kab'in mowzugy

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

"HAK-HEŞDEGIŇ NÄHILI?"

Türkmençilikde täze işe giren adama "Şowly bolsun!" diýlip dileg edilýär. Yzyndanam köplenç "Hak-heşdegi nähili, oňuşarça barmy?" diýlip soralýar. Hak diýýäni düşnükli. Edilen işiň ýa azabyň muzdy, puly. Ýöne heşdek näme?

1962-nji ýylda neşir edilen "Türkmen diliniň sözlüginde" bu söz barada hiç zat ýok. Alym Soltanşa Atanyýazowyň 2004-nji ýylda çykan "Türkmen diliniň sözköki sözlüginde" hem heşdek sözi agzalmandyr.

"GEŇ-TAŇ GÖREMOK"

Janly gepleşikde "Geň-taň göremok" diýip bir söz düzümi aktiw ulanylýar. Bu söz köplenç üýtgeşik, täsin ýa-da seýrek gabat gelýän ilden çykgynç bir ahwalat, hadysa ýüze çykanda aýdylýar. Şu söz düzüminiň döreýiş taryhynda nämeler ýatyrka?

Belli mirasgär Ümür Esenowyň bir ýazgysynda türkmençilikde nesil daragtynyň atlandyrylyşy baradaky maglumatlary okapdym. Onda nesil daragtynyň ýedi basgançagy aşakdaky ýaly sanalýar:

1. Ogul.

2. Agtyk.

3. Çowluk.

4. Ýuwluk.

5. Gowluk.

6. Geňlik.

7. Taňlyk.

Essalawmaleýkim, adminler, agzalar we myhmanlar!

Essalawmaleýkim, tmolympiad.org-yň adminleri we agzalary!

Iki sagat iş edinip, zordan agza boldum, bu saýt birneme çylşyrymly ekeni. Bu saýt barada ozal kän eşidipdim. Ýöne hasabymy açdyryp bilmändim. Dogrusy, teswirler işläp durka bu ýere kän bir girmäge döwtalap hem bolmandym.

Indi bu ýerde näme etmeli? Bu ýer forummy? Pikir alşyp boljakmy? Agza sany, işleýşi nähili? Çat, şahsy habarlaşma ýaly zatlar barmy?

Syndicate content