monte_kristo'in mowzugy

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Mahabat (reklama) we Yalan

Salam gadyrly agzalar!

Zamanamyzyn firmalary öndüryan zatlaryny, harytlaryny adamlara satjak bolup "mahabat" diyilyan zady ulanyalar.

Mahabat afişalary, yada gysga filmlerinde produkciyany eydip beydip öwyaler. Mahabatyn efektiw (tasir edyan) bolmagy üçin herhili psihologiki çarelerem oylap tapylypdyr.

Garaşsyzlyk üçin gan döküldimi?

Bir tanyşym şey diyipdi: "Türkmen halky watanyn garaşsyzlygy üçin gan dökmedi, ana şon üçinem watançy (patriot) adam yaman az. Halkyn aglaba bölümi "watany dalde garnyny" pikir edyar, şon üçinem para almakdan, ogurlamakdan, aldamakdan, umuman öz watanyny talamakdan utananoklar..."

Düynem bir dostum: "Türkmen halkyna "hakyky gahryman" gerek, halkyn tarapyny tutsun, halk üçin yaşasyn. Ana şo gahrymanyn gören kynçylyklaryny, belkem öldürülmegini gören halk, mysal alyp watançy bolup biler." diyip pikrini aytdy.

Agyry namedir?

We bir ayal:
"Bize agyryn namedigini aydyp ber" diydi.

We ol jogap berdi:
"agyrynyz, düşünjelerinizi gizleyan gabygyn döwülmegidir. Bir miwan tohumy öz yüregini güne açsyn diyip, nenen öz gabygyny döwmeli bolsa, sizem öz agyrynyzy bilmelisiniz. We eger yüreginizi, durmuşynyzyn her gününde duş gelyan mugjyzalaryny synlamak üçin açsanyz, agyrynyzyn begenjiniz dek gowy zatdygyny görersiniz.

We pasyllaryn dünyan üstünden geçmegini kabul edişiniz yaly, yüreğinizdaki pasyllary kabul etmelisiniz. We gynançlyk gyşyny öz penjeranizden yylgyryp synlarsynyz.

Yewropa Şahyrlaryndan

GÖR ve GÜL

"Sen yaly yşk güli name edyar
İrden yaganda yagyşlar?"
Diyip sorady gülden mazar.
"Sen guyy yaly agzyna girenson
Name eder adamlar?"
Diyip sorady görden gül hem.

"Ey mazar, hoş ysly bala döner
İçime gaçan damjalar,
düşündinmi indi?"
"Ey gamgyn güljagaz,
Perişde bolup gökde uçar,
İçime giren adamlar."
Diyip jogap berdi güle mazar.

Victor Hugo

Söygülinden haysy halatda ayrylshmaly?

Salam gadyrly agzalar.

Men sizden söygülinden ayrylshmak barada sorajak:

Bilshiniz yaly yürek bilen akyl birbirine ters düshüp bilyar kawagt. "Söygi" fenomeninde muna kan gabat gelyas. Söyan adam akylly hereket etmeyar, her tüysli "Don Kihot"lyk edip bilyar. Söyyan gyzyn/oglanyn kemçiliklerini görsede, olara kan üns berenok, "ay geçerlay, düzelerlay" diyyar. "Gülün tikeni"de kan batyar son, agyrsada söygini dowam etdirjek bolyan.

Sizin pikrinizche, söygülin bilen haysy halatda ayrylshmaly?

AnTiTeRRoR Operaciya

Salam gadyrly agzalar.

Syyasy mowzuklary halayan biri bolup, sonky gunlerin esasy temasy hakda yazmak isleyan.

Bilshiniz yaly Turkiyada PKK adly bir Kürt Terrorist topary bar. Olar her hili terror-aktlar gechirip Turkiyan Gunorta we Gundogar topraklarynda taze bir dowlet gurjak bolyarlar. PKK dine Turkiya uchin dalde, Eyran, Siriya we Yrak uchinem potencial bir howpdyr.

Tehnologiya vs Nostalgiya

Salam gadyrly agzalar.

Bu blogda, tehnologiyan çalt ütgap gelişmegi bilen, durmuşymyzdan "yiten" gowy zatlar hakda yazmakçy.

Elbetde men tehnologiya garşy dal; yöne tehnologiya, adamzadyn duygularyny arka planda tutyarmyka diyyan. Adamlary robotlaşdyryar, yada goyunlaşdyryar...

Mysal üçin ön, söygüliler birbirine golyazma hatlar yazp, üstüne duhijik sepip, içine gülün yapragyny goyup, poçta bilen owadanja konvertda iberyardiler.

Gurbannazar Ezizow

Salam hormatly agzalar!

Bu blogda size Gurbannazar Ezizowyn bir goshgusyny yazjak. Bu goshgyda, bar zady onatlyga yormalydygymyz yazylgy. Pessimist bolmaly dal, negativ taydan pikir etmeli dal, her wat umytly bolmaly diyip maslahat berilyar:

<<<

Onarsan bar zady onatlyga yor,
Belki-de yordugyn yerine düsher.
Ikibashdan, gündogardan gün dogar,
Ikibashdan, günbatardan gün yashar.

Ikibashdan, yigreniler, söyüler,
Kimse yere gider, kim dörar yerden.
Ikibashdan, bizin köne duygular,
Köne yaralar dek achylar birden.

Köne duygularmyz shatlyk mysaly,

Alla Pugachewa

Salam hormatly agzalar!

Bu blogda, orslan atly aydymçysy Alla Pugacheva hakda yazmak isleyan.

On durmuşy hakda kan zat bilemok, haçan doguldy, nirede keyp etdi, habarym yok.

Yöne men on sungaty hakda yazmak isleyan. Hakykatdanam aydymlarynda ruh bar, many bar. Adam dinlande, döshünde bir zatlar çishyar, adam joshup tolgunyar. Nostalgiya bar aydymlarynda, romantizm, drammatika...

Öwünmek

Salam hormatly agzalar!

Men bu yazgyny "özüni öwmek" hakynda açdym. Dash töweregim özüni öwyan adamdan doly, "ay men beyle etdim, sheyle etdim" diyp özi hakda aydyp roman yazyanlar yaman kan.

Sholara bir zat diyesim gelyar welin, olaryn düshünmejegini, sebabi özlerini yaman söyyandiklerini we öz-özüne dil yetirtmejekdigini bilyan.

Syndicate content