aA'in mowzugy

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

baryñ aydyñ agajanH-a derdimi.....

2 gun bari teswirler.com yapyk.
bu yazgymy agajanH okasa, jogap bersin....
okamasa-da oña yetiriñ derdimi....

teswirler bolmasa demim gysya.
demimi gysmasynlar!
gysmasynlar.
gysmasyn.
gysma.

GEPLEMEÝÄN HALKA (türk dili olimpiadasynyň logosy barada)

ýokarda halkara 6-njy türk dili olimpiadasynyň logosy bar.
bu logo barada käbir pikirlerim bar.
paýlaşmak isleýän. belki gyzyklydyr.

umuman haladym. ýöne köpräk seredip oturýaň welin bir topar samsyk pikirler gelýä akylly saçlaryň taşlap giden akmak kelläme.

Taksi-3. 7-nji gün – Maryda Bazar, Ahalda–Dynç.

ýene-de taksili gürrüň.
bu gezek şäheriçi däl-de şäherlerarasy taksi.
marydan aşgabada barýan taksi.
...taksist marly oglan.
–agam, gaty görme, bir zat aýtjak.
–aýt.
–siz ahally garyndaşlar, nähilaý?
hepdede alty gün işleýäňiz, ýedinji günem OTDYH (dynç) güni diýip ýatyp geçirýäňiz?
–hä, näme etmeli?
–ýedinji gün nädip ýatyp bilýäňiz?
ol gün otdyh gün däl-ä how, ol gün BAZAR güni.
bazara gitmeli, sowda etmeli, pul gazanmaly....
siz bolsa «отдых» diýip ýatyrsyňyz...
–...........
–...........

6-njy welaýata gezelenç

Baýram:
–Agajan aga Eýranly türkmenler barada gürrüň berseňizläň– diýipmiş.
Agajan aga-da gürrüň beripmiş.
Eýram barada.
Şondan bärem her kim Eýrana syýahat eden ýaly bolupmyş.

aslynda bu ýazgymyň ady «eýram täsirleri»-di.
ýöne men oňa «altynjy welaýat» diýesim gelýär.
sebäbi gürrüň Türkmensährasy barada...

--------

Eýran täsirleri (Altynky welaýat)

Ilki Dostluk döräpdir. Soňra bolsa Internet. Ondan soňra – Internet Dostlugy.

Meniň hem internet dostlarym bar. Olaryň biri – Ýusup Gojuk.

«Nokiadan» boşan owadan guty

bir zady ulanmaly ýerinde ulanman başga ýerde ulanmak barada ýazgym.
göni mysallary sanajak.

1. halyny diwardan asyp goýýalar (emma haly düşekdir we ýere düşelmelidir).

2. namazlygy kreslolara serip goýýalar (emma namazlykda namaz okamaly. syrtyňy goýup gaýşaryp oturmak üçin däl).

Taksi-1. Respublika

taksi seriýalaryna başlamagy makul bildim.
taksiler daýzalardan soň ikinji maglumat merkezleri.

arada takside şeýleräk gürrüň boldy.
–oooooooo
–aaaaaaaa
–sen goýa-aaaaaaaa
–dagy nämeeeeeee
–wah şu türkmenler düzelmez!
–näme boldy agam? näme üçin beý diýdiň?

Aýaz baba – NARKOMAN

aýaz baba barada türkçe link goýupdyrlar welin mergeniň gahary gelmesin diýip türkmen dilinde aýaz baba barada blok açýan. ýene-de gadymky sahypamdan aýaz baba barada ýazgyny oklajak. her kim aýaz baba barada dürli pikirde. aşakdakam bir pikir.

---------

Santa Klaus - NARKOMAN
Şotland alymlary Santa-Klausyň narkomandygynyň üstüni açdylar

Gelin-gyzlaryň açyklygy – milletiň betbagtlygy.

(bir wagtlar bu makalany terjime edipdim. okamaga hödürleýän.)

TELPEK PAÝLAÝAN. paýyňy al!

bir başa bir telpek ýetýärke mende bir topary üýşip gidipdir.

aşakda bir zat ýazsaňyz men şoňa telpek berjek. näme ýazjaýyňyz tapawut edenok. şert şeýle. ýaz we al.

başlaň...

Hezreti Muhammediň başaranlary (REFORMALARY)

şu günler reformalar barada gürrüň edilýär (ýa-da gürrüňi reformalardan başladylar).

reforma diýlende meniň aklyma pygamberimiz düşýär. aýdyşlaryna görä «Britaniýa» ensiklopediýasy pygamberimiz barada şeýle ýazýar: «Taryhda adamzady ösdüren, kämilleşdiren gaty köp adamlar gelip geçipdir. Bularyň arasynda pygamberler hem bar. Emma bularyň hiç biri hem Hezreti Muhammediň başaranlaryny başaryp bilmändir».

Hezreti Muhammediň başaranlarynyň ýa-da reformalarynyň sanawyny düzjek bolalyňmy?

Syndicate content