomut Türkmeni
17% (14 votes)
Başga tire Türkmeni
8% (7 votes)
Men Türkmen dal yada tirami bilemok.
1% (1 vote)
Jemi 84 ses berildi

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Köpünizin bu anketany

Köpünizin bu anketany görenizde yüzünizin üytgandigini bilyan..
we şony göz önünde tutup yokarda, anketan 1nji "saylama gutyjygyny" goydym.
Inşalla, şol 1nji "saylama gutyjygy" yüreginizi sowadar.. :)

Bu anketa soramak bilen, bizin tireleri nahili tanayşymyzy yada nahili unydyşymyzy bilmek isledim.
we her tiranin yzyndan "Türkmen" diyip yazdym.. yagny tirani aydanyn bn türkmenlikden çykdygyn bolmayar.

saglygynyz.

Kasga shu blok achylmasady :(

Gadyrdan blogy achan yada adminler

Menin oz pikirim

KASHGA SHU BLOK ACHYLMASADY.

onsuzam turkmen halky tire taypa bilen bolunup dogry durs osup bilenok, bu bolsa ona goshant goshyar.

Hormatlamak bilen,

Agam blogy açan

Agam blogy açan men..
yokarda yazypdym aslynda sebabini..
1nji bn biri tiresini unytmak islemeyan bolsa, bu blogy yapanyn bn ol adamy tiresini unytmaz.
2nji bilen, eger unytmak isleyan bolsa, yokarda anketa seret, şeylede özüne göra, yagny "tireleri yigrenyarin" diyen gutyjygy saylap biler.

onsuzam tireler hemme yerde bar, meselem "ahal-teke aty", "yomut tahyasy" yene yene köp şeyle..
diyjek bolyanym, "tireler bolmasyn" diyende hem olar yitenok.

tire

sen aytmasanam herkim bilyar tiresinin namedigini.

men herkim bilenok

men herkim bilenok diydimmi??
name diyjek boldyn düşünmedim.

Menä öz tiräňi bilmekde

Menä öz tiräňi bilmekde erbetlik göremok!
Emma tireparazlyk edilmegini ýigrenýän. Derrew bir tiräni beýlekiden üstin kylmak bilen bolýanlar gaty ýalňyşýalarmyka diýýän.
Ýöne tiräňi bilmek, şejeräňi bilmekde erbetlik ýokmyka diýýän! Häzirki döwürde gowy adam bolsa haýsy tire bolsa hem gyz alnyp, berilýärä...
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Bir suprada tayyar kilinsa ashimiz,Goteriler ol ykbali Turkmenin

Turkmen taryhyn dowamynda oz icindaki tire-taypa onushmazlyklary sebapli
oran kop horluk, jebir cekdi. Shol sebapli hem kop wagtlap hanlyklar, beglikler sheklinde bir dowlet bolup bilman taryha gecdiler. Emma men pikirimce oz tirani,taypani,ata-baban kimdigini, nireden gelip cikandigini bilmek adam ucin oran zerur zat diyip hasaplayaryn. Yone hickim bir tire-taypani beyleki bir tire-taypadan ustin gormeli dalidr. Bu duzaga ata-babalarymyzyn dusheni yetermika diyip hasap edyarin.Bu babatda Magtymguly atamiz kop goshgularynda nygtap gecyar.
Men pikirimce ynsana ynsandan ustunligi edyan hayir-sahabat ishleri nukday nazaryndan baha berilyar.

Ay oglanlar, "Kashka

Ay oglanlar, "Kashka achmasadyn" diyip duranyndan oz tirejigini yazaymaly ekeninizda, onem gurleshdiga bu tire meselesini, bul hem edil ejeni govy gorup, yone beylekinin ejesini pes gormezlik yali bir zat....tirani bil, ony govy hem gor, yone bashga tirelerden ne ustde gor, ne-de pesde, beylekilerin pes gorkezjek hem bolma..
Vii..
Barde dineje men Alili ekenima, gadrymy bilin how, yogsa hemme tire'den user'i bolmazdy bu saytin :))

Hm... bärde hemme

Hm... bärde hemme tireleriň sanawy ýoga! :)
Başga-da köp tire bardyr...
---------------------------------------------------------
Lak-luk atdym dalak iýdim,
Gagyldap oturan gargany iýdim...

Başga tire Türkmeni -> 0

Başga tire Türkmeni -> 0 votes

Onsoň? Başga tireleriň

Onsoň? Başga tireleriň ýoklugyny aňladanok ol...
Mergen "her tireden bolmazdy" diýdi, menem bärdäki spisokda her tiräniň adynyň ýoklugyny aýtdym.
Müjewür, çowdur, ýemreli, şyh we ş. m. tirelerem bar.
---------------------------------------------------------
Lak-luk atdym dalak iýdim,
Gagyldap oturan gargany iýdim...

Olar tire dalde taypa

Olar tire dalde taypa bolaymasyn ??? Garadashly'lar zatlat meselem ?? Garadashlylar Alili'lerin 1 bolegi, Dashoguza gochup baranlar...
Ve men "her tireden bolmazdy" diyenimde ol spisokdaky tireleri goz onunde tutdym, men bolmadyk bolsam Alili variandy bosh durardy diydim(shu manyda diydim, yalnish dushunilen bolup biler), dushunmedik bolsan soraymaly ekenin...
Bashga tireler:
Goklen
Yazyr
Salyr

admine

shu blogy yapsan has gowy bolar, hatta useri ban et :)

name blogy açan "user"

name blogy açan "user" biryerine dürtdimi??
name üçin ban etmelimiş??!
men şony açan, yokarda hem sebabini aytdym name üçin açandygymy..

eger yazjak zadyny dogrydanam admine yazmak islan bolsan, bu yerde gygyryp oturma..
"private message" (şahsy yazgy) diyip bir zat bar..
şeyleden admine yaz, yada mana yazyp bilerdin!
ayratyn bir düşünmeyan zadyn bar bolsa..

*ya-da sen içip geldinmi??
eger içip, zat edip gelen bolsan, dynjyny al sonra yaz.. ;)

howwa durti

howwa gurti, shonun uchin shu blogy ayrylmasyny isleyarin.

ichip zat edip gelemok, yone azyrak yadawrak oytyan, yone dynjymy alyp gelsemem yene sho bir zady yazaryn :)

Arkayin basyber, hich kim

Arkayin basyber, hich kim hich zadyny ayirmaz, movzuk hem aktualniy, biz shu yerde 1 gysym adam bolup tirelerini bilmek bilen, tireparazchylyk etmegin arasyna chyzgy chyzyp bilmesek nahili bolaray ??

Ynha shu yerde...

Sana goshulyan Mergen. Elbette shu yere agza kishilerin hemmejesi hem okuwlydyr, bilimlidir. Kabir zatlara anymyz yetyan bolmaly. Shonun uchin barde bu mesela garshy chykmak yerliksizmika diyyan menem. Galybersede kimin haysy tira degishlidigi gornenoga, gornayende-de munyn erbet tarapy name?

name gerek shu

Name gerek shu.. ertir biri cikar diyer seret tekeler kop beyleki biri cikar ol hem diyer seret yomutlar kop diyer velin...ya da tiresi az bolan biri kop gorunen tirani yigrenip biler ...gerek dal

1 Tiranin koplugi, onyn

1 Tiranin koplugi, onyn guychli ya-da beylekiden has yokardadygyny anladyarmy ?? Bu nahili logika bolyaray ?

uuuuuuuuuufffffffffff Senin

uuuuuuuuuufffffffffff

Senin adyn Aman menin adym Myrat. Myrat atlylar kop eken urshalyn!!!!

Shu poll gerekli diyip pikir edemok yone durmasyna garshy hem dal. Yagni urush turjagyna ynanamok!

turkiyede bir waka

turkiyede bir waka bolupdyr.birisi germanya gitjek bolanda.o yerdaki ishleyan yewrey(ayrepotda)turke sen mesheping name diyip sorapdyr.ol bilmandir.yahudi bolsa gulip ''ay hanefisingle diyip gechiripdir registrasyadan.shong uchin unutmazlyk peydalymyka diyyan
not:bulang hemmesi meng pikirim chozmashak yokdur oglanlar

merw

Turkmen diysen yetenok mi?

admin kim bolsa ayyrsinda

bu tirelerem oz icinde

bu tirelerem oz icinde ayrylyar, koroci bir masgala bolup galmali bolyanda:) masgalanam icinde onun ady seyle munun ady seyle yeke ozun otyrmali:D

Meninem tiram teke'lerin icinde Amasha'larynyn planylaryndan:) yone dokumentalniy dal:) dilden.

hazir tirelerin peydasy yokmyka diyan, yone on kop ziyany bolupdur(sowesler bolupdur).

In birinja seredin Men

In birinja seredin
Men dineje türkmen diymegi halayan. Tireleri yigrenyarin. Öz tirami hiç yerde aytmayaryn, aydylmagyny halamok.

Aslynda şu ses

Aslynda şu ses berişlikdenem bir netije çykarsa bolýar :D
Ýöne bärde ses berişligi halamaýan köp ekeni. Öz tiräňi bilmek aýyp dälmikä diýýän, üstin görmek aýyp!
Biz häzir "haýsy millet bolanda näme? adam bolsa bolýa-da" diýip bileris! Şoňa razy bolarmysyňyz köpiňiz? Milletiňem bilmeli, tiräňäm, ýöne hiç haçan türkmeni, ýagny milletiňi ýa-da tiräňi üstin görmeli däl!
PS IMHO
---------------------------------------------------------
Lak-luk atdym dalak iýdim,
Gagyldap oturan gargany iýdim...

Emelsiz

Beyle anketi kopculige acmali dal eken... Oran yalnis hasaplayarin we gysga wagtda ayrilmaginin tarapdary...

Yalnish hasaplaman sebabi

Yalnish hasaplaman sebabi nameka ?? Ya biz sholar yali tupoy adamlarmy gadym zamanlarda tirelerin arasynda bolup gechen yakimsiz vakalar uchin 1-1'i birimize entagem sovunip, gargynyp, pes gorup yorer yali ??? Shul movzugyn gurleshilmejek derejede namesi bar ??

Maksat Turkmenin Tire taypasy hakda kelam agyz soz bolsa

Eger maksat Turkmenin Tire-taypasy hakda kelam agyz soz bolsa muny elbetde anketa bilen dalde goni shona degishli edip blok achmak yerlikli bolarmykan diyyan. Sebabi eger anketa bolan yagdayinda shu tireden nache adam bu tireden nache adam diyen yali sanaw we onun onimi bobolup bilayjek herhili agzalalyk garshy gelmeler bolmagy yuze chykyar.

Turkmen halkynin ir dowirden bari bu tire-taypa meselesi bilen agzalalyga dushenligini hemmamiz bilyaris. Edebiyata yuz tutan mahalymyz bolsa bir supra/sachaga/yere gelmegimizin netijelerinin nahili boljagyuny Magtumguly atamyz oz goshgularynda dile getiripdir. Elbetde bu zatlary yone ere yazmandygy bir hakykatdyr.

Menin garshy zadym shu anketa. Sorag her hili soralyp biler emma tasiri her gezek bashga bolmagy mumkin.

Netije chykarylar diyen umyt bilen...

Slava dost, shul movzuk on

Slava dost, shul movzuk on gurleshildi blog achylyp, indi hem poll'y edildi, namesi baray munyn ??? Sen haysi velayat'dan" diyen poll'da hich zat bolanokda, sen haysi tireden diyen yede goh turyalay ?!

Bu bir pikir meselesi

Gadyrdan Mergen,

Bu bir pikir meselesi. Godamak yada goldamazlyk. Jedel etmek goh dal.

Welayat bu TM dowletin ayiran administrativ taydan bolunen resmi yerlerdir. Emma Tire-taypa meselesi bolsa Turkmenin gadymdan gelyan emma bitmedik yarasy.

Men oz pikirimi diyyan.

Garshy bolan/tarapdar bolan bolar.
Men taryhy cheshmelere garap we oz tejribamden diyyan shu zadyn onat daldigini.

Bizin bilen hem paylashda ol

Bizin bilen hem paylashda ol tejribelerini, biz hem bileli tirani bilmegin erbet taraplaryny...Taryhdaky yakimsiz vakalar tireparazlyk sebapli bashlady, dineje tirani bilmekden dal !!

Men on hem aydipdim, yene-de oz poziciami aydayin shu movzuk barada--- Tirani bilmek erbet zal dal, hatda hemme adam hem bilmeli oz tiresini, yone tireparazlyk edip, oz tirani beyleki tirelerden yokarda gormek adamkarchiligin gutaryan yeri, sheyle pikir edyan adam hem jemgiyete ziyan berjek adam !!!

P.S. mc_merw govy tarapyny gorupdir, sana-da gorkezsin ayla sheyle govylyklary...

Gu/Ik

Elbetde marekede ozin yash kichi bolamson, bir chetde dine ulularyn sozlerine gulak salyp oturdy.

A: Pylanini bilyanmi,
B: Ha! Nememi shonun bilen uzak yola yoldash boldum welin tuys jedel edip aldow, shu ak diysen gara diyip tutyryarda
A: Ay ol `gul` ahyryn bilenokmy shony, `Ik` bolup suyegi ak bolanda jedelleship almazdy
B: Beyle diysene men bilemokdym welin tuys ozine cheken ekenow.

Emma sho chagalykdan aklymda galan shol iki soz `gul` we `ik` aklymdan chykmaz. Kate Iki adam kejirine tutup jedelleshmage bashlasa haysyka diyesim geliberyar. Emma hich kim olaryn name uchin nahili temada jedellesheni dal eysem shol shahsyn gul/ik ekenliginden chen urup sheylerak bolandyr diyayarler.

Peýdaly tarapy hem bar

Peýdaly tarapy hem bar, daşary ýurtdaky garyndaşlar bilen tapyşdyk.
Ärsary -> Bekevul -> Tugaçy -> Söýünçajy -> Haryn Aryk boýundan
Türkmen sejeresi

paid tha cost to be da Bo$$

Men Yomut ýöne tireçiligi

Men Yomut ýöne tireçiligi ýigrenýärin.

men şeyle zat in halamayan

men şeyle zat in halamayan zadym haysy tire haysy millet yok yewreymiş erbetmiş yok pylan milletdenmiş gowymyş. Mana we dunyade kabul edilen dujunja gore ne millet renk yene başga hokman dal "ADAM" BOLSUN BOLANY... Blog mana yaramady...

turkmen

TM de yasayan beyleki milletler hem bara :)
Ermeniler mysal uchin ...

sered-a yokarda.. in sonky

sered-a yokarda.. in sonky "gutyjyga".
"men turkmen dal yada tirami bilemok" yazyar.
ine şol ermeni, ors, özbek we ş.m. üçin.

Diymek bu sahypada bashga millet yokmykan

Diymek bu sahypada bashga millet yokmyka?!
Men Türkmen dal yada tirami bilemok. dieyr yali. Ay bizin beydip men sheyle turkmende men beyle diyip oturanson name beyle yere seretsinay.
Elbetde TM kopmilletli dowrebap dowletdir. Ol yerde milletchilige orun hem yokdur.

Goldaw bermek, esasdyr

Ozbeklerin shu hasiyeti bardyr, Dashoguz taraplarda ozara kop gatnashanlary uchin onat bilyaler da, kan tire taypalary yok. Ka halatda Hankaly, Urgenchli diyselerem kan bir birlerine goltgy beryaler.

In bilinyan bir hekayajygy hem bar olaryn.

Bir obada turkmen bilen ozbek kop eken welin indi oba bash saylamaly diyyar. Emma nahili saylanjagyny karar bermek kynda. Shonun uchin kethudalaryn sheyle maslahat edyarler. Shu depa kim on ylgap chyksa shony bash edip saylayas.
Ay name dessine yarysh bashlan. Turkmen ylgayar diyya chaltrak "shynyn chur depesine chykaynda han bolayin" diyip emma bashga bir turkmen ayagyndan chekyarmish:
"Dushayt men senden uly we abrayly men han boljak" diyip.
Ozbekler bolsa bir birine goldaw berip 'Eke siz chikin, siz chikin" diyip bir birine goldaw berip tiz wagtda depanin chur bashyna chykypdyrlar.
Sheydip Ozbek han saylananmysh.
elbetde barde men uly sen kim bolyan diyip onsuzam ayralyk barda turkmenlerde onden gelyan, onson kyn bolayar bash sechaymek.

Barde asyl maksat halkyn bir birine goldaw bermegi esasmykan diyyan. REnkine-royina, tiresine, taypasyna seretman.

Shu vopshe biderek vaka,

Shu vopshe biderek vaka, haysi milleti ozleriche agzala gorkezjek bolsalar shol hekayadaky erbet adamyn yerine goyayyalar...Bu toslamanyn international versiyasi ozbek dalde yevrey'ler bilen, olar chyndanam agzybir sheyle bolmaly erlerinde, ozbekler hem bizden idili dal, olary beydip gyzyl yali halk gorkezmek manysyz...

Özüm teke, yöne türkmen

Özüm teke, yöne türkmen sözi has yakymly gelyar. :)

Eger ýene ýagdaý 10-15

Eger ýene ýagdaý 10-15 ýyl dowam etse, tire gatyşykly maşgalalar gaty köp bolar!
Meniň ejem tarapam, kakam tarapam arassa Ärsarylar. Ýöne doganlarymyň öýlenen we çykan adamlary her tiredenem bar: teke, saryk, ärsary, işan.
Diýjek bolýanym, biz tirämizi bilýäs, emma başga tirelere hormadam bar, olary kemem göremizok. Ýagdaýam şeýle bolmalymyka diýýän :)

---------------------------------------------------------
Lak-luk atdym dalak iýdim,
Gagyldap oturan gargany iýdim...

Hava, menin hem Teke giyevim

Hava, menin hem Teke giyevim bar, 1 teke gelnejem hem bar, onson men nadip "tekeler erbet" yali zat aydaryn gelnejem hem teke bolup durka ?? Ay koroche, gan baglary has hem govy berkidyar tirelerin arasyny..

Men "parazlyk" sozuni "My

Men "parazlyk" sozuni "My way is high way" diyip yorenler uchin ulanyan t.e. tireparazlyk bolanda "Menin tiram in beyik, beylekiler pesde", milletparazlyk bolanda "menin milletim in beyik, beylekiler ashakda" ve sh.m...

Men onda sahypaparaz!

Men onda sahypaparaz! :)

p.s. oyun edyandirin

Hehe...Herkim hem ozunkini

Hehe...Herkim hem ozunkini govy goryar, 1-nji yerde-de goryandir belki, yone bu suvjectiv pikir t.e. duygulara bagly 1 zat, dashyndaky adamlara aydip, olaryn hem muny kabul etmeklerini islemek dogry bolmaz...Onsonam bizin sahypamyz arassa sahypa, idili adamlar uchin, tmolympiad'y nirede yok pron site'y bilen deneshdirse bolmaza, ikisi 1 kategoriyada dal sebabi...

6a1taman hakyky adyna

6a1taman hakyky adyna 6el1saycek blog a acypsyn how...(6a1taman senin nick in boldugu ucun gelisya diyemok ... dineje 6a1taman sozu tirecilik, taypacylyk, yada milliyetcilik yaly sozleri aklyna getiriyar...yagni sonun ucun gelisyar diydim yogsa senin sahsiyetin bilen hic hili baglansygy yok (belki de bardyr cunku nick in user i sen, yone senin name niyet bn bu blogu acdygyny bilmeden bu hakkynda hicbir zat diyip bilmeris)...

Ozum Teke Türkmenlerinden yone teke boldugum ucun sahymam yok, basga da hic hili beyleki turkmenlerden ayratynlygym (property) hem yokmuka diyyan...

Yone meni yaman gyzyklandyran zat, su blog u name niyet bilen acdygyn..?
Ya yakynda oylenmani zady planlayan my yagny bu formdakylaryn aslynyn nireden gelyanligini bileyin sonra belki barden biri bn tanysaryn we dyrmus gurarys yone genetikalaryny bir basdan bilip galayyn zat diyip acaydyn my...?
Aslynda gowy pikir cunku İslamiyetde de neslini bile dowam etdirmek isleyan adamyn soyuna uns bermeli diyya yone tm yaly kicicek (conservative,isolated) dovletde genetika tapawudy (variety of genes) kan yokmuka diyyan yagny tm de beydip yormane gerek yokmuka diyyan...

Yone milliyetcilik gozu bilen bakyan bolsan yaman gynandyryjy esasan hem senin yaly sowgatly (yokary bilimli) adamlaryn beyle zatlar bilen mesgul bolmasy meni gynandyryar we umytdan dusuryar (dovletimizin yagty gelecegi barada) ...Beyle dalsindir diyip umut etyan...(basga caram yok cunku...)

Telpekler (1 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • saragt 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Mena şul poll-da hiçhili

Mena şul poll-da hiçhili ziyan göremok, tirani aydany bilen kemsinyan barmyka, ya şony aydyp ulumsy bolar öydüp gorkyamyka? Düşünip bilmedim. :/

Yokarda suny secdim:"Men

Yokarda suny secdim:
"Men dineje türkmen diymegi halayan. Tireleri yigrenyarin. Öz tirami hiç yerde aytmayaryn, aydylmagyny halamok"

Yone ol yerde bir sozlem bar :"Tireleri yigrenyarin." bu name diymek.? Tirelri yigrenmek Turkmenleri (ozumuzu) yigrenmek diyen yaly bir zat bolyar...?

Ya men tirecilik, milliyetcilik yaly zatlary yigrenyarin diyjek boldun my..?

PS: ey su (yigre...) sozunu yazmana birhili bognum ysanok...nirden tapyanyzay sunun yaly biderek, gereksiz zatlary..? Gowy zatlaram barahow "elim bos edere isim yok bir zatlar yazmaly..." diyip duran bolsanyz...

1njiden gereksiz, biderek

1njiden gereksiz, biderek zat diysenem, ilkinji gezek gelip, şeyle uzyn yazypsyn!!
yagny sen özün "edere işin yok bolmaly ki, şeyle "biderek, gereksiz" zatlar üçin pikir yöreden bolyan, jogap yazyan!!

we men öylenmek maksadym yok, we öylenmek islesemem şu yerden gözlemejegim köre malim!
eger sen şeyle edyan bolsan bilmedim...

we senin şundan yokardaky postynda aydyşyn yaly:
"men teke türkmenlerinde...." diyp başlayan postyn bn.. şu yokardaky..
"men dine turkmen diymegi halayaryn. tirami hiç yerde aydamok we aytmagy halamok diyişin"..
senin nahili 2 sözlidigini açyk şekilde görkezyar.

eger sen hakykatdan hem men name üçin açandygymy bilmek islan bolsan.. birazajyk yokarda yazylanlary okardyn!
yada "okadym, yöne beyle sebap bolmayar" diyerdin..
yagny sen aydyşyn yaly "men niyetim nabelli dal"!
sebabim yokarda yazygly!

birazajyk kellani galdyr yada ekrany yokaryk süyşir we oka şolary.. gayrat etde.. ;)

1.sunun yaly uzun yazyp

1.sunun yaly uzun yazyp biderekligini acyklacak bolsam da gynansamam yene de acyklap bilmandirin diymek isledikleri mi...(in azyndan senin yazanlaryn munun acyk sayady)...Bir gereksiz zadyn hakykatdan hem gereksiz boldugunu acyk (clear) bir yagdayda sonun gereksizligini bilmeyanlere acyklamakdan basga has gerekli zat barmyka ??? (menin pikirimce oz (circle) i icerisinde yok sonun ucin hem wagt ayyryp yazmagyn manyly boldugunu pikir etdim we uzun yazdym (su wagtky yaly)...

2.milliyetci bolmadygym ucun kim bilen yasasjagymyn kanbir tapawudam yokmuka diyyan...eger senin diysin yaly bolsam milliyetci boldugum bolardy we buda oz icerisinde garysyar(contradiction) onun ucun beyle bir yagdayyn bolmadygy kore malim...

3.teke tiresinden boldugumu yazdym we yzyndan hem birinjini yagny sunu secdim " men dine turkmen diymegi halayaryn. tirami hiç yerde aydamok we aytmagy halamok diyişin"
Name ucun???
1.cunku milliyetci bolmadygymy gorkezmek ucun basga secilcek zat yokdy...

2.icinizde "muny secen bolsa diymek turkmen dal basga milletden dir" diyip pikir edenler
bolar birinjini secenler ucun...we turkmen bolup we tiresi de bolan (barlygyny da aydan, gorkezen) we o tiresinin ustunu cyzyp taryhyn garanky sahypalaryna zynyp bilyanligini gorkezmek yaly zatdan basga "bir sozluluk" bolup biler mi...???

Senin niyetin namedigi yokardaky yazanlarynda gaty bir belli dal..."onu-sony yatdan cykyp gidenok, tazeden yatlalyn" diyipsin...yagny bu formdaky tirelerin (proportion) u ny bilmek islapsin yone bu "garynjalaryn keteginin dasyndaky hereketinin grafigini cyzaly" diyen yaly yaman erbet gereksiz zat bolyar...ve basga maksat bilen acansyn bunun yaly gereksiz zat ucun daldir diyip pikir etdim...(meger yalnysypdyryn...:(

PS:Yone senin maksadyn erbet bolmadygy belli boldy ;)
Yaman gowy taktika...:)
1. Senin ozun

Quote:

sen özün "edere işin yok bolmaly ki, şeyle "biderek, gereksiz" zatlar üçin pikir yöreden bolyan, jogap yazyan!!

diyip biderekligini kabul etdin...:)

2.Senin gaharyny getirdim (cunku senin gaharjanlygyny basga commentlerinden bilyan ve maksadyny bilmegim ucun muny ulanmagym gerekdi...we sen gaharlanandan son blogy dalde oz sahsiyetini goradyn(savundun) we buda senin hem milliyetciligin kicicek, garanky dunyasinde yasamayanlygyny, acyk beyinli birisi bolduguny gorkezdi (bizi begendir di ..:)

PPS:"Gaharyny getirenim ucun bir cuse ganymy gec!!!" bayramdan ogurladym lay bu sozleri ...Bayram sozlerimi ogurlady diyip isi sud a bermersin da...;)

PPPS: Yazanlary myn we yitiren wagtymyn hemmesini taryhyn garanky sahypalarynda yasan we ozlerinin kicijek, garanky dunyalerinden basga yagty, owadan dunyaleri bilemedik,goremedik we basgalary bn paylasyp yasayamadyk gecmisimize bagyslayan...

Bah

Alparslan dost, name-how, gaty janykyarsyn-la, beytme-da how :)
Myradyn erbet niyeti yog-a, yogam bolsa sheyle yazgylar bn bar etjege menzeyaniz, sag adama 40 gezek dali diysen dali bolarmysh mysalyndaky yaly:)

Senem oran onat zatlar yazyan, yone kabir aladan yerliksiz, ikinizem hazir shahsynyza gora yazyanyz, elbetde, umumy yagdayam bar, yone, yazgylarynyzy suzsen, bir-birine bolan jogap bermek howesi, ynandyrmak we yenmek howesi bar yaly, menin pikirimce azyrak salyhatly bolup goyun shu ishi, at bermek gerek dal, kakdyrmagam, yazyn umumy, alla-name edip!

gan

yok how, gan chykmasa hasap dal :)

biderek zatlar üçin wagt

biderek zatlar üçin wagt yitiryanime gynanyan.. :(
aslynda has onat işlere wagt yitirmegi islardim.

Quote:

2.milliyetci bolmadygym ucun kim bilen yasasjagymyn kanbir tapawudam yokmuka diyyan...eger senin diysin yaly bolsam milliyetci boldugum bolardy we buda oz icerisinde garysyar(contradiction) onun ucun beyle bir yagdayyn bolmadygy kore malim...

"kim bn yaşanylar?" temasyna girmek islamok.
men dine yokarda özümin şol niyet bn açmandygymy soragyna jogap hökmünde yazdym.
sen meni gyzyklandyranok. milliyetçi bol, milliyetçileri günale, yada milliyetçileri yigren, meni gyzyklandyranok.

Quote:

3.teke tiresinden boldugumu yazdym we yzyndan hem birinjini yagny sunu secdim " men dine turkmen diymegi halayaryn. tirami hiç yerde aydamok we aytmagy halamok diyişin"
Name ucun???
1.cunku milliyetci bolmadygymy gorkezmek ucun basga secilcek zat yokdy...

hmm diymek sen düşünjane göra; tirani aytmak milliyetçilik?
hayran galyan, tire bn milleti bir-birine garyp bulaşyp otyrsyn.
"madem ki" seçen gutyjygyndaky yaly.. "men dine türkmen diymegi halayaryn. tirami hiç yerde aydamok..." yaly pikir etyan bolsan, onda name üçin yene gelip "men teke tiresinden..." diyarsin??
men meselem eger tirelere hiç üns bermeyan bolsam..şony hiç yerde aytmardym..sorasalar "men türkmen.boldy." diyerdim.
eger aytyan bolsam.. onda yokarda haysy tireden bolsam..şona ses bererdim. boldy, nokat.

Quote:

2.icinizde "muny secen bolsa diymek turkmen dal basga milletden dir" diyip pikir edenler
bolar birinjini secenler ucun...

dine sen yalylar şeyle pikir edaymese.. bizin türkmençamiz hudaya şükür onat.
name üçin beyle pikir etsin? eger sen türkmen dal ya-da tirani bilenok bolsan, anketadan sonky "gutyjyga" seret.
"men türkmen dal yada tirami bilemok yazyar"

Quote:

...we turkmen bolup we tiresi de bolan (barlygyny da aydan, gorkezen)

her türkmenin bir tirasi bardygy belli.
ony aytmasalar hem bilyas. yagny tirani aytmasan, "diymek ol türkmen dal" diyen düşünje kör düşünjedir.
tirani gizlemek, tirani aytmazlyk, olara üns bermezlik başga gürrün elbetde.

Quote:

we o tiresinin ustunu cyzyp taryhyn garanky sahypalaryna zynyp bilyanligini gorkezmek yaly zatdan basga "bir sozluluk" bolup biler mi...???

men-a birhili özümi "superman"in önünde yaly duydym. :)beyle owadansumak sözlerin barde yerliksiz.
yene bu yerde; tirani aytmagyn tireçilik we ol tireçiligi hem tireparazlyk bn deneyan..
sebabi ol "taryhyn garanky sahypalary" diyanin geçmişdaki tireparazlygy aytjak bolyan öydyan.

Quote:

PS:Yone senin maksadyn erbet bolmadygy belli boldy ;)
Yaman gowy taktika...:)

namanin taktikasy?
düyş zat göryanmi?? yada içip zat edip geldinmi??
saglyk yerindemi özi??

Quote:

1. Senin ozun

Quote:

sen özün "edere işin yok bolmaly ki, şeyle "biderek, gereksiz" zatlar üçin pikir yöreden bolyan, jogap yazyan!!

diyip biderekligini kabul etdin...:)

sen ""=goşadyrnak name üçin ulanyar bilenokmy? ilki öwren şony..

Quote:

2.Senin gaharyny getirdim (cunku senin gaharjanlygyny basga commentlerinden bilyan ve maksadyny bilmegim ucun muny ulanmagym gerekdi...

dogrymy aytsam, bir-zatlara diyjek bolyan..
meni türkmenlerin garşysynda uly bir problema, we sen şol problemany yok eden yaly duygy içine giren adamynky yaly duygy bar sende. birazjyk hem öwünjenligin ysy gelyar.. öz "taktikany" (gaharyny getirip maksadyny bilmek taktikasy :D ) aytmagyn arkasynda..

Quote:

we sen gaharlanandan son blogy dalde oz sahsiyetini goradyn(savundun)

men nirde öz blogymy goraman öz şahsyyetimi goradym?
men blogym diymek, men özüm diymekdir..

Quote:

we buda senin hem milliyetciligin kicicek, garanky dunyasinde yasamayanlygyny, acyk beyinli birisi bolduguny gorkezdi (bizi begendir di ..:)

barde hem milliyetçiligi garanky dünyade yaşamaklyk,
milliyetçi bolmazlyk açyk beyinli bolmak yaly görkezipsin.
ol düşünjan meni hiç gyzyklandyranok.

Quote:

PPS:"Gaharyny getirenim ucun bir cuse ganymy gec!!!" bayramdan ogurladym lay bu sozleri ...Bayram sozlerimi ogurlady diyip isi sud a bermersin da...;)

hehhe öran şadyyanja, degişip yazypsyn,
pikrimçe bu şadyyanlygyn anyrsynda, yanky öwünjenlik we "günali ga1tamanyn" günalerini, öz "taktikalaryn" bn görkezmek yatyr öydyan..

Quote:

PPPS: Yazanlary myn we yitiren wagtymyn hemmesini taryhyn garanky sahypalarynda yasan we ozlerinin kicijek, garanky dunyalerinden basga yagty, owadan dunyaleri bilemedik,goremedik we basgalary bn paylasyp yasayamadyk gecmisimize bagyslayan...

aydanlaryna goşulyan..
edil sen yaly men hem şol garanky taryhymyza bagyşlayan, şu yitiren wagtymy.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • agajanh 1 telpek goyyar we yazyar: "Jemaldan dushen yekeje telpegimi sana bagysh edyan :)"

umumy

Salam hormatly agzalar!

Belki taze blog hem acsa bolardy, yone shu yer has amatlymyka diyyan!

1-Shohrat aga, barde tireparazlyk ediljek bolanok, kabir mysallar yokarda, yone sizinem yazan zatlarynyz hakykat we ondan mysal-netije cykaryp hereket edilmeli, bu poll bolsa ona pasgel dalmika diyyan.

2-Ga1taman Balkani: Jigim, senem arkayin yazyber, barde senin niyetini erbet diyjek bolyanlar yalnyshyar, senin beyle erbet niyetin yoklugy beyleki bloglarynda aydyn!

3-Umumy yagday:

Hemmamiz, in azyndan, %99 bolegi, shukur, musulman. Eger yagday sheyle bolsa, Gurhanda "mominler(Biribaryn Bir we Bar bolanlygyna ynananlar) dine dogandyr..." yagdayi yuze cykyar, tiremish-zatmysh, olar taryhda galdy, ensalla, %100 ayrylmadygam bolsa, %90-larda bardyr. Hemmamiz diyen yaly okuwly, in azyndan shu blogda yazylanlar, kellamizin ujundan gecmedikler we kop geciryanler ucin onat netija sebap bolar. Birem, Musulmanyn, shol sanda, Turkmenin bir-birine 3 borjy bar, berjay edilmeli, ynha olar:

Turkmenin:

1-Gany(jany);
2-Maly(baylygy);
3-Namysy(mashgalasy).

beyleki bir Turkmene haram, elbetde, umumy we rugsat berilen kanunlar munyn dashynda!

yene umumy:

barde at bermezlik isleyadim, yone sheyle kici-girim zatlar ucin bu yagdaya dushen salyhatly agzalarymyzyn kabir postlary, elbetde, meni gynandyrdy!

Shohrat aga, beyle gyzza-gyzzalyga sebap sen bolan yaly-la, nama gerekdi shol bashky postun!?

Alparslan, yazgyn onat yone yerliksiz, onun niyetini name ucin erbet yagdaya getiryan, ol-a barde poll acypdyr, senem bashgacarak poll acyp bilyan-a, belkem has peydaly boljak, birem ony bu yerde gunakarlemegin yalnysh!

Myrat, senem Alparslana kabir yerliksiz zat yazypsyn, ululyk erbet jogap bermekde dal, "yagshylyga yagshylyk her kishinin ishidir, yamanalyga yagshykyk ar kishinin ishidir!, ensalla, shu nakyla gora hemmamiz hereket etjek bolarys!

Saragt, sana-ha hijem gelishmandir, men, belki, tanysh oglanlarymyn biridir diyip yordum, haysy tanyshym sheyle zat yazaray diyenimi bilman galdym, ensalla, tanysharys, yone shu yerde in uly yalnyshy sen edipsin, ensalla, dushunersin!

atdash, Mergen we Bayrama-da minnetdarlyk bildiryarin, onat dushundiripdirler yagdayi!

hmm(umumy)

men yokardakylary okap, umumy jogap yazdym, belki, shahyslara jogap bersemem bolardy, yazgy kop ekeni, shu bloga gozum dushup, gyzyklanyp shundan bashladym, menin tirami hem kopuniz caklap bilersiniz, bu yere yazsam mana "senem tireparazlyk edyan!" diyip yuzlenjekler tapylar, ondan gorkamok, menki, barybir, yanky aydyshym yaly, kopunize malim! Men yone shony aytmak bilen tireparzalyk edemok. Okuwly adamlarow barymyz, shu yagdaya dushulenine gynanyp otyryn, biz-a yagdayi bilyas, TM-da bilmeyan nace adam bar, in azyndan, sholaryn yagdayiny shu blog bize yene bir gezek malim etdi, siz shol yagdaya goz onunde tutup, bu yerden ozumize gerekli zady owrenip, geljekde yuze cykjak nasazlyklary sazlamak bolmaly, ensalla, hemmamiz gerekli we peydaly netijani cylararys!
Shony dilemek bn!

Tire

Hammamiz turkmen hudaya shukur. yone tirani bilmekligem gowi zat (tireparazlik daldir) sebabi sebabi her tiran medeniyati biraz utgeshigrak bolya.
Teke yomut goklen yazir alili
Bir dovlete gulluk etsek bashimiz.

goldaw

Salam Annashka!
Sahypa hoshgeldin!
Yazgyny goldayaryn, minetdar!
Bashga-da yazgylaryna garashyarys!

şahyr şeyle diyipdir !

teke, yomut,gökleng, yazir,alili
byr döwlede gullyk etsek başimiz (hemmamiz)...

NOT: tire - taypa diyip wagt yitirip yörmaling,beyleki ösen döwletlere baksanyz dine yapon,amerika,nemes(germany),fransyz yali bir kimlikle öne çykyandyrlar we boyleje biri - biri bilen çekişman japon ,fransyz,nemes yali millet olarak çekişyarler.onug için olaryng yöran wagty biz döwletimizing ösmesi için ylgamamyz gerek!hayiş etyarin böyle tire - taypa meselesini goyalyng !

bah

telpek sana, tmr dost, yone sozde :)

bah,chyndanam teke

bah,chyndanam teke turkmenleri gaty kop ekenay.tuweleme goz degmesin,tuff,tuff..

P.S.barlap goryan.

Yalnysh netije! Tekeler

Yalnysh netije! Tekeler kabir sebaplera gora shaherlerde yashayalar, esasy bolegi, shonun uchin olaryn inete we beyleki mumkinchiliklere eli ansadrak yetya.
Menem gyzyklanyan, Turkmenistanyn halkynyn tire-taypa statitikasyny gaty bilesim gelya.
Dunyadaki turkmenlerin, turki halklaryn statistikasam gyzykly zat!
---------------------------------------------------------
Lak-luk atdym dalak iýdim,
Gagyldap oturan gargany iýdim...

Kop bolayanlarynda-da, bu

Kop bolayanlarynda-da, bu namani anladyar Bayram aga ?? Menin uchina hichzat...Beyle hasap eden bolsadym, Hitaylilary Turkmenlerden ustin gorerdim.

Yo, koplugi hich zat

Yo, koplugi hich zat anladanok. Yone shu ses berishlige seredip tekelerin koplugini goryan bar bolsa, ya sheyle netija gelyan bolsalar, menin pikirimche, yalnyshyalar. Sebabi bu statistika gaty az adam goshulan...
Garaz, GaraDag'yn chykaran netijesi bilen razy dal!
PS Yone bilesim gelya, nacherak kimden barka! Dunyade in kop turkmen kayi ya bayat tiresinden, ya-da awshar tiresinden oydyan. Olaryn hijisem Turkmenistanda yok...
---------------------------------------------------------
Lak-luk atdym dalak iýdim,
Gagyldap oturan gargany iýdim...

yok how,men barlap gordum

yok how,men barlap gordum dineje.halden bari shul poll urush turuzyar diyip ala-gykylyk,menem goreyin diydim kim urush turuzyaka.:D

Bu poll'a kayilar we

Bu poll'a kayilar we bayatlar, awsharlaram goshmaly ekeni Galtaman.
Onsonam bir turk milletparazlarynyn saytynda link goymaly ekeni :D
Shonda gorerdik haysy tiranin kopdugini :D
---------------------------------------------------------
Lak-luk atdym dalak iýdim,
Gagyldap oturan gargany iýdim...

Men tmolympiad tiresinden.

Men tmolympiad tiresinden. Googlede gruplarda Turkmenistandan shu grupnalar bar http://groups.google.com.tr/groups/dir?hl=tr&sel=16823839,50392867,50392904
Olaryn 1. ,in ulysy tm_olimp:) Nirden nira? Bir wagtlar yöne yasalan frupba:D

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

Taypa

Bulara asyl tire diyme-de taypa diyda.Teke,Saryk,Arsary,Yomut vs... bular taypa bolmayamy, bularam tirelere bolunyar.

Teke, Saryk ve beylekilere

Teke, Saryk ve beylekilere Tire diyilyar Turkmenche-de, Taypa dal...

Al ayt walla ... basga isiniz yok yalay

tire taipa meselesini alanynda siz oz agany ya da inini arasyny acmak yaly bir zat su wagt ol sovetlen tapan taktikasy agzyny ala et basyp al diyilen kanun barbiz eylak yatsagam beylak yatsak hem dogan....AGZYNY ALA ETDE BASYP AL...........son ucin biz tire taipadiyip kellecisirmeli dalde basgarak peydalyrak zada kellani agyrtmaly....BIZ ERBET HEM BOLSAK GOWY HEM BOLSAK DOGAN KIM NARZA BOLSA SUBUT EDIP BILJEK
Hormatlamak bilen...

Adam haysyda bolsa bir is edende yalnysmagy mumkin,emma sen hic zat etmayan bolsan sen eyyam yalnysyarsyn...

Kimdigini bilemok.

Haha...O nadip tireleri

Haha...O nadip tireleri orslar tapdy bolyaray ?? Shuna delil getirip biljekmi sen ?? Ya Magtymguly hem orslardan yana bizar bolup yazaydimika shul tirelerin birligini arzuv edyan sozlerini ??? Anyrymyz uytgeshik diyyan adam yok, hemmamiz hem ozumize Turkmen diyyas, yone beyle diymeshek bolsa milletler hem gerek dal hich kime, bizin hemmamiz 1 adamdyk onler ve adamlary milletlere bolenler orslar(?) :)))

Dursana, türkmen näme boky

Dursana, türkmen näme boky iýýän bolsa hökman ors sebäpkärdir! Şony boýnuňa almasaň seni dönük diýip yglan etmekleri mümkin! :)
Haýran galaýmaly käbirleriňize... Tire-taýpany orslar tapdy, orslar dünýäde iň hapysa, gelip türkmene hapysalygy öwretdi, türkmen samsygam öwrendi, orslar gelip biziň taryhymyzy üýtgedip täzeden ýazdy, bir topar alymlaryň atlaryny ýitirdi...
Aý garaz orslar belanyň körügidä, şondan öň türkmen aýşy-eşretde ýaşaýar ekeni.
Geliň indi toplanyp orslara gargalyň!

PS Geçen hepde howa biderekdi, şu haramzada orslar edendir! :D

---------------------------------------------------------
Lak-luk atdym dalak iýdim,
Gagyldap oturan gargany iýdim...

Gargysh yedi gun sonra ozine gaydip gelermish

PS: Geliň indi toplanyp orslara gargalyň!

Garry dayzalar diyerdi, "Gargaman gargysh yedi gun sonra ozine gaydip geler".

Birden bashynmyza musallat bolaymasyn gargushyn :)

Hahah...Dogry aydyan Boven

Hahah...Dogry aydyan Boven aga, shol orslaryn gyran degen sovugy bize gelip yatirda :))
Gulsen gulup oturybermeli shular yali sozlere, onson orslar nadip Turkmen bilen denje yashasyn ?? 2'de bir "ors bla" diyip yuzune yelmap otursalar..

vodka

gaygy etme, 100 gr getirip goysan ozleri hem gelerler, yanynda gowuja "zakuska" hem bersen :)

Senin yali adamlar sebapli

Senin yali adamlar sebapli bizin ve ors rayatlarymyz arasynda kabir dushunishmezlikler chykya...Sen olara alkash diysen, ol name uchin sana kirli ya kolhoz zat diymesin ??
Ody ozune bas, sonra keseka !!

alkas

Mergen, men shu yerde orslara alkas diymedim, yone orslar bilen nadip ysnyshyp bolar shony aytmak isledim, yone senin ozin alkash manysyny chykaryan bolsan bashga. Turkmen biri bolsa gel bir kase cay icheli diysen bolany :)

Kolhoz diyaysin, men kolhozda doguldym, kolhoz diyse hic yerim kemelmez, yone welin kirli ha diydirmen, sholardan arasdyryn ozim, kolhoz hem bolsam. Yamaly koynek geysemem yyrtyk koynek geymen.

haha

gaty gowy pikir, goldayan :), yone olaram otyryp bize gargasa gaty kanlik olar, yzyna dolanyp gelaymese.

Bayram aga, iching yanyglymy

Bayram aga, iching yanyglymy name?:)
Size telpek berjek boldum,shu yazgy chykdy:

Quote:

Sen heyker oydyan?! LOL!

Ay name "0"telpek goysang sheyle diyerda.:)
-----------------------------------------

Shahsy maglumatlaryngyzy dolduryng!
Fill up your profile!

bah

shu galtaman bn alparslanyn yazgylaryny hekaya edip cap etsek nahili bolarka, alparslan gelse dowam etjege menzeyar, shuna-da orslar sebap bolaydy oydyan, hay, sizinem bir :)))

Alparslan gardaş bn pm

Alparslan gardaş bn pm (şahsy yazgy) arkaly çözülişdik (yaly)... ))

ha-ha

ikinizden beter men begendim, gutlayan, Myrat:)

Salam diyip yazyp gor. Jogap

Salam diyip yazyp gor. Jogap beryar :)

XIX asyrlarda

XIX asyrlarda türkmenistanyn hazirki araçaklerinde yaşan türkmen tire taỳpalary .
Hany kim haỳsysyndan bilỳản bar bolsa elini galdyrsyn !!!

Atabeg , Atynjy , Abdallar,Aklar , Ak-garynly, Aỳ-derwişli, Aỳmaklylar, Alili, Anöwli, Arabajylar, Arabaly,Aryklar,Ata (atynjy) , Atabeg .
Baỳandyrlar ,Baỳram-şanlylar ,Bagalar, Bardaklar ,Bagşylar ,Begler,Begelge ,Beşirli,Bozajy , Burkozlar ,Burunjuklar
Jafarbegli ,Jüneỳitli , Çarşaňňyly , Çeker-begdili,Çowdurly ,Çunyly ,Çukganly,Dảli ,Dazly , ỳemreli ,Eỳmirli ,Erkekli, Arsary ,Egsili , İgdirli, Ỷolmaly,Ỷomutlar ,Ỷylkaỳlar ,
Gaçarly,Gazakly ,Ganly,Gara-Ahmetli,Gara-balkanly, Garabảkewilli,Gara-daşly ,Gara-injirli , Gara-ỳylgynly ,Gara-hojaly,Gara-çokaỳly ,Garrawy,Geke,Ketle,Kiçi aga,Goltukly,Gurama , Güçek, Gyzyl,Gyzylbaşly,Gyzyl-etrekli,Kör-hasanguly,Kör-köse kelli ,
Çerkezler,Giraỳly,Gökleňler,Güneşli,Gyşyklar, Magtymly,Meşrikli,Meňli-hojaly,Marama , Mangyşlakly, Mürçeli ,Nyzamly,Nedimli ,Nohurly, Ogry ,Öküz,Ors-koşçy,Otamyş , Paňly,Perreňli,Persli,Pytyrly,
Saỳyn-hanly Türkmenleri ,Sarykly ,Sakarly , Saỳatly,Salyrly,Sakally,Seỳitli,Sengirikli,Söwranly,Syçmazly,Teke ,Terikli,Tagtamyşly , Tumaçỳarly ,Uly depeli ,Uşakly ,Harly ,Hojaly,Ỷazyrly ,Ỷazy,Ỷaňagyakly ,Ỷary –gökçirli.

M.Annanepesow (hozyaayistwa Türkmen w ,XVIII - XIX . Aşgabat 1972)

Men Aýmaklar barada

Men Aýmaklar barada gyzyklanýan. Biziň obada aýmaklar bar welin, buluçlar ýaly däl olar. Türkmençäni çalt öwrenýäler we suw içen ýaly bilýäler. Ýöne öz dillerem bar, parsy dile meňzeýär öýdýän. Bir ýerdenä okadym, aýmaklaram TÜRKI halkmyşyn, ýöne persleşen, dili farsi bolanmyş. Şolar hakynda köpräk bilmeli...
Men bütin ömrüme olary ýa buluçdyr, ýa puştundyr(=owgan) ýa şonuň ýaly başga bir milletdir diýýädim
---------------------------------------------------------
Ulalyp, oňalmadyk

Olaryn arasynda "Ogry" hem

Olaryn arasynda "Ogry" hem bar ekeni :)))