Sistema

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Sistema sözüniň manysy meni bu söz bilen tanyşan günümden bäri pikirlendirýän bolmagy mümkin. Anyk zat, sistema sözünin üstünde az pikir etmedim. Sistemany özüme görä kesgitlmeli bolsa, şeýleräk kesgitlesem ýalňyş bolmazmyka diýýärin: “ Sistema – manysy bolan ýa-da bolmadyk birnaçe elemendiň bir ara gelmegi bilen emele gelen işleýän düzgün”. Sistemany döredýän diňe elementler däl, birnäçe sistemanyň bir ara gelmegi bilen hem öz manysy bolan sistema döräp bilýär. Kesgitlemede element diýdik, dogrysy her bir elemendi hem sistema hasaplap bolýar.

Manysyz sistema bolup bilenokmy? Manysyz sistema hem bolup bilýar. Manysyz ýa-da manysyny öwrenip bolmaýan sistema “kaos” (“haos” ýazylýan bolmagy hem mümkin, iňlisçe: “chaos”) diýilýär. Ýagny hiç hili sistemanyň bolmazlygy hem sistema. Şol sanda sistemalaryň hem öz sistemasy bar diýip bileris.

Göýäňizmi, “sistema” teoriýada, entek onuň hakynda azajyk gürlänimizde hem, çylşyrymlylaşyp barýar. Indi näme üçin şu sözüň meni şunça wagtdan bäri pikire batyranyna belki düşünjek bolarsyňyz.

Sistemada esasy zat many. Manyny orta çykarýan bolsa düzgün. Düzgünü orta çykarýan bolsa akyl. Tapawutly akyllaryň nukdaý-nazary bilen manynyň üýtgemegi mümkin. Sistemanyň çaknyşyksyz işlemegi üçin möhüm zatlardan biri bolsa her akla görä üýtgäp durmaýan manysynyň bolmagy. Ýagny düzgünleriniň makul bolmagy.

Düzgünleri makul bolmaýan sistema, öz düzgünlerini wagty bilen makullaşdyrýar. Beýleki düzgünleriň ýöremezligine sebäp bolýan düzgünler aýrylýar. Düzgünleriň ýöremezligine sebäp bolýan elementler sistemadan çykarylýar ýa-da başga element bilen çalşylýar. Eger sistema şeýle etmese, sistema özüni kaosa öwrer. Kaosda esasan üns berilmeli zat, oňa hernäçe işlemeýän sistema diýmek mümkin bolmasa-da, edilýän işleriň näme üçin edilýändigini we önümini kesgitlemegiň mümkin bolmazlygy ýa-da ediýän işiň manysyz bolmagy.

Bellik: Ýokardakylar sistema hakynda öz pikirlerim. Nädogry bolmagy mümkin.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • agajanh 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Bay-ba:) Bular yali peydali

Bay-ba:)

Bular yali peydali bir tema hakinda yekeje-de comment yok-la.. Bu namedenka?

Muňam sebäbi bar! Sebäbi

Muňam sebäbi bar!
Sebäbi şu temada hem 10läp, 20läp mowzuk açyldy! Parahadyň özem bir mowzugyň dowamy hökmünde açdy muny. Ol temadan ýadandyrlar hemmeler... :D

---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Menem dilimi dishimin

Menem dilimi dishimin arkasynda saklap otyryn, yogsa yene onki gurrunler bashlar, hich kimi begendiryara diyip biljek dal...

bah

kabir sistemalaryn yzyndan siyasat zat cykyberyar, bashda gul yaly bashlasa-da, sony gan-pycaga owrulyar :)
Belki-de sebaplerinden biri bu bolsa gerek.
Ikinji bir sebabi bolsa, Bayram yazypdyr.
Ucunji bir sebabi bolsa, men yaly copan beyle agyr zatlara akyl yetirip bilman analyp seredip, ozunin sadalygyny bildirmezlik ucin jogap berenok :)

we sh.m.

Ehh Ata aga, Farabi'nin

Ehh Ata aga, Farabi'nin post'yna "Kakdyrmanyn "krali"" diyse bolarmyka diyyan, esasan hem in sonky obzac...Yone biz hem STV kanalynyn edishi yali "Provocirovat edyandirler, aldanyp gaharlanayman" diyip gygyryp durarysda :)))

ha-ha

Mergen wrote:

Ehh Ata aga, Farabi'nin post'yna "Kakdyrmanyn "krali"" diyse bolarmyka diyyan, esasan hem in sonky obzac...Yone biz hem STV kanalynyn edishi yali "Provocirovat edyandirler, aldanyp gaharlanayman" diyip gygyryp durarysda :)))

bey diyme-how, ozumi birzatjykdyr oydup bashlaymayin, kan dayaw daldirin :)

maraltm wrote: Bular yali

maraltm wrote:

Bular yali peydali bir tema hakinda yekeje-de comment yok-la.. Bu namedenka?

Içinde "gyz", "söýgi" ýaly açarsözleriň (keywords) ýoklugy bolaýmasa :)

Bayram wrote: Muňam

Bayram wrote:

Muňam sebäbi bar!
Sebäbi şu temada hem 10läp, 20läp mowzuk açyldy! Parahadyň özem bir mowzugyň dowamy hökmünde açdy muny. Ol temadan ýadandyrlar hemmeler... :D

Baýram, näme üçin biz oturyp diňe "Sistema" temasynyň üstünde hiç-hili mysal bermäni gürleşip bilemizok?

Baýramyň jany sag däl,

Baýramyň jany sag däl, ýazanlaryna üns bermäý!
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Mergen wrote: Menem dilimi

Mergen wrote:

Menem dilimi dishimin arkasynda saklap otyryn, yogsa yene onki gurrunler bashlar, hich kimi begendiryara diyip biljek dal...

Problemalarymyzyň köpüsiniň aňyrsynda älemiň iň fundamental elementi bolan "Sistema" düşünjesine (concept-kavram) düşünmeýänligimiz ýatyrmyka diýýärin. Şol sebäp bilen käbir temalarda, diňe adamlaryň begenmegi üçin "dili dişiň aňyrsynda saklap oturmak" adamlara ýamanlyk etmekmikä diýýärin.

Ay men yamanlyk edibereyin

Ay men yamanlyk edibereyin onda, sen dilini chykarda yagshylyk eday halk'a...

sistema

Salam Farabi!
Tazeden hosh geldin!

1-Gele-gelmashe urjak bolup dursun-la!? Ilki bn nirede name ishledin, syrkawladynmy ya exam helak etdimi we sh.m., yagny, iyenin-icenin ozunki welin, goren-eshidenlerinden habar bersen gowy bolar!

2-Sistema hem yazmasyna yaz welin, gadyr edilip sana ayratyn "sohbetdeshlik" blogy acdy atdash, kop agzalar sen we tejribelerin bn gyzyklanyp, ishdamenlik bn bir giden sorag soradylar, sen bolsa:"Hokman jogaplajagyny..." aydyp, gelibem "sistema" diyyan, diyme diyemok, yone "sohbetdeshlik"daki soraglara jogap berip hemmamizi begendiraymeli ekenin bashda!

3-In fundamental(esas) sistema barada, elbetde, hemme agza, azda-kande maglumata eyedir welin, senin pelsepan nukdayi nazaryndan eye bolmazlygy mumkin, belkem, maraltm yaly jogap berjeklerem tapylar. Yone, yene-de bashga birini bu sebap bn ojukdirmesen has amatly bolmazmy, bilyan, "men hem ojukdirildim" diyersin, yone hazir shu yerde nace sany "gan-gerek-dal"-e sebap boljagyn ikucsyzlygyny hem bilyan bolmaly sen!

Garaz, azyrak ozuni durse, soraglary jogapla diyip hayish etmekci men-a. Elbetde, bu yer demokratik bir yer, isleg we erk sende!