Bayram'in mowzugy

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Sylap (a.k.a. diplomat) bilen söhbetdeşlik

Eger diplomat=Sylap razyçylyk berse, tmolympiadyň meşhur ýyldyzyna öwrülenligi üçin, söhbetdeşlik geçiresim/geçiresimiz gelýär.
Razymyň Sylap dost/aga?

Owadanlyk barada

Şu günler Alym ýaşlar barada-da ýazmaga ýaltanýan, ýogsam ajap geçdi. Ýöne owadanlyk barada gürrüň etdiler, temany gyzykly görýän. Şu ýerde öz pikirlerimi ýazmakçy, sizem goşulyň!
Owadanlyk wajypmy ýa ýok? Bolsa wajyp, bolmasa kän wajyp däl :)
Orslarda söz bar, "krasota spaset mir" diýýäler. Oňa ynanýan bar, esasanam aýal maşgalalardan. Onsoňam, owadan adamlar özlerine, umuman, has ynamly bolýalar, käbir kompleksleri bolmaýar, ýa-da az bolýar we şeýlelikde has üstünlikli bolýalar. Olaryň üstünlikli bolýany fakt.

Toýa näçe gidýär?

Hawa adamlar, nesip bolsa, indiki tomus öýlenýän :)
Indi pikir we gaýgy kän galyň barada däl, dogrymy aýtsam. Aslynda olam kellede bar welin, oň alajyny tapanym ýaly. Indi gep toýuň $y barada. Näçe manada, näçe $a nähili toý sowup bolar?
Hem şäher, hemem oba gyzyklandyrýa :) Aýdybermeli!
Bir 3000$ toý sowup bolarmy? Gyz ýa oglan toý?

"The one" ýa-da "ýeke-täk" ýar

Aý bu döwür ýaz bolansoň, romantika galýar damarlarda, hatda menem şu temalara has kän girýän. Men pikir edýän, öýlenýänler öýlenmezinden öň şu saýlan ýarlarynyň birje we ýeke-täk taý gelýän ýardygyna göz ýetirýälermikä?!
Öýlenen ýa durmuşa çykan bar bolsa, tejribäňiz bilen paýlaşsaňyzlaň.
Her kimde kriteriýalar bar, bizde-de bar. Emma ine şol kriteriýalara görä birini saýladyňam diýeli. Onsoň öýlenmezden öň 100% şoňa öýlenesiň gelýäne ynanýaňmyka?!
:)

Saýlanma nostalgiýa ýa-da... geçen günleri küýsemek barada

Men bir ýaşuly(aý ýaşuly diýýän welin, bary-ýogy 5-6 ýaş uly) biri bilen gürleşdim täzelikde. Ol maňa şeýleräk tezisini öňe sürdi
-Nirede bolsaňam öňkini ýatlaýaň, küýseýäň we nostalgiýadan gaçyp bolanok. Ýöne obýektiw seretseň, bir küýsäre üýtgeşik gowy zadam ýok, öňki günleriň artykmaç gowam däl, şonda-da küýseýäň... Aldanmaly däl şoňa.

Bir bakyş we ýylgyryş

Bilýän, "söýgi-möýgi" temada ýazgy we blog gaty kän, ýöne nätjek... biz ýaş, daşarda ýaz... başga näme bolsun?! :D
Euro 2008 başlaýança azyndan :)
Garaz nemedä, şu gaty owadan gyzlara gyzyl kart bermeli we ýüzüni ýapdyrmaly. Şolar bir seredip, soňam güläýseler, ýa ýylgyraýsalar, men özümden gitjek bolýan. Ýüregim, içimde böküp gidýä bir sekundam bolsa, üstüňden bir zat ýörän ýaly. Hm... bilmedim...
:D

Euro2008

Bar gürrüňler şu ýerde :)
Men häzir Gollandiýa-Ukraina dostluk maçyny görýän, erbet däl oranje :)

Ýyl boýy gören gowy kinolaryňyz 3

Bilşimiz ýaly, aýdyma we kino soň ýok, gidip otyr.
Şu gün super ekşn kino gördüm. Maslahat berýän, şu soňky 1 ýylda gören iň gowy ekşn kinom bolup biler, FANTABULOUS:
Street Kings (2008)
http://www.imdb.com/title/tt0421073/

Toýdan öňki ýagdaýlar barada

Ine diýeli şu tema "Problem based learning" metodyny ulanmak üçin ýer, ýagny "mesele üsti bilen öwrenmäge" bir mümkinçilik.
Toýlar her dürli bolýar, söýüşip bolunýar, söýüşmän. Ýöne men toýdan öň goýulan şertler barada az eşitmedim, öýlenen dostlarymdan we ýakynlarymdan gönümel eşitdim käbir şertleri.
Arasynda her hili bardy:
1. Türkmen keteni köýnek geýmeseň öz weçeriňde(gyz toýuňda) toýy ERTIR ýatyrjak!
2. Ony etmeseň eýle
3. Muny beýtmeseň beýle

Ýewropeid çagalar

Eý ýaman owadanja we gelşiklije bolýalar, şeýle dälmi? :)
youtube'y görseňem, hakyky durmuşda görseňem... Bularda, Amerikada, indiwidualizm bolansoň, kän daş töweregi bilen kontakty bolanok çagalaryň we bizdäki käbir zatlary görenoklar tä mekdebe zada gidip başlaýançalar. Köpüsi şeýle bir päk bolýalar :D
Bizde, obada, şu geplemäge başlanyndan biri sögünmegi öwredýär :D Biziňkilerem gowja welin... olar şeýle bir gelşikli :)

Syndicate content