mc_merw'in mowzugy

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Toýa geliň ! (24/02/2008)

Salam oglanlar, gyzlar, dostlar, doganlar.

2008 baýdak aýynyň 24ine toýum bar (sagat 18:00da).
Baýramaly şäheri Bereket kafesinde.
Hemmäňizi garaşýan.

Sag boluň.
Toýda görüşeliň.
Myrat Sadyk.

Meniň obam «Täze Dünyä»

Meniň obam Mary deltasynyň gündogar ujynda ýerleşýär. Bir wagtlar onuň ady "Sovetskaya Rossiýady", perestroýka döwründe ol hem nesibini aldy, başda Baýramaly etrabyndan aýyryp Türkmengala ertabyna degişli etdiler, soň soňlar bolsa gadym ady bolan "Täze Dünyäni" gaýdyp berdiler.

Futbol: bil bakaly ?

Futbol sporty bilen gyzyklanýanlar üçin güýmenje.
Oýunyň şerti şeýleräk bolsun, futbola (oýunçy, tälimçi, topar, milli ýygyndy, stadýon) degişli suratyň bir bölegini goýmaly. Ýada şolary ýadyňa salýan surat goýmaly we beýlekiler hem ony biljek bolmaly.
Mysal

Jogap
Surat logo (badge) meňzeýä.
Renkleri sary-gyzyl : ähtimal toparlar (Lens, Lecce, Galatasaray)
Arap harplary bilen ĞS ýazylan.
Jogap GALATASARAY (1923-nji ýyllarda ulanan logo)

Dil barada oýlanma

Bu makala bir oýlanma, taryhçy we dilçilere öňünden aýdaýyn.

Dil, gadym ýyllardan bäri adamlaryň aragatnaşygynda esasi möhüm serişde. Ol medeniýetimiziň gözbaşy, iň uly buýsanjymyz. Bir milletiň nesliniň dowamy we medeniýetiniň goralmagy üçin birinji şert dile eýeçilik.

Diliň ösüşinde tebigatyň uly roly bar. Adam eşidenine, görenine ad dakýar. Türkmen aga ömründe "korkodil" ýada "panda" ýaly haýwan görmändir. Şol sebäbpli olaryň bizde ady ýok.

Türkmeniň Mauglysy

FHM žurnalynyň ors dilindäki bir sanynda Maugly barada makala bardy. Iki ýyl öň Indiýaň jeňňellerinde ýabany ýetişen bir gyzjagaz tapylypdyr. Ol gyzjagazyň durmuşy barade we adamlara öwrenişdirlişi barada köp köp ýazypdyr.
Dünýäde bolan şeýle wakalarada degip geçipdir. Şol ýerde türkmenistanda hem bolan ýagdaý barada gysgaça belläpdir. Kellede galanlar bilen gözleg edip gördüm, çyndan hem sovet döwründe şeýle waka bolupdyr.

Futboldaky Täsinlikler

Futbol dünýäde iň ýaýran oýunlaryň biri, ýeri gelende begendirýär, ýeri gelende gynandyrýar (ЧМ98 Аргентина-Ямайка - 5:0).
Futbol bilen ýatyp-turýan diýjekmi, din ýalak mukaddes görýän, netijesine göre ýüreginden tutýan, pul gazanýan, ölýänçä urşaýan, ... hemmesi hem şul oýunda bar.
Bu ýerde eşiden we gören täsinliklerimi ýazmakçy, bir hem täsir galdyran suratlary goýmakçy.

  • Özüniň ýubileý oýnunda, öz derwezesine gol salan iki oýunçyň biri Franz Beckenbauer.

Gündelik durmuşym.

Guljemalyň ýazan "planlanan durmush" atly blogda 1,2,3, ... ,30 ýyl soňky durmuşy gürrüňleşdik.
Gündelik durmuşyňyz nähili ?
Ýaşaýyş şertleriňe görä belli bir wagt soň durmuşyň aýlanşygy bir hilli bolýa (monotone diýjek boldym). Täze hezillik ýada güýmenje tapýaň, aradan epesli gün geçýä, ol eýýäm durmuşyň bir bölegi bolýa. Bir gün şondan irendigiňi bilip galýäň, ýene-de täze bir zatlar gözleýäň.
Bu gözleg hem bir hilli durmuşyň bir bölegi. Öň hem biri aýdypdyr "ýeke üýtgemeýän üytgemekdir".

Goşgular [Gurban Sadyk]

Gurban Sadykowyň «BELKI ARZUWYMDA ÝÖRENEM BARDYR» atly goşgular ýygyndysyndan bir bölek.
Doly görnüşi Türkmen Elipbiýde we Kiril Elipbiýde

Iliň üçin hergiz bolgun hatarda
Dilegde bol gün batar, daň atarda
Pikir dälde sen şükür et oturda
Ýüwrük diýip alsaň çaman çykmasa

Guman däldir Hak Allanyň birdigi
Peýman dolsa baka tarap ýördügi
Bilgin şonam, Biribaryň berdigi
Orta ýolda ýükli düýäň çökmese

Il gözüne ýagşylykda ilginiň
Alkyş alsaň ömrüň uzar bilginiň
Bagtyň ýatsa nepi degmez il-günüň
Allaň özi tanapyňdan çekmese

«domain hack» ýa-da mekirlik

Şu döwürde guramalara, şerketlere esasy zerur zatlaryň biri hem web sahypa. Web sahypsyna showroom hem diýsek bolar. Web sahypa ady (domain name) seçeňizde sizi iň gowy tanatýan we mynasyp at seçilýär. Mysal "Salgym" buzgaýmaklarynyň web sahypsyny gözleýärsiň, birinjilik bilen "www.salgym.com" ýazarsyň, çykmasa gugyllarsyň. Eger sen salgymyň eýesi bolsaň, we salgym.com başgasynyň elinde bolsa, sen name etmeli ?

«Optimus Maximus» - Taňrylaryň taňrysy

Tehnologiýa adamzadyň durmyşyny has hem aňsatlaşdyrýar, täze açyşlaryň esasy bölüm şol maksat bilen edilýär. Peýdadan öňerti girdeýji göz öňünde tutulýar.
Orsiýetiň öňde gelýän şereketleriniň biri bolan Art Lebedev, esasan hem reklama we grafika işlerinde gaty tanımal, 2005-nji ýylda başlan Optimus Maximus taslmasyny doly tamamlap, satyş aladalaryna başlapdyrlar. Patenti bolsa intäk doly alynmadyk.

Optimus Maximus - Köne grek mifina görä taňrylaryň taňrysy bolýar, Zeus bilen deň dereje güýçli we abyraýly.

Syndicate content