Dileg bilen bolýan bolsa

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Men dileg etmek barada pikir edýädim köp wagtlap. Biz näçe dileg edýäris? Näçesi başa barýar? Näçesi başa baranok?
Dilemek adamy ejiziň rolynda goýýar, ony belki özünden güýçli, "Gudraty Güýçlä" tabyndygyny görkezýär! Her adamam hökmirowanlyk süresi gelýä, edil şeýlede ejizligi hem dadasy gelýä... Kyn günde ejizligiňi boýnuňa alýaň... emma başga bir jandaryň öňünde ejizligiňi boýnuňa alman, "adatdan daşary Güýjiň" öňünde ejizligiňi...
Meniň asyl aýdasym gelýän temam dilegler barada. Dileg gerek zat, azyndan şol adamyň psihikasyna gerek bolan ejizligi duýmak üçin! Atamyrat aga tema açyp köp dileg etdi, kabul bolsun! Emma men özümçe şol dilegleriň roly barmy şol barada pikirlendim. Hm... dileg...

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Dileg bilen bolýan bolsa:

Dileg bilen bolýan bolsa:
Türkmenler, belkem, dünýäniň iň sag halky bolardy! Şu wagta çenli biziňkiler ýaly biri-birine, we özüne köp saglyk dileýän halky görmedim! "Sag bol" diýen dileg we alkyş biziň dilimizde hem minnetdarlygy aňladýa, hemem aýrylyşykda aýdylýan söz, arzuwlaryň barynda diýen ýaly bar! "Saglykda görüşeli", "sag-aman baryp, gel!", "ýaşy uzyn bolsun", "eliň, ýüziň dert görmesin" we ş. m.
Ýöne bu durmuşda bar zat dileg bilen bolaýanokda... Türkmenistanyň ilatynyň ortaça ýaşy dünýäde iň azlardan, medisina aşakda, halkda sagdyn adam az! Pagta zat üçin ulanylýan himikatlara äňedilmänsoň, arassaçylyk bolmansoň we ş. m. bizde saglyk ýagdaýy erbet...
Başga döwletlerde saglygy özüne-de, başgalaryna-da arzuw edýän az, gezişip ýörler. Emma olaryň jany atyňkydanam sag, diýmek dilegde bir uly rol ýokda?!
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Her ki zadyn ozz usuli bar-a

Her ki zadyn ozz usuli bar-a Bayram!

Misal uchin vodka napiwat edilwende dileg aydilanam bolyar

(son dowam ederin)

Bilýän, ýöne bizde

Bilýän, ýöne bizde wodkasyzam dileg edýän köpä!! Esasanam ýaşuly daýzalar näçe ýyllap dileg edip gezdiler...
Özlerem dilegler "günäsiz dil bilen" köp edilýär bizde, ýagny başgalary üçin. Emma netije ýokda...
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Dileg hakyky guyji duymakdyr.

Dileg 2 durli bolyar, Bir hereket bilen edilyan dileg 2. Dil bilen edilyan dileg. Ikisi bir birini tamamlamaly. Turkmenler dileg etmek arkaly, arkasynda duran guyji duyyar. Mysal ucin men 6. etajda durun. Lifti cagyryarin, lift gelyar we men 1.nji etaja dushyarin. Menin hereketim 2 sany knopkany basmak. Emma jayin tokcusi tok bilen upjun edip dur. Tok ocayse men knopkalarymyn bir peydasy hem yok.

Edil shunyn yali turkmen ekinini ekyar we hasylyny yerdan dalde, hakykatda dilemelisinden dileyar. Bu shol bir wagtyn ozunde Allatagala sag bolsun aytmak we Onun(j.j) guyjini yatdan cikarmazlyk. Ondan(j.j) rugsat almak bolup duryar. Dileg etmek adamdaky imanyn derejesini gorkezyar. Imany pesirak adam kan dileg etmeyar we onun guyjini duymayar. Hakyky mumin elmydama dileg edyandir. Pygamberimiz(s.a.s) `Dileginiz yok bolsa name ahmiyetiniz bar?!` diyyar.

Ikinjidenem, Kapyrlar liftin knopkasyna basyp bar guyji ozunde duyyar, Musulmanlar bolsa liftin knopkasyna basyar we ol knopkany basyan gowranin yuregini urduryan kalbynam Allatagalanyn elindedigini bilyar. Belki de shu sebapden Turkmenler kop dileg edyandir.

"Dileginiz yok bolsa name

"Dileginiz yok bolsa name ahmiyetiniz bar?!"-- Bu hadysmy ya-da Ayat ??? Menina ayat sheklinde yadima dushyar, hadys bolayanda-da "Kutsi hadys" bolmaly...

Dileg bilen bolýan bolsa,

Dileg bilen bolýan bolsa, türkmen halky baý ýaşardy, çagalar diňe 5likçi bolarlardy, ýa azyndan 4lükçi(esasan sowet döwri üçin), adamlaryň ýaşy uzyn bolup 200 ýaşaberende ölerlerdi :D
Dile bilen bolýan bolsa ýöne toýçulyk we bolçulyk bolardy! Dileg bilen bolýan bolsa türkmen halkynyň üstünlikden gözi açylmazdy!
Ýöne indi siňe seredeliň, biziň dünýä derejelerinde gazanan näçe üstünligimiz bar? Maňa taryhy maglumatlary ýatlatmaň! Haçana çenli mundan asyrlar öň bolup geçen wakalary ýatlalyň?! Olary bilmeli, guwanmaly, ýöne hany şu döwrüň üstünligi?
Baý... "bereket bersin, toýluk bolsun" dilegleri, her nahardan soň edilýän töwir... Başga musulman milletlerde-de şeýle ýokdur! Emma häzir bir döwüm çörek tapyp bilmän şäherde enteşip ýören çagalarmy, ýa poezdde ýalaňaç we kirlije, özünden uly haltany göterip "çal bar" diýip ýören çagajyklarmy... 4-5 bahalar barada aýtmaýynam... alýan bardyr welin, ol dörtlükde mendenem tyrryjakda...
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Dileg bilen bolýan bolsa

Dileg bilen bolýan bolsa türkmen maşgalasy şeýle bir agzybir bolmaly... aýdar ýaly däl! Başga milletlerde bir toýa baryň ýyrşaýyp gaýtmak bar bolsa, bizde toýdan has öňlerden başlap günde dileg ýagýa "bagtly bolaýadyrlar, agzybirje bolaýadyrlar" diýşip. Toý gutaransoňam bizde ýaşlary "öz erkine goýman" şol dileg ýagdyryp ýatýalar. Gelin barada "ojagyň ody bilen girip, küli bilen çykaýadyr" diýýäler, ýene müň dürli owadan arzuwu-dileg tapýalar.
Ýöne bolup barýan zat barmy? Dileg näçe ýagsa-da agzybir maşgala bolmak köpler üçin kyn düşýä. Ýa gaýynlary bilen oňuşmak kyn düşýä, ýa öz äri ýa heleýi bilen oňuşmak kyn düşýä. Ýa başga bir bahana tapylýa...
Ahow, ol türkmeniň müňläp ýagdyran dileginiň täsiri nirede?

---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Indi "Mus Mus"lap boldum,

Indi "Mus Mus"lap boldum, "Mustapa" diýäýjek! :)
Dileg bilen bolýan bolsa Türkmenistanam öser, güllär, adamlaram baý we bagtly ýaşar, jenaýadam azalar, ýaşlar okuwly we medeniýetli bolar, ekonomika galar. Emma biz indi ýaş däl, dileg bilen hiç zadyň bolmaýanlygyna göz ýetirdik, dileg bilen bir zat bolýanam bolsa, şony görmezlikden geleli! Sebäbi dilege umydyňy köp baglasaň şol dileg bilen ýaşaberýäň!
Alla şu dünýäni fiziki kanunlara tabyn kylypdyr, bu dünýäde dilegden has köp, 1000lap, million esseläp köp "hereket" netije berýä! Şonça dileg etmeýän, bütin ömrüne 1-2 dilegjikle bilen ýaşaýan, keseki üçinä HIJEM dileg etmeýän Ýewropalylar we Amerikanlar, ýaponlar bolsa biziň edýän dileglerimiziň köpüsüne ýetäýipdirler! Olarda saglygam bar, uzak ömürem, berekedem, üstünligem we ş. m.
Biz bolsa ýöne dileg ede-ede, entäk diňe ýoluň başynda...
Adam pahyr umytly jandar, umydy we dilegi, arzuwy elmydama göwnünde bolýa. Emma "dilegiň netijesi ýok" diýip, "diňe hereketde netije bar" sözler bilen ýörelse has gowy bolarmyka diýýän. Elbetde, dileglerem galsyn dillerimizde, Alladan umyt bar! Diläbereli, umydam bolsun! Emma dilege bolşundan köp rol bermäliň!
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • aA 1 telpek goyyar we yazyar: ""dilegin netijesi yok" diyip, "dine hereketde netije bar" diýeniň bilen razylaşmayanlygym uchin 1 telpek"

Dogry aydyan, Bayram aga,

Dogry aydyan, Bayram aga, hem dileg etmeli hem hereket etmeli. "Hudaya ynansan ynan welin, eshejiginem bek dusha" diyyar-a turkmenler. Ishi/herekedi etmeli, dileginem etmeli, sonuny Alla tabshyrmaly, Ol in bahbitlisini nesip eder enshalla.

Herekedem aslynda dileg,yone

Herekedem aslynda dileg,yone ol beden bilen edilyan dileg.
Shahsy maglumatlaryngyzy dolduryng!
Fill up your profile!

hmm, dogry aydyanyz, Bayram

hmm, dogry aydyanyz, Bayram aga...

Men Amerikanlang shu sozuni

Men Amerikanlang shu sozuni gowy goryan:"Getcha your ass up and get moving!".Futbol hemem ylgamaga gatnashamda trenerlering ing kop ulanyan sozlemlerindan biridi.
Hereketde bereket.
Shahsy maglumatlaryngyzy dolduryng!
Fill up your profile!

garşy

menä baýramyň diýenleri bilen gaty bir razylaşamok.
türkmenler dileg edýär, şonda-da gowy ýaşanoklar.
ýaponlar (ýewropalylar) dileg edenoklar we gowy ýaşaýarlar. bu näme boldugy?

diýmek gowy ýaşaýan milletler dileg etmäni üçin gowy ýaşaýarmyka?

aslynda baýramyň diýjek zadyna düşündim. hereket etmeli diýjek bolýarsyň. dileg diýen zady ejizlik ýa passiwlik hasaplaýar.

kim özüni näçe ejiz däl (hökmürowan) görkezmäge çalyşsa-da gitjek ýeri ýok – ol ejizdir.
biz bir zat etjek bolsak (mysal üçin gowy ýaşaýyş) hökman akyl+pul+erk+ygtyýar++++ gerek.
gazymyzy satmak üçin turba geçiresimiz gelýä (gowy ýaşamak üçin), emma ygtyýarymyz ýok. amerika ýa orsýet ýol berenok. diýmek biz ejiz.
ygtyýarymyz bolanda pulumyz ýok. ýene-de ejiz.
pul tapdyrsa akyl ýetenok. ejzilik.
akyl tapsak gaz gorlarymyz azalypdyr.

umuman dileg etmek ejizlikdir, dileg etmäliň, güýçli bolalyň, özümiziň güýjümize, aklymyza ynanalyň... diýen pikirler nädogrymyka diýýän.

dilegleriň kabul bolmaýanlygyna-da ynanamok.
iň gowusy dileg + dogry hekeret bolaýmasa.

Agajan aga, men kan gowy

Agajan aga, men kan gowy dushundurip bilen daldirin.

Quote:

dileg diýen zady ejizlik ýa passiwlik hasaplaýar.

Dilegi men ejizlik hasaplayan we adamyn psihikasyna gerek zat hasaplayan dilegi! Men shony yazdym, adam nache guychlem bolsa ozuni ejiz duyya, bu psihika bolaymasa!
Men aytjak bolanym, dilegi adamyn ichki dunyasi edya, arzuw edishi yaly. Yone dine dilegden netije yok, shona basjak boldum. Biz kop dileg edyas, yone shonun uchin gereklini etmeyas. Turkmenler sheylerak...

---------------------------------------------------------
Lak-luk atdym dalak iýdim,
Gagyldap oturan gargany iýdim...

Garaz, menin aytjak bolanym

Garaz, menin aytjak bolanym dileg edyanimiz gowy. Dilegli gezelin! Ozumem arzuwchylam, dilegchilem! :)
Yone esasy aytjak bolanym, turkmenlerde dileg kop edilip shol edilyan dileg uchin hereket we gayrat az edilya. Shu yagdayda dilegden hich hili netije bolmayar. Shu dunyade hemme zat fiziki guychlere tabyn, sen hereket etmesen, gayrat etmesen, 1000 yillap dileg etsenem bir dashy galdyryp 10 metr anary goymarsyn!
PS Mysal bereyin! Men dileglerimizi halayan, shol in halayanlarymyn birem saglyk we bereket dilegleri, nahardan sonky shukur towiri!
Saglyk barada dileg kop edilya, emma adamlar ichyaler, chilim kop chekyaler, arassachylyk yok. Shu yagdayda sen nache dilesenem ichki organlaryna peyda gelmeya! Gayrat edip fiziki mashk etmesen, oz saglygyna seretmesen bolanok! Dilesen, dilemesen organizma ideg etmesen hokman kesel gelyar. Chilimi tashlaman nache dilesenem saglyk bolmaya. Arassachylyga seretman nache dilesenem, netije bolanok...
---------------------------------------------------------
Lak-luk atdym dalak iýdim,
Gagyldap oturan gargany iýdim...

men pikirimje dileg eger

men pikirimje dileg eger biri ishe gayrat etseng onung yarysyny alar.beyleki yarysyny bolsa eden gayratyna goramika diyyan.eger ol gayraty etmeseng hich hili gelmeya.emma ol gayraty gorkezseng ol ishing ep esli bolegini edersing.yaponya yaly dowletler dine fiziki gayrat etyaler we epesli bolegini basharyalar.diyjek bolyanym turkmenler ol dileg dowalaryn yanyndan yaponlarynky yaly gayrat etse yaponlardan has onde we basharyly bolardyk
merw

Bayram aga Songky aydanlangy

Bayram aga
Songky aydanlangy goldayan.Meng kabir zatlary etjek diyip yorenime 5-6 ay bolup baryandyr,yone hazirem edilman yatyr.
Ata aga dogry aydyar.
Dileg=a
hereket=b
netije=c
a+b=c
b=c bolup biler
a=0 dal.Shol "a"nyng roly bar welin nadip "express"edip bolarka.Dileg adama guych kuwwat beryar shol hereketi etmage.Bashga soz bilen seni umytlandyryar we hereketlendiryar.Shol umydyng we hereketing netije(result) beryar.
Onga taze formula tapmaly oydyan.:)Mergen dash edip goyber:)
-----------------------------------------

Shahsy maglumatlaryngyzy dolduryng!
Fill up your profile!

düşünişdik

onda şeýle diýeli.
«dileg edeli, arzuw edeli. dileglerimiz we arzuwlarymyz durmuşa geçer ýaly HEREKET we GAÝRAT edeli».
indi boldy.

ýöne ýokarky ýazan ýazgylaryňy emosiýalar bat berip ýazypsyň (gižželemek ýaly bolupdyr). aslynda meni gižželäp hem bildiň. :-)

anekdot aýdyp bereýin.
öňem bir (türkmen diýäýeli) öňem bir türkmen dileg edäýmiş.
–Allajan! meniň latoreýam GAZ-24 utsun! Dileg edýän, dilegimi kabul et....

Günde dilýämiş-dä arman-ýadaman.

bir gün perişde onuň ýanyna gelýär-de
–Eý türkmen! Allah seniň dilegiňiz kabul etdi! Bes et indi diläp durmagyňy! Turdanym kioska bar we LATOREÝ BILETINI SATYN AL ahyryn.

onsaň biziň çopanymyz
–Wiý-ý-ý-ý! diýipdirde latoreý biletini satyn alypdyr. onsaň onuň bileti GAZ-24 utupdyr.
şondan bärem ol gowy ýaşaýamyş.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Dushunushenimizin shanyna! :D"

Guldiribildingiz! -----------

Guldiribildingiz!
-----------------------------------------

Shahsy maglumatlaryngyzy dolduryng!
Fill up your profile!

Ay men achan temalarym

Ay men achan temalarym monolog bolmasyn diyip gayrat edyan, Agajan aga! :) Shon uchin gijjeleyanem, chumdukleyanem, gaharlandyryanam. Bagyshlawerin! :D

Balkan
Balkanjan, formulan gaty dogry!
a=ish, hereket
b=moral taydan gayrat, yhlas, hyjuw, dileg
c=netije
a+b=c
Yone bizinkiler b parametre has kop uns beryaler, arzuw we dileg edip geziberyaler :D
---------------------------------------------------------
Lak-luk atdym dalak iýdim,
Gagyldap oturan gargany iýdim...

Kim Shamary okady aranyzda?

Kim Shamary okady aranyzda? "Ernemen Kel" diyen erteki bardy shonda, doly yadyma dushenok.
Bir sany yalta barmysh bir obada, adynam kopler bilenokmysh. Sebabi ol adam sheyle bir yaltamysh, halk hayran galyamysh. Her soraga "ernemenem"(gozganman) diyip jogap beryamish, hich zadam edenokmysh. Shol sebapli onun ady oyunde-de "Ernemen Kel" diylip tutulyamysh.
Bir gun Ernemen Keli agalary oduna alyp gitjek bolupdyr.
-Inimiz, tur bizin bilen odun chapmaga gideli!
-Ernemen!
Yalbaryp bizar bolansonlar ony shol yatyshyna galdyryp araba yuklapdirlerde oduna gidipdirler. Son baransonlar arabadan dushman yatyrmysh.
-Dush arabadan odun yuklali!
-Ernemenem!
Muny goterip dushuripdirler. Onson ol komek etman yatyrmysh shol yatyshyna. Agalary odun chapyp bolanson
-Sena bipeyda ekenin. Oduny ozumiz chapdyk, tur indi mun araba, oye gidel.
-Ernemen!
Muna gahary gelip ony shol yerde tashlap gidipdirler. Olam shol yatyshyna ajygypdyr. Shonda-da yaltanyp yatyrmysh.
---------------------------------------------------------
Lak-luk atdym dalak iýdim,
Gagyldap oturan gargany iýdim...

ertekinin dowamy

Onson shol yatyshyna bir kichi ak yilan gelipdirde goltugyna giripdir. Yaltananson gachmandyram, yatyberipdir.
Yzyndan uly bir gara yilan gelipdir. Eyla-beyla aylanyp gidipdir.
Ak yilan goltugyndan chykyp owadan bir perizada owrulipdir. We...
yzy yadymdan chykdy... bagyshlan, ozuniz "Shamary" okaymasanyz yat kutelipdir. :(
---------------------------------------------------------
Lak-luk atdym dalak iýdim,
Gagyldap oturan gargany iýdim...

peri

Böwen çişik wrote:

...Ak yilan goltugyndan chykyp owadan bir perizada owrulipdir...

Perizady görensoň bir gymyldamadymyka?

Ertekide näme ýazylanlygy

Ertekide näme ýazylanlygy ýatda ýok, ýöne özümä gymyldardym :D
---------------------------------------------------------
Lak-luk atdym dalak iýdim,
Gagyldap oturan gargany iýdim...

Perizat gujaga girende

Perizat gujaga girende bildirmeli how yylan sheklinde bolsa-da.Bu neressang nerv sistemasam yaltachylyga urupdyr oydyan.
-----------------------------------------

Shahsy maglumatlaryngyzy dolduryng!
Fill up your profile!

Yokarda emin yazipdir

Yokarda emin yazipdir dileg'in 2 gornushi barada, men tazeden gaytalap durmayin...

Bayramyn kop yazanlaryndan men Turkmenlerin "Dileg" ve "Hereket" diyen zatlary ters proporsional diyip dushunyandikleri netijesini chykardym...T.e. eger 1 adam kooooop dileg etse, onda ol az hereket edyan yali, ya-da tersi, kop ishlan bolsa, dilegi az edyar...

Menin pikirimche bizin US ya-da EU bilen den dereje yashamayshimiz, halkyn dine dileg edip, ish etman yatmaklygyndan dal...Olar dileg etmeseler, ish etmekleri yokarlanardymy ?
T.e. olar "biz kooooop dileg edyas, herekedi azyrak etsek hem borla" diyyandirler oydyanizmi ??? Bayram
( Bowen jyrryk :D), senin postlaryndan men sheyle netije chykardym, yone halkyn herekedi az etmegi bilen, olaryn kop dileg etmeklerinin arasyndaky bagy goremok, sebabi herekedi edyanler, etmeyanlerden kop dileg edyandirler zahmetlerinin netijesini gormek uchin ve hereket etmeyanler hem kop dileg edyanleri uchin yatanoklar, bashga 100 sebap bardyr, getirip dilegin kop edilmegine baglamak dogry dal diyip hasaplayan!!!!

Shonun uchin hem Hereket edin adamlar, yzyndan hem elinizi yokara galdyryp dileg edin, umydynyzy yitirman...Ruhunuz belent bolsun :))))

...welin,

Nakyl: "Hudaya ynansangam ynan welin, eshejigingi berk dusha" Yagny, Hudaya ynanyp eshegingi bosh goyma!
Alla bendesine diyyamish: "Senden hereket, menden bereket"

Alla islese hereketsiz hem

Alla islese hereketsiz hem berer bereket, t.e. kochede gidip baryarkan onunden yarim kg gyzyl chykaryp biler, yone hereket etman onyn berekedine garashmak samsyklyk bolar, yogsa Pygammer'imiz jennete gitjegini bilyadi, hemme dilegleri hem kabul bolyadi, yone shonda-da oturan yerinde "Musur menin ayagym ahagyna gelsin, pars'laram, yevreylerem..." diyip, dileg edip oturanok...Ve eger Alla her dilege bu dunya'de jogap bersedi t.e. kabul edip, gonumel jogabyny bersedi, adamlar azardylar ve hereket etjek tapylmazdy....Gedaylary kop halamok, sebabi olaryn kopusi hich hili hereket etman, ilin merhemedini ozlerine girdeyji getirmek uchin ulanyalar...Pygammerimiz "Eger geday gedaychylyk etmeginin hasabyny bermeginin nahilidigini bilsedi, gedaychylygy goni tashlardy " diyyar !!

doly

Bayram, mende entagem okalmadyk sheyle kop mowzuk bar, wagtym azaldy, hazir cykmaly boljak, shu blogynam 2 yazgysyny okadym in yokardan, shol sebapli, hazirlikce, umumy yagday barada 3 link goyjak dileg blogyndan:

1-shu birinji ;

2- ikinji ;

3 we ucunji(sebapler dunyasinden)si

sonam yazaryn, ensalla!