ceriumoxide'in mowzugy

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

XXI asyryň haçly ýörişleri

Belki siziň hem habaryňyz bardyr, Amerikan goşunynyň ulanýan ýaraglarynda injilden aýatlara salgylandyrylan kodlar tapyldy. Ýaraglaryň öndürijisi Trijicon firmasy hem bu ýagdaýy kabul etdi, we "kanuna garşy däl" diýdi.

Ýaraglarda ýazylan kodlara mysal:

JN8:12 - John 8-nji bölüm, 12-nji aýat.
Ol aýatde şeýle diýilýär: İsa Mesih olara şeýle diýdi "Men dünýäniň nury, meniň ýolumdan ýöränler asla garaňkyda galmazlar".

Mübärek üç aýlaryňyz gutly bolsun!

Salam hormatly musulman doganlar!

24-nji Iýun öňümizdäki hepdäniň 3-nji güni mübärek üç aýlara girýäris. Şol mynasybetli, bu mübärek üç aýlar barada sizler bilen öz ene dilimzide degişli maglumatlary paýlaşmak isleýäris.

REJEP-ŞABAN-REMEZAN:

“Allahümme bärik lenä fi Rejebe we Şaban we bellignä Ramazan”
“Ya Rebbi, bize Rejep we Şaban’y mübärek eýle ve bizi Ramazan’a gowuşdyr.”
* Her gün şu doga okalýar,
* Lä ilähe illAllah, kelime-i töwhidi her gün müň gezek gaýtalanýar.

Atabay Çargulyyew aradan çykypdyr!

Radio işgari we Turkmen Cafe sahypasynyn agzasy, Diktor Döwlet Annageldiyewin aytmagyna göra, türkmen estradasynyn ussa aydymçysy Atabay Çargulyyew aradan çykypdyr!
Mena integem ynanyp bilemok!!!
Atam yatan yerin yagty jayin jennet bolsun!!! (((

Turkmen Cafe | Aýdym-saz sahypasy açyldy!


Salam hormatly agzalar we myhmanlar :)
Türkmençe web-sahypalarynyň hatarynä täze bir sahypa goşuldy, şony habar beräýeýin diýdim:)
Türkmen aýdym saz söýüjileriniň talaplaryny garşylamak maksady bilen gurulan sahypada şu wagtlykça 4545 sany mp3 formatda aýdym bar, ýöne ýene de täze we köne aýdymlardan goşular! Ondan başgada wideo klipler, aýdymçylar barada maglumatlar we suratlar bar.

Reňk körlügi we anyklaýylşy.


Bir dostym harby okuwa girmek üçin saglyk barlagyndan geçdi welin "sende reňk körlügi bar" diýip yzyna gaýtardylar. Şoňa çenli reňk köridigini bilmän gezipdir. Onsoň meňem içimde gorky we şüwhe döredi; mende de barmykaraý reňk körlügi, diýip.

Bekgi täze albom çykardy


Digital saz düzmekde öňe saýlanýan sazandalarymyzdan Bekgi täze albom çykardy.
Albomyň ady Mix' ed, albomdaky sazlaryň hemmesi Bekgiň özüne degişli (ogrlamaýanlardan biri :) ).
Albomda aýdym aýtýan ýigit bolsa Annageldi Jumaýew, köpimiz tanaýandyrys, ýaş ýetginjek bu sahypaň agzalaryndan biri.
Men albomy diňledim, göwnüme ýarady! Günbatar äheňinde düzülen 7 saz. Sazlary Bekgiň öz sahypasyndan alyp bilersiňiz.

Michael Jackson Yslam dinine geçdi! (mi)?

İňlisleriň "The Sun" gazetiniň habaryna görä, dünýä belli amerikan aýdymçy Michael Jackson Yslam dinine geçipdir. Habara görä, Michael Jackson öýüne bir ymam çagyryp, kelemäni okap musulman bolupdyr, we adyny Mikaýyl diýip üýtgedipdir.
Michael Jacksonyň yslam dini saýlamagyna ýakyn dostlary, aýdym sözi ýazyjysy Dawud Wharnsby Ali (David Wharnsby) we prodýuser İdris Phillips (Phillip Bubal) sebäp bolupdyrlar.
Jackson Yslamy saýlanyndan soň, ony ilki bilen Yusuf İslam (Cat Stevens) gutlapdyr

Şahyrlarymyzyň, aýdym sözi edip ulanylan goşgylary.

Şeýle gowy şahyrlarymyz we olaryň köp sanly gowy goşgylary bar emma täze çykýan aýdymlaryň sözlerinde hiç hili many ýok, munuň sebäbi goşga saz dälde, taýýar(ogrlyk) saza söz düzýändikleri bolaýmasa!
Kompozitorlarymyz saz ogrlamak dälde, goşgylara saz düzmäge synanşsalar gowja netijeler çykarmyka diýýän. Gowy netijeler çykýaram, men häzir aşakda bilýänjelerimi, sözleri bilen ýazjak! siz bilýänleriňizi ýazyp duruň!

Syndicate content