ata'in mowzugy

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Tmolympiad.org 2 ýaşap geçipdir-ä - Gutlaýan!

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Öňräk seredip ýördüm atdaşyň agzalyk adyna "haçan 2 ýyly dolýarka şu sahypaň?!" diýip.
Ara köp wagt giripdir, diýmek. Eýýäm 2 ýyl 3 hepde bolaýypdyr-a bu ýeriň açylanyna!

Sahypamyzy 2 ýaşy bn gutlaýaryn!

Gör, bärik nähili agzalar gelip-geçdiler, näçesi entägem bärde we näçeler geler hem-de bärde pikir alyşarlar, peýdalanarlar,...?!

Näçe düşünişmezlikler boldy, mümkin, bolýandyr häzrem we mundan soňam bolar..

Köpeldilip biler.

Gurban baýramynda Londona dograma iýmäge geliň!

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Men öňki açan mowzugymda bu babatda gysgaça ýaňzydypdym. Indi takyk ýagdaýda ýazmakçy:

11-nji Dekabrda Gurban baýramynyň 4-nji güni, şol bir sanda hepdäniň hem 4-nji güni sagat 17:00-21:00 wagt aralygynda mümkinçiligi bolan oglan/erkek agzalary Londona dograma iýmäge çagyrýarys!

Gelmek isleýänler maňa şu ýerde ýa-da şahsy bildirip biler. Gerekli maglumatlary bolsa, ýa PM ýa-da mail arkaly ibererin, enşallah! Meň mail adresim:

Yahoogroups-daky türkmen toparlar barada?!

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Türkmen forumlaryndan meň bilýän iň meşhur 2 forumdan biri-hä şu taýy :)

Forumlaryň daşyndanam Türkmenistan barada habar/portal, medeniýet tanadyjy, dini, bilim taýdan, resmi we ş.m. sahypalar bar.

Olaryň daşyndan bolsa, birmäçe sahypalar degişli toparlar bar. Meselem, yahoogroups, façebook, odnoklassniki.ru we ş.m. ýaly.

Meň şu mowzugy açmagymyň esasy sebäbi bolsa, yahoogroups-daky türkmen toparlary.

Üýtgeşik häsiýetler

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Şu wagda deňiç köp sanly mowzuklar açyldy. Köp zatlar ara alynyp maslahatlaşyldy.

Indi bolsa, ýene şolarda agzalyp geçilen bir ýagdaý barada öňki goýlan maglumatlardan hem peýdalanyp, giňişräk pikirlerimizi paýlaşaýsak diýýän?!

Bilýänje ähli häsiýetlerimiz, ahlaky aýratynlyklarymyzyň atlaryny we gysgaça düşündirişlerini ýazyp, agzadyr myhmanlar bn paýlaşaýsak!

Sag boluň!

"Jemşit" atly agza barada pikirleriňiz?!

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Bilşiňiz ýaly, şu ýerde "täzelikde" agza bolan Jemşit diýip 1 agza bar. Şonuň açýan mowzuklary we ýazýan ýazgylary dini taýdan kabul edilip bolmajak ýagdaýda agyr we şu ýerdäki agzalaryň hemmesiniň diýen ýaly ynanýan mukaddes zatlarynyň üstünden gülüji bolýar, umuman. Onuň degişli mowzuk we ýazgylaryna link berip, ýene 1 gezek ýüregiňizi bulamak islämok.

Gurban baýramyňyz gutly bolsun!

Essalowmaleýik, hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Oňatmy ýagdaýlaryňyz?! Armaň-da okuwlar we işler bn!

Ýokarda blogyň adyndanam belli bolşy ýaly, Gurban baýramy ýetip gelýär. Adaty ýagdaýda 8-nji Dekabrda Gurban baýramynyň ilkinji güni bolmaly. Garaz, 8-12 Dekabr aralygy 4 günläp Gurban baýramy bellener dünýäniň çar tarapynda musulmanlaryň arasynda, şol bir sanda Türkmenistanda hem. Elbetde, täsirini beýleki ynançdakylar hem alar, ýagny, programmalara çagyrylyp, soýulan gurbanlaryň etlerinden paýlaryny alyp we ş.m.

Doglan günüň gutly bolsun, Sefer (Monte_Kristo)!

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Gijär-ä galdym welin, ýene-de "Hiçden giç ýagşy" etmekçi: 27-nji Oktýabrda, ýagny, Garaşszlyk Baýramymyzda Sefer Guseýinowyň (şu sahypada Monte_Kristo atly agzaň) doglan günüdi. Şol mynasybetli, hemmäňiziň huzuryňyzda/öňüňizde ony gyzgyn gutlaýaryn.

Gutlagy ýene iň gowy görýän sitatalarymy ulanyp ýazmakçy, iň oňat dilegler hökmünde.

Ilki bilen-ä:

Sefer, "Allah seni Öz ýolundan aýyrmasyn! Söýýän bendeleriniň arasyna goşsun!

Düýn - bugün - ertir

Salam hormatly agzalar we gadyrly mhmanlar!

Baýramyň bir blogyndaky ýazgysyny görüp, şu blogy açmagy müwessa bildim. Öňden bärem piki edip ýördüm-le, aslynda! Şu wagt karar berdim.

Blogyň adyndan hem belli bolşy ýaly, mowzuk wagtda, taryh, häzirki wagt we geljek zamana barada.

Baýramyň şol ýazgysyndan bir bölek alyp, soňam dowam etdiribereýin aşakda.

Sizem bu babatda öz pikirleriňizi ýazaýsaňyz!

Sag boluň!

Jedel

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Men iňlis diliniň kada-kanuny boýunça bir dostum bn jedel etdim ýaňy-ýakynda. Ýöne iki taraplaýyn däl-de, bir taraply, ýagny, "eger men ýeňsem, onda sen hiç zadam etme, ýöne sen dogry bolaýsaň, 20$ seňki!" diýipdim. Ol ýeňdi. Men hem sözümi tutdym :)

Sizde-de bolýarmy şeýle ýagdaý?!

Yslamyň ilkinji mugallymy - Musab bin Ümeýr (r.a.)

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Soňky wagtlar kän blog açmadym welin, dogan sahypamyzda bar bolan peýdaly/göreldeli maglumatlardan birini bärä goýaýyn diýdim, enşallah, peýdasy bolar:

Yslamyň ilkinji mugallymy - Musab bin Ümeýr

Musab bin Ümeýr hem ejesi hem-de kakasy tarapyndan Mekkäniň iň baý we abraýly masgalasyndandy. Baý bolandyklary sebäpli-de ol örän rahat bir durmusda ýaşaýardy. Orta boýly, owadan ýüzli, mylaýym edähetli we örän akylly bir adamdy.

Syndicate content