Bayram'in mowzugy

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Türkmen toýlary kim üçin?

Şeýle... men soňky döwür pikir edýän, islesem-islemesem Orsýetde we Amerikada bolan ýyllarym meň adamçylygyma, dünýägaraýşyma, mentalitedime we pikirlerime täsir edipdir. Bu tebigy zat, adama tejribe täsir edýär.

Aýalyň üçin kartoşka dograrsyňmy?

Şu wagt bir tanyşlaryň biri bilen gürrüň edip otyrdyk. Onsoň meni aşa gödemlilikde aýyplan ýaly boldular. Sebäbi olar aýallary bilen işden soň nahar üçin kartoşka dogramaga taýynmyşyn, a men kes-kelläm garşy.
Siz näderdiňiz?

Turkmenistan osyar

Ya-da dashardan sheyle gorunyar. Yone men name uchindir ynanyan, bu gezek hakykatdanam osyaris!
Siz name pikir edyaniz? Osyarmi?

Dogrymy aytsam, Berdimuhammedowyn kabir kararlaryny halamandym, hazirem azajyk awtaritarizmin ysy gelyar. Emma on eden ishleri shu az zamanda bichak begendiryar. Manat bilen dollar meselesini ayirdi, indi denominasiya gechirya, onson yashulylar maslahaty yaly effektiw dal yasama organ gitdi, mekdepler 10 yillik yene, dashary yurtlar bilen aragatnashyk esse-esse gowy, gazyn bahasy galyar... sanasan sogaby bar!

Amerikadaky hezil durmuş barada

Her kim biziň ýurdymyzda özüçe dünýäni göz öňüne getirýär. Muňa elbetde kinolaram täsir edýär, TW we beýleki habar beriş serişdelerem. Şolara seretseň, Amerikada ýaşamak hezil ýaly. "Home alone"="Odin doma"="Öýde ýeke" ýaly kinodaky ýaly çagalar uly we baý öýlerde, şokoladlarda ýüzüp ýaşaýalar. Her kimiň puly kän we ş. m.

Putin we Orsýet

Şu wagt internetde "Çto? Gde? Kogda?" diýen programmanyň bölümlerini gözläp otyrdym. Youtube'de kliplerini görüp otyrkam, "К барьеру. Жириновский vs Надеждин" atly klibe gabat geldim. Içine girip, Jirinowskiniň öz stilinde bolşuny gördüm.

Programmanyň temasy şu. Jirinowski, Orsýediň käbir beýleki deputatlary bilen, "prezident" diýen daşardan gelme sözi aýyryp, ýerine orsça "wlast'" bilen çalyşjak bolýalar. Ýa-da men şeýle düşündim. Garaz, indi olar "prezident" diýmän, "hökümdar" diýesleri gelýäler...

Nikalap "ikinjini" almak barada

Edil şu temany men "mümkinçilikler" bölüminde goýýan, oglanlara "mümkinçiliklerini" duýurasym gelýär :D
Musulmançylykda 4e çenli "mümkinçilikler" bar. Ýöne türki halklarda köp aýallylyk hiç haçanam ýaýraň bolmansoň, biziňkiler bir aýally bolupdyrlar.

Emma meň Türkmenistandan soňky eşiden habarlaryma görä, obalarda-da indi nikalap "ikinjini" almak çykypmyşyn. Bilýäniňiz bar bolsa ýazsaňyzlaň. Meň owadan gaýdanyma ep-esli boldy welin, hiç ynanyp bilemok. Globalizasiýa ýetipdiroow...

Haçan düzeler?

Haçan düzeler?
Haçan obadaky oglanlar düzeler, iň bir ýönekeý zatlara pikir etmäge başlarlar?
Haçan okuwçylar düzeler, iň bir azajygam bolsa, okap başlarlar?
Haçan dünýä düzeler, günde uruş bolman, günde gykylyk bolman?
Haçan ekonomika düzeler, ahow bu dollarlaram saman boljakmyş?!
Haçan Türkmenistan düzeler, biz başga ýurtlarda entäp ýörmeli bolman, şol ýerde arkaýyn iş taparys?
Haçan men düzeler, hemme kişiniň we zadyň düzelmegine garaşmaryn?!

Maşyn (ulag) maslahat beriň

Men maşyn almakçy welin, näme aljagymy, nämäniň gowulygyny bilemok. Ulanylan maşynlar gaty kän, haýsysy gowy bilemok. Edil häzir alamok, entek wagt bar. Tomusa ýakynlaşanda almakçy. Maslahatlaryňyz bolsa, tejribäňiz bolsa, paýlaşsaňyzlaň!

Edil häzir uniwersitediň classifieds'yndan we craigslist'den gözleýän şu töwereklerde. Aýdanym ýaly, Maý töwereklerinde almakçy. Wagt baram bolsa, öňünden alada edýändä.

Fotogeniki adamlar barada

Eý şu käbir adamlar bar, surada gaty gowy düşýäler. Şolara fotogeniçniý diýýälermi nämemi...
Amerikanlaryň köpüsi şeýle. Menä dogrymy aýdaýyn, öz suratlarymyň diňe 30% OK derejede. Galan 70%yny görüp depressiýa düşjegem bolýanhow :D
Haýpym gelýä meni söýmeli gyza :D
30%yny görüp özüme göwünlik berip aýlanyp ýörün...
Fotogeniçniý bolmak mümkinmi ýa alaç ýokmy? :D
Siz nähili?

Kwadrat ýa-da has erbedi kub daýzalar barada

Bir gün bärde 1-2 sany tanyş türk oglan bilen gürrüň etdik welin, biri çydaman ýaryldy. Biz rasism, milletparazlyk ýaly gürrüňlere giripdik, sebäbi bir oglan "hytaýlaryň arasynda owadan gyz ýok" diýdi, üstüne koreýlerem goşdy :D Onsoň ýaponlarda az-kem bardygyny aýtdy. Menem muň milletparazlykdygyny we umumylaşdyrmakdygyny aýtdym welin, beýlekisi ýaryldy:

Syndicate content