Nihat'in mowzugy

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Real Madrid Espanyol 5 - 0

Real Madridiň soňky iki aýyň dowamynda La Ligadaky hemme oýunyny utandygam, Espanyolyň soňky bäş hepdede diňe bäş bal alandygam, iki toparyň arasyndaky soňky bäş oýuny Madridiň utanlygam bu oýunda kimiň utjagyny görkezýärdi.

Real Madrid - Espanyol oýunyndan öň

Şu gün agşam (04.03.12) Real Madrid Santiago Bernabeu stadionynda Espanyoly kabul eder. Real Madrid 64 bal bilen birinji ýerde, Callejonyň öňki kluby Espanyol bolsa 33 bal bilen dokuzynjy ýerde barýar. La Liganyň soňky bäş hepdesinde Espanyol 5 bal, Real Madrid bolsa 15 bal aldy. Şol oýunlarda Espanyol garşydaşynyň toruna 6 gol salyp, öz toruna 8 gol saldyrdy. Real Madrid bolsa 13 gol salyp, 3 gol saldyrdy. Toparlaryň soňky bäş hepdede geçiren oýunlary aşakdakylardan ybarat:

ESPANYOL
29.01.12 - Espanyol 1 - 0 Mallorca
05.02.12 - A. Bilbao 3 - 3 Espanyol

Raúl González Blanco ÇL-de näme etdi?

Real Madridiň öňki 7-ligi, Raúl González Blanco, Çempionlar Ligasynyň taryhynda iň köp gol salan oýunçy. 1999-2000 möwsüminde bu ada eýe bolan Raúl, 1997-98 möwsüminden bäri bu ligada oýnaýar. Şu wagt 71 goly bar. Real Madrid köýnekçesi bilen 66 gol salypdy we geçen möwsüm Gelsenkirchende ýene 5 gol saldy. Henizem oýnaýan futbolçulardan iň ýakyny Milanyň Filippo Inzaghisi. 46 goly bar we umumy sanawda 5-nji ýerde. Emma olam edil Raúl ýaly bu ýyl Çempionlar Ligasynda ýok.

Rodney & Jeffrey (Sneijder)

Hemmämiziň hyýalymyzda gahrymanymyz bar, we şoňa meňzejek bolýarys. Şoň yzyndan gitjek bolýarys. Käbirlerimiziňki meşhur adamlar käbirimiziňki kakalarymyz, ejelerimiz we ş.m. Käbirimiz gahrymanymyzyň ýeten derejesine ýetmek üçin elimizden gelenini edýäris, köpimiziňki diňe arzuw bolup galýar. Käbirimiz arzuwymyza ýetýäris, köpümiz ýetemzok.

Ajaxyň dünýä futbolyna sowgat eden ýyldyzy Wesley Sneijderiňem gahrymany bardy. Ajaxyň ýaşlar ýygyndysyndan ýetişen we Telstarda oýnaýan agasy Jeffrey Sneijder.

Syndicate content