Bayram'in mowzugy

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

2010 Ludo Frevel Crystallography Scholarship Award atly bayragy aldym

Salawmaleykim adamlar!

Bu elbetde begenchli gunlerin biri, inshalla karyeramy one suyshuryan gunlerin biri. 30-njy Oktyabrdan bari, yagny shu bayrak uchin dokument tabshyralym bari, arzuwym bir taze MacBook Pro laptop ya bashga $2500'a degjek kompyuter boldy yordi.

Ine shu gun bolsa habary aldym
http://www.udel.edu/chem/news_1.html#bayram

Täze ýylyňyz bilen!

Gutlaýaryn!
Täze ýylda iň gowy arzuwlaryňyz hasyl bolsun!

PS Temada minimum 10 söz bolmasa açdyranok ekeni, 10-a ýetendirä?!

Passport bilen baglanyşykly meseleler

Men täze passport alman gaýtdym. Sebäbi dogluş hakyndaky şahadatnamamy Amerikada galdyrandyr öýdýärdim. Görüp otursam ol asyl Türkmenistanda ekeni. Birem toý zat bolup, alada kän bolup, garaz alyp bilmedim.

Indi bilýänlere 1-2 sorag. Şol passpordy daşary ýurtda gezip ýörkäň alyp bolýarmyka? Ýagny men häzir Amerikada, şol passpordy alyp bilmerinmikäm? Passporda 25 ýaşaňda ýelmenýän surady ýelmetdirip bilerinmikäm şu Amerikada? We iň soňky sorag, köne passport haçana çenli ýöreýär?

Bilýänler habar berse, köp minnetdar we hoşal bolardym.

Kompýuter satjak

Salawmaleýkimler!
Men Dell'den bir gowy deal görüp, öz inime kompýuter aldym. Ýöne ol kompýuter gelmeli wagtyndan giç geler (delayed) diýen email alamsoň, gidip Toshiba bir laptop alyp geldim. Dell laptop'y hem almagy goý bolsun etdim telefon edip.

Emma şoň yz ýanyndan, Dell laptopyňyzy wagtynda getirýäs diýen email aldym. Soň Dell'e jaň edip eýýäm başga laptop alandygymy aýtdym, olaryňky gerek däl diýdim. Olaram "al, $100 düşeli" diýdi.

Facebook, messenger we beýlekileri aýyrmak barada

Men facebook'y aýyrdym. Sebäpleri kän, adamyň şahsy infosy paş edilýä. Okaýan ýeri, käwagt adres we telefony we ş. m. Muň ötesinde, käbir iş berýänler, Amerikada, adamyň şahsy sahypalary barmy gözledýä. Onsoň seň facebook sahypaň biderek bolsa, gowam däl işiň üçin.

Muň üstüne ýene sebäp, wagt alýar. Aý men öňi-soňam ony az ulanýadym, aýda 1 gezek zat girýädim, ýöne aýyraýyn diýdim. Şoň ýalyrak.

Oylenjek wagtyn tapylyan gyzlar barada

Men her kimin yagdayi sheyle bolyarmy biljek dal, emma men oylenjegimi bilyanime ep-esli wagt boldy. Sebabi men kabir zatlary onunden planlayan adam, elbetde bizin planlarymyz nache uytgemage meyilli bolsa-da.

Toýa edýän, ýöne çagyramok :)

Indi Mergen men aýtmazdan öň aýdansoň, bärde umuman bir-iki sany bildirişi makul bildim.

1. Nesip bolsa, şu Iýulda öýlenmekçi. Ahyr sallahlyga hem "hoş" diýjegow menä :) Özümem birhili duýýan şu ýagdaýy, ýöne bu ätmeli ädim.
2. Tmolympiad karýeramyň soňy ýetdi öýdýän.

Birinji barada. Toý nesip bolsa iki tapgyrda, Änewde gyz toý, obada oglan toý bolmaly. Ýöne men bu bildiriş bilen bütin tmolympiady çagyrsam seredip bilmerin. Şoň üçin, aladasyny edip, seredip biljek adamlarymy we adam sanyny email bilen (!!!) çagyrmakçy.

3-nji Ýaş Alymlar Simpoziumyna çakylyk

Hawa gadyrdanlar!

Kakajan Kömürowyň haýyşy boýunça şu ýerde çakylyk hatyny goýýan.

Gowy=nice=dobryý bolmak barada täze oýlanmalar

Amerika gelenim bäri käbir taraplarym üýtgeýän ýaly ýa-da üýtgejek bolýan ýaly. Amerikada her kim her kime gülüp bakýa ýa näzik ýüzlenýä, ýa-da umuman şeýle. Bu gerekmi ýa ýok? Meselem, Orsýetde ýagdaý düýpgöter başga, ýa men şeýle ýadyma salýan. Onsoň iki tarapdanam seredip, Amerikanlaryň dünýägaraýşyny has haladym.

Täze passport almak barada maglumatlar

Ýoldaşlar şu meselede nämeler bilýäňizaý?
Men täze passport alsammy diýýän ine şu tomus baramda, ýöne gaty uzyn wagtlyk gidemok, onsoň çekinýän birden alyp ýetişmesem kyn bolar diýip. Nirä barmaly, näçe wagt gerek? Passport nähili zat?
Gaýrat edip, bilýän ýazsynla!

Syndicate content