Lider'in mowzugy

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Şaýatlyk haky

“Şaýat men” diýmeklik yeňil düşermi?
Tassyklap bolaýsa şaýatlyk hakyň.
Şaýatlygyny tassykladyp bilene,
Döşüne at alan bir medal dakyň.

Syrtarmak bu döwür şaýat hakydyr,
El çarpmak bu döwür şaýat hakydyr,
Kelläň yrap ýörseň adyň bakydyr.
Kelläň duran güni “düýbünden ýykyň”.

Gözüňi oýnatsaň, gypsaň kaýarym,
Zyňylan süňkleri gapsan kaýarym,
Haky iýmeleri ýapsaň kaýarym,
Şaýat diýip käwagt bererler hakyň.

Diňe ýeke zatda bardyr şaýatlyk,
Olam edileni bile gömmeklik,
Haramy göreňde sessiz dymmaklyk,

Türkmenistanyň bag-bakja ösümlikleriniň önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmakda daşary ýurt film we mahabat kompanýalarynyň orny

Ýurdumuzyň klimat şertlerine görä dünýäde ykdysady we strategiki tarapdan möhüm orna mynasyp bolan bag-bakja ösümlikleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri bardyr.Ygal mukdarynyň esasan hem gyş-ýaz pasyllarynda köp bolmagy bu möwsimiň 4-5 aý ýaly dowam etmegi esasan hem yumşak gabykly we gaty gabykly bag-bakja ösümliklerine oňaýly tärini ýetirýär.Gawun,garpyz,kädi,hyýar ýaly bakja ösümlikleri bolsa esasan fizýologiki ömürleriniň ilkinji aýlarynda suwy köp talap edyändikleri üçin ýaz paslyndaky ygal mukdarynyň

Ulanylan suwlaryň gaýtadan işlenilişi we bu suwlaryň obahojalyk pudagynda peýdalanylşy

Obahojalyk pudagynda derwaýys meseleler,amala aşyrylmaly reformalar Türkiýe döwletiniň obahojalyk tejribesiniň Türkmenistan döwletimiziň şertlerine baglylykda peýdalanyp boljakydygy hakyndaky käbir pikirleri paýlaşmak we bellikleri öňe sürmek örän ýerlikli bolar.Suw ýetmezçiligi häzirki döwürde umumy adamzat meseleleleriniň biri bolmagynda galýar.Munyň üçin umumy çözgütler gözlenyär.Türkmenistan hem bu meselede beýleki döwletlere garanyňda has köp kelle döwýän döwletleriň biridir.

Ýowuz günleň güllesinden halas bolan güller

Gerçek yigit aňda galar eden her bir işi bile,
Diňe aň däl töwerekde duýup bolar yhlasyny.
Bu watanyň gök asmany, yraň atýan maýsalary,
Beýan eder ýüreginde beýik arzuw beslänini.

Watan,nesil, ar namysy öňde goýup ähli zatdan,
Duşmanyna ýowuz darap,aman bermän hilesine.
Gar ýagýarka garym gazyp bagryn berip sowuk ýere,
Geljek üçin çydandyr ol gara gyşyn çillesine.

Faşist ýygnyn derbi dagyn edip barýar Atilla deý,
Özlerini Gunlar diýip hasap edýän Nemesleri.
Çyn Gunlaryň kimdigini görkezendir türkmen ýigdi,

Halkyň Halasgäri-Poyemasy! Baha bermeňizi haýyş edýärin!

Halkyň Halasgäri
Ot içinde urunýardy watanym,
Suwy zordan ogurtlaýan hassa dek.
Köçelerden ýygnanypdyr adamlar,
Ümsümlikdi öýler hemme ýasda dek.

Käbir guramalar kakýar heşelle,
Käbiri hem uzatýardy elini.
Türkmenistan nädip galkynar aýdyň,
Diýip gam basýardy türkmen ilini.

Watan gar dek erän ýaly gün-günden,
Basym gün nuruna bugarar bir dem.
Türkmen nalasyny hem buýsanjyny,
Zandynda kebşirläp ýugurar merdem.

Diýip köpi gören berýar teselli,
Ýöne çyny gören düşýär howsala.
Bütin ýurtda adam gara ýok ýaly,

Syndicate content