nahili'in mowzugy

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Aktiw Türkmençilik

Meselem täze bir edara düşdiňiz welin herkim Rusça gepleşýär. Indi sizem Rusçany gowy bilýäňiz diýeli, ýöne Watanyňyza, beýik milletiňize, dini-mubini Yslama we azatlyga söýgiňiz bar...

Hem birzat edip janyňy ýakman işlemeli, hem öz "atom bomba" Türkmençilik missiýaňy şeýle adamlaryň içinde ýerine getirmeli, olara Türkmençiligiň asyl derejesini we mertebesini duýdyrmaly.

Biznese ýuristler gerekmi?

Eger-de bir täze iş açylýan bolsa - ýagny innovative bir zat, öň Türkmenistanda görülmedik bir biznes görnüşi.... Onda kanunyň ýetersizligi sebäpli şol täze işi degişli Ministrlik ýapyp bilýär.

Daşary ýurtlarda köp biznes görnüşleri çeýe (flexible) kanunlara görä ýöredilýär we 2 metr eýläk-beýläk süýşeniň üçin azar berýän ýok. Bizde bolsa bu ýagdaý kynrak, ýurist tutynyp bir gaharjaň pil ýaly bolyp býurokratlaryň içinden derrew ylgap geçmeseň işiňi görýäler, we biznes ölýär.

Irden turup ylgamak barada

Herhili ylgap gördümow - irden, agşam, ýeke özüm, iki bolup etc.

Hemişe bir bahana bilen taşlanýar. Bir problema çykýar, "wagt tapylanok", saglykda, işde kynçylyklar bolýar.

Ýekeje çözümi şu pelsepe boldy - "Ylgamaga başlamak, ýa-da taşlamak diýilýän zat ýok. Diňe durmyş bar. Irden turyp hezil edip ylgamak bar, ýa-da hezil edip ýatmak bar"

Şu pikir bilen ylgasaň bar problema çözülýär. Ylgasym gelende ylgaýan, ýatasym gelende ýatýan. Stresem ýok, başlamagam ýok, "kim näme diýerkä" diýen pikirlerem ýok. Keýpine ylgaýan...

Ýiten zada sadaka bolsun diýmek barada

Düýn kakam 1-2 kile süzmesini ogyrladypdyrmy, ýitiripdirmi bilemok. Aý gynanma sadakaň bolarda diýsem, "beýle bolanok, öňünden niýet etmseň, soň sadaka diýip bolmaz" diýýä...

Menem bilemok indi şu meseläni. Aý "ýagşy pikir" edip, ýitendir, bir bendede alyp iýendir... Sadakam bolsun diýseň ýalňyşmyka şol.

Kömek!

Gadagan edilen Tolstoý

Tolstoý hakykaty gözläp geçen adam bolupdyr. Şonuň üçin hem onyň käbir gymmatly ýazgylary hem tsar Nikolaý II döwründe hem Sowýetlerde gadagan edilipdir.

Meselem:

  1. Sosializme garşy
  2. Rewolusiýa garşy
  3. Nikolaýyň ölüm jezasyna garşy
  4. Patriotizme garşy

Ýapon multiklerini TM'de görkezip bolarmy?

Harakterleriň gözleri uly, Ýaponlaryň bolsa gözleri kiçi diýip. We başga milýon bahana tapyp Ýapon multiklerini hiç görmedik oglanlaram bardy Malaýziýada. Ýöne Amerikan kinolaryny we multiklerini görýädiler.

Biz bolsa sapagy zady taşlap uzynly günläp görüp bilýädik ANIME diýilýän zady. Dostlyk, söýgi, durmyş hakynda gowy zatlar bilýän ekeni Ýaponlar. Gözleri kiçi bolsada.

Buňa stereotip diýilýär. Bir zadyň "erbetligine" ynanyp, soň hiç wagt kabul etmän ýaşamak.

Nabucco we Putin

Ýaňja bir žurnalist - "Gazy başga ýollardan alsak nähili bolar" diýip sorady.

Putin bolsa - "Alyjy bilen satyjy bar bolsa arkaýyn Nabucco turbasyny (Hazar deňiziň aşagyndan) geçirip bilerler, biz goşulmarys, päsgelem bermeris" diýdi.

Şol press konfrensiýa Ukrainadan Ýewropa gidýän gaz turbasynyň ýapylmagy sebäpli berildi... Indi Ýewropa her ýyl gazyň kesilmeginden bizar bolupdyr.

Elektron kartly (petekli) zaprawka gowy pikirmi?

Ulgam eýýam işleýär. Aşgabat we töwereginde 5 sany zaprawka!

1. Elektron karty (petegi) zaprawkaň özünde satylýar
2. Şol ýerde hem kartyň içine pul goýup bolýar
3. Programma näçe benzin guýlan bolsa, şonçada pul alýar kartdan
4. Benziniň hili her gün barlanýar

Operatorlar elbetde programmaçy däl, ulgamy aldatmak kyn bolar. Kimiň näme edýäni görnüp dur. Meniň pikrimçe has halal benzin guýulmagyna sebäp bolar.

Elbetde adamlary hem programmirläp bolýan bolsa gowy bolardy welin...

Gokdepe, Skobelew we masonlar

Käbir maglumatlara görä 19-njy asyryň ikinji ýarymyna çenli orslaryň patyşa maşgalasy gowy edip zaýalanypdyr, hapa işler bilen meşgul bolypdyrlar *Akunin*. Köpsi Fransiýa bilen ýakyn aragatnaşyk gurup masonlyga goşulypdyr.

Milletiň içinde hem nigilizm (ymansyzlyk) *Dostoýewski*, soň bolshewizme geçip giden keseli ýaýrapdyr. Bularyň barsy, Fransuz rewolýusiýasyndan soň Fransiýany bir pikir merkezi diýyip kabul etmeklerinden *Gertsen* başlapdyr elbetde.

Protokollar. Siemens, Apple, Linux we Motorola

Siemens firmasynyň aýratyn tarapy, hemme zady öz protokolyna görä ýasajak boýar. Telefoniýa bolsun, radio relay bolsun... Düzmesini hem gaty kyn edýär. Soňam her bir programmajygyna, modüljigine epesli pul soraýar. Başga-da alara ýer ýok. Bu bir nemes firmasynyň(ýagny hemme zat özünden önýän milletiň pikiri).

Apple hem şeýleräk hereket edýär, emma ol dizaýna üns berýär, we ulanmasyny gaty aňsat edýär. Şol iki sebäpden Iphonlar gaty gowy geçýär.

Syndicate content