Bayram'in mowzugy

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Türkmenistandan gelýän habarlaryň analizi

Men, dogrymy aýtsam, köpden bäri Türkmenistanyň täzeliklerini okaman gezdim. Turkmenistan.ru kompýuterime ýat bolupdyr, adresi tananogam. Sebäbi? Sebäbi men köplenç gynanýan ýa gaharlanýan habarlary okap. Indi şu gün ýene seretdim, kellämden geçen pikirlerem şu ýere ýazmakçy.
1. Gaz ýatagynyň mukdarynyň ululygy subut edilipdir. Bu örän begendiriji habar elbetde. Gazymyz bar, alyjylaram nobada dursynlar.

Britain's, America's... Turkmenistan (???) Got Talent

Şu youtube'de her hili gowja klipleri goýýalar.
Bilşiňiz ýaly, soňky döwür TV şowlaryň meşhur bolanlaryny beýleki ýurtlar hem satyn alýalar, iň bärkisi "Who wants to be a millionaire?" ýa-da "Kto hoçet byt' milli(si)onerom?".
Şu şowlaryň arasynda gowy we peýdalylaryny alyp bizde edip bolmazmyka?
Biz ine Türkmenistandaky talantlar barada gürrüň etdik. Talantlar gömük ýatyrmyş, barmyşyn emma belli bolmak kynmyşyn we ş. m.

Amerikanyň STEM programmasy barada

Bilşiňiz ýaly, Amerikanyň ekonomikasy bir tarapdan çöküp barýar, başga tarapdan täze prezident saýlawy gidip dur.

Täze prezident saýlawyna güýçli täsir edýänlerem... alymlar ekeni. 56 sany Nobel laurýaty, Amerikada kän, Barak Obamany goldap Amerikan halkyna hat ýazdylar. Men goňşy temada "Bir talantyň gadry" diýen temada ýazdym, bizde birijigi bolsa, halka görelde bolsa...

Türmeden boşaltmak barada

Ine ýene bir Gadyr gijesi geçdi(?). We indi adat bolan habar gelip gowuşdy Türkmenistandan - pylança müň adam türmeden boşaldylypdyr, bagyşlanypdyr.
Şu ýagdaý nä derejede dogry ýa ýalňyş? Elbetde her kim öz pikirini ýazsa.

Bir tarapdan, bagyşlamak bir aly-jenaplyk, bagyşlamagy we rehim etmegi başaran uly adam, din tarapdan alsaň, "bagyşlanan bagyşlanar, rehim edene rehim ediler". Ýagny bagyşlamak we ýene bir şans, ýene bir mümkinçilik bermegiň gaty gowy täsiri bolup biler.

Gadyr gijaniz mubarek bolsun!

Musulmanlary gutlamak isleyarin tuys yurekden!
Alla hemmamizi bagyshlasyn!
Sizem bizi yatlan dogalarynyzda.

PS Bu yany unpublish eden blogymy yerine achyldy. Onkini Atamyrat aga achypdy

Size "3 ýyldan ölýäň" diýseler näderdiňiz?

Bu gün öýde duran uniwersitediň UD daily diýen gazetjagazyna göz geçirdim nahar başynda. Bir owadan, ýylgyryp duran gyzyň 2 surady bar ekeni bir sahypada, biriniň aşagynda "ýaryş Mişeliň hatyrasyna gurnalar" diýip dur ekeni.
Ýaş we owadanja gyz. Näme bolduka?
Alyp okadym, melonama diýýämi, garaz deri ragyna uçrapdyr ekeni 2005-nji ýylda, şu tomusam ölüpdir. Ölende 22 ýaşynda ekeni. Onsoň ony ýatlap ejesiniň, gyz jigisiniň, joralarynyň we ýeneleriň aýdanlary bar. Öljegini bilensoň, rak barlygyny bilensoň...

Shu forumdaky maksadynyz name?

Ine muna hem gelip yetdik.
Sebabi belli bir sebaplere gora gelenler, yzy bilenem gidenler boldy. Ichi gysan has hezil guymenje tapanda gitdi, gozleyan gozleyanini tapmanynda gitdi, tapan bolsa, galyberdi...
Her kim, islese elbetde, oz maksadyny yazaysa.
Mena ilki bilen tanyshlyk, bilishlik, gurrun we wagt oldurmek uchin giripdim forumlara. Son uytgedi, dostluk gurmak, belki geljek uchin diyen niyetler geldi aklyma. Indi hazir passiw mod'da gezip yoremson, umuman yakymly gurrundeshlik we belki iki taraplayin peydaly tanyshlyk we bilishlik uchin.

Şu durmuşyň we dünýäniň maksady barada

Men şu gün gaty gyzykly gürrüň eşitdim.
Bilşiňiz ýaly, Remezan aýynda gezip ýörüs. Onsoň agzaçarda, kä günler :(, gyzykly gürrüňler gidýär. Şu gün bir ýaşuly aýtdy, Hz. Alla Kuranda adamyň ýaradylyş sebäbi, dünýä sebäbi edip 2 sany zady görkezipdir:
1. Ekzamen we synag sebäbi
2. Söwdä we söwdägärlik

Dini temalar barada duýduryş ýa tmolympiadyň hakyky diktaturasy

Adamlar ine size birnäçe duýduryşlar!
Bilşiňiz ýaly, 11 aýyň Soltany, mübärek Remezan aýynda gezip ýörüs. Men özümden närazy doly we dogry derejede ulanmaýanlygyma şu aýy, şoň üçin size diktatura goýmakçy şu sahypada.
Şu Remezan aýynyň içinde şeýle temalary bloklajakdyryn tä mübärek aý gutarýança:
1. Allany soraga çekýän. Barmy, ýokmy ýaly biderek soragly temalar. Şu aýda şuň jedelini etmek bolanok!

Bir talantyň bahasy (gadry)

Bir talantyň bahasy näçekä? Talant diýenimizde, baş "T" harp bilen Talant. Dünýä tanymal talant.
Özlerimiziň köpimiz daşary ýurtlarda gezip ýörüs, niredendigimiz häli-şindi soralýar. Jogap elbetde "Türkmenistan". Ýöne köp kişiniň Türkmenistan barada tekiz pikiri ýok. Biziň dünýä belli talantymyz bolsa...
Biziň Şewçenkomyz bolsa (Şewa).
Biziň Şekspirimiz bolsa (Magtymguly bardy welin, häzir ýokda).
Biziň bir sany beýik suratçymyz, skulptorymyz, i.e. heýkeltaraşymyz bolsa.
Biziň bir dünýä belli kompozitorymyz bolsa.

Syndicate content